Habarlar

Himiýaçy alymlaryň döredijilik mümkinçiligi

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2021-06-08

"Altyn asyr" elektron gazeti

Himiýaçy alymlaryň döredijilik mümkinçiligi

07.06.2021

Türkmenistanyň himiýaçy alymlary mineral, gidromineral we uglewodorod çig malyny toplumlaýyn gaýtadan işlemek, ýurduň ylym edaralary we ýokary okuw mekdepleri, şeýle hem Türkmenistanyň himiýa senagaty üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ylmy hem-de tehnologik işleri ýerine ýetirýärler. Himiýa institutynyň bölümleriniň we laboratoriýalarynyň ählisi 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan hojalyk hasaplaşygyna geçdi.

Geçirilen işleriň netijesinde uly möçberde ylmy-barlag we maglumatlar materiallary toplandy. Institutyň alymalarynyň we işgärleriniň çap edilen işleriniň ählisi, şeýle hem ylmy-barlag işleriniň ýyllyk ýygyndylary, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň oýlap tapyşlara beren patentleri, ylmy monografiýalary http://chemistry-institute.com.tm elektron saýtynda goýlandyr.

Türkmenistanyň YA-nyň Himiýa institutynyň sertifikasiýalaşdyrmak we fiziki-himiki seljerme bölüminiň esasy ylmy işgäri Gülli Orazdurdyýewanyň soňky işleriniň biri «Galogenalisiklik kislotalaryň we olardan alynýan önümleriň sypatlaryny kesgtlemek hem-de olaryň seljermesi» atly ylmy monografiýasy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Ylym» neşirýatynda çap edildi.

Bu iş nebit himiýasynyň möhüm bölegi — düzüminde galogen bolan organiki kislotlalaryň sintezine we seljermesine bagyşlanypdyr. Awtor sinteziň täze usulyny tapypdyr we onuň üçin amatly şertleri işläp taýýarlapdyr.

Iş ylmy barlag häsiýetlidir, bu bolsa awtoryň barlaga alisiklik kislotalaryň we galogenleriň ähli ugurlaryny goşmaga synanşygy bilen baglanşyklydyr.

Molekulýar galogenler arkaly hlorlama we bromlama reaksiýalary bilen bir hatarda dünýäde ilkinji gezek alisiklik kislotalar ýodlandyryldy.

Awtoryň ylmy barlaglary himiýanyň alisiklik kislotalar bölümine uly goşant goşdy. Barlaglaryň netijeleriniň takyklygy ylmy barlaglaryň adaty we döwrebap fiziki-himik usullary bilen tassyklanyldy.

Bu monografiýanyň ylmy taýdan gymmatlygy alisiklik kislotalary galogenirlemegiň täze yzygiderli barlaglaryny geçirmekde jemlenendir. Hlorlama, bromlama we ýodlaşdyrma reaksiýalary üçin işlenilip taýýarlanylan usullar ulanylyp, ylmy çeşmelerde hasaba alynmadyk täze birleşmeleriň 71-si alyndy.

Sintezlenen birleşmeleriň arasynda plastifikatorlar bar, olary polihlorwinil, ösümlikleri goramak üçin gerbişidler we weterinariýada zyýansyzlandyryjy serişdeler önümçilginde ulanyp bolar.

Monografiýada naften kislotalarynyň reaksiýasy netijesinde alnan galogenalisiklik kislotalar we olaryň önümleri barada maglumat berilýär.

Monografiýa nebit himiýasy we nebithimiýasy sintezi bilen gyzyklanýan alymlara, hünärmenlere, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň nebitçilik we tehnelogiýa hünärleri boýunça mugallymlaryna hem-de talyplaryna niýetlenendir.

Wladimir KOMAROW



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2021, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy