Habarlar

Buýan galyndylaryndan işjeňleşdirilen kömür: daşary ýurt önüminiň ornuny tutma we ekologiýa

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2021-05-22

"Altyn asyr" elektron gazeti

Buýan galyndylaryndan işjeňleşdirilen kömür: daşary ýurt önüminiň ornuny tutma we ekologiýa

20.05.2021

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlar topary işjeňleşdirilen kömri buýan galyndylaryndan almagyň täze usulyny oýlap tapyp, ony önümçilige girizmegi teklip etdi. Bu ylmy açyş Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň intellektual emläk boýunça Döwlet gullugy tarapyndan resmi hasaba alyndy.

Buýan köki Lebap welaýatyndaky «Buýan» agrosenagat toplumynda gaýtadan işlenende, ondan köp mukdarda harpyk galýar. Ony gaýtadan ulanmagyň esasy usuly häzire çenli melleklerde gömmek, ýakmak ýa-da dökün hökmünde peýdalanmakdy. Himiýa institutynyň alymlary işjeňleşdirilen kömri daşary ýurtdan satyn almakdan ýüz öwürmäge we ony ýerli çig maldan uly möçberde öndürmäge mümkinçilik döredýän täze tehnologiýany teklip etdiler.

Buýan köküniň galyndysyndan alnan işjeňleşdirilen kömri medisinada, himiýa, farmasewtika we azyk senagatynda giňden ulanmak mümkindir. Işjeňleşdirilen kömürli süzgüçler agyz suwuny arassalaýan gurnawlaryň häzirki zaman kysymlarynyň köpüsinde ulanylýar. Mysal üçin, işjeňleşdirilen kömrüň ýokary netijeli digirleri uglewodorodlary arassalamakda, gysylan gazdan ýagy aýyrmakda we katalizatorlaryň goragynda peýdalanylýar. Onuň kömegi bilen gazdan ýa howa akymyndan hem organiki, hem organiki däl goşundylar bölünip aýrylyp bilner. Aşgabatly himikleriň açyşynyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň öwezini tutýandygynyň hasabyna ol pudaklaýyn kärhanalary gymmatly çig mal bilen üpjün etmäge we walýuta serişdelerini tygşytlamaga uly mümkinçilik berer.

Wladimir KOMAROW



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2021, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy