Habarlar

BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ UGRUNDA DÖRÄN GYMMATLYKLAR

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2021-07-21

Türkmenistan gazeti,
2021-07-20

BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ UGRUNDA DÖRÄN GYMMATLYKLAR

Hormatly PrezidentimizGurbanguly Berdimuhamedowyň beren gymmatly bahasyna görä, Türkmenistan Watanymyz ýedi müň kilometrden hem uzaklara uzap gidýän, iki müň ýyla golaý wagtlap dünýä halklaryna hyzmat eden Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi.

Beýik Ýüpek ýoly bilen uzak menzilleri söküp, Gündogaryň Beýik imperiýasy — Hytaý bilen, Günbataryň Beýik imperiýasy — Rimiň arasynda täjirleriň söwda aragatnaşygyny ýola goýup, gatnap ýören ýyllarynda hem gelingyzlaryň el hünärinden dörän, halklary haýrana goýýan türkmen halylarynyň, gamyşgulak bedewleriň medeniýetiň ikinji gatlagy bolan Parfiýa medeniýeti döwründe dünýä halklarynyň arasynda uly şöhrata eýe bolandygyny, görnükli alymlar W.W.Bartold, W.M.Masson aýratyn nygtap geçýärler.

Arheolog alym W.W.Masson şol döwrüň medeniýeti barada gymmatly maglumatlar berýär: «Maddy medeniýet ulgamy hakynda söhbet açylanda, parfiýalylaryň döreden maddy mirasy dürli ugurlarda ýüze çykypdyr» diýip bellemek bilen, sözlerini halylara hem bedew atlara syrykdyryp, şeýle ýazýar: «Ýazuwly çeşmelerde ýatlanylýan parfiýada dokalan halylar hem, has dogrusy, sähraýy ýaşaýyş durmuşyna häsiýetli bolan ýüňden taýýarlanan önümler oturymly oazisleriň dokma senetçiliginiň däplerini birleşdiripdir. Belli bolşy ýaly, örän owadan, gelşikli, uçar ganatly ajaýyp bedewleriň tohumlary hem şol göçüp-gonup ýören halklaryň arasynda döräpdir. Parfiýanyň meşhur atlary hem şolaryň hataryna girýär». Elbetde, paýtagty Nusaý bolan Parfiýa döwleti türkmenleriň ata -babalarynyň ýaşan ýerleridir.

Taryhdan belli bolşuna görä, Parfiýa döwleti Watanymyzyň häzirki çäklerinde ýerleşip, şol ýyllarda ösüş taýdan güýçli derejelere galypdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistanyň çäklerinden geçen ýyllarynda dünýä ýüzündäki dört sany güýçli döwletiň biri hökmünde belli bolupdyr. Şol çäklerde ýaşan ilat hem parfiýalylar diýen at bilen taryha giripdir. Akademik W.W.Bartoldyň berýän maglumatlaryna görä, parfiýalylar Beýik Ýüpek ýolundan ýerlikli peýdalanmagy başarypdyrlar. Olar Hytaý bilen Rimiň arasyndaky söwda gatnaşyklarynda uly hyzmatlar görkezipdirler.

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň uzak asyrlaryň dowamynda döredip, kämillige ýetiren maddy we ruhy mirasyna uly hormat-sarpa bilen çemeleşýär. Türkmen halkynyň döreden gymmatlyklarynyň ählisi diýen ýaly mukaddeslik derejesine ýetirilendir. Şol mukaddeslikleriň biri seýisçilik sungatynyň wekilleriniň erjel zähmeti bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, gülläp ösen döwletleriň biri bolan Parfiýa döwletinde ir zamanlarda ýetişdirilen tohumy arassa atlaryň nesilleridir.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda dörän halk döredijilik eserleriniň bir topar nusgalary, şol sanda nakyllardyr atalar sözleriniň hem ençemesi ýatdan aýdylyp, hakydalarda ýaşap, asyrlaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýoly arkaly söwda gatnan täjirleriň diline düşüp, goňşy ýurtlara, soňabaka Günbatara hem ýaýrapdyr. 1805-nji ýylda Drezden kitaphanasyndan «Kitaby dädem Gorkudy» tapan G.F.Dits pähimler we nakyllar ýygyndysynyň golýazmasyny hem tapýar. Elbetde, bu ýol bilen golýazma kitaplary hem äkidilipdir. Kimdir bir kätip tarapyndan toplanylyp, ýazga geçirilen «Atalar sözi» diýip atlandyrylan bu golýazma türki halklaryň nakyllarynyň we pähimleriniň ýygyndysy bolup, özünde olaryň birnäçe müň görnüşini jemleýär. Alym golýazmany öwrenip, olaryň 400 sanysyny ikä bölüp, terjime edýär hem-de özüniň «Denkwürdigkeiten von Azien» atly işinde iki bölümini çap etdirýär. Bu nakyllaryň ýetmiş bäş sanysynyň Gorkut atanyň nakyllary bilen bir bitewüligi saklandygy barada akademik W.W.Bartoldyň hem belläp geçenligi hakda makalada ýatlanylýar.

Türkmen halkynyň uzak ýyllaryň dowamynda döredip, kämilleşdirip häzirki döwre ýetiren maddy medeniýetiniň bir görnüşi bolan halyçylyk sungaty barada gürrüň açylanda, ajaýyp, syrly gölleri bilen göreniň akylyny haýran edýän, köz ýaly lowurdap duran türkmen halylary, palaslary, owadan nagyşlar salnan keçeleri barada ýatlaman geçmek asla mümkin däl. Çünki bular türkmen medeniýetiniň aýrylmaz şahalaryndandyr. Hormatly ýurt Baştutanymyzyň bu nepis sungata bolan söýgüsi «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly gymmatly kitaplarynyň döremegine getirdi. Aslynda, bu kitaplaryň tutuş süňňüne pelsepewi oýlanmalar siňdirilen. Milli Liderimiziň türkmen halysy hakdaky çuňňur oýlanmalaryny özünde jemleýän bu gymmatly kitaplarynyň içinden onuň türkmen halkynyň baý mirasyna bolan söýgüsi eriş-argaç bolup geçýär. Awtor pikirlerini, haly baradaky duýgularyny kitaplarda şahyranalyk bilen ýüze çykarýar. Türkmen halylary adamzadyň zehininiň näderejede ösenligine, neneňsi gymmatlyklary döretmäge ukyplydygyna şaýatlyk edýän, müdimilik wasp edilmäge mynasyp ajaýyp eserdir.

Halk döredijiliginiň esasy pudagy bolan folklor eserleri geçmiş taryhymyzy, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, meşgullanan kesp-kärlerini, gündelik durmuşda ýerine ýetiren däp-dessurlaryny, yrym-ynançlaryny, edim-gylymlaryny, durmuşa ornaşdyran we aýawlylyk bilen geljek nesillerine ýetiren ahlak ýörelgelerini, milli gylyk-häsiýetlerini öwrenmekde iňňän ähmiýetlidir. Şeýle hem halk döredijiliginiň gymmatly hazynasy taryhy hakykaty suratlandyrmagyň, onda-da, hut, halkyň öz dil baýlygy arkaly çeper beýan etmegiň esasy ýaragydyr, ynamdar serişdesidir. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle ýazýar: «Halk döredijilik eserleri her bir milletiň döreýiş taryhy bilen ýaşytdaşdyr. Ynsan irki döwürlerden bäri özüniň matlabyny, arzuw-hyýallaryny, ýürek joşgunyny, pähim-parasatyny ýönekeý halk şygryýetiniň, aýdymdyr sanawaçlaryň, nakyllaryň üsti bilen beýan etmegi başarypdyr». Şeýlelikde, halk köpçüligi öz döreden baýlyklaryny gymmatly söz baýlygy arkaly wasp edip, mirasdüşerlerine ýetirmegiň hötdesinden gelipdir.

Folklor eserleriniň ilkinji kämil nusgalary Beýik Ýüpek ýolunyň dowam eden ýyllarynda dörän bolsa gerek. Çünki folklor eserleri dörän döwri bilen aýakdaş ösýär. Akylly-paýhasly, zehinli, hormatlanylýan ynsanlaryň kalbynda eýlenip, dürdäne setirlere öwrülen halky eserler ýatkeş, dilewar adamlaryň hakydasy arkaly şu günlere gelip ýeten bolsa, onda hakyda häzirki zaman bilen geçmişiň arasynda gurlan köprini ýatladýar. Ata-babalarymyzyň bize miras goýan baýlyklary türkmen halkynyň guýmagursak, doga zehinli halk bolandygyndan habar berýär.

Türkmen halky ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, milli medeniýetimizi, ruhy mirasymyzy öwrenmäge ak ýol açyldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty netijesinde däp -dessurlarymyzy, baý maddy hem ruhy mirasymyzy öwrenmäge, olary durmuşa ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Uly dabara, joşgun, şagalaň bilen geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň wakalary-da milli medeniýetimize uly sarpa goýulýan dygyny görkezýär.

Gurbanjemal YLÝASOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar inslilulynyň esasy ylmy işgäri,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty.



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2021, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy