2017-09-13
TYA-nyň Taryh institutynda ylmy maslahaty geçirildi
2017-nji ýylyň 12-nji sentýabrda TYA-nyň Taryh institutynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzdaÝapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi mynasybetli «Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Ylmy-amaly maslahata Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgärleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işgärleri öz çykyşlarynda türkmen milli sporty we onuň taryhda orny we şol sanda V Aziýa oýunlaryna galan sanlyja günleriň içinde alnyp barylýan möhüm ähmiýetli işleri barada beýan etdiler.
