![]() |
![]() | ![]() Merkezi Aziýa: Taryhdan şu güne |
|
||||||
| ![]() |
![]() |
![]()
|
![]() |
![]() 2021-08-18 Türkmenistan gazeti, Merkezi Aziýa: Taryhdan şu güneÝaňy-ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagyndaky Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy ýokary derejede geçirildi. HormatlyPrezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, sebit boýunça goňşular bilen dostluk gatnaşyklaryny Bu goňşy doganlyk halklar bilen umumy taryhymyza ser salsak, onda bu halklaryň asyl kökleri bir daragtdan gaýdýandygyna göz ýetirýärsiň. Türkmen, özbek, gazak, gyrgyz halklarynyň asyl köki oguzlardan gaýdyp, bu halklaryň dili, däp-dessury we dini ygtykady birdir. Türki dünýäsiniň söz baýlygy hakynda söhbet edilende, ilkinji bolup Mahmyt Kaşgarlynyň ady ýatlanylýar. XI asyrda Mahmyt Kaşgarly (1008-1105) tarapyndan ýazylan türkmen diliniň iň gadymy sözlügi bolan «Diwany lugaty et türk» atly ensiklopedik sözlük türki halklaryň etnografiýasy, halk döredijiligi, geografiýasy, däpdessurlary, adatlary, nakyllary, tagamlary, baýramçylyklary, ýaraglary, adalgalary ýaly köp sanly tematikany özünde jemleýän ajaýyp eserdir. Mahmyt Kaşgarlynyň agzalan eserinde Oguz hanyň ogullarynyň we ondan gaýdýan nesilleriň, tire-taýpalaryň sany berilýär. Şol sanawa seredenimizde, doganlyk halklar düşünjesiniň näderejede dogrudygyna göz ýetirýärsiň. Bu eserde dünýä kartasy ýerleşdirilen. Mahmyt Kaşgarly türki halklaryň nirede ýaşaýandyklaryny görkezmek maksady bilen bu kartany taýýarlapdyr. «Diwany lugaty et türk» eseriniň golýazmasynda ýerleşýän bu reňkli kartada her reňkiň öz manysy göz öňünde tutulýar. Deňizler ýaşyl, derýalar gök, daglar gyzyl, şäherler bolsa sary reňkler bilen bellenipdir. Bu kartada Jeýhun (Amyderýa), Seýhun (Syrderýa), Horasan, Maňgyşlak, Abeskun (Hazar) deňzi, Oguz ýurdy, Gypjak mesgeni, Garaçuk dagy, Jent, Horezm, Şaş (Daşkent), Barsgan, Balasagun, Taraz, Ýarkent, Samarkant, Hojent, Kaşgar, Ötüken, Tabarystan, Gazna, Huzystan, Hint ýurdy, Maçyn, Itil (Wolga) derýasy, Yrtyş derýasy we ş.m. köp sanly geografik atlar öz ornuny tapypdyr. Gündogar alymy Abu Reýhan Birunynyň «Öten asyrlardan galan baky ýadygärlikler» atly kitabynda hem Merkezi Aziýa döwletleriniň çäklerinde ýaşaýan halklaryň däpdessury, dini, dili, olaryň belleýän baýramlary, olara mahsus häsiýetler hakynda örän gymmatly maglumatlar saklanyp galypdyr. Taryha ser salanymyzda, bu goňşy, doganlyk halklaryň Beýik Seljuklar döwletinde, Horezmşalar-Anuşteginler döwletiniň çäklerinde agzybirlik bilen ýaşap, bile azym-azym şäherleri bina edip, öz ýurtlaryny Beýik Ýüpek ýoly Merkezi Aziýa döwletleriniň çäklerinde ýerleşen halklaryň dostlaşmagyna, agzybir, hoşniýetli gatnaşyklar etmegine uly itergi berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Beýik Ýüpek ýoly Gündogaryň hem Günbataryň halklarynyň taryhynda wajyp orny eýeledi. Onuň bilen bagly taryhy ýazgylar, arheologik tapyndylar, etnografik we edebi gymmatlyklar, halk hakydasynda galan ruhy miras gitdigiçe gyzyklanmany artdyrýar. Bu ýol adamzat ykballarynyň dost-doganlygyny bakyýete öwren altyn ýoldur» diýip belleýär. Bu kitapda orta asyr syýahatnama eserlerine salgylanylýar. Gahryman Arkadagymyz Ýakut Belli syýahatçy alym Istahrynyň «Kitab mesalik we memalik» («Ýollar we ýurtlar kitaby») atly kitabynda Horezmiň Horasan we Mawerannahryň aralygynda ähli tarapy çöl bilen gurşalan, Amyderýanyň iki kenarynda ýerleşendigini aýdýar. Buharadan Horezme iki ýoluň bardygyny, biriniň çöllükden, beýleki ýoluň bolsa Amul ýa-da Fariýabdan derýa arkaly gämi bilen barmak bolýandygyny belleýär. Istahri: «Horezm bu diýaryň ady bolup, Jürjäniýýe (Gürgenç) onuň esasy we iň uly şäheridir. Gürgenç söwdagärleriň üýşüp söwda edýän ýeri bolup, soňra harytlar bu ýerden Horasana we hazarlylara ugradylýar. Horezmiň Gürgençden başga Dargan, Hazarasp, Hywa, Huşmisan, Safadaz, Nuzwar ýaly uly galalary bolupdyr. Horezmiň soňky çäkleri Amula ýakyn ýerleri Tahyryýýa diýip atlandyrylýar. Jeýhun derýasy Horezmiň içinden geçip, Horezm (Aral) kölüne guýýar. Bu kölüň töwereginde obadyr gala bolmandyr. Köle diňe balykçylarbaryp, balyk tutupdyrlar. Kölüň bir tarapynda Çagyroguz dagy bar. Bu ýerler şeýle bir sowuk bolup, köl doňup, onuň doňy ýaza çenli çözülmändir. Kölüň meýdany 100 parsah töweregi bolup, onuň suwy örän duzly eken. Horezm köli bilen Hazar deňziniň birigýän ýeri bolup, ol ikisiniň arasy 20 günlük ýoldur». Meşhur syýahatçy alymlaryň biri Makdisiniň «Ahsan takasim fi Marifat al akalim» («Dünýä ýurtlaryna akyl ýetirmegiň iň gowy bölünişi») atly kitabynda hem Horezmiň çäklerinde ýerleşen Gardaman, Aýhan, Sedwer, Jigerbent, Dargan, Zamahşar, Hywa, Hazarasp ýaly şäherdir galalaryň atlary getirilýär. Ibn Battutanyň «Rihlat Ibn Battuta» («Ibn Battutanyň syýahaty»), Ýakut Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragy halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny wagyz ediji şahyr diýsek ýalňyşmarys. Magtymgulynyň döredijiligine ýüzlenenimizde, Merkezi Aziýa döwletleriniň taryhyna, şäherdir galasyna, medeniýetine, diline degişli gymmatly maglumatlary tapmak bolýar: Hyrka geýen Hoja Ahmet, Ýa-da: Dükan käni-Jahangiriň almazy, Pyragynyň belli bir döwürde Hywadaky «Şirgazy» medresesinde okandygy mälimdir. Şahyr özüniň bilim alan döwrüni buýsanç bilen ýatlaýar: Hakdan bize buýruk, baglydyr bilim, Şahyryň şygyrlarynda onuň öz döwrüniň ýeterlik ylym-bilimini alandygyny we gündogar edebiýatyny kemsiz özleşdirendigini duýmak bolýar. Şahyr «San bolsam» atly goşgusynda Abu Seýit, Omar Haýýam, Firdöwsi, Nyzamy, Hafyz, Nowaýy ýaly meşhur şahyrlary uly hormat bilen ýatlaýar. Eşitse Nowaýy Nyzamy, Şeýlelikde, Merkezi Aziýa döwletleriniň asyrlaryň synagyndan geçen, dost-doganlyk gatnaşyklary milli Liderimiziň baştutanlygynda täze-täze belent sepgitlere ýetýär. Kakajan JANBEKOW, |
![]() |
![]() |
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy |