Habarlar

Ondebaryjy tehnologiýalar — rowaçlygyň bähbidine

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma
RSS 

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Peýdaly baglanyşyklar
Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2021-06-15

«Türkmenistan» gazeti,

2021-06-11

Ondebaryjy tehnologiýalar — rowaçlygyň bähbidine

Hormatly Prezidentimiziň parasatiy baştutanlygynda Türkmenistan senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna işjeň goşulyşýar. Ýurdumyzyň ylma we ýokary tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýeti dumukly ösýär. Täze-täze inženerçilik desgalary binalar, zawod-fabrikler gurlup, önümçilige ornaşdyrylýar. Ykdysadyýetiň ösmegi biien, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýokarlanýar. Şeýle şertlerde düýpgöter täze tehnikalarda we tehnologiýalarda öz ornuny tapýan ylmy pikirlerdir çözgütleriň başlangyjy bolan ylmyň ähmiýeti has hem artýar.

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde, 2015-nji ýylda Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmektehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlary ýaly ugurlary tassyklandy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, edaralarynyň ylmy institutlarynda we merkezlerinde, ýokary okuw mekdeplerinde ylmy barlaglar geçirilýär.

Ylymlar akademiýasynyň düzüminde döredilen, häzirki zamanyň kämil enjamlary we ölçeg serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan Tehnologiýalar merkezinde innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamak hem-de önümçilige ornaşdyrmak, şeýle hem zehinli ýaşlary ylmy-tehnologik işlere ugrukdyrmak babatynda uly tagalla edilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlarynyň netijesinde işlenip taýýarlanan Prezident Maksatnamasynda TYA-nyň Tehnologiýalar merkezi ýurdumyzda Durnukly ösüşiň ähli zady öz içine alýan we durnukly senagatlaşmaga, innowasiýalara ýardam etmek hem-de ýokary netijeli tehnologiýalary peýdalanmak meselelerine degişli 9-njy we 17-nji maksatlaryny amala aşyrmakda wajyp ähmiýete eýe bolar diýip bellenen.

Alym Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerine esaslanyp, ýurdumyzda ylym we innowasiýa tehnologiýalary babatda alnyp barylýan Döwlet maksatnamalarynyň çäginde Tehnologiýalar merkezinde ornaşdyrylan häzirki zaman enjamlarda nanotehnologiýa, biotehnologiýa, himiýa, ekologiýa, derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary boýunça täze ylmy tejribeler geçirilip, oňaýly netijeler gazanyldy, ýagny ilkinji gezek nanogatlaklar, nanobölejikler we nanoturbajyklar taýýarlanylyp, olaryň elektron mikroskop we beýleki barlaglary geçirildi. Nanoölçegli gurluşlary taýýarlamak we olaryň synagyny geçirmek boýunça işler alnyp baryldy.

Türkmenistanyň dermanlyk ösümliklerinden biologik işjeň maddalary bölüp almak, olaryň fitohimiki seljermelerini geçirmek, şeýle-de ösümlikleriň tebigy gorlaryna zyýan ýetirmezden, dermanlyk çig maly zerur mukdarda almaga mümkinçilik berýän «in vitro» tehnologiýasy özleşdirildi. Daşary ýurtlardan satyn alynýan dermanlaryň birnäçe görnüşleriniň (damar keselleriniň, warikozyň bejergisi) ornuny tutup biljek derman serişdelerini öndürmäge mümkinçilik döredýän, bejerijilik täsirli flawonoid maddalarynyň bölünip alynmagy ýola goýuldy.

Sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly Türkmenistandaky arheologik ýadygärlikleriň tematiki, sanly elektron kartalaryny döretmegiň usulyýeti taýýarlanyldy. Şeýle-de, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň we Hazarýaka sebitleriniň ösümlik örtüginiň, topragynyň ýagdaýynyň sanly elektron kartalary işlenilip düzüldi. Bu sebitiň ösümlik dünýäsiniň we topragynyň ýagdaýynyň aerokosmiki suratlary ulanylyp, köp derejeli monitoringini amala aşyrmagyň usulyýeti döredildi.

Obasenagat toplumynda suw serişdelerini netijeli peýdalanmakda, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda, şorlaşan ýerleriň mikroflorasyny işjeňleşdirmekde alternatiw energiýa çeşmelerini utgaşdyrýan tehnologiýalara esaslanýan, «Altyn asyr» Türkmen kölüni rejeli peýdalanmagyň bir bitewi tehnologik ulgamy taýýarlanyldy. Gowaçanyň tohum çigidini tygşytly we takyk ekmegiň, şeýle hem güýçli şorlaşan suwarymly ýerleri ekin dolanyşygyna girizmegiň biologik usullary işlenilip taýýarlanyldy we önümçilige ornaşdyryldy. Elektron resminamalar dolanyşygy üçin tor programma üpjünçiligi işlenip düzüldi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Tehnologiýalar merkeziniň we Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň içki torlarynda ornaşdyryldy.

Tehnologiýalar merkezinde alnyp barylýan işleriň netijeleri ylmy maslahatlarda, makalalarda, ylmy işleriň ýygyndylarynda, monografiýalarda hem-de habar beriş serişdelerinde yzygiderli beýan edilýär. Ýerine ýetirilen innowasion çözgütlere Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan çäklendirilen patentler alynýar.

Golaýda Tehnologiýalar merkeziniň «Ýurdumyzyň ösüşinde innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy işleriniň ýygyndysynyň V goýberilişi çap edildi.

Halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Tehnologiýalar merkezi Koreýanyň Ýer we geogiňişlik maglumatlary korporasiýasy (LX) bilen baglaşylan ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk babatynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň, «Belarusuň Milli Ylymlar akademiýasynyň Genetika we sitologiýa instituty» döwlet ylmy edarasy bilen baglaşylan ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk baradaky Şertnamanyň çäklerinde bilelikdäki ylmy-barlag işlerini alyp barýar.

Tehnologiýalar merkezinde ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralary, ýokary okuw mekdepleri, senagat kärhanalary we telekeçiler bilen hyzmatdaşlyk esasynda ylmy ösdürmäge, innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamaga we halk hojalygynyň dürli pudaklaryna giňden ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň amaly ylmy-barlag edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Kararyna laýyklykda, 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Tehnologiýalar merkeziniň Täze maddalary sintezlemegiň tehnologiýalary merkezi, lýmit tehnologiýalary barlaghanalary hem-de Taslama-konstruktorçylyk we tejribe desgalaryny gurnaýyş, abatlaýyş bölümi, şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan bolsa Derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary we Daşky gurşawy goramagyň tehnologiýalary barlaghanalary hojalyk hasaplaşygyna geçirildi.

Toplanan tejribe esasynda Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanalary tapgyrlaýyn hojalyk hasaplaşygyna geçirilip, bu ugurda degişli işler alnyp barylýar. Mysal üçin, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasy bilen baglaşylan hojalyk şertnamasyna laýyklykda, «Nebitgaz guýulary burawlanýan wagtynda buraw erginleriniň ýuwudylmasynyň öňüni almak üçin ýörite (ýerli çig maldan) goşundyny işläp döretmek hem-de önümçilik-synag (adaptasiýa) we ornaşdyrma işlerini geçirmek» atly ylmy-barlag işi alnyp barylýar. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň çörek önümleriniň «Bereketli» söwda kärhanasy bilen baglaşylan hojalyk şertnamasynyň çäklerinde geçirilen ylmy-barlaglaryň netijesinde keselleriň öňüni alyş maksatly çörek we çörek-bulka önümleriniň önümçiliginde buýan köküniň ekstraktynyň ulanylmagynyň ähmiýeti ylmy taýdan esaslandyryldy we täze resepturalar işlenip düzüldi.

Derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary barlaghanasynda «Ýandagyň gury ekstraktyny almak we onuň kadalaşdyryjy resminamalaryny düzmek» atly tema boýunça Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Saglyk» derman kärhanasy bilen baglaşylan hojalyk şertnamasy esasynda ýandagyň gury ekstrakty taýýarlanyldy. Häzirki wagtda onuň alnyşyny optimallaşdyrma boýunça işler ýerine ýetirilýär. Energiýany öndürmegiň we tygşytlamagyň tehnologiýalary barlaghanasynda bar bolan basyşy we temperaturany ölçeýji stendler bilen «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy tarapyndan berlen hukuk ygtyýarnamalarynyň çäginde basyşy we temperaturany ölçeýji enjamlaryň deňeşdirme barlaglaryny geçirmek ýola goýuldy.

Hormatly Prezidentimiziň zehinli ýaşlary ylmy işe çekmek baradaky sargytlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlan ýaşlar Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanalarynda zähmet çekýärler. Merkeziň ýaşlary TYA-nyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Ylymlar gününe bagyşlanyp, her ýyl geçirilýän ýaş alymlaryň bäsleşiginde birnäçe gezek ýeňiji bolup, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldular.

Bu gün Tehnologiýalar merkezi köp ugurly ylmy-barlag we ylmy-tehnologik edara bolmak bilen, ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmek, nano we bio maglumatlar hem-de himiki ylmy-barlaglar esasynda bäsdeşlige mümkinçilikli, material we energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan howpsuz, ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary işläp taýýarlamak hem-de täze önümleri we senagaty döretmek, zehinli ýaşlary ylmy, ylmy-tehnologik, taslama-konstruktorçylyk işlerine çekmek, ylmyň, bilimiň, önümçiligiň we işewürligiň bitewüligini üpjün etmek boýunça innowasion işi ýerine ýetirýär.

Mähriban Diýarymyzda ylym we innowasiýa tehnologiýalary babatynda gazanylýan düýpli ösüşleriň gözbaşynda duran alym Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Muhammedöwez GURBANNYÝAZOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Tehnologiýalar merkeziniň direktory,
tehniki ylymlaryň doktory, professor.



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy