![]() |
![]() | ![]() INNOWASIÝALAR DÖWLETIŇ GÜLLÄP ÖSÜŞINIŇ ESASYDYR |
|
||||||
| ![]() |
![]() |
![]()
|
![]() |
![]() 2021-05-05 «Türkmenistan» gazeti, INNOWASIÝALAR DÖWLETIŇ GÜLLÄP ÖSÜŞINIŇ ESASYDYRAşgabatda halkara ylmy maslahat geçirilýär.AŞGABAT, Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň guramagynda sanly ulgam arkaly geçirilýän «Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna Mälim bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, alymlaryň we hünärmenleriň täze işläp taýýarlamalaryny milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda netijeli peýdalanmak meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Ýurdumyzyň tehnologiýa binýadynyň döredilmegi, sanlylaşdyrmak, informatizasiýa, elektron tehnikasy, senagat biotehnologiýasy ýaly ugurlaryň ösdürilmegi döwlet innowasiýa syýasatynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ylym we bilim belent maksatlara ýetmegiň ýolunda jemgyýeti jebisleşdirýän, döwletimiziň kuwwatyny artdyrýan baýlyk bolup durýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda geçirilýän ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, sanly ulgamlary ornaşdyrmak, ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň alymlarynyň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň ugurlaryny giňeltmek bu gün ylmy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleriniň hatarynda aýratyn ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň Bu we beýleki möhüm meseleler şu halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlenildi. «Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň açylyşy Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde boldy. Şu ýerde bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň Halkara forum ylym-bilim ulgamynyň ýolbaşçylaryny, alymlary, dürli ulgamlaryň hünärmenlerini, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny we talyplaryny bir ýere jemledi. Sanly ulgam arkaly maslahata dünýäniň ýigrimi ýurdundan iri ylmy merkezleriňdir ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar. Munuň özi giň hyzmatdaşlygy ýola goýmaga Umumy mejlisde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýolbaşçylary, şeýle hem Azerbaýjanyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Efiopiýanyň, Polşanyň, Hytaýyň, Palestinanyň, Italiýanyň, Russiýanyň görnükli alymlary çykyş etdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan ylmy we tehnologiýalary ösdürmekde ägirt uly ösüş gazandy, türkmen alymlarynyň ylmy gazananlary muňa şaýatlyk edýär, olar ykdysadyýetiň köp ulgamlarynda netijeli peýdalanylýar. Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda amatly içerki syýasy ýagdaýyň kemala gelmeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn ornuny biragyzdan bellediler, munuň özi ylmy barlaglaryň işjeňleşdirilmegine, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär. Ýurdumyzyň ylym ulgamy dünýä derejesinde ösüşe eýe boldy, onuň kanunçylyk we ylmy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça barlag işlerini geçirmek, ýaş alymlary Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-2025-nji ýyllarda Türkmenistanda ylym ulgamyny sanly ulgama geçirmek boýunça kabul eden Maksatnamasynyň Çykyş edenler bilim ulgamy barada aýtmak bilen, Bilim ministrliginiň Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň ylmy açyşlaryny önümçilikde peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berildi. Ykdysady taýdan düşewüntli, ýerli çig mal esasynda işleýän, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply senagat önümçiliklerinde maksatnamalaýyn ylmy barlaglaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, iň gowy daşary ýurt tejribesini öwrenmegiň, halkara ylmy alyşmalary işjeňleşdirmegiň, beýleki döwletleriň ylmy edaralary, uniwersitetleri Ählumumy häsiýete eýe bolan innowasiýa işleri dünýä bileleşigini ösüşiň täze, has ýokary derejesine çykardy. Innowasiýa işleri öz gözbaşyny ylmyň aýry-aýry pudaklaryndan alýar Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa maslahaty guramaga döredilen mümkinçilik, ylym-bilim ulgamynyň özgerdilmegine, dünýä giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna we bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna ägirt uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Ertir Halkara ylmy-amaly maslahat öz işini «Innowasion ykdysadyýet ösüşleriň gözbaşy», «Nebitgaz pudagynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýeti», «Maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalary HALKARA MASLAHATA GATNAŞYJYLARA SÖZ BERÝÄRISHuang LING, Hytaý Halk Respublikasynyň Sinýang uniwersitetiniň professory: - Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçirilýän halkara maslahatdaky çykyşym skandiý esasly lýuminessent materiallary almagyň tehnologiýasy hakynda. Bu element metallurgiýada, mikroelektronikada, ýagtylyk çeşmesi hökmünde, ýadro energetikasynda, lukmançylykda, lazer materiallarynda, Gün batareýalarynyň önümçiliginde giňden ulanylýar. Skandiý elementinden nanomateriallary döretmek, onuň täze birleşmeleriniň gözlegi dowam edýär. Birnäçe tejribeleriň kömegi bilen bu elementiň himiki we fiziki aýratynlyklary öwrenildi we özboluşly nanogurluşlar alyndy. Şeýle ylmy barlaglar ittriý, itterbiý, erbiý, lantanoidler bilen hem geçirildi. Olaryň netijelerini geljekde yşyklandyryşda, ekranlarda we beýlekilerde ulanmak mümkin. Hideomi KOINUMA, Ýaponiýanyň Tokio tehnologiýalar uniwersitetiniň professory: - Şeýle halkara maslahatlar materiallary öwrenişde innowasion tehnologiýalar hakynda pikir, tejribe alyşmaga ýardam edýär. Meniň çykyşym geljegiň energetikasy we optoelektronikasy üçin täze materiallary döretmegiň innowasion tehnologiýalary hakynda. Bu materiallaryň önümçiliginde esasy talap ekologiýa howpsuzlygy bilen baglydyr. Şeýle-de «akylly» tehnologiýalaryň we emeli aňyň utgaşmasy esasynda geçirilýän tejribeler möhümdir. Bu taslamalary amala aşyrmakda türkmen alymlary bilen hyzmatdaşlyk edýäris. Seungwoo HAN, Koreýa Respublikasynyň INHA uniwersitetiniň professory: - «Dördünji senagat rewolýusiýasy» diýlip atlandyrylýan ösüş derejesindeemeli aňyň, maglumat tehnologiýalarynyň ulanylmagy netijesinde «akylly» gurluşyklar has ýörgünlidir. «Akylly» gurluşyk tehnologiýalary maglumatlary ulgamlaşdyrmagy, seljermegi we dolandyrmagy, şeýle-de öňünden çaklamagy başarýar. Gurluşyk meýdanynyň, taslamalaryň we beýlekileriň şertlerine laýyklykda, ýagny öňünden bar bolan maglumatlar esasynda täze meýilnamalar işlenip düzülýär. Şunuň bilen baglylykda, gurluşyk simulýasiýa tehnologiýalary ünsi çekýär. Marko FALKONI, Italiýa Respublikasynyň Daşky gurşawy goramak we ylmy-barlaglar milli institutynyň topragy goramak we zeperlenen zolaklary dikeltmek boýunça bölüminiň ylmy işgäri: - Energiýany, suwy tygşytlamaga, howanyň, topragyň we ekoulgamlaryň arassalygynyň goralmagyna gönükdirilen «ýaşyl» tehnologiýalar biziň geljegimiziň goragçylarydyr. Olaryň işjeň ornaşdyrylýandygyna, galyndylaryň möçberine we ulanylýan materiallara görä, durmuşa geçirilýän taslamalara baha berilýär. Islendik taslama amala aşyrylanda, daşky gurşawa täsiri göz öňünde tutulmalydyr. Tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmek, daşky gurşawy hapalamazlyk uly jogapkärçilikli işdir. Dünýäniň dürli döwletlerinde, şol sanda Italiýada gaýtadan dikeldiş taslamalary giň gerimde dowam edýär. Daşky gurşawyň ýagdaýyna baha berýän we oňa gözegçilik edýän meýilnamalar işjeň ulanylýar. Jaeek GAJEWSKI, Polşa Respublikasynyň Ýadro ylmy-barlaglar milli merkeziniň ylmy işgäri: - Häzirki sanly tehnologiýalaryň asyrynda iri senagat kärhanalarynyň, dolandyryş ulgamlarynyň we wajyp infrastrukturalaryň kiberhowpsuzlygy möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin hem Ýadro ylmy-barlaglar milli merkezimizde kiberhowpsuzlygy seljermek, oňa logiki gözegçilik etmek boýunça taslamalaryň üstünde işlenýär. Bu möhüm desgalaryň dolandyryş ulgamlaryny kiber hüjümlerden goramaga ýardam edýär. Şeýle desgalaryň hatarynda, mysal üçin, elektrik stansiýalaryny görkezmek bolar. Häzirki wagtda dünýäniň dürli döwletlerindäki kiberhowpsuzlyk barlaghanalary logiki gözegçilik programmalarynyň esaslaryny we usullaryny işläp düzýärler. Bu bolsa merkezleşdirilen kiberhowpsuzlyk barlaghanalarynyň işini ýola goýmakda, barlag ulgamlaryny kämilleşdirmekde zerurdyr. Naşwa DARWIŞ, Palestina döwletiniň Milli «Erasmus» merkeziniň iş dolandyryjysy: - Häzirki döwürde terjimeçiligi maglumat tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek kyn. Müşderiler terjimäniň çalt, amatly we ýokary hilli bolmagyny talap edýärler. Bu babatda terjimeçiniň iş öndürijiligini ýokarlandyrýan döwrebap tehnologiýalar has netijelidir. Tehnologiýalaryň ösüşi terjime işine-de täsir edýär. Sözlükleriň elektron görnüşe geçirilmegi ulanmaga amatlylygy we elýeterliligi bilen tapawutlanýar. Olarda sözleri gözlemekde wagt tygşytlanýar. Kompýuterlerde, telefonlardyr planşetlerde ýörite programmalar, şeýle-de internet arkaly edilýän terjimeler ýörgünli Yazga geçiren Rahmanberdi GÖKLEŇOW. |
![]() |
![]() |
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy |