Habarlar

Lukmançylyk täzelikler

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2004-01-15

Lukmançylyk täzelikler

Gurbansoltan eje adyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goramak ylmy-kliniki merkeziniň işgärleri ýüze çykarylan garyn-içege traktynyň ýokarky bölekleriniň bozulmalarynyň we çagalaryň giň ýaýran allergiki keslelleriniň kliniki-morfologiki we immunologiki aýratynlyklarynyň esasynda toplumlaýyn terapiýanyň tertibini işläp düzdüler we ornaşdyrdylar.

Bu merkeziň ylmy işgärleri çagalarda rahit we rahite meňzeş keselleriň getiren süňk deformasiýalarynyň, çaganyň ýaşyna we deformasiýanyň görnüşine baglylykda ortopediki korreksiýasy we derman bejeriş usulyny işläp düzdüler, dispanser gözegçiligiň möhletlerini kesgitlediler.

Türkmenistanyň Milli derman serişdeleri institutynda ýerli derman otly bentonit gelleri alyndy. Olary amaly kosmetikada üstünlikli ulanyp bolar.

Institutyň işgärleri ýokary absorbsion ukyply bentonitden edilen arassalanan we steril sepilýän külkäniň esasynda antiseptiki serişdeleri işläp düzdüler: sulfabent (kükürtli bentonit) we ýodopent (ýoddly bentonit), üstesine-de ýod ilkinji gezek külke görnüşinde ulanyldy.

Fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň alymlary kesilen we ýanan ýaranyň nusgasynda oblepiha ýagynyň işjeňligine deň gelýän gawun çigidiniň ýagynyň ýokary ýara bitirijilik işjeňligini ýüze çykardylar.



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2021, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy