Habarlar

Seljuklar döwrüniň edebiýaty

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2021-05-15

«Türkmenistan» gazeti,
2021-05-14

Seljuklar döwrüniň edebiýaty

Şu gün «Soltan Sanjaryň taryhy keşbi we türkmen halkynyň parahatçylyk, hoşniýetli dostluk taglymaty» atly halkara döredijilik duşuşygy öz işine başlaýar, Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim ministrlikleriniň,Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmen döwiet medeniýet institutynda geçirilýän çärä ýurdumyzdan we daşary döwletlerden alymlaryň onlarçasy gatnaşýar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän halkara döredijilik duşuşygynda seljuklar döwrüniň edebiýatyna-da aýratyn üns berler.

Dünýä taryhynda türkmenler uly-uly döwletleri guran halk hökmünde tanalýar. Şöhratly ata-babalarymyzyň tagallalary bilen döredilen bu ägirt döwletler köp asyrlaryň dowamynda bütin dünýäniň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyna öz täsirini ýetirdi. Olaryň biri hem Beýik Seljuklar döwletidir.

Seljuklar örän giň çägi öz içine alýan uly döwlet gurupdyrlar. Beýik Seljuk imperatorlygy we oňa tabyn bolan käbir kiçi döwletler, Beýik Seljuklardan (1037-1157) soň emele gelen Kerman seljuklary (1041—1186), Anadoly Seljuk döwleti (1077-1302), Siriýa seljuklary (1078-1117), Yrak seljuklary (1188-1194) we olardan dörän atabeglikler taryhda mynasyp orun aldylar.

Oguzlaryň arasynda yslamy kabul eden seljuklary Gündogar ýazyjylary türkmenler diýip ýatlaýarlar. Türkmen-oguz boýunyň kynyk taýpasyndan bolup, 1037-1157-nji ýyllar aralygynda höküm süren Seljuklar döwletiniň ady olaryň atalary Seljuk ibn Dakakdan (Dukakdan) gaýdýar. Ol bu döwletiň ilkinji soltany Togrul beg Muhammet bilen Çagry beg Dawudyň atasydyr. 1037-1157-nji ýyllarda höküm süren we uly imperiýany döreden Beýik Seljuklar döwletiniň ylym-bilimedir edebiýata beren goldaw-hemaýatlary we bu döwrüň edebiýatynyň aýratynlyklary dünýä alymlarynyň ünsüni çekýär.

Edebiýat, has takygy, seljuklar eýýamynyň resmi edebi dili bolan pars dilli edebiýat özüniň altyn zamanasyny seljuklaryň döwründe başdan geçirdi. Seljuklar häkimlik eden döwürlerinde gurduran saraýlary, uniwersitetlere deňelýän mekdep-medreseleri, kitaphanalary, beýik medeni hem sungat işleri bilen Gündogarmusulman medeniýetine parlak zamanany bagyş etdiler. Seljuk hökümdarlaryndan soltan Alp Arslan, onuň ogly Mälik şa we agtygy soltan Sanjar alymlaradyr şahyrlara çuňňur hormat goýupdyrlar, ylym hem sungat wekillerine uly üns berip, olary döredijilik işine ruhlandyrypdyrlar. Matematik we görnükli söz ussady Omar Haýýam, kasydalarynda seljuk hökümdarlarynyň beýikligi bilen hiňlenen ussat kasydaçy Enweri, meşhur şahyr Hakany, Nyşapurda ýaşan sopy şahyr Ferideddin Attar, özüniň bäş sany beýik mesnewisi (poemasy) bilen Gündogar romanynyň düýbüni tutujy hasaplanýan, bilelikdäki yslam edebiýatynda asyrlarboýy halypa saýylyp, yzyna eýerilen hamsaçy şahyr Nyzamy Genjewi ýaly köp sanly pars dilli şahyrlar, esasan, seljuklar, Seljuk atabegleri we Horezmşalar döwründe bu döwletleriň hökümdarlarydyr emirleriniň hemaýatlary bilen ýetişen, kemala gelen hem-de olaryň köşklerinde at-abraý gazanan şahsyýetlerdir.

Seljuk soltanlary hem Gaznaly hökümdarlary ýaly, adalatly, ylymsöýer we ynsanperwer adamlar bolupdyrlar. Olar metjit-medreseleri gurmaga uly üns beripdirler we ylym-bilimi, şygyrdyr edebiýaty ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw-hemaýat edipdirler. Merkezi Aziýa, Amyderýa bilen Syrderýanyň aralygy we Horasan şol döwürde edebiýatyňdyr matematika, lukmançylyk, geografiýa, taryh ýaly ylymlaryň ösen mekanyna öwrülipdir.

Seljuklar zamanasynyň ylmy-edebi taýdan pajarlap ösmeginde seljuk hökümdarlarynyň gurduran Nyzamyýe medreseleriniň orny biçak uludyr. Şeýle medreseler şol döwürde seljuklaryň golastyndaky ähli uly şäherlerde gurlupdyr. Olarda ymam Muhammet Gazaly, Abu Yshak Şirazy, Ymamyl-haremeýn Jüweýni, ymam Muhammet Isa we Sadreddin Hojandy ýaly ägirtler sapak beripdirler. Bu medreselerde okap, belent at-owaza ýeten müňlerçe alym-akyldarlar Seljuklar döwletiniň oňyn syýasatynyň miweleridir.

Iň takyk hem dürs kalendar (ýyl senenamasy) bolan Takwymy-Jelaly kalendary seljuk soltany Mälik şanyň gurduran obserwatoriýasynda işlän nyşapurly alym Omar Haýýam we Merwiň Löwker obasyndan Abulapbas Löwkeri tarapyndan döredilipdir.

Beýik Seljuklar imperiýasynyň soňky hökümdary soltan Sanjar batyr hem ylymsöýer adam hasaplanypdyr. Onuň döwründe Horasan alymlaryň mesgeni we ylmyňdyr sungatyň mekany hasaplanylypdyr. Soltan alymlara we sopulara uly hormat-sarpa goýupdyr. Ol ylmy we medeniýeti ösdürmek meselesine ýakyndan gözegçilik eder eken. Onuň döwründe diňe Merwde 30-dan gowrak medrese bolupdyr.

Seljuk soltanlarynyň we olaryň Amydulmülk Kündüri we Hoja Nyzamylmülk Tusy ýaly akyldar wezirleriniň tagallalary bilen Nyşapurda, Merwde, Bagdatda, Yspyhanda, Hyratda, Balhda, Basrada, Mosulda, Tabarystanda, Damaskda Nyzamyýe medreseleri we diňe Merw şäherinde 13-den gowrak ylmy kitaphanalar gurlupdyr.

Seljuklar döwrüniň edebiýatynyň aýratynlyklary hakynda aýtsak, türki halklar bilen pars dilli halklaryň garyşyp ýaşamaklary netijesinde hem-de häkimiýet we harby diliň türki dil bolandygy sebäpli, türki sözleriň pars dilinde döredilen edebiýatlarda köp duş gelýändigi aýdyň duýulýar. Seljuklar döwrüniň türki dilli şahyrlary bolan Abulala Genjewi, Kawamy Genjewi, Feleki Şirwany, Hakany Şirwany we Nyzamy Genjewi dagy hem kasyda we mesnewi görnüşindäki goşgulary ýazmakda Horasanyň şahyrlarynyň döredijiliginden tapawutlylykda, sada halka ýakyn dilde eser döredipdirler.

Seljuklar döwrüniň edebiýatynda dini—mistik temasynda dürli goşgy setirleri we kyssa eserleri döredi. Bu döwrüň Abu Sagyt Abulhaýr (Mäne Baba), Hoja Abdylla Ensary, Abulkasym Kuşaýry, Aýnylkuzat Hemedany, Baba Tahyr Urýan Hemedany, Attar Nyşapury we Senaýy Gaznawy ýaly söz ussatlarynyň eserlerinde dini—mistik mazmun giňden ulanylypdyr.

Çuňňur manyly, pelsepewi garaýyşly öwüt beriji setirler şol döwrüň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Pent-nesihatçy we hikmetli sözli şahyrlar çeper sözler, beýik hyýallar we deňsiz-taýsyz setirler bilen adamlary haýra, adamkärçilige, ahlak gözelligine çagyrypdyrlar.

Seljuklardöwründe ylmyň dürli ugurlary boýunça tanalyp, ussatlyga ýeten akyldar şahyrlar köp bolupdyr. Olar diňe bir şahyr bolman, ylmyň haýsydyr bir ýa-da birnäçe ugurlary boýunça halypa — ussat derejesine ýeten şahsyýetlerdir. Mysal üçin, Nasyr Hysraw, Senaýy Gaznaly we Hakany Şirwany wagyz-nesihatçy, Omar Haýýam Nyşapury pelsepeçi we matematikaçy, Enweri ýyldyzşynas we ş.m.

Seljuk soltanlarynyň yslam dininiň dili bolandygy üçin, okuw-ylym dili hökmünde ykraredilen arap dilinde şygyr döreden şahyrlar hem bolupdyr. Arap dilli şahyrlaryň tezkireleri bolan «Ýetimetud-dehr» we «Dumýatul-kasr» atly kitaplarda bu döwre degişli 40-a golaý arap dilli şahyrlaryň atlary agzalýar. Şeýle-de şol döwürde gymmatly kyssa (proza) eserleri ýazylypdyr. Seljuklar eýýamy ylmyň ösen hem rowaçlanan, ýagny dürli açyşlaryň, ylaýta-da, takyk ylymlaryň temasynda dörän kitaplaryň döwrüdir. Bu döwürde şygryýetde dil babatda arap dilinden alnan sözlere köp orun berildi, mulammag (bir mysragy ýa-da beýdi parsça, ikinji mysragy ýa-da beýdi arap ýa beýleki dillerde bolan goşgy. Bu görnüşdäki goşga «Zullisäneýn» («lki dilli») hem diýilýär) goşgular köp ýazyldy we şahyrlar özlerini kyn setirler bilen synap gördüler.

Edebi babatda şygyr görnüşleri has ösdi. Haýýam rubagyda, Nyzamy mesnewide, Enweri kytgada we kasydada, Hakany bolsa kasydada we terkipbentde uly şöhrata ýetdiler. Mistik-dini äheňli goşgularda Senaýy, Hakany we Nyzamy, satiradadyr degişmede Suzeni Samarkandy, dessan aýtmakda Nyzamy Genjewi öňe saýlandylar. Kyn-agyr redifleriň ulanylmagy, dile çeperligiň, çeperçilik hem beýan sungatynyň köpelmegi, türkileriň waspy we dürli manyly çylşyrymly sözler bilen goşgy düzmek bu döwrüň edebi aýratynlyklaryndandyr.

Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy ugrundaky parasatly içeri we daşary syýasatynyň, berkarar Watanymyzyň ylym ulgamyny kämilleşdirmäge, öňdebaryjy ylmy usulyýetleri, iň gowy tejribeleri ornaşdyrmaga, jemgyýetimiziň döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmaga hem-de köptaraply medeni diplomatiýany giňeltmäge gönükdirilen beýik başlangyçlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Alym Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, ähli işleri uly üstünliklere beslensin!

Dawut ORAZSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty.



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2021, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy