Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Innowasion ösüş ministrliginiň arasyndaky 2022-nji ýylyň 14-nji iýulyndaky başlangyç ylmy-barlag taslamalarynyň bilelikdäki bäsleşigini geçirmek baradaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy başlangyç ylmy-barlag taslamalaryny bilelikde ýerine ýetirmeklige şu aşakdaky ugurlar boýunça bäsleşigi yglan edýär
Hormatly Prezidentimiziň “Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny” tassyklap bermegi mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hoşallyk maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tor ulgamynyň we ylmy barlag institutlarynyň barlaghana enjamlaryny we serişdelerini satyn almak boýunça HALKARA BÄSLEŞIK yglan edýär.
À.Aşirow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti wezipesine saýlanyldy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkeziniň biotehnologiýa barlaghanasynda uglewodorody täsirli ýok ediji mikroorganizmler toplumyny emele getirmek boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar, ýerli mikroorganizmlerden uglewodorod-oksidleýji bakteriýalar bölünip çykýar, ýok ediji mikroorganizmleriň dürli uglewodorodlar babatyndaky täsirlilik häsiýetleri öwrenilýär.
Diýarymyzda innowasiýany ösdürmek milli ykdysadyýetimizi has ýokary ösüş derejesine getirmek bilen baglydyr. Innowasion ykdysadyýetiň maksady meseleleri, ugurlary täze önümleri öndürmegiň tehnologiýasyny işläp düzmäge hem-de ylmy bilimi jemgyýetiň ähli hyzmat ediş çäklerinde ulanmaga gönükdiňlendir. Ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ösmek, ylmy barlaglary geçirmek we olaryň netijeleňni önümçilige ornaşdyrmak ylmy-tehniki ösüşiň esasyny kesgitleýär.
«Ýurdumyzyň ösüşinde innowasiýa tehnologiýalary» «Ylym» neşirýaty tarapyndan çap edilen makalalar ýygyndysy şeýle atlandyrylýar. Bu, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkeziniň işgärleriniň nobatdaky altynjy ylmy işler ýygyndysydyr.
Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy-2022» halkara sergisi we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahaty ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda döwrebap tehnologiýalary we inženerçilik-tehniki çözgütleri ulanmak, döwletiň hem-de hususy pudagyň goldamagynda innowasion iş üçin ähli şertleriň döredilmegi üçin giň mükinçilikleriň bardygyny aýan görkezdi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň saýtynda ýerleşdirilen «Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» elektron ylmy-köpçülikleýin žurnalyň täze sanynda ykdysadsyýet, hukuk, ekologiýa, lukmançylyk we lingwistika ýaş alymlaryň 40-dan gowragynyň işleri çap edildi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleri innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamaga saldamly goşant goşýarlar. Olaryň ylmy işleriniň we seljermeleriniň netijeleri senagatyň dürli pudaklarynyň ösüşini, ýerli çig mal ulanyp, içerki we daşarky bazarlarda ýokary bäsleşige ukyply önümleri öndürmek üçin şertleri döretmegi üpjün edýär.
Ekologik howpsuzlygyň üpjün edilmegi hereket edýän önümçilikleriň daşky gurşawa bölüp çykarýan zyýanly galyndylary bilen hem baglydyr. Şonuň üçin-de ýurdumyzda hereket edýän zawod-fabrikleriň ekologik taýdan oňaýly bolmagyna aýratyn üns berilýär.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Millimaksatnamasynda» ylmyň we innowasion tehnologiýalaryň esasynda milli önümçiligi düýpli döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Şu gün paýtagtymyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly iki günlük halkara ylmy maslahat öz işine başlady.
Şu gün Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Her ýylda Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän bu iri möçberli çäräni Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guraýar.