2021-01-21
«Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron gazeti
Bazalt süýüminiň giň gerimi
15.01.2021
Himiýa institutynyň direktory, himiýa ylymlarynyň kandidaty Durdymyrat Gadamow Türkmenistanyň günbatar sebitlerindäki ýanardag gelip çykyşly bazalt magdanynyň ummasyz gorlary kompozit serişdeleri öndürmek babatda giň mümkinçilikleri açýar diýip pikir edýär.
Alym ýerli çig maldan önümleriň ençeme görnüşini, şol sanda armatura, profil turbalary, dispres-armirlenen öýjükli beton diwar bloklary we beýleki önümleri taýý ;arlamakda ulanylyp boljak üznüksiz bazalt süýümleriniň önümçiligini guramagy teklip edýär.
Alymyň pikirine görä, üznüksiz bazalt
süýüminden taýýarlanylýan kompozision armaturanyň himiki taýdan berkligi
betonlar we asfaltbetonlar armirlenende betonyň dargamaga durnuklylygyny has-da
güýçlendirer. Özi-de bazalt süýüminden taýýarlanan bir tonna önüm 810 tonna
polat armaturanyň ornuny tutup biler.
Ýerli dag magdany betona, çerepisa, ýanýoda
plitkalaryna, asfalta, demir ýol şpallaryna we beýleki esasy serişdä az-kem
armirleýşi goşundy talap edilýän kompozit gurluşyk serişdelerine goşundy
hökmünde giňden ulanylar. Mundan başga-da, bazalt süýümleri awtoulag
togtadyjylarynyň ulanylyş möhleti möhleti uzaýan kolodkalarynyň we
nakladkalarynyň önümçiliginde işjeň ulansa bolar. Magdanyň üstüniň himiki
taýdan işlenilmegi ony awtoulag şinalarynyň kordy hökmünde ulanmaga, şeýle hem
has gymmat kewlara derek ok geçmeýän gurşakçalar taýýarlanylanda ulanyp bolar.
Bazaltyň epoksidler we beýleki polimer
serişdeler bilen pugta baglanşygy plastik armatura, dürli gurluşyk profilleri,
turbalary we torlary önümçiliginde netijeli ulanylyp bilner, bazalt süýüminiň
uglerod bilen gowy sazlaşygy gibrid materiallary döretmekde giň mümkinçilik
açýar, olaryň çeýelik moduly we beýleki sypatlary bazaltyň häsiýetini has-da
ýokarlandyrar. Şunlukda, şol gibrid önümçiligine çykdajylar az bolar.
Üznüksiz bazalt süýümi täze görnüşli süýümdir.
Onuň sypatlary 6570 göterim başlangyç çig mala bagly, degişlilikde 3035
göterimi önümçilik tehnologiýalaryna, tehnologik enjamlara we ulanylýan
çalgylaryna degişlidir.
Üznüksiz bazalt süýüminiň ilkinji senagat
önümçiligi geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ortalaryna ýola goýuldy. Geçen
döwürde bu süýümi almak üçin enjamlaryň dört tapgyry döredildi. Munuň özi
önümiň ulanylyş sypatlaryny gowulandyrmaga we onuň önümçiliginiň özüne düşýän
gymmatyny has arzanlatmaga mümkinçilik berdi. Şeýlelikde, daş çig malyny
senagat derejesinde gaýtadan işlemegi ýola goýmaga mümkinçilik beren amaly we
önümçilik binýady döredildi.
Häzirki wagtda bazalt süýümi esasynda
serişdeler we önümler önümçilginiň çägi has-da giňedi. Olar awtoulag
gurluşygynda, energetikada, himiýa we nebithimiýasy senagatynda,
metallurgiýada, oba hojalygynda, gidrotehnika gurluşygynda, port desgalarynyň,
deňiz platformalarynyň, köp gatly jaýlaryň we möhüm senagat desgalarynyň,
köprüleriň, tonnel bentleriniň, demir ýollaryň gurluşygynda ýangyna garşy
serişdeler hökmünde ulanylýar.
Serişdäniň arzanlygy, ýönekeýligi we
ygtybarlylygy, ulanmakga ýeňilligi bu ýagdaýlar ýakyn ýyllarda ony innowasion
serişdeden giňden ulanylýan haryda öwürmäge ýardam eder.
Wladimir KOMAROW