Habarlar

EKINLERI SUWARMAGYŇ INNOWASION TEHNOLOGIÝALARY

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2021-08-02

Türkmenistan gazeti,
2021-07-31

EKINLERI SUWARMAGYŇ INNOWASION TEHNOLOGIÝALARY

Hormaty Prezidentimiziň Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň», «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokartandyrmagyň 2017-2021-nji ýyllar üçin Döwiet maksatnamasynyň» çäginde «Ýeri we suwy tygşyty peýdalanmak, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, duza çydamly ekinleri ösdürip ýetişdirmek arkaly şorlaşan ýerleri özteşdirmek boýunça täze tehnologiýalary işläp düzmek we degişti teklipieri taýýarlamak» aty meýilnama boýunça türkmen alymlary tarapyndan yimy-barlag işieri ýerine ýetirilip, önümçilik ähmiýeti innowasion tehnologiýalar döredildi.

Hormatly Prezidentimiziň suw, ýer serişdelerini tygşytly, rejeli peýdalanmak barada kabul eden maksatnamalaryny we tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary tarapyndan oba hojalyk ugurly ylmy-barlag işleriniň toplumlaýyn alnyp barylmagy bilen anyk netijeler gazanyldy. Güýçli şorlaşan ýerleriň topragyny duzsuzlandyrmak, gurplandyrmak arkaly, olary gaýtadan ekin dolanyşygyna girizmegiň biologiki usuly döredildi.

Milli Liderimiziň ýurdumyzyň ilatynyň özümizde öndürilýän miweli baglaryň iýmişleri bilen üpjünçiligini gowulandyrmak barada beren tabşyrygyna laýyklykda, miweli baglaryň nahallaryny şorlaşan toprakly ýerlerde-de ösdürip ýetişdirmegiň ýerasty usulynyň suw tygşytlaýjy täze tehnologiýasyny we injir bagynyň nahalyny kökletmegiň biologik usulyny döretdi we olary önümçilige ornaşdyrmak barada teklipler taýýarlanyldy.

Akademiýanyň alymlary tarapyndan dürli şertli suwarymly ekin ýerlerinde gowaçany, bugdaýy, miweli baglary suwarmagyň iň amatly tehnikasyny we tehnologiýasyny döretmek boýunça ýerine ýetirilen ylmy-barlag işleriň netijeleri esasynda, önümçilik ähmiýetli suw tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalar we usullar döredildi we bu babatda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan patentler alyndy. Şunda suw tygşytlaýjy «Ýapgytly şorlaşan toprakda gowaçany suwarmagyň keş usulynyň innowasion tehnologiýasy» döredilip ony önümçilige ornaşdyrmak teklip edildi.

Bu innowasion tehnologiýanyň tehniki çözgüdi şeýle yzygiderlikde ýerine ýetirilýär: ekiş möwsüminde gowaçanyň tohum çigidi tekiz meýdana ekilýär. Gowaçanyň birinji ösüş suwy adaty tehnologiýa bilen keşler arkaly tutulýar. Gowaçanyň birinji hatarara bejergisi hem adaty agrotehniki kada laýyklykda amala aşyrylýar. Gowaçanyň ikinji ösüş suwunda bolsa gerşiň topragy suwaryş keşiň içine agdarylýar we täze geriş döredilýär. Şeýlelikde, täze döredilen iki gerşiň ortasynda gowaça hatary ýerleşýän suwaryş keşi emele getirilýär. Onuň ikinji ösüş suwy täze döredilen suwaryş keşlerde geçirilýär. Gowaçanyň ikinji ösüş suwunyň akymy, ekin ýeriň ýapgytlygyna görä, täze döredilen suwaryş keşler boýunça sazlanyp goýberilýär. Suwaryş wagtynda suw akymy gowaçanyň hatararasy boýunça hereket edýär. Netijede, gowaçanyň köküniň ýaýran topragynyň gatlagy, keşiň uzynlygyna görä, tiz we iň ýokary derejä çenli endigan yzgarlanýar. Çünki suwuň 84 göterim möçberi gowaçanyň köküniň ýerleşýän topragynyň gatlagyna siňdirilýär. Şeýdibem, siňen yzgaryň hereketi şol gatlakdan zyýanly duzlary gysyp çykarýar. Has takygy, gowaçanyň köküniň ýaýran topragy duzdan arassalanýar we duzuň gowaça edýän ýaramaz täsiri aradan aýrylýar.

Bu innowasion tehnologiýany önümçilikde ulanmagyň ýene bir ähmiýeti suwaryş wagtynda topragyň hasaplaýyş gatlagynyň iň ýokary derejä çenli yzgarlanmagy netijesinde, gowaçanyň zyýanberijisi — sowkanyň ýaşamagy üçin örän ýaramaz şert döredilmegindedir. Gowaçanyň ikinji ösüş suwy tamamlanandan soňra, öňki suwaryş keşiň içinde döredilen gerşiň topragynyň taba gelmegi bilen, toprak gaýtadan gowaçanyň hataryna tarap tommuklanýar we deslapky suwaryş keşiň görnüşi emele getirilýär. Gowaçanyň köküniň üstüne topragyň tommuklanmagy netijesinde, onuň hasaplaýyş gatlagyna siňen yzgaryň uzak wagtlap saklanmagy üçin diýseň amatly şert döredilýär. Şeýdibem, gowaçanyň köki iki ösüş suwuň arasynda topraga siňen yzgardan dowamly, netijeli peýdalanýar. Şeýle hem topragyň üstünden bugarýan yzgaryň möçberi iň soňky derejä çenli kemelýär. Munda ýene bir bähbit: gowaçanyň hatarara bejergisinde gerşiň topragynyň iki tarapa agdarylmagy netijesinde, gowaça zyýanberijiler we haşal otlar fiziki taýdan hem ýok edilýär. Gerşi ýykmak üçin ýörite kämilleşdirilen toprak agdaryjy gural ulanylýar. Ekin ýeriň topragynyň mehaniki düzümine baglylykda, iki ösüş suwunyň dowamlylygynyň 18-20 gün bolýandygy kesgitlenildi. Gowaçany mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem ýeňilleşdirildi, olary gowaçanyň köküniň üstünden bermek mümkinçiligi döredildi.

Geçirilen meýdan tejribesiniň esasynda, gowaçanyň ösüş suwunyň 84 göterime çenli peýdalanylýandygy we keşiň uzynlygyna topragyň endigan yzgarlanmak derejesiniň bolsa 87 göterime ýetýändigi hem-de gowaçanyň hasyllylygynyň gektaryna 33 sentnere çenli ýokarlanýandygy anyklanyldy.

Alymlar tarapyndan oba hojalyk ekinlerini suwarmak boýunça amala aşyrylan ylmy-barlag işleriniň netijesinde, «Şorlaşan ekin ýerlerini ekişe taýýarlamagyň ýuwuş suwuny tygşytlaýjy we topragyň bejergisini iň pes derejä çenli kemeltmegiň innowasion tehnologiýasy» önümçilige hödürlendi.

Häzirki döwrüň önümçiliginde ýapgytly şorlaşan toprakly ekin ýerlerinde gowaçany ösdürip ýetişdirmek üçin ýuwuş, tagt we ösüş suwlary diňe suwaryşyň keş usuly arkaly amala aşyrylýar. Ýerine ýetirilen meýdan barlaglarynyň netijesi boýunça, ýapgytly şorlaşan toprakly ekin ýerlerinde geçirilýän ýuwuş, tagt we ösüş suwlary wagtynda, zyýanly duzuň keşiň içi bilen gerşe ýygnanýandygy mälim edildi. Agrotehnikanyň kadasyna laýyklykda, gowaçany ösdürip ýetişdirmek üçin gektaryna jemi 8000-9000 m3 möçberinde ösüş suwy tutulýar. Başgaça aýdylanda, ösüş suwunyň jemi göwrüminiň ýuwuş suwuň görüminden 3,5 esse ýokary bolandygy kesgitlenildi. Şu sebäpli hem gowaçanyň fiziologik ösüşiniň ahyryna çenli keşiň içiniň topragy zyýanly duzdan doly ýuwulýar. Gowaçany suwarmagyň keş usulynda ýapgytly şorlaşan ekin ýerleriniň ýarysy, ýagny keşiň içiniň topragy zyýanly duzdan arassalanýar we gerşiň topragy bolsa şorlaşýar.

Bu innowasion tehnologiýanyň esasy önümçilik ähmiýeti gowaçanyň ösüş möwsüminde yzgar we suwaryş suwunyň tutulmagy netijesinde, keşiň içiniň topragynyň duzdan ýuwlan hem-de ýylyň dowamynda zerur geçirilmeli agrotehniki çäreleriň iki gerşiň arasynda amala aşyrylmagy bilen gurplandyrylan topragy peýdalanmakdan ybarat bolup durýar. Şeýle innowasion tehnologiýanyň adaty usuldan ýene bir artykmaç tarapy, şorlaşan ekin ýerlerine zerur mukdarda berilýän organiki we mineral döküniň 80 göteriminiň iki gerşiň aralygynyň topragyna berilmegidir. Berlen organiki dökünler topragyň gurplanmagyna we iň amatly yzgarlylyk şertiniň ýüze çykmagyna mümkinçilik berýär. Şeýle hem keşiň uzaboýuna gowaçadan endigan gögeriş alynmagyna mümkinçilik döreýär.

«Şorlaşan ekin ýerlerini ekişe taýýarlamagyň ýuwuş suwuny tygşytlaýjy we topragyň bejergisini iň pes derejä çenli kemeltmegiň innowasion tehnologiýasy» önümçilige ornaşdyrylsa, ýurdumyzda ekin ýerleriniň şoruny ýuwmak üçin sarp edilýän ýuwuş suwunyň ýarysyny tygşytlamak mümkinçiligini görýäris. Şunda agrotehniki çäreleri adaty oba hojalyk tehnikalary, gurallar we abzallar bilen amala aşyryp bolýar.

Teklip edilýän innowasion tehnologiýanyň diýseň ýönekeýligi we ykdysady taýdan uly bähbidi amaly taýdan hem anyklanyldy. Ýerine ýetirilen meýdan ylmy-barlag işleriniň netijeleri boýunça gowaçany ösdürip ýetişdirmek boýunça ekin ýerinde iň amatly şertleriň döredilmegi netijesinde, keşiň uzynlygyna gowaçadan 110 müň düýbe çenli gögeriş alyndy. Gowaçanyň fiziologik ösüş döwründe ýokary hasyl elementlerini toplaýandygy fenologiki seljermeleriň esasynda kesgitlenildi we gowaçadan gektaryna 34,6 sentner hasyl alyndy.

Akademiýanyň alymlary tarapyndan «Şorlaşan toprakly ýerlerde miweli baglary suwarmagyň kämilleşdirilen köküň ýanyndan yzgarlandyryş sistema-usuly» döredildi we ony önümçilige ornaşdyrmak üçin degişli teklipler taýýarlanyldy.

Önümçilikde ulanylýan miweli baglary suwarmagyň ýerüsti we damja usullarynda suwuň belli bir möçberi topragyň ýerüsti we filtrasiýa görnüşinde ýitirilýär. Geçirilen ylmy-barlag tejribe işleriniň netijesinde, önümçilikde ulanylýan bu usullarda topragyň şorlulyk derejesine baglylykda, miweli baglaryň köküniň ýaýraýan topragynda zyýanly duzlaryň toplanmak ýagdaýynyň ýüze çykýandygy anyklanyldy.

Alymlar tarapyndan miweli baglary suwarmagyň ýerüsti we damja usullaryny kämilleşdirmek babatda ylmy barlag işleri geçirildi. Barlaglaryň netijesinde, miweli baglary suwarmagyň täze kämilleşdirilen köküň ýanyndan yzgarlandyryş sistema-usuly önümçilige hödürlendi.

Türkmenistanyň gurak sebitleri üçin önümçilige hödürlenýän bu usulyň iň netijeli we geljegi uly suw tygşytlaýjy usuldygy hünärmenler tarapyndan aýratyn bellenilýär. Çünki bu usul bilen miweli baglar suwarylanda, ekin ýeriniň topragynyň iň amatly yzgarlylyk, ýylylyk, duzlulyk, howa we iýmit şertleriniň üpjün edilmegi gazanylýar. Miweli baglary suwarmagyň kämilleşdirilen köküň ýanyndan yzgarlandyryş sistema-usuly doly derejede mehanizasiýalaşdyrylandyr.

Aşyrmuhammet SAPARMYRADOW,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bölüm müdiri,
Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri,
tehniki ylymlaryň kandidaty.



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2021, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy