![]() |
![]() | ![]() Türkmen himiýaçy alymlarynyň ýurdumyzyň derman önümçiligine goşandy |
|
||||||
| ![]() |
![]() |
![]()
|
![]() |
![]() 2021-02-01 «Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron gazeti Türkmen himiýaçy alymlarynyň ýurdumyzyň derman önümçiligine goşandy29.01.2021 Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmyň önümçilige işjeň goşulmagy babatynda öňde goýan wezipeleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň himiýa institutynyň alymlarynyň işleriniň netijesinde öz beýanyny tapýar. Ylmy-barlag instituty Türkmenistanda Himiýa instituty ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň arasynda ilkinji bolup, Häzirki wagtda institutyň alymlary tarapyndan ýurdumyzyň çäklerinde ýokanç keselleriniň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, zyýansyzlandyryş serişdelerini işläp taýýarlamak işjeň alnyp barylýar. Ýerli çig malyň esasynda netijeli zyýansyzlandyryş serişdeleriniň görnüşlerini giňeltmek boýunça işleriň çäklerinde hünärmenler mis kuporosyny ulanylýan tehnologiýany hödürlediler. Bu önümi almak üçin olar «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynyň mis, kükürt turşusy, ammiak selitrasy garyndylaryny ulandylar. Döwlet arassaçylyk epidemiologiýa gullugynyň jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde misiň dürli möçberdäki birleşmeleriniň ergininiň kömelejiklere garşy, fungisit we bakteriýalara garşy häsiýetleri boýunça barlaglar geçirildi. Barlaglaryň netijeleri mis kuporosynyň 0,75 göteriminden başlaýan erginleriň bakteriýalaryň ençeme görnüşlerini ýok edýändigini görkezdi. Häzir Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty tarapyndan işlenip taýýarlanylan tehniki şertleriň we reglamentiň esasynda mis kuporosynyň önümçiligi «Sahy doganlar» hususy kärhanasynyň önümçiliginde ornaşdyryldy. Mis kuporosynyň örän möhümdigine baha bermek kyn. Ol ykdysady we ylmy taýdan ýokary derejede ösen ýurtlarda ulanylýar. Saudgempton uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) alymlarynyň ylmy-barlag işleri misiň ionlarynyň dümewiň A görnüşiniň, şonuň ýaly-da HINI-niň wirusyny ýok etmekde oňyn netije berýändigini subut etdi. Misiň häsiýetleriniň barlaglary Daniýanyň we Russiýanyň hünärmenleri tarapyndan hem öwrenilýär. Türkmen alymlarynyň belleýşi ýaly, mis kuporosy
ekologiýa taýdan arassadyr Tebigy serişdeleri bejergide ulanmak, daşky gurşawy
goramak, ekologiýa taýdan arassa, galyndysyz tehnologiýalary döretmek
ulgamlaryndaky döwrebap ylmy barlaglaryň orny aýdyňdyr. Mysal hökmünde çakyr we
şeker önümçiliginiň galyndylaryndan izopropil spirtini Türkmen himiýaçylary izopropil spirtiniň önümçiligi üçin ýerli çig maly ýurdumyzyň çakyr öndürýän kärhanalarynda distillýasiýa hereketinde alynýan siwuş ýaglaryny ulandylar. Izopropil spirti güýçli antiseptik häsiýetine eýe bolup, etil spirtiniň ornuny tutýar. Ol lukmançylykda, kosmetologiýada, durmuş himiýasynda we beýlekilerde ulanylýar. Institutyň hünärmenleriniň belleýşi ýaly, siwuş
ýaglary gaýtadan işlenilende Häzirkizaman ylmy öýlerde üzärlik tütetmegiň gadymy tejribesiniň netijeliligi tassyklandy. Ol ylym dünýäsinde «peganum harmala» ady bilen bellidir. Ösümligiň biologiki aýratynlyklary, himiki düzümi we ulanylyşy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» ensiklopediýasynda jikme-jik beýan edilendir. Maglumatlar üzärligi tüsseletmegiň adam saglygyna howply bakteriýalaryň ösüşini ýok edýändigini tassyklaýar. Ösümlik öz düzüminde alkaloidleri çylşyrymly birleşmeleri sintezirleýär we saklaýar. Üzärlik ägirt uly fizologiýa işjeňligine eýe bolup, bedene güýçli täsir edýär. Hut şonuň üçin Himiýa institutynyň alymlary üzärligiň bejeriş öňüni alyş briketlerini döretmegiň usulyny işläp düzdüler. Ol Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik baradaky döwlet gullugy tarapyndan berlen, «Briketlemegiň usullary (Pengamin harmala)» 831 belgili ygtyýarnama bilen berkidildi. Hünärmen himikler tarapyndan ýerli çig malyň esasynda alnan zyýansyzlandyryş serişdeleriniň hatarynda «Ýodomal» dermany hem bar. Azyklyk krahmaly eretmek arkaly döredilen ýokary molekulýar birleşmesi özüniň häsiýetleri boýunça poliwinil spirtinden kem durmaýar. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň
döwlet arassaçylyk öňüni alyş gullugynyň jemgyýetçilik saglygy we iýmit
merkezi tarapyndan geçirilen barlaglar «Ýodomalyň» Ýurdumyzyň
hünärmenleri tarapyndan alnan antiseptik serişde ýoduň bedeniň derileri bilen
özara hereketini artdyrýar Türkmen
alymlary galyndysyz we ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň alternatiw
çeşmelerini öwrenmek bilen, ýurdumyzyň derman senagatynyň ösmegine uly goşant
goşýarlar, importyň möçberlerini azaltmak Şonuň
ýaly-da, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleri
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna |
![]() |
![]() |
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2021, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy |