Habarlar

Himiýa instituty: öz-özüňi maliýeleşdirmek we innowasiýalar

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2021-01-08

«Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron gazeti

Himiýa instituty: öz-özüňi maliýeleşdirmek we innowasiýalar

07.01.2021

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň laboratoriýalarynyň ählisi täze ýyldan doly hojalyk hasaplaşygyna geçdiler. Ol çykdajylary Döwlet býujetinden däl-de, öz hususy serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdiriljek ilkinji ylmy-barlag edarasydyr.

Institutyň hojalyk hasaplaşygyna geçmegi birnäçe ýyl dowam etdi, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda ol 2022-nji ýylda tamamlanmaly. Emma ylym edarasynyň bazar gatnaşyklaryna üstünlikli uýgunlaşmagy ylmy üstünlikleri has rejeli peýdalanmaga, önümçilik kärhanalary, telekeçilik düzümleri we maýadarlar bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga, ylmy-barlag, taslama, inžener-tehnologik işleriň diwersifikasiýasyna we döwlet tarapyndan goýberilýän serişdelerden wagtyndan bir ýyl öň ýüz döndermäge hem-de öz-özüňi maliýeleşdirmeklige geçmäge mümkinçilik berdi.

Institutyň önümçilik ähmiýetli maksatlara gönükdirilen hojalyk hasaplaşylygyndaky laboratoriýalary rasionatorçylyk ideýalaryň, teklipleriň, öňdebaryjy taslamalaryň taýýarlanylýan ýerine öwrüldi. Soňky alty ýylda edaranyň girdejisi dört esse artdy. Diňe 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň Intellektual eýeçilik baradaky döwlet gullugy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň ylmy işgärleriniň işläp taýýarlan açyşlarynyň altysyna patent berdi. Himiýaçy alymlaryň işleriniň 50-den gowragy «Ylym» neşirýatynyň çykaran ýygyndysyna girizildi. Olarda daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmek bilen baglanşykly ykdysady taýdan netijeli ylmy barlaglary önümçilige ornaşdyrmaklyga, iň täze tehnologiýalary we innowasion çözgütleri önümçilikde ulanmaklyga, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri döretmeklige uly üns berildi.

Himiýa instituty indi ýedi ýyldan gowrak wagt bäri ýurduň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň — «Türkmenhimiýa», laquo;Türkmengaz», «Türkmennebit» Döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalary, oba hojalyk önümlerini öndürijiler, şeýle hem telekeçiler bilen hojalyk-şertnama şertlerinde ylmy barlaglary alyp barýar.

Ylmy barlaglar arkaly nebit önümleriniň hilini ýokarlanadyrmagyň, nebit çykarylanda demir enjamlary poslamakdan goramagyň möhüm meseleleri, nebit-gaz çig malyny gaýtadan işlemek bilen baglanşykly beýleki meseleler çözülýär. Himiýaçy alymlar temalar, şol sanda tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, ykdysadyýetiň pudaklarynda tehniki, tehnologik we innowasion ösüşiň meseleleriniň ençemesini çözmek bilen bagly ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirýärler.

Hususan-da, institutyň laboratoriýalarynda ýerli çig maly — sement taýýarlanylanda Gyzylgaýa demir magdanyny ulanmak we üwelen bazalt tozuny goşmak arkaly modifisirlenen sement-berkidiji almagyň usullary işlenilip taýýarlanyldy, ondan peýdalanylmagy pudagyň kärhanalarynda berklik, dykyzlyk, aýaza durnuklylyk häsiýetleri has ýokarlandyrylan M-400-D-20 we M-500-D-20 sementiniň täze görnüşlerini çykarmagy üpjün etdi.

Daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmek maksatnamasynyň çäklerinde çakyr önümçiliginiň galyndylaryny ýüzleý işjeň maddalar önümçiliginde ulanmak mümkinçiligi öwrenildi. Häzirki wagtda himiýaçylar ýerli çig mal esasynda antibaktrial häsiýetli täze maddalary, şeýle hem sement zawodlarynda demir turbalaryň poslamagynyň öňüni almak üçin preparatlary döretmek boýunça iş alyp barýarlar. Ýyladyşhana hojalyklary üçin kokos substratyny — kokpiti daşary ýurtlardan satyn almagy azaltmaklygyň mümkinçiligi öwrenilýär. Ýetişdirilýän ekinleriň biologic aýratynlygy göz öňünde tutulyp, mineral iýmitlendirijileriň elementleriniň sazlaşykly gatnaşygy bolan mineral dökünleriň toplumlaýyn görnüşlerini, oba hojalyk ekinlerini rejeli suwarmak usulyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar.

Alymlar üznüksiz bazalt süýümlerini döretmek üçin ýerli bazalt çig malyny ulanmagyň giň mümkinçilikler açýandygyny belleýärler, olary armatura, profil turbalary, dispers-armirlenen penobeton diwar bloklary taýýarlanylanda ulanyp bolýar. Alymlaryň pikirine görä, üznüksiz bazalt süýümleriň himiki durnukllylygy olary betonlar we asfalt betonlat armirlenende ulnamaga mümkinçilik berýär, bu bolsa betonyň dargamaga durnuklylygyny ep-esli ýokarlandyrýar. 2021-2025-nji ýyllarda himiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmek Maksatnamasynyň çäklerinde Himiýa institutynda täze — «Senagat himiýasy» laboratoriýasy döredildi. Ýanwar aýyndan başlap «Tehnologiýa taslamalary» laboratoriýasynyň işiniň çägi giňeldildi, indi ol diňe bir resminamalary taýýarlaman, eýsem taslamalary önümçilige hem ornaşdyrar.

Institutyň alymlarynyň pikirine görä, innowasion ykdysadyýet — munuň özi onuň prosessleriniň we bölümleriniň hil taýdan üznüksiz täzelenmegine goýulýan maýa goýumlarydyr. Işi önümçilik ähmiýetli maksatlara gönükdirilen ylmy-barlag edaralary şeýle ykdysadyýetiň düzümleriniň aýrylmaz bölegidir.

Wladimir KOMAROW



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2021, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy