![]() |
![]() | ![]() TÜRKMEN ARHEOLOGIÝASYNYŇ MEŞHUR ALYMY |
|
||||||
| ![]() |
![]() |
![]()
|
![]() |
![]() 2021-07-20 Türkmenistan gazeti, TÜRKMEN ARHEOLOGIÝASYNYŇ MEŞHUR ALYMYGadymy Marguş döwletiniň taryhy barada söz açylanda, meşhur arheolog, Türkmenistanyň hormatly raýaty, akademik WiktorIwanowiç Sarianidi hakydaňda ör-boýuna galýar. Ol ömrüniň 60 ýyldan gowragyny Türkmenistanyň arheologiýa ýadygärliklerini öwrenmeklige sarp etdi. Alym-arheolog, esasan hem, Garagumuň çäge syrgynlarynyň astynda gömlüp galan, bürünç eýýamynyň Merkezi Aziýadaky iň uly şäheriniň Goňurdepäniň üstüni açdy we tas 40 ýyllap şol ýadygärlikde giň gerimli arheologiýa gözleg işlerini alyp bardy. Şol gazuwbarlaglara köp ýyllaryň dowamynda onlarça arheologlar, ýüzlerçe gazuwçy işgärler, şol sanda Oraz Babakow, Tirkeş Hojanyýazow, Ejegül Myradowa, Berdi Ödemyradow ýaly belli alymlarymyz we beýlekiler gatnaşdylar. Eýsem,bu syrly Gazuw-gözleg işleriniň netijesinde miladydan öňki III müňýyllykda Murgabyň gadymy hanasynyň giňişliginde Mouru ýa-da Marguş ýurdunyň dörändigi we gülläp ösendigi aýan edildi. Ol Mesopotamiýa bilen Hind derýasynyň arasyndaky aralyk çägi eýelän, indi mälim bolmagyna görä, bütin Ýakyn Gündogaryň ykdysadyýetinde, şeýle hem medeniýetinde möhüm orny eýelän ýurtdur. Murgabyň bol suwy ýuwaşlyk bilen öz ugruny üýtgedip çekilensoň, arheologlara suwsuz galan gum depeleriniň jümmüşinde, adam-gara ýaşamaýan takyrlykda Goňurdepeden başga-da, birnäçe ýadygärlikleriň üstüni açmak başartdy. Miladydan öňki II müňýyllygyň ortalarynda, ilatyň göçüp giden wagtlarynda onuň diňe beýik ymaratlarynyň ýerleşýän merkezi böleginiň özi 25 gektara golaý meýdany tutupdyr. Mundan başga-da, 10 gektar meýdany şäher gonamçylygy eýeläpdir. Ozal mälim bolmadyk Marguş ýurdunyň açylmagy otparazlyk dininiň watanynyň hem Merkezi Aziýada, Köşkler we belent ymaratlar bu gün uka giden ýaly dymyp otyrlar, emma müňýyllyklaryň aňyrsynda bu ýerlerde bize tanyş bolmadyk durmuş gaýnap-joşandyr. Ol wagtlar bu ýerlerde özüniň hili we görnüşleri boýunça iň ýokary derejä ýeten keramika önümleri bişirilen küreler, dürli tagamlar taýýarlanýan ojaklar alawlap ýanandyr. Şeýle nepis ýasalan keramika önümleri diňe bürünç zamanyna häsiýetlidir. Goňurdepede şumerlerde we gadymy hindi Harappa medeniýetinde ulanylan,
oýulyp şekil salnan silindr görnüşli möhürler hem tapylypdyr. Ýüze çykarylan
tapyndylara radiouglerod seljerme işleri geçirilende, olaryň miladydan ozalky
Wiktor Sarianidi iki gezek uly, dünýä meşhur açyş etdi. Olaryň birinjisi
Açyşlaryň ikinjisi Aýratyn bellemeli zatlaryň biride, şekillendiriş sungatyna degişli her hili ýordumly we şekilli mozaika pannolarynyň tapylmagydyr. Bu sungat eserleri suwagyň ýüzüne gips, şirmaýy plastinalaryndan we dürli daşlardan utgaşdyryp, gurnalyp düzülen şekillerden ybarat mozaikadyr. Şeýle usulda ýerine ýetirilen mozaika dünýä boýunça iň irkisidir we adam eli bilen döredilen şeýle gymmatlyk heniz başga ýerde ýüze çykarylmady. Özide mozaikadaky nagyşlar häzirki «tegbent», «sagdak», «üzülmez» ýaly nagyşlara, şeýle-de türkmen halylarynyň gölleriniň merkezi nagyşlaryna meňzeşdir. Mozaikanyň bölejiklerini ýygnap, rejeleýiş işleri geçirildi we Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde giň köpçüligiň dykgatyna ýetirildi. Bu sungat eserlerinde hakyky haýwanlar bilen hyýaly haýwanlaryň arasyndaky göreş şekillendirilip, professor W.I.Sarianidiniň aýtmagyna görä, dört ýarym müň ýyl ozalky döwre degişli möhürlerde suratlandyrylyşy ýaly, haýyr bilen şeriň göreşi alamatlandyrylypdyr. Mozaikalarda bir-birine gapma-garşy goýlan sary, gyzyl ýürejiklerden düzülen nagyş setirleri, endamy nagyşlar bilen bezelen aždarhalar, şahlary towlanyp duran goçlar, ganatly, gaplaňa meňzeş hyýaly jandarlar şekillendirilipdir. Goňurdepäniň ilatynyň gündelik durmuşynda köp ulanylan we sungat eserlerine öwrülen esbaplar bu gün Türkmenistanyň muzeýleriniň iň gymmatly eksponatlary hasaplanylýar. W.Sarianidi gadymy Margianada dini däp-dessurlary berjaý etmek maksady
bilen gurlan desgalar uly üns beripdir. Alym gazuw işleri wagtynda üstüni açan
jaýlaryny we olardan tapylan esbaplary jikme-jik öwrenmegiň esasynda olar
seždegähleriň wezipesini ýerine ýetirendir diýen karara gelipdir. Bu ýerde
oduň, suwuň, hemişe gök öwüsýän gyrymsy ösümlikden ýasalan, mukaddes saýylýan
şerbetiň «dirilik suwunyň» keramatlydygyny ykrar edýän däp-dessurlar ýerine
ýetirilipdir, şeýle-de otparazlygyň mukaddeslikleri, şol sanda ýokary derejeli
ruhanylaryň döräp başlamagyny öz içine alýan täze kadakanunlar ýöredilipdir.
Şeýlelikde, arheolog-alym beýleki urp-adatlaryň içinden otparazlyk ynanjynyň
saýlanyp öňe çykandygy we esasy dine öwrülendigi barada netijä gelýär.
Otparazlygyň döremegi we mundan soňra Şeýlelikde, Margianadaky kyrk ýyla çeken arheologik gözlegler ylmy-barlag jähetden alanyňdada, dowamlylygy, möhleti boýunça häzirki zamanda özboluşly aýratynlyga eýedir. Wiktor Sarianidiniň irginsiz gözlegleriniň netijesinde tapylan, ozal mälim bolmadyk, gadymy Gündogar şäheriniň harabalygyna syýahat edenleriň sany häzire çenli, gör, näçe müňe ýetendir?! Bu ýere gelmäge höwesek jahankeşdeleriň sany ýylsaýyn artýar. Sebäbi geçmiş, taryh bilen içgin gyzyklanýanlaryň ählisi rowaýata meňzeş şäheri öz gözleri bilen görmek isleýär. Garagumuň çägesiniň astynda gizlenip ýatan Goňurdepe galasy dört müň ýyldan soňra özüniň özboluşly beýik medeniýetini bütin dünýä äşgär etdi. Egindeşleri Wiktor Iwanowiçe «gazan ýerinden hazyna çykýan arheolog» diýip baha berýärler. Şol bir wagtyň özünde-de onuň ýadamazak, irginsiz, ruhubelent adam bolandygyny ýatlaýarlar. Ol adamkärçilige ýokary baha berip, öz gürrüňlerinde türkmençeläp, «adamçylyk» diýmäni oňat görüpdir. Wiktor Sarianidiniň Müsür, Mesopotamiýa, Hindistan we Hytaý bilen bir
hatarda, Goňurdepäniň W.I.Sarianidi 35 sany ylmy we ylmy-populýar kitabyň, Görnükli alymyň türkmen topragyny öwrenmekde bitiren işleri şöhratly taryhymyzyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Nurgözel BÄŞIMOWA, |
![]() |
![]() |
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy |