![]() |
![]() | ![]() Aşgabada 140 ýyl: paýtagty ösdürmegiň innowasion ugry |
|
||||||
| ![]() |
![]() |
![]()
|
![]() |
![]() 2021-03-10 «Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti
Aşgabada 140 ýyl: paýtagty ösdürmegiň innowasion ugry09.03.2021 Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Ak mermerli ajaýyp binalary, giň şaýollary, seýilbaglary we seýilgähleri, suw çüwdürimleri bilen häzirki döwrüň Aşgabady hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli alyp barýan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we «Açyk gapylar» syýasatynyň Bu ýerde ykbal kesgitleýji çözgütler kabul edilýär we jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli wakalar bolup geçýär Soňky ýyllarda ak şäherimiz wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýär. Onuň ösüşiniň ýokary depgini we ugurlary giň gerimli gurluşyklarda öz beýanyny tapýar. Olar, esasan, ýaşaýyş-durmuş ugruna gönükdirilendir. Aşgabadyň 140 ýyllygy. Bu şanly senä iki aýdan gowrak wagt galdy, şoňa görä-de, iň oňat arzuw-umytlar ýakynlaşyp gelýän şanly sene bilen baglanyşyklydyr. Ýene-de sanlyja aýdan Watanymyzyň ajaýyp paýtagty ählihalk dabarasyny bellemek üçin owadan baýramçylyk lybasyna beslener. Döredileninden bäri, şäheriň durmuşynda köp zatlar özgerdi. Ýöne ähli döwürlerde-de türkmenistanlylar öz paýtagtyny tüýs ýürekden söýüp geldiler we oňa guwandylar, ýubileý ýylynda bolsa buýsanç duýgusy Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşlarynda paýtagtymyzyň geljegini nazarlaýan ösüşi, onuň özboluşly binagärlik keşbini kemala getirmek, şäher düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak baradaky meseleleriň häzirki günde aýratyn möhümdigini birnäçe gezek nygtady. Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň başyny başlaýjy bolmak bilen, onuň durmuşa geçirilişini yzygiderli gözegçilikde saklap, alnyp barylýan işleriň barşy bilen gönüden-göni ýerinde gyzyklanýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan durmuşyň ähli ulgamlarynda belent sepgitlere ýetdi. «Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýylda paýtagtymyzda Şunuň bilen bir hatarda, Diýarymyzyň döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezi bolan Aşgabadyň bu ulgamynyň düzümini düýpli kämilleşdirmek Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giň gerimli we möhüm ähmiýetli strategiýasyny hut milli bilim ulgamynda özgertmeleri durmuşa geçirmekden başlap, bu ugry beýik maksatlary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň binýadyna, ýurdumyzyň innowasion ösüşiniň esasyna öwürdi. Soňky ýyllarda ak mermerli paýtagtymyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze, döwrebap mekdepler, çagalar baglary, sport toplumlary, dynç alyş we döredijilik merkezleri gurulýar. Her ýyl ähli ýerlerde täze okuw şäherçeleri açylýar. Olarda okamak Şeýlelikde, geçen ýylda Aşgabatda Şol ýerde okuw sapaklaryny, terbiýeçilik işlerini, bedenterbiýe-sport Türkmen talyplarynyň we okuwçylarynyň her ýyl dürli ugurlar boýunça abraýly halkara olimpiadalarda ýeňiş gazanmagy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan innowasion özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Häzir Türkmenistanyň ýaş raýatlary üçin oňat bilim almak, geljekki hünärini saýlap bilmekleri Şoňa görä-de, türkmen paýtagtynyň ýeten belent sepgitleri, gülläp ösmegi Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň Türkmenistanyň mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralaryna gabat gelýändigi hem bellärliklidir. Mekdepleriň uçurymlary üçin jogapkärli döwür başlanýar, olar täze durmuşa gadam basýarlar. Baýramçylyklaryň goşalanyp gelmegi hoşniýetliligiň, ruhubelentligiň Häzirki döwürde Aşgabat döwrebap ylym-bilim merkezidir. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda häzirki wagtda Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny göterýän Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binalar toplumynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Bu gün döwletimiziň ösüşiniň depgini döwrebap innowasion tehnologiýalardan kämil derejede baş çykarýan hünärmenleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär, bu ugurda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Jemagat hojalygy institutyny Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty diýip atlandyrmak hakyndaky çözgüdi kabul etdi. Bu ýokary okuw mekdebi ulag ulgamy üçin okgunly ösmegini dowam edýän şäherleriň we obalaryň hojalyk toplumlaryna hyzmat edýän döwrebap hünärmenleri taýýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty mundane beýläk-de ösdürmek, sport ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleriň, ussat türgenleriň, tälimçileriň taýýarlanylyşyny Munuň özi bu ýokary okuw mekdebiniň alyp barýan okuw işlerini sport maksatlaryna gönükdirmäge, syýahatçylyk pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamagy bolsa medeniýet ulgamy bilen baglanyşdyrmaga mümkinçilik berer, bu bolsa dünýäniň syýahatçylyk we dynç alyş ulgamynyň ösüş ýörelgelerine doly laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmen döwlet medeniýet institutynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Karara hem gol çekdi. Mundan başga-da, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň gurluşyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Onda döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, özgertmeleri geçirmek, ýurdumyzda milli hünärmenleri dünýäniň ösen bilim derejesinde taýýarlamagy kämilleşdirmek boýunça anyk çäreler kesgitlenildi. Türkmenistanyň sport ulgamynda bilim bermek işleri dünýäniň iň oňat tejribesiniň milli amalyýet bilen netijeli utgaşdyrylmagynyň özleşdirilmeginden ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz ençeme döwletler we halkara federasiýalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýar. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde birnäçe täze hünärler girizildi we bu iş dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow okatmagyň tölegli görnüşindäki ýokary okuw mekdepleriniň maliýe-ykdysady ýagdaýyny Mundan başga-da, bilim ulgamyny Aşgabady mundan beýläk-de ylym-bilim ulgamynda halkara gatnaşyklaryň iri merkezine öwürmek üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamda halkara gatnaşyklary düýpli işjeňleşdirmek boýunça başlangyjy bilimiň hilini ýokarlandyrmakda örän ähmiýetli boldy. Munuň özi beýleki ýurtlaryň Milli Liderimiziň Ýurdumyzyň birnäçe bilim edaralary bilen daşary ýurtlaryň onlarça ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şolaryň hatarynda Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleri hem bar. Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýanyň Sukuba uniwersiteti bilen ýaponiýaly hünärmenleriň okadýan Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasyndaky gatnaşyklar üstünlikli berkidilýän netijeli hyzmatdaşlygyň nusgasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça Milli Liderimiziň Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmek we özleşdirmek meselelerine uly ähmiýet berýär, munuň özi adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmagyň Şeýlelikde, «Pearson» halkara bilim kompaniýasynyň wekilleri umumybilim berýän mekdepleriň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin «Iňlis dilini okatmagyň usulyýeti» diýen mowzuk boýunça okuw maslahatlarynyň tapgyryny geçirdiler. Bu kompaniýa degişli ugurda häzirki ölçeglere laýyklykda, iňlis dilini öwretmegiň hilini gowulandyrmak maksady bilen, tälimçi-usulyýetçileri taýýarlamaga ýöriteleşdirilendir. Milli Liderimiziň kabul edýän möhüm resminamalary hem häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda, milli bilim ulgamyny özgertmäge gönükdirilendir. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşI we mekdebe taýýarlygy boýunça 2020 Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan Maksatnamany amala aşyrmagyň meýilnamasyna laýyklykda, mekdebe çenli okuw usulyýetini we maksatnamalaryny, kitaplary Ýurdumyzda 2019 Türkmen ylmyny ösdürmek maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. Şeýlelikde, «Türkmenistanda 2020 Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy önümçilige işjeň ornaşdyrmak boýunça kesgitlän wezipeleri alymlaryň geçirýän barlaglarynyň netijelerinde öz beýanyny tapýar. Ylmy-barlag institutlarynda Milli Liderimiziň ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamaga gönükdirilen bilim syýasaty netijesinde, Aşgabady täzeçil usulda gurmaga ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri hem goşuldy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda «Aşgabat-siti» häzirki zaman mega-taslamasyna degişli desgalaryň binagärlik taslamalaryny taýýarlamaga gatnaşýarlar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirip, durmuş maksatly desgalar üçin ylmy taýdan esaslandyrylan taslamany taýýarladylar Türkmen biliminiň dünýäniň bilim giňişligine goşulyşmagy hünär ussatlaryny taýýarlamak üçin täze ugurlary zähmet bazarynda häzirki zaman hünärmeniniň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak Bilim we ylym ulgamlaryny ösdürmäge uly möçberde maýalaryň gönükdirilmegi, şol ulgamlaryň düzüm desgalarynyň gurulmagy ykdysadyýetiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösýändigine şaýatlyk edýär. Döwletiň intellektual serişdeleriniň kuwwatyny görkezmäge mümkinçilik berýän dürli web-saýtlar we ylmy portallar döredilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary milletiň aň-paýhas kuwwatyny doly amala aşyrmak üçin ähli şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň bilim we ylym ulgamyndaky başlangyçlary, ozaly bilen, berkarar Watanymyzyň ykbaly, türkmenistanlylaryň häzirki we ertirki nesilleriniň geljegi üçin ýokary jogapkärçilik bilen şertlendirilendir. Şol nesiller ylmy-tehniki ösüşiň, adamzat pikiriniň beýik gazananlarynyň döwründe ýaşamalydyr we işlemelidir. Ata Watanymyzyň paýtagty Aşgabat bolsa şol ösüşleriň kerwenbaşysydyr. TDH |
![]() |
![]() |
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy |