Habarlar

Arheologik barlaglarda sanly ulgamyň ähmiýeti

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2021-05-05

«Türkmenistan» gazeti,
2021-05-04

Arheologik barlaglarda sanly ulgamyň ähmiýeti

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, taryhymyzy we medeni mirasymyzyň çuňňur öwrenilmegi netijesinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheoiogiýa institutynyň alymlary tarapyndan Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýadygärliklerde toplumlaýyn arheologik gazuw-agtaryş işleri amala aşyrylýar, Barlag işleri geçirliýän ýadygärlikleriň biri-de, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe taryhy-medeni ýadygärligidir.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly işiniň birinji kitabynda: «Paryzdepäniň taryhyny düýpli öwrenmegiň, onuň durmuşynyň ýyl ýazgysyny, ösen döwürlerini dikeltmegiň möhümdigini bellemek bilen, men bu ugurdan alymlaryň ylmy-barlag, derňew işleriniň özüniň talabalaýyk netijesini berjekdigine ynanýaryn» diýip belleýär. Bu ýadygärlikde ilkinji barlag işleri XX asyryň dowamynda A.A.Maruşenko, B.A.Litwinskiý hem-de W.N.Pilipko tarapyndan geçirilipdir. Häzirki wagtda arheologik gazuw-agtaryş işleri döwrebap enjamlar bilen öwrenilýär. Islendik ýurduň ösüşi onuň ylym-bilim ulgamynyň derejesi bilen kesgitlenýär. Şonuň üçin ylmyň häzirki zaman gazanan netijelerini durmuşa ornaşdyrmak, döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak ýurdumyzda möhüm işleriň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Taryh we arheologiýa institutynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kuwwatlandyrmak maksady bilen birnäçe enjamlar satyn alyndy. Häzirki wagtda institutyň alymlary ylmy-barlag işlerinde tehnologiýalary peýdalanmaga çalyşýarlar. Ulanylýan tehnologiýalar ylmy barlaghanada bar bolan birnäçe enjamlar arkaly geçirilýär.

Olardan Kanadanyň önümi bolan «NEMFIS», ýagny arheologiýa barlaglarynda ulanylýan çuňluklaýyn surata düşürýän enjamy görkezmek bolar. Bu enjam geofizikanyň usullarynyň biri bolan magnitometr gözegçilik geologiýa-gurşaw meselesini, dag jynslarynyň (topragyň) meňzeş bolmadyk kesim ugurlarynyň araçäklerini ýüze çykarmak üçin ulanylýar. Paryzdepe arheologik ýadygärliginiň tutýan meýdanynda kesim ugurlarynyňaraçäklerini ýüze çykarmakda magnitometrik gözegçilik işleri geçirildi we birnäçe maglumatlar ylmy dolanyşyga girizildi.

Mundan başga-da, arheologiýa barlaglarynda Şweýsariýanyň «Leica TS 09 plus R 1000 (1»)" kysymly elektron taheometri peýdalanylýar. Bu bolsa, enjam arkaly geodezik we magnitometrik gözegçilik işlerini geçirip bolýar. Bu bolsa, öz gezeginde, arheologik ýadygärlikleriň tutýan meýdanyny, beýikligini, relýefiň şekilini çyzga geçirmekde gymmatly enjamdyr. Mysal üçin, 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen bilelikde Paryzdepe taryhy arheologik ýadygärliginde barlag işleri geçirildi. Topografik gözegçilik işleri Şweýsariýanyň Leica Geosystems geodeziki enjamy bolan TS 09 kysymly taheometri arkaly alnyp baryldy. Şeýlelikde, barlaghanada topografiýa işleriniň netijesi boýunça müňlerçe ölçeg maglumaty hem-de Paryzdepe gadymy taryhy ýadygärlik toplumynyň relýefiniň çyzgy nusgasy alyndy.

Şeýle-de, arheologik barlaglarynda Hytaýyň «Garmin GPS MAP 62 STC» we «Garmin Montana 650» elde göterilýän nawigatory ulanylýar. Bu enjam ýadygärlikde geçirilen gözegçilik işleriniň anyk wagtyny bellemäge ukyplydyr. Bu enjam geçirilen gözegçiligi aňsatlyk bilen utgaşdyryjy ulgama çatmaga mümkinçilik berýär hem-de öz gezeginde, relýef şekili bilen bagly bolan üýtgeşmelere toplumlaýyn baha bermäge ýardam edýär. Bu bolsa gözegçilik geçirilen ýadygärlikleri aňsatlyk bilen çyzga geçirmäge mümkinçilik döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutyna alyp beren LEA-S500 köp ugurly kiçi barlaghanasy ýurdumyzyň köp asyrlyk gadymy taryhyny öwrenmekde, arheologik tapyndylary barlamakda täze mümkinçilikleri açýar. Häzirki döwürde institutymyzyň ylmy işgärleri tarapyndan ýurdumyzyň çäklerinden tapylýan arheologik tapyndylarynyň himiki düzümini kesgitlemekde lazer analizatory ulanylýar. Bu barlaghana spektros- kopiýanyň, lazer tehnikasynyň, analitik maksatnama üpjünçiliginiň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýär. Lazer analizatory, esasan, atom-emmision spektrometrden ybarat bolup, onda spektrleri güýçlendiriş çeşmesi ýörite iki impulsly nanosekuntly lazer toplumy arkaly amala aşyrylýar. Spektrleri hasaba almak üçin 16 bitlik sanly surata düşüriji kamera ulanylýar. «Atilla-2» maksatnama üpjünçiligi bu lazer analizatoryny awtomatik usulda dolandyrýar, spektrleri hasaba alýar, gaýtadan işleýär hem-de tertip boýunça düzýär, maddanyň barlagyny geçirip, netijesini çap edýär.

Barlaghanada Paryzdepeden, Nusaýdan, Yzgant obasynyň eteginde ýerleşýän Daşlydepeden, Öwlüýädepeden tapylan keramika böleklerinin lazer barlaglary geçirilip, keramiki tapyndylaryň himiki düzüminiň kybapdaşdygy anyklandy.

Gazuw-agtaryş işleri geçirilende, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň gatlaklary görkezýän «SIR 3000» georadary hem peýdalanylýar. Onuň kömegi bilen ýerine ýetirilýän işler, esasan, dag jynslarynyň topragasty gatlaklaryny deslapky barlap görmekden, ýerasty desgalary gözlemekden we kartalaşdyrmakdan, karst boşluklaryny we topragyň dykyzlygynyň azalýan zolaklaryny tapmakdan, şeýle hem jaýlaryň binýadyny we gadymy obalaryň diwarlaryny kartalaşdyrmakdan hem-de gazuw-agtaryş işlerini geçirmek üçin amatly meýdany gözlemekden ybaratdyr.

Ýokarda bellenip geçilen enjamda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary tarapyndan Paryzdepäniň töwereklerinde üznüksiz georadiolokasion kesim işi geçirildi. Kesim işi alty we on bäş metr çuňluga çenli geçirildi. Alnan maglumatlary kompýuterde işlemegiň netijeleri boýunça 5-12 metr çuňluga çenli topragasty gatlaklaryň georadiolokasion kesimleri guruldy.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň hem-de Tehnologiýalar merkeziniň ylmy işgärleri tarapyndan «Türkmenistanyň arheologiýa ýadygärlikleriniň interaktiw kartasyny döretmek» atly meýilleşdirilen ylmy işi döwrebap enjamlar bilen işlenip taýýarlanylýar.

Şeýlelikde, häzirki zaman enjamlary alnyp barylýan barlaglar arheologik ýadygärlikleri karta geçirmek, topografiýa meýilnamalaryny taýýarlamak, geografik ugurlary çyzga geçirmek, olardaky arheologik tapyndylary seljermek hem-de gazuw-agtaryş işleri netijesinde alnan maglumatlary ylmy esasda öwrenmäge ýardam eder. Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän gadymy ýadygärliklerimiziň döwrebap tehnologiýalar bilen öwrenilmegi arheologiýa ylmynyň has-da ösmegine itergi berer.

Aman BEHRANOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri.



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2021, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy