Habarlar

Berkarar Döwletimiziň Bagtyyarlyk Döwrüniň ýyl yazgysy — 2020-nji ýyl
4. Ylym we bilim

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2021-02-18

«Türkmenistan» gazeti,
2021-02-17

Berkarar Döwletimiziň Bagtyyarlyk Döwrüniň ýyl yazgysy — 2020-nji ýyl

4. Ylym we bilim

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ýakyn we orta geljek üçin ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, innowasiýalaryň ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň ösüşiniň özeni bolmalydygyny nygtaýar. Onuň esasynda bolsa, ilkinji nobatda, ylym we bilim hem-de halkara gatnaşyklar bar. Munuň özi diňe bir täze tehnologiýalary ornaşdyrmakda däl, eýsem, milli ylym we bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda-da ähmiýetlidir.

Milli Liderimiz 25-nji sentýabrda Halk Maslahatynyň göni wideoaragatnaşyk arkaly Aşgabatda geçirilen mejlisinde eden maksatnamalaýyn taryhy çykyşynda döwletimiziň syýasatynda ýurdumyzyň dumukly ösüşine, onuň dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagyna, bilim ulgamynyň halkara derejä çykarylmagyna, iň esasysy bolsa, mynasyp ýaş nesliň terbiýelenilme- gine möhüm üns berilýändigini belledi.

Şu maksat bilen, Türkmenistanda döwrebap orta we ýokary okuw mek- depleri, çagalar baglary, sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurulýar hem-de hereket edýär. Bilim edaralaryny zerur okuw kitaplary, gollanmalar bilen üpjün etmek, täze tehnologiýalary we halkara ölçeglere gabat gelýän öňdebaryjy okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär.

2020-nji ýylda Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze edara ediş binasynyň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binasynyň açylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň sport ulgamyndaky bilim syýasaty dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň netijeli milli tejribe bilen utgaşyklylykda özleşdirilmegini esasy uguredinýär. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyz köp sanly döwletler we halkara federasiýalar bilen ýygjam hyzmatdaşlyk edýär.

Geçen ýylda Aşgabatda 720 okuwçy orunlyk we 320 körpä niýetlenen taýýarlaýyş topary bolan 21-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdebi ulanylmaga berildi.

Onda okuw sapaklaryny, terbiýeçilik işlerini degişli derejede geçirmek, bedenterbiýe-sport we medeni çäreleri guramak, körpeleriň hem-de okuwçylaryň boş wagtlaryny peýdaly geçirmegini üpjün etmek üçin ähli zerur şertler döredildi. Okuw otaglary häzirki zaman multimediýa, kompýuter enjamlary we dürli ugurlar boýunça okuw gollanmalary bilen üpjün edildi.

Ýöriteleşdirilen toplumda okatmagyň innowasion usulynyň Konsepsiýasyna laýyklykda, esasy dersler bilen bir hatar-da, taýýarlaýyş toparyndan başlap, türkmen, iňlis we rus dillerini, zerur bolsa, beýleki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmek alnyp barylýar. Mundan başga-da, okuw maksatnamasy saz, çeper döredijilik, tehniki gurnamalar we beýleki dersler bilen baýlaşdyryldy. Okuwçylaryň ukyplaryna laýyklykda, goşmaça okuw sagatlary girizildi. 5-6-njy synpdan başlap, iňlis dilinde okadylýan dersleriň sany artdyrylar.

Okuw-terbiýeçilik toplumynyň taýýarlaýyş toparynda günüň ikinji ýarymynda, körpeleriň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda, daşary ýurt dillerini, surat çekmegi, saz çalmagy, tans we beýleki oýunlary öwredýän sapaklar guralýar. Şeýle hem çagalar öz höweslerine laýyklykda, dürli gurnaklara gatnaşýar.

2020-2021-nji okuw ýylynda okuwçylary kabul etmek söhbetdeşlik esasynda geçirildi. Taýýarlaýyş toparyna bolsa çagalar 5 ýaşdan kabul edilýär. Mundan başga-da bu ýerde uzaldylan toparlar hereket edýär.

Çagalaryň ygtyýarynda uly we kiçi sport zallary, mekdebiň çäginde ýerleşýän futbol, woleýbol, basketbol, ýeňil atletikanyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak hem-de ýaryşlary guramak üçin sport meýdançalary bar.

Mekdep okuwçylaryny hemmetaraplaýyn esasda terbiýelemek maksady bilen, zähmet okuwy otaglary göz öňünde tutuldy. Bu ýerde gyzlar tikin işleri, keş- de çekmek, milli aşhanamyza degişli tagamlary taýýarlamak, oglanlar bolsa demir, agaç ussaçylygy we abatlaýyş işleri, zergärçilik sungatynyň ugurlary bilen meşgullanýarlar.

Mundan başga-da mekdebiň okuw-tejribe zolagynda howa ýagdaýyny anyklamak üçin meteorologiýa bekedi we umumy meýdany 250 inedördül metre barabar bolan ýyladyşhana guruldy. Bu ýerde okuwçylar tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda dürli bag nahallaryny, gök-bakja ekinlerini we gülleri ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny ele alýarlar.

«Ösüp barýan ýaş nesle bilim bermek, olary hünäre ugrukdyrmak, berk bedenli we ruhubelent ýaşlary terbiýelemek türkmen halkynyň gadymdan gelýän däpleriniň biridir. Hut şonuň üçin hem paýhasly pederlerimiz „Bal süýji, baldan-da bala süýji“, „Çaga eziz, edebi ondan hem eziz“ diýen paýhasly jümleleri döredipdirler. Döwrebap ylymly, bilimli sagdyn ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, olary Watana bolan söýginiň ruhunda terbiýelemek biziň baş maksadymyz bolup durýar» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Döwrüň talabyna laýyklykda, milli bilim ulgamynyň özgerdilmegine döwlet Baştutanymyz tarapyndan kabul edilýän wajyp resminamalar gönükdirilýär. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanda 2020-2025-nji ýyllarda çaganyň irki ösüşi we olaryň mekdebe taýýarlygyny ýokarlandyrmak babatda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy» bar. Bu döwrüň talabyna laýyklykda, ugurdaş edaralaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, çagalaryň irki döwürden beden, paýhas we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösdürilmegine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň tassyklan Maksatnamasyny amala aşyrmagyň Meýilnamasyna laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralaryň usulyýet ulgamyny hem-de terbiýeçilik işlerini, okuw maksatnamalaryny we okuw gollanmalaryny kämilleşdirmek, öňdebaryjy gazanylanlary ulanmak hem-de bu ulgamdaky oňyn tejribä daýanmak arkaly hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzyň okuw mekdepleri kompýuter tehnologiýalary, barlaghana enjamlary, multimediýa we lingafon gurnamalary bilen üpjün edilýär hem-de internet ulgamyna birikdirilýär. Mekdepleriň okuw meýilnamasyna ykdysadyýetiň esaslary, informatika, taslamalaşdyrma, Türkmenistanyň medeni mirasy, umumydünýä medeniýeti, ekologiýa, maglumat-kommunikasiýa, innowasiýa tehnologiýalary, modelleşdirme, grafika boýunça dersler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmegi hem-de bu ugra höwesini artdyrmak bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berýär. Munuň özi adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň we kämil başlangyçlary beýan etmegiň möhüm guraly bolup durýar. Hut şonuň üçin hem mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, okatmagyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmak işine, okuwçylaryň gepleşik we dil ukyplarynyň kämilleşdirilmegine, okuw maksatnamasyna lingwistika babatda täze usullaryň işlenip taýýarlanylmagyna hem-de girizilmegine gönükdirilen netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.

Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanda bilim ulgamyna goldaw bermek» taslamasyny durmuşa geçirmegiň birnäçe tapgyrlarynyň çäklerinde, Milli bilim institutynyň binýadynda yzygiderli okuw sagatlary, hyzmatdaşlar hem-de halkara derejeli bilermenler bilen duşuşyklar, okuw maslahatlary we dünýä tejribesini ulanmaga hem-de okatmagyň täzeçil usullarynyň ornaşdyrylmagyna bagyşlanan aň-bilim çäreleri guraldy.

Umumybilim berýän mekdepleriň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin «lňlis dilini okatmagyň usulyýeti» mowzugy boýunça okuw maslahatlary geçirildi. Olary bu ugurda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, iňlis dilini okatmagyň hilini gowulandyrmak maksady bilen tälimçi-usulyýetçileri taýýarlamaga ýöriteleşen «Pearson» halkara bilim kompaniýasynyň wekilleri geçirdiler.

Beýleki okuw maslahatynyň dowamynda mekdebe çenli çagalar edaralary we orta bilim ulgamynda köptaraply okuw-terbiýeçilik işiniň dürs ugurlaryna garaldy. Şeýle hem häzirki zaman pedagogika we dünýäde giňden ýaýran rus we nemes dillerini öwretmegiň çäklerinde bilim ulgamynyň öňünde durýan wezipelere seredildi.

Mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, birnäçe okuw maslahatlary geçirildi. Şolarda ýurdumyzyň mugallymlary Singapuryň, Finlýandiýanyň we Gazagystanyň milli bilim ulgamlaryny kämilleşdirmekde toplan tejribeleri bilen tanyşdyryldy.

Bu gün Türkmenistanda matematika, informatika, tebigy, takyk we ynsanperwer ylymlary, daşary ýurt dillerini, hususan-da, iňlis, rus, nemes, fransuz, italýan, hytaý, ýapon, koreý, arap, pars we türk dillerini öwrenmek ulgamynda ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 184-si hereket edýär.

Bilimiň ähmiýetini we mazmunyny baýlaşdyrmak hem-de hilini dünýä derejesine ýetirmek maksady bilen sanly ulgam ornaşdyrylýar. Bu babatda ylmyň täze gazananlary we okatmagyň täzeçil usullary giňden peýdalanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň innowasiýa babatdaky ukyplaryny ösdürmek üçin robot tehnologiýasyny çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen orta bilim mekdepleriniň açylmagynyň wajypdygyny belleýär.

Innowasion özgertmeleriň, şol sanda elektron bilim serişdeleriniň wirtual giňişligini ösdürmek üçin halkara «Moodle» portalyny döretmek we onuň mümkinçiliklerini peýdalanmak babatda ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň sanlylaşdyrmak boýunça bilimini ýokarlandyrmaga işjeň goldaw bermäge gönükdirilen ýörite okuwlar geçirildi.

Ýörite okuw sapaklaryna gatnaşylmagy netijesinde, bu halkara binýat ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 20-siniň okuw maksatnamasyna ornaşdyryldy.

«Türkmenistanda bilim ulgamyna goldaw bermek» taslamasy Milli bilim institutynyň ylmy-usulyýet mümkinçilikleriniň berkidilmegine ýardam etdi. Bu ýerde portal, saýt we elektron kitaphana döredildi. Olar häzirki döwürde üstünlikli hereket edýär.

Milli bilim institutynda okatmagy dolandyrmagyň «Moodle» ulgamy ornaşdyryldy, mümkinçiliklerini döretmek boýunça zerur işler geçirildi, (okatmak, tehniki syn, amaly konsalting, strategiýany taýýarlamak) ähli dersler we olary ornaşdyrmak boýunça onlaýn sapaklary üçin okuw maksatnamalary hem-de serişdeleri taýýarlanyldy.

Şeýle hem bilimi dolandyrmagyň ulgamy, orta mekdepleriň we beýleki bilim edaralarynyň mugallymlar düzümini uzak aralykdan okatmak boýunça maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy hem-de ornaşdyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary halkara talaplara laýyk gelýän bilim ulgamyny döretmek, öz halkynyň ykbalyna we Watanymyzyň geljegine jogapkär, köptaraply ýaşlary terbiýelemek baradaky aladalarymyzyň watansöýüji ýaşlaryň ýetişmegini, jemgyýetiň ösüşinde ylmyň hem-de bilimiň ornunyň ýokarlanmagyny we bilimleriň hem-de hünärleriň has düýpli öwrenilmegini şertlendirýändigini belleýär.

Ministrler Kabinetiniň 19-njy noýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyza Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlar boýunça dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň taýýarlanandygy barada hasabat berildi.

Şeýle hem bu Konsepsiýa sanly tehnologiýalaryň we innowasion usulyýetleriň mümkinçilikleriniň peýdalanylmagyny nazarlaýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz daşary ýurtlaryň we dünýäniň iň gowy tejribesini özleşdirmegiň hem-de ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz bilimi döwrebaplaşdyrmakda we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ugurdaş merkezleri bilen yzygiderli maglumat alşylmagyny ýola goýmakda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny nygtaýar.

Bilim ulgamyna dünýä standartlaryny yzygiderli ornaşdyrýan ýurdumyz ynsanperwerlik ugry boýunça BMG we onuň ÝUNISEF, UNFPA, UNDP, ÝUNESKO ýaly düzümleri bilen özara gatnaşyklary ösdürýär.

Bu işleriň hemmesi ýaş nesilleriň terbiýelenmegi hem-de bilim derejesiniň ýokarlanmagy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýaşlaryň geljegi üçin ygtybarly binýatdyr we anyk strategiýanyň hem-de dürs taýýarlanylan konsepsiýanyň esasynda ulgamlaýyn çemeleşmeleri talap edýär.

2020-nji ýylyň möhüm wakalary barada aýdanyňda, ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde täzeçil bilim özgertmelerini maksadalaýyk durmuşa geçirmekde nobatdaky tapgyrlar bilen baýlaşandygyny aýtmak gerek.

Ýurdumyzda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäklerinde, ähli pudaklary we olara döwlet tarapyndan dolandyryşy tehnologik taýdan kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz sanly ulgama erkin aralaşyp bilýän IT-pudakdan habarly hünärmenleri taýýarlamagy möhüm wezipe hökmünde kesgitledi. Gürrüň täze ulgamy we tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly işleriň ýönekeýleşdirilmegi barada däl-de, eýsem, önümçiligi we onuň iş ýagdaýyny düýpli özgertmäge ukyply, oňa täzeçil häsiýet berýän işgärleriň taýýarlanylmagy barada barýar.

Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdepleriniň ösüşine möhüm üns berilýär. Bu wajyp meseleler döwletimiziň ol ýa-da beýleki hünärmenlere bolan islegleri nazara alnyp çözülýär.

Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekip, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw we orta hünär okuw mekdeplerine welaýatlar hem-de Aşgabat şäheri boýunça talyplary kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklady.

2020-2021-nji okuw ýylynda ýaşlaryň 14 müň 337-si birinji ýyl talyby boldular. Munuň özi geçen ýyldakydan 2 müň 95 adam köpdür. Orta hünär okuw mekdeplerine 9 müň 490 okuwçy kabul edildi.

Ýokarda agzalan Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylaryň öňünde anyk wezipeleri goýdy.

Has dogrusy, döwrüň talabyna laýyklykda, täze ugurlar boýunça işgärleri taýýarlamagyň usulyýetine möhüm üns bermek, bu işleri Ylymlar akademiýasynyň alymlary we dürli pudaklaryň hünärmenleri bilen bilelikde yzygiderli kämilleşdirmek, okuw meýilnamalaryny taýýarlamak boýunça birnäçe tabşyryklar berildi. Bu işlerhemişelik üns merkezinde saklanylmalydyr we toplanan milli tejribe, bilim ulgamynda dünýä ylmynyň gazananlary nazara alnyp geçirilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna ýüzlenip, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça täze ugurlary girizmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Innowasiýalary işjeň ornaşdyrmagy hasaba almak bilen, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylaryna zerur hünärmenleri seljermek hem-de edaralarynyň, kärhanalaryň işgärlerine bildirilýän esasy talaplary kesgitlemek boýunça birnäçe tabşyryklar berildi.

Milli Liderimiz bilim ulgamynda ylym hem-de önümçilik gatnaşyklaryny berkitmek, Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlygyny üpjün etmek meseleleriniň wajypdygyny nygtady.

Munuň üçin Türkmenistanda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklar giňeldilýär.

23-nji aprelde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň Baş direktorynyň orunbasary Şamila Nair-Beduel bilen duşuşyk geçirildi. Bu çäre Daşary işler ministrligi tarapyndan guraldy. Duşuşyga Bilim ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Ýurdumyz bilim işine dünýä ülňülerini ornaşdyryp, ynsanperwer ulgamda BMG bilen özara gatnaşyklary pugtalandyrýar. Türkmenistan 2014-2016-njy ýyllar üçin, soňra bolsa 2017-2020-nji ýyllar üçin BMG-niň ösüş maksadynda Ylym we tehnika komissiýasyna iki gezek saýlanyldy.

BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasyndan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýene-de iki düzüminiň — 2021-2025-nji ýyllar üçin Durmuş ösüş komissiýasynyň hem-de2021-2024-nji ýyllar üçin ösüş maksadynda Ylym we tehnika komissiýasynyň agzalygyna saýlanylandygy barada nobatdaky hoş habargelip gowuşdy. Şol komissiýalar bu guramanyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň düzümine girýär.

Munuň özi dünýä bileleşiginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary we içeri syýasatynyň netijeliligini ykrar edýändiginiň, ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bilim, ylym, innowasion tehnologiýalar, taryhy hem-de binagärlik ýadygärliklerini goramak we dikeltmek ugurlarynda hem-de beýlekilerde ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň halkara gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleriniň biridir.

Bu gün ýurdumyzda orta hünär okuw mekdepleriniň onlarçasy hereket edýär. Olar ministrlikleriň we pudaklaryň dolandyryş edaralarynyň mugallymçylyk, lukmançylyk, medeniýet hem-de sungat, maliýe we ykdysadyýet, söwda, bank işi, ulag, oba hojalygy, syýahatçylyk, nebitgazhimiýa ulgamlarynda hem-de beýleki ugurlarda ýörite orta hünärli hünärmenlere isleglerini kanagatlandyrmaga ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde, Milli bilim institutynda amaly-usulyýet okuw maslahatlary geçirilýär, şol okuwlaryň maksady bu ulgamyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Mundan başga-da, ýokary okuw mekdeplerinde, hususan-da, mugallymçylyk ugurly mekdeplerde hünäri ýokarlandyryş bölümleri açyldy, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň Baş bilim müdirliklerinde bolsa döwlet umumybilim berýän hem-de mekdebe çenli edaralarda mugallymlar we terbiýeçiler üçin şeýle merkezler döredildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim ulgamynda durmuşa geçirýän syýasaty hem-de sagdyn, hemmetaraplaýyn ösen, bilimli ýaş nesli terbiýelemek boýunça geçirilýän giň gerimli işler oňat netijesini berýär. Milli we abraýly halkara olimpiadalarda baýrakly orunlara mynasyp bolýan ýaşlaryň sany ýylsaýyn artýar.

Şeýle hem mugallymlaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmak hem-de hünäriniň abraýyny ýokarlandyrmak, öňdebaryjy tejribäni wagyz etmek üçin şertleri döretmek maksady bilen, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň goldaw bermeginde Bilim ministrligi tarapyndan guralýan «Ýylyň mugallymy» hem-de «Ýylyň terbiýeçisi» atly bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.

Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hususan-da, ýokary hünärli ýaş işgärleri — täzeçe pikirlenýän alymlary taýýarlamak özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýaş alymlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň öňünde goýlan ägirt uly wezipeleriň çözülmegini üpjün etmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylym ulgamynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmagy netijesinde, ýurdumyzyň akademiki ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologik, ylmy- kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda, pudagara we pudak guramalarynda ylym hem-de döredijilik bilen meşgullanýan täze ýaş nesil kemala geldi.

Zehinli ýaşlar nanotehnologiýalar, ylmy barlaglar, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-kommunikasiýalar, häzirki zaman saglygy goraýyş we derman senagaty, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ulgamlarda we beýleki ugurlarda netijeli işleýärler.

Bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksady düýpli ylymlary mundan beýläk-de ösdürmekden, ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmakdan, ýaşlary ylmy işe çekmekden ybaratdyr. Ylmy döwlet tarapyndan goldamak işi giňeldilýär hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, geljegi uly barlaglary, tejribe-synag hem-de tehnologik işläp taýýarlamalary maliýe taýdan goldamak işi gowulandyrylýar.

Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaş alymlary goldamak baradaky gaznasy hem-de Ylmy ösdürmek gaznasy hereket edýär.

Türkmen ylmyny ösdürmek maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ylym ulgamyny sanly ulgama geçirmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy hem-de Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalary toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy kabul edildi.

Bu strategik taýdan ähmiýetli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi ylym ulgamyny kämilleşdirmäge itergi berdi, IT-tehnologiýalara esaslanan netijeli, durnukly sanly bilim ulgamyny kemala getirmäge, dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ylym bilen önümçiligiň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň dolandyrylmagyny ylmy taýdan esaslandyrmaga mümkinçilik berdi.

Bulardan başga-da munuň özi ylmy-barlag işläp taýýarlamalaryny, ýaşlary ylma çekmek, inžener-tehnologik hem-de telekeçilik işi üçin zerur bolan täze programma üpjünçiligini döretmek işiniň işjeňleşdirilmegine ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmyň gazananlaryny önümçilikde işjeň ulanmak baradaky wezipeleri alymlaryň ylmy barlaglarynyň netijelerinde öz beýanyny tapýar. Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda hem-de Tehnologiýalar merkezinde ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegine innowasiýalary ornaşdyrmak hem-de energiýa serişdelerini tygşytlamak meselelerini çözmek boýunça netijeli işleralnyp barylýar.

Türkmen alymlary energiýanyň alternatiw çeşmelerini öwrenip, elektrik energiýasyny öndürmegiň, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny gözlemegiň, işläp geçmegiň, ýangyç serişdelerini çykarmagyň we ulanmagyň täze tehnologiýalaryny döredýärler, ýangyjy elektrik hem-de ýylylyk energiýasyna öwürmek boýunça barlaglary geçirýärler.

Ylmy işgärler oba hojalygy, lukmançylyk, derman we azyk senagaty, molekulýar biologiýa, genetika, bioinženeriýa, biolukmançylyk ulgamlarynda-da ylmy barlaglar bilen meşgullanýarlar.

Şonuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň intellektual-tehnologik serişdelerini ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň genetiki gaznasyny döretmäge, milli älem emeli hemrasynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, ulag-logistik merkezleri döretmäge, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriň syýasy we ykdysady ähmiýetini ylmy taýdan esaslandyrmaga ugrukdyrýar.

Türkmen akademiki ylmynyň binýadynda wajyp işläp taýýarlamalaryň ençemesi döredildi. Şolaryň hatarynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň zeýkeş suw ulgamynyň gidrohimiki barlaglary bar. Şol barlaglaryň esasynda sähra zolaklarynda ekerançylygy, maldarçylygy, balykçylygy ösdürmek üçin ýol görkezijä öwrülen ekologiýa kartalary işlenip taýýarlanyldy.

«Altyn asyr» Türkmen köli sebitini 2019-2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyna" laýyklykda, bu ýerde milli Liderimiziň gatnaşmagynda täze nusgadaky durmuş-önümçilik toplumynyň düýbi tutuldy.

Türkmenistanda innowasion işi ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, Hazar deňziniň daşky gurşawyny hem-de biologik köpdürlüligini goramak, tektonik ýagdaýyny, seýsmiki işjeňligini öwrenmek boýunça ylmy barlaglar geçirilýär.

Diýarymyzyň günbatar sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, onuň uglewodorod we beýleki serişdelerini özleşdirmegiň, ulag-üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň, bu ýerde iri himiýa, nebiti we gazy gaýtadan işleýän kärhanalary hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şypahana-dynç alyş desgalaryny gurmagyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, munuň özi ylmy- amaly taýdan möhüm ähmiýete eýedir.

Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň ýanwarynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek» maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde netijeli işleriň dowam etdirilýändigini bellemek gerek. Bu ulgamdaky taslamalaryň birnäçesi Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentligi, BMG-niň Ösüş maksatnamasy we beýleki abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.

Ylymlar akademiýasynyň alymlary döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Garabogaz kölüniň mineral baýlyklaryny toplumlaýyn özleşdirmegiň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny işläp taýýarladylar.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça ýerine ýetirilen taslamada «Garabogazsulfat» önümçilik birleşiginiň binýadynda önümhanalaryň üçüsini — suwsyz natriý sulfatyny, magniý sulfatyny (epsomit) hem-de magniý hloridini (bişofit) çykarýan önümhanalary gurmak göz öňünde tutulýar. Türkmenabadyň himiýa zawodynyň buýurmasy boýunça Magdanly-Köýtendag dag-magdan sebitiniň «Durnaly» fosforid meýdanyny özleşdirmek üçin ylmy-tehniki şertler taýýarlanyldy.

Ýurdumyzyň alymlarynyň, «intellektual önümleriň» barlaglarynyň, ygtyýarnama alnan ylmy açyşlaryň sanawy barha giňelýär. Şolaryň hatarynda ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleriniň düzüminiň işlenip taýýarlanylmagyny, welaýatlaryň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan orta we inçe süýümli gowaçanyň täze görnüşlerini, Garagumuň çägesini berkitmegiň usullaryny görkezmek bolar.

Şeýle hem şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlykösümlikleri» atly köpjiltli düýpli ensiklopedik işiniň esasynda döredilen derman serişdeleri we beýlekiler bar. Olardürli ulgamlarda üstünlikli ulanylýar.

Himiýa institutynda adaty üzärligiň hem-de onuň düzümine girýän maddalaryň himiki düzümi öwrenildi. Bu ösümlik gadymdan bäri ýokanç keselleri bejermekde netijeli serişde hökmünde halk lukmançylygynda giňden ulanylýar.

Netijede, ýurdumyzyň hünärmenleri tarapyndan belli bir basyşyň astynda hem-de beýleki maddalary ulanmazdan, dermanlyk ösümligi kadaly ýagdaýa getirmäge mümkinçilik berýän köpugurly usul işlenip taýýarlanyldy hem-de bu açyşa Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan degişli patent alyndy.

Türkmenistanyň taryhyny we medeniýetini, şol sanda dil bilimini, etnografiýasyny, arheologiýasyny öwrenmek hem-de halkymyzyň baý ruhy mirasyny we ýurdumyzyň täsin tebigatyny goramak boýunça uly işleralnyp barylýar.

12-nji iýunda «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Däp bolşy ýaly, bu maslahat Türkmenistanda Ylymlar gününe gabatlanyp guralýar. 2020-nji ýylda dünýäde ýaýran koronawirus ýokanjynyň netijeleriniň ýaramaz täsiri bilen baglylykda, forum onlaýn usulynda guraldy.

Döwrebap kommunikasion serişdeleri türkmen alymlaryny, mugallymlaryny, ýaş alymlary we 20 döwletden ylmy toparlaryň wekillerini bilimleriň dürli ulgamlarynyň wajyp meseleleriniň töwereginde birleşdirmäge mümkinçilik berdi. Şol ýurtlaryň hatarynda Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Italiýa, Ispaniýa, Latwiýa, Polşa,Türkiýe, Russiýa Federasiýasy, Belarus, Moldowa, Gruziýa, Ermenistan, Gazagystan, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Pakistan, Eýran, Müsür we Hindistan bar.

Maslahatyň açylyş dabarasy ýurdumyzyň esasy ylym-bilim merkezleriniň biri bolan Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi. Ýokary okuw mekdebiniň üstüne döwletimiziň intellektual we ylmy-tehniki kuwwatyny taýýarlamak wezipesi ýüklenildi.

Umumy mejlisiň barşynda wideoaragatnaşyk arkaly Ýewropanyň we Aziýanyň meşhur ylmy merkezleriniň wekilleri — Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti, biologiýa ylymlarynyň doktory, professor Georgiý Kwesitadze, Gyrgyz Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti, ylymlaryň doktory Murat Jumataýew, Belarusuň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidiumynyň başlygynyň birinji orunbasary Sergeý Çižik, Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň birinji wise-prezidenti Ibragim Seit ogly Guliýew, Latwiýanyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Andres Krasnikows, Tokio uniwersitetiniň professory Hideomi Koinuma we beýlekiler gutlag sözi bilen çykyş etdiler.

Çykyş edenler wekilçilik edýän ylmy guramalarynda geçirilýän barlaglaryň esasy ugurlary barada habar berdiler, halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň geljegine garaýyşlary, ilkinji nobatda, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek, durmuş ulgamynda sanly tehnologiýalary ulanmak, sebitiň çäklerinde we onuň daşynda ileri tutulýan ylmy-tehniki wezipeleri çözmek üçin umumy akademiki binýady hem-de ulgamlaýyn hyzmatlary kemala getirmegiň meselelerine garaýyşlary barada pikir alyşdylar.

Daşary ýurtly alymlar türkmen kärdeşleri bilen giň hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny beýan edip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw hem-de üns bermegi netijesinde ýurdumyzda döwrebap ylmy düzümiň, innowasion iş üçin döredilen mümkinçilikleriň we şertleriň bardygyny bellediler.

Milli bilim ulgamynda her ýyl täze işgärler taýýarlanylýar. Her ýyl geçirilýän ýaş alymlaryň ylmy işleriniň bäsleşigine gatnaşýanlaryň sanynyň barha artmagy muňa şaýatlyk edýär.

Ylymlar güni mynasybetli Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň maslahatlar zalynda Ylymlar akademiýasy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan bilelikde geçirilýän ýaş alymlaryň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döredilen ylmy işleriň herýylky gözden geçirilişi Diýarymyzyň ylmyny ösdürmäge, türkmen alymlarynyň ýaş nesliniň ylmy-barlag işlerini giňeltmäge, ýaşlaryň halk hojalyk toplumynyň esasy ulgamlaryna gatnaşmagyny höweslendirmäge ýardam edýär.

Her ýyl intellektual bäsleşige ylmy-barlag institutlarynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň ýaş işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplary, işjeň ylmy işe uly gyzyklanma bildirýän, dürli hünärde işleýän türkmenistanlylar gatnaşýarlar.

2020-nji ýylyň ylmy işleriň bäsleşiginde nanotehnologiýalar, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-kommunikasiýa, kompýuter tehnologiýalary, döwrebap lukmançylyk hem-de derman serişdeleriniň önümçiligi, innowasion sanly ykdysadyýet ýaly ulgamlara aýratyn üns berildi.

Emin agzalary birnäçe görkezijiler esasynda — hödürlenen işleriň ähmiýeti, ylmy taýdan täzeçilligi, iş ýüzünde ulanmak nukdaýnazaryndan wajyplygy hem- de önümçilige ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri esasynda 46 ýeňijini kesgitlediler.

Bäsleşikde baýrakly orunlara eýe bolan ýaşlaryň işleri Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan neşir edilýän «Bagtyýarlyk eýýamynyň ýaş alymlarynyň ylymdaky ädimleri» atly ýygyndyda çap edildi.

Ministrler Kabinetiniň 12-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde 2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy. Bellenilişi ýaly, geçen ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Bilim ministrliginiň Innowasion maglumatlar merkezi döredildi, «Türkmenistanda 2020-2025-nji ýyllarda çaganyň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygyny ýokarlandyrmak babatda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy» we Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlar boýunça dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy.

Ylymlar akademiýasy tarapyndan ylmyň we tehnologiýanyň esasy ugurlary boýunça 346 işiň ýerine ýetirilişine gözegçilik edildi. Doktorlyk dissertasiýalarynyň 3-si, kandidatlyk dissertasiýalarynyň 14-si goralyp, degişli alymlyk derejeleri berildi.

Ylmyň we saglygy goraýşyň özara baglanyşygy barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz wirusologiýa, bakteriologiýa, epidemiologiýa ylmy-önümçilik merkezlerini gurmak barada tabşyryklary berdi. Olarda epidemiologiýa, molekulýar mikrobiologiýa we immunologiýa babatda çuňňur ylmy barlaglary geçirmek üçin zerur şertler döredilmelidir. Mundan başga-da, bu merkezlerde epidemiki keselleriň ýüze çykmagynyň sebäpleri boýunça ylmy-barlaglar alnyp barylmalydyr, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň mümkinçilikleri kesgitlenilmelidir, öňüni alyş çäreleri geçirilmelidir we keseliň döreýiş çeşmeleri öwrenilmelidir. Daşky şertler bilen baglylykda, barlaglar barlaghanalarda geçirilmelidir.

Ýokarda agzalan häzirki zaman merkezlerinde epidemiologiýa, molekulýar biologiýa, wirusologiýa, bakteriologiýa, gen inženeriýasy, biotehnologiýa, ekologiýa we biologik howpsuzlyk babatda düýpli ylmy-barlag işleri geçirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy, goşmaça maksatnamalaýyn taslamalary işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary milletiň intellektual kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak üçin ähli şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary, ilkinji nobatda, Watanymyzyň ykbaly, türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň geljegi üçin ýokary jogapkärçilikde jemlenendir. Ýaş nesiller ylmyň we tehnikanyň okgunly ösýän, adamzat pikiriniň beýik gazananlarynyň asyrynda mynasyp ýaşamalydyr we işlemelidir.

(TDH).



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2021, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy