Belli bolşy ýaly, musulman dünýäsiniň belli şahsyýetleriniň biri Ymam Ryzanyň manyly ömrüniň bir bölegi gadymy Merwde geçipdir. Ymam Ryzanyň doly ady Aly ibn Musa Kazymdyr. Ol musulman halklarynyň belent hezzet-hormaty, beýikligiň alamaty hasap edilýän on iki ymamyň sekizinjisidir.
Türkmen edebiýatynyň taryhyndan mälim bolşy ýaly täze edebi çemeleşmeler arkaly döredijiligiň kämil nusgasyny döreden beýik söz ussatlarymyzyň mirasynda täze ýola, täze döwre, täze ýaşaýyş-durmuş gatnaşyklaryna bolan çagyryş eriş-argaç bolup geçýär. Magtymguly Pyragy we Jelaleddin Rumy hem umumadamzat gatnaşyklarynyň sazlaşygyny döretmäge gönükdirilen ugurlary saýlap alyp, ýaşaýşa döredijilikli çemeleşmek, bilimiňi baýlaşdyrmak, dostluk däplerini pugtalandyrmak ýaly bähbitli ýörelgeleri ösdüren akyldarlardyr.
Ýakynda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde geçirilen halkara maslahatyň barşynda Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky mümkinçilikieriniň ägirt uludygy ýene birýola aýan boldy. Taryhdan belli bolşyýaly, Ýewraziýanyň halkiarynyň durmuşynda Beýik Ýüpek ýoly ykdysady, medeni we syýasy taýdan uly ähmiýet berlen sebitara ýol geçelgesi hasaplandy.
Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary hem goldaw-hemaýatlary netijesinde türkmeniň gelip çykyşyny gadymy orta asyrlara we häzirki döwre degişli taryhyny, edebiýatyny, milli medenimirasyny, asyrlar içre halkyň adyny şöhratlandyryp gelen maddy we ruhy baýlyklaryny öwrenmäge, olary döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek arkaly zamanamyzyň öňe çykaran möhüm we gündelik durmuşy üçin zerur düşünjeleri, täze maksatlary çuňlaşdyrmak bilen, bu ugurda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýär.
Taryha ser satsak, kuwwatly türkmen döwletlerinde ylym-bilimiň ýokary derejede ösdürilendigine göz ýetirmek bolýar. Türkmen döwletleriniň hökümdarlary ylmyň ösmegi üçin alymlary öz ýurduna çagyryp, howandarlyk edipdirler. Akgoýunly türkmen döwletiniň hökümdary Uzyn Hasanyň bu ugurda amala aşyran işleri hem muna aýdyn mysaldyr.
Halkymyzyň baý taryhy medeni we ruhy mirasy bar, Milli Liderimiziň rowaçlandyran halypa-şägirtlik ýörelgesinden ugur alyp, buýsançly taryhymyzy, medeni, ruhy mirasymyzy öwrenip, ýaş nesil watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek, geçmişimiziň gymmatlyklaryny olaryň kalbyna ornaşdyrmak mukaddes borjumyzdyr.
Türkmen topragynda dörän gadymy medeniýetleriň biri-de ekerançylyk medeniýetidir. Jemgyýetçilik aňynyň ösmegi bilen, ýaşaýşyň maddy esaslary hem döräpdir. Dagdan akan çeşme-çaýlar ekerançylygyň ösmegi üçin amatly şertleri üpjün edipdir. Kadaly we dogry suwarylan ýagdaýynda, ekerançylyk ýerlerinden, köp suw sarp etmezden, bol hasyl almak mümkinçiligi döräpdir.
Şu günler ak bazarlarymyzdaky berekedi görseň, gözüň dokunýar. Tekjelerde rejelenip goýlan gök-bakja ekinleriniň, dürii miweleriň deňinden biparh geçip bolmaýar. Aýratyn-da, behişdi nygmat bolan türkmen gawunynyň hoşboý ysy çar ýana bark urýar. Onsoň, biýarasynda bala öwrülýän uçmahy gawunlaryň diňe keremli türkmen topragynda bitýändigi baradaky hakykat kalbyňda uly buýsanç duýgusyny döredýär.
Türkmen halkynyňgogamantaryhy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp, Dünýätaryhynda öçmejek yz galdyrdy. Halkyň hakydasynda ebedi saklananbeýik şahsyýetler, parasatly akyldarlar we nusgawy şahyrlar milli buýsanjymyza öwrüldiler.
Häzirki wagtda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň düzümine goşulan, şol wagtky Herrikgala obasynda 1922-nji ýylda dünýä inip, 69 ýaşynyň içinde aradan çykan, manyly ömrüniň dowamynda ussat mugallym, meşhur alym hem-de ylmyň uly guramaçysy hökmünde özüni tanatmagy başaran Bäşim Çaryýarowyň durmuşda we ylymda geçen ýoly türkmen alymlary, esasan-da, ýaş ylmy işgärler üçin görelde alarlyk mekdepdir.
Ýurdumyzyň innowasion ösüşinde bazar gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmek, döwletiň we hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek arkaly ykdysady kuwwaty has-da berkitmek hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen degişli işler geçirilýär.
Pederlerimizdenmiras galan bu nakyl türkmen durmuşynda bedew atyň ornuny bütin aýdyňlygy bilen beýan edýär. Taryhyň uzakuzak heňňamlarynda bedew atlar türkmeniň uçar ganaty, aýagulagy, uzak ýolda ýoldaşy, wepadar dosty bolup gelipdir.
Ýurdumyzda halkyň geçmiş mirasyny öwrenmekde we dikeltmekde uly işler alnyp barylýar. Golýazmalaryň, kitaplaryň gat-gat sahypalaryna siňen, gadymdan saklanyp galan taryhy we medeni mirasymyz giňden öwrenilýär.
Döwletlilik meselesi jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklardan durýar. Ol gatnaşyklar durmuşyň ahlak, däp-dessur, edim-gylym, hukuk kadalary ýaly görnüşleriniň kömegi bilen düzgünleşdirilýär. Şularyň hemmesiniň özara baglanyşygy bolsa döwri, jemgyýeti häslýetlendirýär.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 20222052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurduň täze döwür üçin uzak möhletlik ösüş ýoluny aýdyňlaşdyrdy.
Gahryman Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa,..» atly kitabynyň 4-nji babyny «Halypa-şägirtlik däpleri» diýip atlandyrýar we ata-babalarymyzdan miras galan halypa-şägirtlik mekdebine «Uly mekdep», «ýokary derejeli ruhy-ahlak mekdebi» diýip baha berýär.
Adamzat taryhyrtda dörän baýramçylyklaryň iň gadymylarynyň biri Nowruz baýramydyr. Nowruzyň dabaraly bellenilmegi köpleriň kalbyny joşa getiripdir, oňa hemmeler sabyrsyz garaşypdyriar, çünki ol musulmanlaryň Täzeýyl baýramydyr.
Taryhy çeşmelere ser salanyňda, gadymyýetde türkmen halkynyň I ýaşaýyş-durmuşyny demokratik ýörelgelere esaslanyp ýöredendigini görmek bolýar. Türkmenler häzirki Türkmenistanyň çäklerinde we Ýer togalagynyň dürli künjeklerinde milli ýörelgäniň düzgünleri esasynda, agzybirlikde ýaşapdyrlar, taryhda meşhurlyk gazanan döwletleri gurupdyrlar.
«Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, müşderilere internet ulgamy arkaly menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Elbetde, sanly ulgam köp işleri ýeňilleşdirýär, ýerine ýetirilýän amallary tizleşdirýär we wagty tygşytlaýar.
Türkmen alabaýy halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli mirasynyň ajaýyp nusgasy hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen alabaýy adamkärçiligiň asyly ýörelgelerini özünde jemleýän türkmençiligiň batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk gatnaşyklarynyň alamatlandyrylmasydyr» diýip, bu jandara örän jaýdar häsiýetnama berýär.
Taryhy tejribäni we häzirki zamanyň ösen tehnologiýasyny ösüşiň möhüm ugurlaryna öwren milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bolup geçýän özgerişler umumadamzat gymmatlyklarynda ileri tutulýan dünýägaraýşyň kämilliginiň, ýagny «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygaryň ynsan mertebesini sarpalamagyň durmuş hakykaty bilen döredijilik ýollarynyň utgaşdyrylmagynyň aýdyň nyşanydyr.
Hormatly Prezidentimiziň ruhy-medeni gymmatlyklary ösdürmek boýunça alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde türkmeniň medeniýeti, däp-dessurlary edebiýaty, sungaty dünýä derejesinde dabaralanýar.
Hormatly Prezidentimiz 13-nji ýanwarda ýurdumyzyň Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Hazaryň balyk awlanýan çägine baryp, bu ýerde balykçylar bilen duşuşdy hem-de balykçylyk hünäriniň aýratynlyklary, balykçylaryň iş we durmuş şertleri bilen gyzyklandy.
Halkymyzyň köňül arzuwyndan hasyl bolan «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan täze, 2022-nji ýyly garşylaýan pursatlarymyzda hormatly Prezidentimiziň «Jan Watanym Türkmenistan!» atly ajaýyp goşgusyny halkymyza sowgat bermegi Türkmenistan döwletimiziň bagtyýar raýatlarynyň baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşdy.
Berkarar döwletimiziň bastyýariyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşlerden-ösüşlere barýan eziz Diýarymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan 2021-nji ýyl öz ornuny «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýyla berdi.
Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň, edebiýatymyzda ozal görülmedik täze ugur-millilige ýugrulan edebiýat döredi. Şol bir wagtyň özünde türkmen edebiýatynyň beýik şahsyýetleriniň täzeçe, hemmetaraplaýyn öwrenilmeginde täze ädimler ädildi.
Geçmişde halklary jebisleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň bir şahasy Amul şäheriniň üstünden Beçip, onuň ykdysady we medeni ösüşine ýardam beripdir. Orta asyr ýazuw çeşmeleri, arheologik gazuwagtaryş işleriniň netijeleri Amulyň döreýiş taryhynyň gönüden-göni Amyderýa bilen baglanyşyklydygyna güwä geçýär.
Merdana türkmen serkerdesi, hakyky Watan ogly Jelaleddin Menguberdiden söz açylanda, şahyr Seýitnazar Seýdiniň:
Alym Arkadagymyz: «Döredijiligiň biserhetligi ussatlaryň ýeten belentliginde açylýar» diýip belleýär. Munuň aýdyň mysalyna türkmeniň dana Magtymgulusynyň döredijiliginde göz ýetirmek boýar.
Döwlet derejesinde tutulýan toýlar, şanly baýramçylyklar ösen jemgyýetiň derejesine laýyk kaşaňtygy bilen göwün göteriji dabaralara beslenýär, şonuň bilen birlikde, olara milli äheň hem çaýylýar.
Halk döredijiliginiň beýleki görnüşlerinde bolşy ýaly, nakyllardyr atalar sözleri hem köp nusgaly bolýar. Ýagny şol bir manyny berýän nakyl ýa-da atalar sözi her ýerde birhiliräk aýdylýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Türkmençilikde agzybirlik öýüň baş döwletidir. Agzybirlik maşgaladaky terbiýäniň özenini düzýär.
Ençeme asyrlaryň dowamynda türkmen zenanlary haly-palas dokamagyň, keçe salmagyň inçe syrlaryny, gaýma gaýap, keşde çekmegiň özboluşly tilsimlerini örän aýawly saklap, biziň günlerimize ýetiripdir. Her bir el işiniň özboluşiy dünýäsi bar.
Hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy, taryhy ýadygärlikleri öwrenmek, gorap we aýap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek ugrunda alyp barýan işieri dünýä nusgalykdyr. Mähriban Arkadagymyzyň ylham joşgunyndan dörän «Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserini okanyňda, geçmişe gaýybana syýahat eden ýaly bolýarsyň.
Hormatly Prezidentimiziň yzysiderli tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe maddy gymmatlyklarymyz biien bir hatarda ruhy mirasymyzy, şunda ruhy gymmatlyklarymyzyň gözbaşy bolan golýazma çeşmelerini, halk döredijilik eserlerini, rowaýatlary toplamak, ylmy esasda töwerekleýin öwrenmek, neşir etmek, geljekki nesiller üçin aýap saklamak babatda ägirt uly işler edilýär.
Durmuşyň ähli ugurlarynda aýalaryň erkekler bilen deň hatarda hukuklara, mümkinçilikiere, jogapkärçilikiere eýe bolmagy babatdaky garaýyş türkmen jemgyýetiniň taryhyň çuňlugyndan gözbaş alýan asylly ýörelgeleriniň biridir.
Hormatly Prezidentimiziň alymlaryň öňünde goýýan wezipelerinden ugur alyp, türkmen taryhçylary halkymyzyň geçmişini, arheologiýa gymmatlyklaryny, etnografiýa, antropologiýa meselelerini öwrenmekde degişli işleri durmuşa geçirýärler.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Türkmenistan geografiýa taýdan Günbataryň we Gündogaryň köp ýurtlaryny özüne birikdiren bu ymgyr uly ýoluň çatrygynda ýerleşipdir» diýip belleýär.
Türkmen topragy aýdyjydyr bagşylary, söz ussatlaryny dünýä beren toprakdyr. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň biri-de, mukaddes türkmen topragyny, onuň ajaýyp tebigatyny, merdana halkymyzyň nusgalyk däp-dessurlaryny şygyrlarynda wasp eden Baýram şahyrdyr.
Türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasynyň kökleri taryhyň çuňlugyna siňip gidýär. Aziýanyň merkezinde, kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşen bu gadymy topragyň özboluşly medeniýeti diňe bir saklanyp galmak bilen hem çäklenmän, ol özara medenigatnaşykiar, täsirlenmeler arkaly baýlaşdy we medeni taýdan ýakynlaşmalaryň barşynda düýpii ähmiýete eýe boldy.
Bugdaýyň gözüňi gamaşdyryp barýan tyllaýy şuglasynyň ýaýlyp ýatan giňişligi keremli topragyň bereket desterhanydyr.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby şeýle buýsançly jümleler bilen başlanýar: «Eziz il-halkym! Asmandan arkaly Zeminde zynatty ajaýyp Watanymyzyň taryhynyň beýik eýýamyna gadam basdyk.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnoiogiýaiar uniwersitetiniň Umumy we amaiy bioiogiýa instituty yimyň bioiogiýa ugruny ösdürmek, tebigy baýiykiar boian ösümiik we haýwanat dünýäsini düýpii öwrenmek üçin ýöriteleşdirilen y/my edara boiup durýar.
Gahryman Arkadagymyz ýaş nesliň ýokary bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak, Watan söýgüsiniň belentliginde durmuşa döredijilikli çemeleşýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda alyp barýan döwlet syýasatynyň içinden halypa-şägirtlik mekdebi eriş-argaç bolup geçýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýariyk döwründe hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň baý milli mirasynyň çuňňur öwrenilmegine, halkymyza ýetirilmegine, onuň aýawly saklanylmagyna aýratyn üns berýär. Şol ünsüň netijesinde bu gün ata-babatarymyzdan miras galan maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy ylmy esasda öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär.
Şäherteriň döreýşidir ösüşiniň özboluşly aýratynlyklary bar. Bu meselede Beýik Ýüpek ýolunyň täsiri hem uly bolupdyr. Kerwen ýollarynyň ugrunda söwdanyň we hünärmentçilisiň ösmegi-de şäherleriň döremesiniň şertleriniň biridir.
Türkmen halky her bir besenen zadynyň şanyna toý tutýar. Her toýuň hem özüne mahsus düzsün-kadalary, edim-sylymlary bolýar.
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy bütin adamzadyň taryhynda iň ýowuz harby çaknyşyklaryň biri hökmünde gaidy. Bu ýowuz uruşda dürli milletleriň wekilieri biien birlikde, türkmen haikynyň merdana oguiiary hem faşizme garşy el-ele berip söweşdiier.
Hormatly Prezldentimiz «Turkmenistan Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Haýsy asyr, haýsy zaman parhy ýok, adamlar mydama parahat durmuşy isläpdirter, parahat durmuş halkiara rahatlyk hem ösüş, bagt hem eşret beripdir, Parahatçylyga söýgi, abadan ýaşaýyş halkiaryň arasyndaky dost-doganlygyň pugtalanmagyna itergi beripdir» diýmek bilen, türkmen halkynyň taryhyň ähli döwürlerinde-de parahatçylygyň tarapdary bolandygyny anyk mysallar arkaly delillendirýär.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky söwda-ykdysady, medeni gatnaşyklar taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylyp, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.
Türkmen edebiýatynda Baýram han Türkmeniň şygyrlary uly orun tutýar.
Hormatly Prezidentimiziň geçmişde uly yz goýan taryhy şahsyýetierimiziň ömür ýoluny, olaryň goýup giden ruhy we ündew mirasyny çuňňur öwrenip, ýaş nesle ýetirmek baradaky sargytlaryna eýerilip, ýurdumyzda uly işier bitirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň Berkarardöwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan haik bähbitli başlangyçiary Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde halkymyzyň gözbaşyny ençeme ýüzýyllyklardan alyp gaýdýan şöhratly taryhyny, beýik akyldarlarynyň, meşhur şahsyýetleriniň, görnükli serkerdeleriniň ömür ýoluny, gymmatly edebi mirasyny öwrenmäge giň mümkinçilikier döredilýär.
Nowruzyň getmegi bilen tebigat jana geiip, ynsan kaibynda joşgun emeie getiiýär. Her ýyi bahar aýynda beiieniiýän Nowruz baýramy ir zamaniardan gözbaş aiýar.
Irki döwürde Nowruzda ýazlaga çykan gelin-gyzlar, ýaş ýigitler döwre gurap tans edip, tüýtätin aýdypdyrlar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmakda ylym ulgamyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Adamyň bäş barmagynyň deň bolmaýşy ýaly, her kimin durmuş ýoly hem dürlidürli. Gömükli alym Allaberdi Nuryýewiň ylym alemine aralaşmagynda hem özboluşly aýratynlyk bar.
Türkmen topragy ähli döwürlerde hem jahankeşdeleriň, syýahatçylaryň ünsüni özüne çekip gelipdir.
Bereketli türkmen topragy, Garagum sährasy, türkmen halkynyň ajaýyp milli häsiýetleri, mertligi, myhmansöýerligi hakdaky gymmatly maglumatlar gadymy rim we grek taryhçylary Gerodotyň, Strabonyň, Ptolemeýiň, ...
Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek arkaly ekologiýa abadançylygyny we daşky gurşawyň goraglylygyny yzygiderli gowulan-dyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan wajyp ugurlarynyň biridir.
Ýurdumyzda döwlet derejesinde geçirilýän saglygy goraýyş we öňüni alyş çäreleri netijesinde raýatlaryň sagdyn durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilendigi guwandyryjy hakykatdyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly syýasaty netijesinde gözellikde, ýyndamlykda, gaýduwsyzlykda deňsiz-taýsyz bedewlerimiziň şan-şöhraty günsaýyn belende galýar, ussat seýislerimize döwlet derejesinde uly sarpa goýulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary hem içeri syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ýakyn-u-alysdaky ýurtlar bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy we bimöçber aladalary bilen «Türkmenistan rowaçlygyň Watany» ýylynda medeni mirasymyzy ylmy taýdan çuňňur öwrenmek we döwrebap röwüşde dikeltmek işleri giň gerimde alnyp barylýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her birgüni hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda täze-täze üstünliklere, rowaçlyklara beslenýär.
Täze ýylyň ilkinji suni, ilkinji sagady, ilkinji minutlary rowaçlyklara beslenip geldi. Ýylyň ilkinji güni dünýä inen taýçanagyň altynsow reňkem, sakar tagmasydyr sekilem, taýçanaga ömrüniň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň nazar salmagam döwletlilikden nyşan.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýan ägirt uly işlerin netijesinde innowasiýalara esaslanýan we senagat taýdan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde uly üstünlikler gazanylýar.
Hormatly Prezidentimlz Türkmenistanyň Minlstrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisinde ýurdumyzyň ylym ulgamynyň işinin alnyp barlyşy bilen içsin gyzyklanyp, degişli ýolbaşçylara bu ulgamda işleriň täzeçe guralmagyna, iň täze usultärleri, hususanda, sanly ykdysadyýeti, täze innowasiýalary we nano tehnologiýalary ornaşdyrmakda, tebigaty öwrenişde ösüşiň täze belentliklerine ýetmekde ünsi has-da güýçlendirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň Döwlet medeniýet merkezine baryp, Döwlet kitaphanasynyň işini ösdürmek hem-de ony giňeltmek barada beren gymmatly maslahatlary ýurdumyzda kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi babatynda möhümdir.
Milli Liderimizin belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň köpasyrlyk tejribesi özara gatnaşyklaryň medeniýetinde, medeniýetlerin özara gatnaşygynda jemlenendir.
XI asyrda Mahmyt Kaşgarly (10081105) tarapyndan ýazylan türkmen diliniň iň gadymy sözlügi bolan «Diwany lügat at-türk» atly ensiklopediki sözlük türki halklaryň etnografiýasy, folklýory, geografiýasy, däp-dessurlary, adatlary, nakyllary, tagamlary, baýramçylyklary, ýaraglary, lukmançylyk adalgalary ýaly köp sanly tematikany özünde jemleýän ajaýyp eserdir.
Ýurdumyzda her ýyl bellenilip geçilýän Hatyra gününde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül çemenli baryp, Watan gahrymanlarymyzyň belent ruhunyň öňünde tagzym etmek, indi arzyly hem asylly däbe öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde «Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň aprelinden oktýabr aýy aralygynda Germaniýanyň paýtagty Berliniň Täze muzeýinde «Margiana Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyryň şalygy» atly sergi geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň: «Goňşy we beýleki döwletler bilen özara bähbitli, dostlukly gatnaşyklarymyz gün-günden ösýär» diýip parasatly bellemegi, Türkmenistanyň söwdada, ykdysadyýetde, syýasatda we medeni gatnaşyklarda dünýäniň ençeme ýurtlary bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklarynyň ýylsaýyn ýokarlanýandygyny aňladýar.
Beýik Seljukly döwletiniň meşhur weziri Nyzamalmülk «Syýasatnama» atly eserinde hökümdarlar barada şeýle diýýär: «Hökmigüýçli her döwürde bir adamy saýlap alyp, onuň şan-şöhratyny arşa çykarýar, oňa şalyk derejesini eçilýär.
Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasaty netijesinde, halkymyzyň mizemez agzybirligi dünýä ýaýyýar.
Halkymyz iňňän gadymy döwürlerden bäri ylma, bilime uly sarpa goýup gelýän halklaryň biri.
Halkara forum GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň guramagynda geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň milli mirasyny öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga uly üns berilýär.
Halkymyz gyz çagalara at dakanlarynda elmydama owadan atlary saýlamaga çalyşýarlar.
Berkarar diýarymyzda ylym-bilim ulgamyny özgertmek, ösdürmek, innowasiýalary giňden durmuşa ornaşdyrmak meselesi döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Hormatly Prizidetimiz geçen hepdäniň anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi hakynda durup, diýarymyzyň uzak ýaşly raýatlary barada mähirli sözleri aýtdy.
Türkmenler gadym wagtlardan bäri baýdaga aýratyn sarpa goýupdyrlar. «Baýdak» häzirki wagta çenli dilimizde işjeň ulanylyp gelnen gadymy türkmen sözüdir.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň baş milli maksatnamasyna laýyklykda döwletimiziň halk hojalygynyň ähli pudaklary, şol sanda deňiz we derýa ulaglar ulgamy hem döwrebaplaşdyrylýar, kämilleşdirilýär we dünýä ylmynyň soňky gazanan innowasion tehnologiýalarynyň esasynda ösdürilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkymyzyň milli medenýetine, mirasyna uly üns berilýär.
Türkmen halky ylym-bilime hemişe belent sarpa goýup gelen halklaryň biri.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynyň, şol sanda ylym we bilim ulgamynyň has-da kämilleşmegine, rowaçlanmagyna, onuň dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürilmegine giň ýol açyldy.
Türkmen bagşylary joşup aýdym aýdanlarynda aýdymyň öz şygyr bentleri bilen ugurdaş manyly sanamalary hem özlerinden goşup goýberýärler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmeniň ruhy kämilligini, düşünje sagdynlygyny asyrlar boýy üpjün edip gelen milli mirasymyz çuňňur öwrenilýär.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda ýurdumyzda gowaça ekişi 2018-nji ýylyň 23-nji martynda Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda, 28-nji martda bolsa Daşoguz welaýatynda abraýly ýaşulularyň ak pata bermegi bilen badalga aldy.
Ata Watanymyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýar.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistan döwletimizde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler bilen baglanyşykly taryhy ähmiýetli wakalar boldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ulgamynda-da giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär.
Dünýä taryhynyň gatlaryna ösen medeniýetiň, sungatyň mekany bolup giren Türkmenistanyň gadymy ýadygärliklerinde geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan taryhy tapyndylar ylmy esasda öwrenilýär.
Soňky ýyllarda TYA-nyň Arheologiýa we etnografiýa instituty tarapyndan Nusaý Ürgenç kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşen Paryzdepe, Şährihaýbar ýaly ýadygärliklerde alnyp barylýan işler bellärliklidir.
Gyzgynlygyndan hemem gyzyl burçuň ajysyndan ýaňa agzyňy ýakyp barýan unaş sowuklamanyň, dümewiň bire-bir emi.
TYA-nyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynda hem ösümlik dünýäsiniň köpdürlüligini artdyrmak, olary gorap saklamak boýunça işler ylmy esasda alnyp barylýar.
Türkmen milli göreşi medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri göreş sungaty bilen içgin gyzyklanyp gelipdir.
Halyçylyk sungaty uzak heňňamlarda timarlanyp, gitdigiçe owadanlanyp, türkmeni dünýä ýüzüne tanadyp gelen milli guwanjymyzdyr, halkyň ýüzüniň tuwagydyr.
Daşky gurşawy goramak, ekologiýanyaýawlysaklamak bilen baglanyşykly meseleler häzirki zaman dünýäsinde esasy meseleleriň birine öwrüldi.
Ýurdumyzda ylym-bilime, dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny özleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda, alymlaryň işine itergi bermek, türkmen ylmynyň taze binýadyny tutmak boýun-ça düýpli işler amala aşyrylýar.
Öňňin, 15-nji iýunda hormatly Prezldentimiziň paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda alnyp barylýan işler bilen dikuçarda, guşuçar belentlikden tanyşlykda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkelini Köpetdagyň belentliginde ýerleşdirmek barada aýdanlary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.
Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.
Gadymy hem şöhratly taryhynda Änew, Nusaý, Dehistan, Marguş, Merw, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abywerd ýaly medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halky ylym-bilime aýratyn sarpa goýup gelipdir.
Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir.
Sagdynlygyn we ruhubelentligiň ýylynda ynsany bagtly, eşretli durmuşa ýetirýän güýç ylymdyr.
Halkymyz «It geldi gut geldi» diýýär. Gut sözi gadymy türkmen sözi bolup, ol bagt manysyny aňladýar.
Öz durmuşyny türkmen topragyndan üzňe görmedik alym-arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi ömrüniň köp bölegini türkmen sährasynda, has takygy, Garagum çölünde, gadymy ýadygärlikleri öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak bilen geçirdi.
«Mirasa sarpa soýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän öz-gerişlikler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine alyp, halkyň medeni babatda hem kämilleşmegine şert döredýär.
Milli Liderimiz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda il içinde Paryzdepe ady bilen meşhur bolan gadymy taryhy ýadygärlige baryp gördi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan beýik işler bitirilipdir: şäherler
döredilip, binalar gurlupdyr.
Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda, onuň
töwereklerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda agaç nahallarynyň 3 million düýbüni oturtmak bellenildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we
ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny sargyt edýär.
Edermen ekerançy daýhanlarymyzyň
nesilme-nesil çekip gelýän päk zähmeti netijesinde sadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten maddy mirasymyz bolan gawunlar milletimizin ruhy mirasynda-da ykjam orun alypdyr: türkmen dilinde, däp-dessurlarynda, halk döredljiliginde gawun bilen bagly aýtgylaryň, durnukly söz düzümleriniň, rowaýatlaryň... giden ulgamyny görmek bolýarŞu toý günlerinde şolaryň kähirini ýatlasak, datly gawunlarymyzyň ýakymyna hem-deýokumyna sarpa goýdugymyz bolar.
Geobotanika we Milli gerbariý gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň barlaghanalarynda biziň ýurdumyzyň dürlik künjeklerine bolan ýazky ekspedisiýanyň barşynda toplanan maglumatlary we ösümlik materiallaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.
Häzirki döwürde ata-babalarymyz tarapyndan bize miras galdyrylan milli baýlyklarymyz bolan taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, olarda rejeleýiş, öň ki durkuny dikeldiş işlerini geçirmäge hem-de täze nesle abat ýagdaýynda ýetirmäge, olar barada nesihat işlerini alyp barmaga giň ýol açyldy.
Zenanyň şirin owazyna eýlenip, çagany uklatmak maksady bilen hiňlenilip aýdylýan sallançak başyndaky hüwdülerden başga-da, oňy ele alyp, bökdürip, hopba edip ýa-da aýagyň üstünde ýatyryp, yralaýan wagtyňda aýdylýan her hili çeper setirler hem folklor diýlip atlandyrylýan gymmatly hazynanyň içinde kän gabat gelýär.
Halkymyzyň ata-babadan gelýän halal we arassa ýoluny döwrebap dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, milli däp-dessurlaryny täzeçil, töwerekleýin hem-de düýpli öwrenmegiň, nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, ynsan-perwerlik ruhunda terbiýele-mekde egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmek bilen, halkymyzyň medeni-ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagyň döwletimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridigini nygtaýar.
Häzirki döwürde iň wajyp meseleleriň biri hem ylym we önümçilik bähbitli ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalaryny genetika banklarynda saklamak hem-de olaryň nesil toplumynyň gorlaryny ýöriteleşdirilen ekin ýerlerinde diri görnüşde ösdürmek we öwrenmek bölüp durýar.
Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzy özgertmekde innowasion tehnologiýalar» atly ylmy maslahat geçirildi.
Milli Liderimiz ylym ulgamyny ösdürmegiň, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerinde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şerti hökmünde ýaş alymlaryň täze neslini terbiýeläp ýetiş-dirmäge aýratyn üns berýär.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmegi, ylmy, bilimi halka peýda berer ýaly derejä ýetirmegi wezipe edip goýdy we geljegi has uly bolan ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şol ugurlaryň biri hem ynsanperwer ylymlardyr.
Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýa hakyndaky oýlanmalary, dünýa düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň bu işi ýokary hünärli biolog-floristiçileri we sistematikaçylar amala aşyrýarlar. Bu işiň esasy ugry daşary ýurtlaryň howa şertlerine uýgunlaşan ösümlikleri ýurduň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak ýa-da introduksiýa, ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak bolup durýar.
Ýurdumyzyň çäginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek bilen baglanyşykly il-ýurt bähbitli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has giň gerim bilen dowam etdirilýär.
Merdana türkmen halkymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, edermen pederlerimizden şu günki bagtyýar nesillere miras galan behişdi bedewlerimizi milli buýsanjy saýyp arzylaýar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek, özgertmek ugrunda alnyp barylýan ägirt işleriň her biri milli mirasa sarpa goýmak bilen utgaşdyrylýar.
Bu prosess anyk, nätanyş ösümlik bilen alnyp barylýan işiň ykdysady we sosial maksada laýyklygyny, onuň ýerli flora bilen ekologik we biologik deňeşdirip bolujylygyny nazara almak bilen oýlanyşykly toplumlaýyn ylmy çemeleşmäni talap edýär.
Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýa ýaýmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutudan ugurlarynyň biri bölüp durýar. Belent maksatlara beslenen bu ugurlary has-da ýaýbaňlandyrmak Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giň gerime eýe bolýar.
Ol ýazgylar ilkinji gezek kiçi Bezegli deräniň diwar ýazgylarynda gabat gelýär. Diwar suratlary, alymlaryň pikirine görä, takmynan, 14 müň ýyl ozalrak döredilipdir. Şeýlelikde, şol gowak ýazgylaryndan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Çendir jülgesiniň, Ak obasynyň, Gyzyl Ymam gonamçylygynyň gapdalynda, iki dagyň arasynda, beýik gumly dag depelerinde ýerleşen daş heýkelleriň ýaşy, takmynan, 1011 müň ýyla golaýdyr. Şol ýadygärlikler birbada döremändir. Olar müňýyllyklaryň dowamynda ýasalypdyr. Şonuň üçin olaryň dörän wagty we daşky şekili asyrlar boýunça üýtgäp durupdyr.
Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Gündogar Garagumuň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn, ÖTjboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň, säginelgeleriň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly iins berüýär.
Türkmenistanyň biçak baý geçmişi bar. Bu gün Altyn depe, gadymy Merw, Coltan Sanjaryň mawzoleýyi, Köneürgenjiň binalary, Maşady-Misserian galalary, Nusaý galasy köpleri haýran galdyrýar. Bu ýadygärlikler dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda olar bilen bir hatarda henize çenli doly öwrenilmedik ýadygärlikler hem az däldir.
Garagum žurnaly, ¹6, 2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň
«Türkmeniň Altyn asyry»
atly bäsleşigine
ŞUGLASY EGSILMEÝÄN ŞAMÇYRAG
Sözbaşy
Adamzat taryhynda nusgalyk işleri, ylmy-edebi mirasy bilen nesillere nusgalyk yz goýan beýik şahsyýetler barmak büküp sanardan köp. Şolaryň biri hem diňe bir türkmen halkynyň arasynda däl, eýsem gündogarda hem günbatarda köpgyraňly ylmy-ensiklopedik işleri, edebi-çeper eserleri bilen meşhurlyga eýe bolan lukman, pelsepeçi, şahyr Abu Aly ibn Sinadyr. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň we ykdysady ylymlaryň doktory, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ajaýyp ynsanyň ömri we döredijiligi barada söz açyp: «Öz hünärim bilen baglylykda men gadymyýetiň beýik alymy Ibn Sinanyň eserlerini gyzyklanmak bilen okadym. Meni bu adamyň gyzyklanmalarynyň çuňlugy we giňligi haýran galdyrdy. Ibn Sina diňe bir lukman hökmünde däl, eýsem filosof we akyldar hökmünde hem beýikdir» diýip, buýsanç bilen belleýär. Alym Arkadagymyz «Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly iki kitapdan ybarat ylmy-ensiklopedik işinde hem türkmen topragynyň gadymy we orta asyrlarda söwda-ykdysady, medeni, ylmy gatnaşyklaryň ojagy bolandygyny nygtaýar. Hakykatdan-da, orta syrlarda Muhammet Al-Horezmi, Al-Faraby, Al-Biruny, Ibn Sina, Omar Haýýam, Mahmyt Zamahşary, Abu Seýit Abulhaýyr Mäne baba ýaly ençeme beýik alymlar ylmyň dürli ugurlarynyň, edebiýatyň ösmegine uly goşant goşupdyrlar. Ibn Sinanyň döredijiligi barada aýdylanda bolsa, onuň dürli çeşmelerde 450-den gowurak işleriniň ady agzalýar, olaryň takmynan 240-sy saklanyp galypdyr. Şolardan 150 kitap pelsepä, 40 kitap lukmançylyga, 50 kitap beýleki dürli ylymlara bagyşlanypdyr.
Ibn Sinanyň «Kitab aş-şifa» («Şypa beriji kitap») atly ylmy işinde materiýa, görnüş, hereket, wagt we giňişlik barada, Älem hakynda, elementler we asman jisimleri, materiýanyň döremegine we dargamagyna degişli garaýyşlar barada, fizika, himiýa, botanika, zoologiýa, geologiýa, meteorologiýa, astronomiýa, matematika, saz, psihologiýa boýunça tebigy ylym-bilimlere degişli maglumatlar beýan edilýär. Ibn Sinanyň arap dilinde ýazan «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly kitaby XII asyrdan başlap, ilki latyn, soňra beýleki ençeme dillere terjime edilipdir. Bu kitap 2004-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen diline terjime edilip, halka ýetirildi. Ibn Sina çeper döredijilikde hem az mukdarda bolsa-da, çuň many-mazmunly edebi eserleri hem miras goýupdyr. Söz ussadynyň edebi-çeper döredijiligi, edebi garaýyşlary gündogar we günbatar halklarynyň edebiýatlarynyň ösüşine täsirini ýetiripdir.
Ibn Sina we gündogar edebiýaty
Abu Aly Hüseýin ibn Abdylla ibn al-Hasan ibn Aly ibn Sina (9801037) Samanylar döwletiniň gülläp ösen döwründe ylym hem edebiýat meýdanyna gelýär. Bu döwürde edebiýatda gahrymançylykly epiki eserleri döretmek däbe öwrülipdir. Abulkasym Ferdöwsi «Şanama», Esedi Tusy «Garşaspnama» atly harby-gahrymançylyk mazmunly eserlerini döredipdirler.
Samanylar döwletiniň synyp, Mahmyt Gaznawy tarapyndan esaslandyrylan Gaznawylar döwletiniň güýçlenmegi netijesinde, Ibn Sina Horezmşalar döwletiniň paýtagty bolan Köneürgenje gelýär, bu ýerde birnäçe ýyl ýaşaýar we işleýär. Nyzamy Aruzy 1156-1157-nji ýyllarda ýazan «Çahar makala» («Dört söhbet») atly dört bölümden ybarat kitabynda Gaznawylar döwletiniň hökümdary Soltan Mahmydyň Horezmşalar döwletiniň hökümdary Mamuna (Mömüne) onuň köşgündäki ähli alymlary we şahyrlary Owganystanyň Gazna şäherinde ýerleşýän öz köşgüne ibermegini emr edendigi, Mahmydyň bu çakylygyny şol döwrüň Al-Biruny ýaly görnükli alymlary we beýleki şahyrlar kabul eden hem bolsa, Ibn Sinanyň ret edendigi barada maglumatlary beýan edýär. Soltan Mahmydyň emrine boýun bolmandygy üçin özüne rahatlyk tapmajakdygyna göz ýetiren Ibn Sina şol döwrüň Nusaý, Abywerd, Tus ýaly medeni ojaklaryna barýar. Abywerdde Abu Sagyt Abulhaýyr Mäne babanyňkyda birnäçe wagt myhmançylykda bolýar, ondan soňra şol wagtky Gürgen welaýatynyň häkimi, gadymy däp-dessurlaryň goragçysy hasaplanýan Ziýarid Kowus ibn Wuşmagiriň köşgüne gelýär. 1012-nji ýylda Kowus ibn Wuşmagiriň pajygaly ýagdaýda aradan çykmagy netijesinde, Ibn Sina Hemedan welaýatynyň häkimi Şemseddöwle Abu Tahyryň (997-1021) köşgüne gelýär we ömrüniň ahyryna çenli bu ýerde ýaşaýar.
Ibn Sina
gadymy grek akyldary Aristoteliň işleri bilen içgin gyzyklanypdyr we onuň
pelsepewi-ylmy garaýyşlarynyň gündogar halklarynyň arasyna ýaýramagyna
özboluşly täsirini ýetiripdir. Ibn Sina gündogarda ylmyň dürli ugurlarynyň, şol
sanda lukmançylyk ylymlarynyň ösmegine önjeýli goşant goşupdyr. Ibn Sina ylmy
işleriniň köpüsini, şol sanda «Söýgi hakynda traktat», «Guşlar hakynda traktat»
we beýleki käbir eserlerini urjuza-poema görnüşinde ýazypdyr. Şahyryň poetiki,
edebi-çeper mirasy dolulygyna saklanyp galmadyk hem bolsa, onuň ady bilen
birnäçe goşgular, rubagylar, bir sany gazaly biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Gündogarşynas alym G.Ete onuň on üç sany rubagysyny, bir gazalyny neşire
taýýarlapdyr. Ibn Sina «Haý ibn Ýakzan» atly pelsepewi mazmunly allegoriki
poemany, «Guş», «Salman we Absal» atly iki setirli şygyr görnüşindäki poemalary
hem ýazypdyr.
Ibn Sina
şahyrana setirlerinde ylym-bilim öwrenmegi ündäpdir, ylym-bilimi adamzat
durmuşyna ýagty saçýan şamçyrag hökmünde häsiýetlendiripdir.
Terk kyl bar närsäni, jan barçadan agla turur,
Jan kemaly ylymdandyr, ylymdandyr sagu-sol,
Jan eger bir çüýşe bolsa, ylym onda şamçyrag,
Hikmeti ynsanyň, bilgin, ol çyragda misli ýag,
Ol eger röwşen ýagar, sen hem salamat, hem dirig,
Ol çyrag sönse, seniň hem ölgeniň dälmi bu çag.
-diýip,
ylmyň ynsan durmuşynyň, adamzat jemgyýetiniň bezegidigini, adamyň diňe
ylym-bilim arkaly durmuş ýoluny ýagtyldyp, älem syrlaryna göz ýetirip,
kämillige ýetip biljekdigini nygtapdyr. Akyldar şahyr nesil terbiýesine aýratyn
ähmiýet beripdir, ene-atanyň ogul-gyzyna bilim-terbiýe, öwüt-ündew, zerur
bolanda ähli babatda hemaýat bermelidigini ündeýär. Şahyr:
Atalyk hikmeti nämedir, bilseň,
Bar-ýogun perzende bermek biminnet.
Leýik atadan öýke kylmasyn perzent,
Zamana inderse başyna külpet.
-diýip, her
bir ynsanyň öz ykbalyna özüniň jogapkärdigine, durmuş ýolundaky kynçylyklardan
özbaşdak baş alyp çykmagyň hötdesinden gelmek üçin oýlanyşykly, akylly-başly iş
alyp barmalydygyna hem ünsi çekipdir.
Şahyr
yşky-liriki mowzukdan ýazan şygyrlarynda söýgüniň her bir adama şatlyk, bagt
bilen birlikde, gaýgy-hasrat hem bagyş edýändigini, söýýän adamyň magşugyna,
bagtyna gowuşmagy üçin ähli kynçylyklara taýýar bolmalydygyny söýgüniň ýowuz
synaglaryna mertlik bilen döz gelmelidigini ýatladýar. Şahyr:
Eý kuýaş, ýok sen dek älemde seýran,
Maňa hem ýol görkez, ýolagçy-haýran,
Muhabbet ýolunda, gördüňmi bu gün,
Ýüzi gerdsiz, dili dertsiz bir ynsan.
diýip, ykbal
ýolunda söýgä uçran ynsanlaryň dürli kynçylyklary ýeňip geçmeli bolýandygyna ünsi
çekýär. Ibn Sinanyň rubagylary, dörtlemeleri many-mazmuna baý, olarda durmuş,
ynsan ömrüniň manysy, nesil terbiýesi, ylym-bilim, söýgi hem gaýgy, dostluk
barada edebi-çeper garaýyşlar öňe sürülýär. Şahyr öz şygyr setirlerinde:
Ýagşydyr gitmezden uşbu jahandan,
Aklyň halas bolsa, her puşeýmandan,
Erte goldan gelip, kylmasdan ejiz
Galarsyň, peýdalan, bu gün imkandan.
-diýip, her
bir ynsanyň öz ömürini manyly ýaşamagyny, soňra puşman etmez ýaly mydama
akyl-paýhasdan ugur alyp hereket etmegi, şu günki günüň gadyr-gymmatyna düşünip
ýaşamagy, adamlaryň wagtyny bihuda geçirmezligini, haýyr-sahawatly bolmagyny
wesýet edýär. Akyldar şahyr ynsanlaryň dostluk gatnaşyklary barada söz açyp,
her bir adamyň dostuna sarpa goýmalydygyny, onuň syryny ile ýaýmazlygyny,
hakyky dostlaryň durmuş kynçylyklaryny ýeňip geçmekde birek-birege elmydama
kömek etmelidigini ündeýär. Şygyrlarynda dostluk ýaly mukaddes düşünjelere
ikilik edýänleri ýazgarýar.
Dostum duşmanyma bolupdyr myhman,
Indi oturmazmen oň bilen zaman,
Pähm kyl, şekerden zäherli bolsa,
Peşeden gaç, gonan jaýy ger ýylan.
Ibn Sina
lukman şahyr hökmünde ynsanyň fiziki hem-de ruhy ýagdaýlary bilen bagly
garaýyşlary öňe sürýär. Adamyň akyl-paýhasy, duýgusy arkaly özgelerden düýpli
tapawutlanýandygyna, şonuň üçin hem her bir ynsanyň pähim-paýhasdan, päk
duýgudan ugur alyp, ömür sürmelidigine ünsi çekýär.
Bäş agza göz, gulak, til, burun, barmak,
Bolsa kişi teni kämilu-parlak,
Höwes-hyýal pikir hem wehm ile akyl,
Bular işi içden buýruk ibermek.
Şahyryň
adalatly nygtaýyşy ýaly, her bir ynsan ýaramaz zatlara seretmekden,
gep-gybatlara gulak gabartmakdan, gowy häsiýetli, haýyr-sahawatly kişilere dil
ýetirmekden, erbetliklere el urmakdan saklanmaly, tutuş durkuny we ruhy
dünýäsini mydama tämiz saklamaly. Munuň üçin her bir ynsan päkýürekli, pespäl
bolmaly, geldi-geçer höwes-hyýallara berilip, akyl-huşuny elden aldyrmaly däl,
sagdyn pähim-paýhasdan ugur alyp hereket etmeli.
Ibn Sina
meşhur alym al-Farabynyň diliň we edebiýatyň nazaryýetine degişli ylmy işleri
bilen içgin tanyşypdyr, ony özüniň mugallymy, halypasy hasaplapdyr. Ibn Sina
poeziýada-şygryýetde öňe sürülýän pikiri obrazly, ýagny çeper keşpleriň üsti
bilen aňlatmaklyga uly ähmiýet beripdir. Şahyr şygryýete duýgulara gaplanan,
deň ölçegli, rifma salnan çeper eser hökmünde häsiýetlendirme beripdir. Ibn
Sina Aristoteliň «Poetika» diýen eserine hem teswirleme ýazyp, ylmy-poetik
pikirlenmäniň özboluşlylygy hakynda düýpli garaýyşlary orta atypdyr. Şahyr şygryýetiň
mazmuny, manysy hem-de maksady ynsanperwerlige ýugrulan bolmaly diýen pikirden
ugur alypdyr. Ol şygyrlarynda özge adamlara hiç haçan zyýan ýetirmezligi,
hilegärlikden halas bolmagy, elmydama ýagşy niýetli hereketlerden ugur almagy
ündäpdir.
Beýik
dananyň pelsepewi eserlerinde nygtaýyşy ýaly, ynsana ruhy kämillik hem paýhas
şahsyýet hökmünde kämilleşmäge ýardam edýär, nadanlyk adamy il gözünden
düşürýär, günä işlere iterýär. Ibn Sina
şahyrlary çeper sözüň güýji bilen kämillige çagyrýan sözüň şasy hasaplapdyr,
tebipleri, lukmanlary, hekimleri ynsan bedeniniň, teniniň howandary
hasaplapdyr, olaryň biri ynsan ruhuny, beýlekisi bolsa tenini bejerýär diýen
pikiri öňe sürüpdir. Ibn Sinanyň edebi-çeper, pelsepewi garaýyşlaryny gündogar
edebiýatynyň görnükli wekilleri Omar Haýýam, Nasr Hysrow, Hafyz, Jamy, Rumy, Nyzamy,
şeýle hem türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleri Andalyp, Azady, Magtymguly,
Kemine we beýleki şahyrlar döredijilikli ösdüripdirler. Onuň adamkärçilik,
mertlik, gaýratlylyk, ylym-bilim baradaky garaýyşlaryny çeperçilik taýdan
kämilleşdiripdirler. Jelaleddin Rumy mesnewilerinde, rubagylarynda,
hekaýatlarynda ylym-bilimi adamlary nadanlyk girdabyndan çykmaga kömek edýän,
kämillige iterýän bakylyk daragty hasaplaýar. Magtymguly Pyragy bolsa
Al-Farabynyň, Ibn Sinanyň, Jelaleddin Rumynyň we gündogaryň beýleki söz
ussatlarynyň kämil ynsan hakyndaky pikirlerini imanly adam baradaky garaýyşlar
bilen baýlaşdyrypdyr. Magtymguly «Gider» atly goşgusynda hem bu hakda söz açyp,
ynsanyň mydama ýaramaz gylyk-häsiýetlerden daşda durmalydygyny ündeýär, eger
şeýle etmese «iman senden gaçar gider» diýip ýatladýar. Şahyr «Ynsan ugraşsa» atly
şygrynda «Köňül açylar, jem bolar // Bir-bire ynsan ugraşsa» diýip,
ynsanperwerligi ündeýär, adamlar özara düşünişip, agzybirlikde ýaşasalar, olara
baky bagtyýarlygyň hemra boljakdygyny nygtaýar.
Ibn Sina edebi-pelsepewi
pikirler arkaly adamlary edep-ekramlylyga, pähim-paýhaslylyga, päk söýgä
çagyrýar. Onuň pikirine görä, her bir ynsan öz ýüreginde söýgüni ösdürmeli,
kämilleşdirmeli. Ibn Sina bu pikirini «Söýgi hakynda» diýen traktatynda-ylmy işinde
hem düýpli beýan edip, ol öňe sürýän ýörelgelerini goşgy arkaly beýan edipdir. Ibn
Sina etika-edep baradaky garaýyşlaryny «Salaman we Apsal», «Haý ibn Ýakzan»
ýaly eserlerinde döredijilikli ösdüripdir. Akyldar şahyr pelsepewi-edebi
eserlerinde ýagşylyk bilen ýamanlygy, hakykat bilen ýalançylygy
tapawutlandyrýar, ýamanlykdan hem-de ýaramazlykdan daşda durup, kämillige
ymtylmak baradaky pikirleri öňe sürüpdir. Akyldaryň pikirine görä, adamlaryň
öz-özlerini kämilleşdirmäge çalyşmagy ahlaklylygyň berk binýadydyr. Ibn Sinanyň
adalatly nygtaýşy ýaly, edebiýat, poeziýa-şygryýet adamy kämillige itermelidir.
Söz ussady öz döredijiliginde hem şu ýörelgeden ugur alypdyr. Ibn Sinanyň
rubagylaryndaky, dörtlemelerindäki edebi-çeper garaýyşlar üstünden ençeme ýüzýyllyklar
geçse-de, gymmatyny ýitirmän gelýär. Bu edebi garaýyşlar gündogar edebiýatynda döredijilikli
ösdürilipdir.
Ibn Sinanyň
«Haý ibn Ýakzan» atly eserinde Haý atly şahyrana gahrymanyň dünýe ýaly gadymy,
emma baky juwan hem-de dynç almagy bilmeýän gezende-syýahatçy täsin goja bilen
duşuşygy beýan edilýär. Goja özüniň syýahatlaryny, ruhy hem daşky dünýäniň
gurluşyny geografik görnüşde suratlandyryp gürrüň berýär. Bu sýužet-çeper
ýordum gündogar edebiýatynda özboluşly ösüşe eýe bolupdyr. Bu eseriň çeper
ýordumy esasynda Abulmejid Mahmyt ibn Adam Senaýy «Seýr al-ibad ila-l-maad» («Ebedi dünýä
syýahat») atly eserini ýazypdyr. Onuň poemasynda hyýaly dünýä syýahatyň çeper
beýany Ibn Sinanyň eserlerine çalymdaş bolsa-da, bu ýerde «nafsi akil-a»
(«paýhasly kalply») syrly syýahatçy öz syýahaty barada gürrüň bermän,
hemrasyny yzyna düşürip, syrly dünýä ýany bilen alyp gidýär we bolýan zatlary
oňa görkezýär.
Bu çeper
ýordumy sopuçylyk edebiýatyň wekili Abu Hamyd Awhadeddin Kermany hem «Ruhlaryň
çyragy» atly eserinde suratlandyrypdyr. Bu barada maglumat az, ýöne käbir şorta
sözler saklanyp galypdyr. Iňlis ýazyjysy we gündogarşynas alymy Edward Grenwil
Braun (18621926) «Pars edebiýatynyň taryhy» atly işinde Dara Şekuhyň «Safinat
al-awliýa» (Hindistan, Kanpur-Kaunpor şäheri, 1882) atly ýygyndysyna
salgylanyp, Awhadeddin Kermanynyň meşhur arap şyhy Ibn al-Arabynyň dosty
bolandygyny, şeýle hem Jelaleddin Rumynyň (12071273) dosty, şol döwrüň meşhur alymlarynyň biri Şems
Tebrizi (11851248) bilen duşuşandygyny belleýär. Awhadeddin Kermany 1297/98-nji ýyllar töwereginde aradan
çykypdyr. Onuň «Ruhlaryň çyragy» poemasy hakynda pars taryhçysy, edebiýatçysy
Ryza Kuly-han Hedaýatyň «Majma al-fusaha» («Dilewarlaryň ýygyndysy») atly
ýygyndysynda maglumat berilipdir. Awhadeddin Kermanynyň «Ruhlaryň çyragy» poemasynda hem syrly dünýä syýahat
suratlandyrylýar. Poemanyň şahyrana gahrymany, ýagny Awhadeddin Kermany
halypasynyň-piriniň hemra bolmagy bilen kämillik ýoluna düşýär. Onuň ynsan
durmuşyndaky käbir ýaramaz endikleri, ýagny nebsöwürligi, görüpligi ýeňip
geçip, hakyky kämillige ýetişi täsirli beýan edilýär. Poemada kämilligiň dürli basgançaklary barada
söhbet açylýar. Awhadeddin kämillige ýetmek üçin geçýän syrly dünýä syýahaty Ibn
Sinanyň eserindäki Haý ibn Ýakzanyň syýahaty bilen mazmuny we ulanylýan edebi
adalgalary babatda gabat gelýär.
Arap alymy
Abubekr Muhammet ibn Abdylmälik al-Kaýsi Ibn Tufaýl hem «Haý ibn Ýakzan» atly
risalasynyň girişinde, öz eserini Ibn Sinanyň «Haý ibn Ýakzan» atly eseriniň esasynda
döredendigini belläpdir. Emma gündogarşynas alym Ýe.E.Bertels Ibn Sinanyň eseri
bilen Ibn Tufaýlanyň «Haý ibn Ýakzan» atly risalasynyň sýužeti-çeper ýordumy
babatda tapawutlydygyny nygtapdyr.
Ibn Sinanyň
«At-taýr» («Guş») atly allegoriýa mazmunly ikinji bir eserinde awçylar
tarapyndan tutulyp, kapasa gabalan guşlaryň keşbi suratlandyrylýar. Ol guşlaryň
käbirine bendilikden boşamak başardýar, soňra olar beýleki guşlara-da kapasadan
boşamaga kömek edýärler. Erkinlige çykansoň olar ýola düşýärler, uly kynçylyklara
döz gelip, sekiz sany beýik dag gerişlerinden geçip, adalatly hökümdaryň
huzuryna barýarlar. Olar adalatly hökümdardan özlerini aýaklaryna berkidilen
zynjyr halkalaryndan halas etmegini haýyş edýärler. Ol hem öz gezeginde
zulumkeşleriň üstüne ol zynjyr halkalary aýyrmagy emr etjek çaparyny ýollaýar.
Bu eser Ferideddin
Attaryň «Mantyk at-taýr» («Guşlaryň söhbeti») atly meşhur poemasyna meňzeş.
Guşlaryň syýahatynyň äheňi golaý, emma Attaryň eserinde sekiz dag, sekiz jülge
diýlip üýtgedilýär we jülgedäki suratlandyrylýan hadysalar has çylşyrymly.
Attardan soňra bu mowzuk çagataý edebiýatyna geçýär. Alyşir Nowaýy ony «Lisan
at-taýr» («Guş dili») poemasyna girizipdir, jülgeleriň suratlandyrylyşy hem
dürli özgerişlere eýe bolup, bu çeper ýordum XIX asyra çenli dowam edýär.
Nowaýynyň poemasynyň çeper ýordumy, ondan soňra Bahaulla atly şahyryň «Haft
wadi» («Ýedi jülge») atly poemasyna ülňi bolup hyzmat edipdir. Şeýlelikde, Abu
Aly ibn Sinanyň eserleriniň sýužeti-çeper ýordumy sekiz ýüz ýyllap gündogar
edebiýatynda dowam edip gelipdir.
Ibn Sina
«Salman we Absal» atly allegoriki hekaýaty ilkinji bolup ýazypdyr. Jelaleddin
Rumy hem soňra şu at bilen poema ýazypdyr. Ibn Sina Gündogarda ilkinji bolup
ten bilen ruhuň arabaglanyşygy hakyndaky pelsepewi garaýyşlary öňe sürüpdir.
Ten bilen ruhuň arasyndaky «nefs» nefes, dem, jan bilen bagly garaýyşlary
özboluşly ösdüripdir. Ähli janly zatlaryň ewolýusiýasy, ösüşi, özgerişleri
hakdaky konsepsiýa-baş ýörelge, ýagny minerallardan başlap, ösümlik we haýwanat
dünýäsiniň üsti bilen adama çenli we adamyň iň ýokary kämillik basgançagyna we
ondan-da ýokary göterilişi «Haý ibn Ýakzan» poemasynda örän düýpli suratlandyrylýar.
Bu garaýyş Jelaleddin Rumynyň ähli diwanynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär,
onuň ogly Bahaweddin Muhammet Welediň (12261312) şahyrana döredijiliginde hem giňişleýin
ösdürilýär. Bu Merkezi Aziýanyň poetiki döredijiligine örän uly täsirini
ýetiren ussat şahyr Mürze Abdylkadyr Bediliň (16441720) hindi-pars dilli şygyrlarynda
hem orun alýar.
Şeýlelikde,
Ibn Sinanyň özünden soňraky şahyrlarynyň döredijiligine täsirini ýetirendigini
ynamly aýtmak mümkin. Olaryň hatarynda şahyr hem pelsepeçi Nasyr Hysrow Alawynyň
(10041071) kosmografiki-älemiň gelip çykyşy baradaky «Şiş fasl» («Alty
bölüm»), «Guşaýiş wa rahaýiş» («Açmak we halas bolmak») atly eserleriniň birnäçe bölümleri Ibn
Sinanyň eseriniň mazmunyna golaý. Nasyr Hysrow «Röwşenainama» poemasynda hem
kyssa eserlerindäki garaýyşlaryny gaýtadan çeperçilikli işläp, beýan edipdir.
Bu kitaplarda ynsanyň durmuşyndaky külpetlerden, kynçylyklaradan halas bolmagynyň,
günälerden saplanmagynyň, kämillige ýetmeginiň, bagtly bolmagynyň açary ylym-bilimdedir
diýen garaýyşlar öňe sürülýär. Adam okamak, bilmek, ylym öwrenmek arkaly älem
syrlaryna, durmuşdaky öz ornuna göz ýetirýär, bagtyýar ýaşaýyşyň açaryny ele
alýar, ýagny ylym-bilim arkaly bagtly bolmagyň ýollaryny salgy alýar.
Baba Afzal edebi
tahallusyna eýe bolan Afzaleddin Muhammet bin Hasan Kaşany (11951265) hem Ibn
Sinadan täsirlenip, ajaýyp dört setirli goşgulary döredipdir, olaryň köpüsi
Omar Haýýamyň ady bilen ýaýrapdyr. Baba Afzal ylym-bilimiň dürli ugurlaryna,
esasanam, metafizika we psihologiýa degişli traktatlary ýazypdyr. Onuň
«Jawidan-name» traktatynyň birinji bölümi ylmyň toparlara bölünişine
bagyşlanypdyr. Ol ähli ylymlaryň dünýewi ylymlar we ylahy ylymlar diýen iki
topara bölünýändigi baradaky garaýyşlary öňe sürüpdir. Dünýewi ylymlar hem öz
içinde: sözleýiş hakyndaky ylym («ilmi güftar»), şahsy hereketler hakyndaky
ylym («ilmi kirdar»), pikirleniş hakyndaky ylym («ilmi endişe») diýen üç
topara bölünýär. Ylahy ylymlar hem teodiseýa («towhyt») hakyndaky ylym we ynsan
ykbalyna akyl ýetiriş ylmy diýen iki topara bölünýär. Bu garaýyşlar hem Ibn
Sinadan gözbaş alyp gaýdýar. Ibn Sinanyň edebi-çeper döredijiligi arap, pars we
türki dilli edebiýatyň ösüşine özboluşly täsirini ýetiripdir. XII asyrda ýaşap
geçen meşhur şahyr Omar Haýýam hem Ibn Sinany özüniň halypasy hasaplapdyr.
Ibn Sina we Günbatar edebiýaty
Günbatarda Awisenna ady bilen meşhurlyga eýe bolan Abu Aly ibn Sinanyň ylmy-edebi mirasy XII-XIV asyrlarda ýewropa ýaýrapdyr. Ibn Sinanyň «Haý ibn Ýakzan» atly poemasynyň sýužeti-çeper ýordumy italýan şahyry Dante Aligýeriniň «Ylahy komediýa» atly eseriniň esasyny düzýär. Görnükli gündogarşynas alym Ýe.E.Bertels «Ibn Sina we pars edebiýaty» atly işinde Ibn Sinanyň eserindäki Haýyň wezipesini Danteniň eserinde Wergiliniň ýerine ýetirýändigine, onuň öz şägirdini syýahata alyp gitmän, şol güzaply ýoly beýan edýändigine ünsi çekýär. Edebiýatçy alym Munira Şahydy «Ibn Sina we Dante» atly ylmy işinde gündogar we günbatar edebiýatynda ynsanperwerlik garaýyşlaryň suratlandyrylyşyny, Ibn Sinanyň we Danteniň özlerinden öňki hem-de öz döwrüniň medeniýetine garaýyşlaryny, bu söz ussatlarynyň döredijilik mirasynyň umumlyklaryny açyp görkezýär. Ibn Sinanyň we Danteniň ylmy-şahyrana döredijiliginiň kökleriniň gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyny, ellinizm, ýagny grek, rim, arap, pars, türki dilli ylmy-edebi garaýyşlar bilen baglanyşyklydygyny belleýär. Gündogaryň we günbataryň bu iki akyldarynyň şahyrana hem-de pelsepewi-estetiki mirasyny taryhy taýdan seljerip, olaryň döredijiliginiň dünýä halklaryna ençeme täze pikirleri, garaýyşlary berendigini nygtaýar. Şahyrlaryň adamzada mahsus bolan pähim-paýhaslylyk, asyllylyk, adamkärçilik, ynsanperwerlik, päklik, sapýürerklilik ýaly häsiýetleri suratlandyrmak arkaly öňlerinde goýan maksatlarynyň birmeňzeşdigine ünsi çekýär. Ibn Sina we Dante ähli ynsanlara söýgi bilen garamak we jemgyýetçilik bähbitleri üçin gowulyklary, haýyrly işleri etmek adamyň beýik borjudyr diýen garaýyşy öňe sürüpdir. Bu pikirler antiki, ýagny gadymy döwrüň Aristotel, Eflatun (Platon), Diogen ýaly akyldarlary tarapyndan esaslandyrylypdyr, orta asyrlarda al-Faraby, Horezmi, Ibn Sina ýaly meşhur alymlar tarapyndan düýpli ösdürilipdir, şeýlelikde päk ahlaklylyk, ynsanperwerlik, akýüreklilik, söýgi baradaky pikirler düýp özeni boýunça umumy bir bitewi düşünjä öwrülipdir.
Ynsanperwerligiň, päk ahlaklylygyň, gowulygyň ýokary derejesine ýeten adam greklerde ajaýyp adam hasaplanypdyr, gündogar halklarynyň arasynda bolsa kämil adam atlandyrylypdyr. Gündogarda, ýagny tasafwuf edebiýatynda şerigat, tarykat, magryfat, hakykat diýen dört basgançagy geçen adama kämil ynsan hökmünde häsiýetlendirme beripdirler. Ibn Sina öz işlerinde adamyň ahlak-etiki derejesine baha berýär. Al-Faraby päk ahlaklylyk, ynsanperwerlik ähli adamlara mahsus häsiýetler bolmalydyr diýen pikri öňe sürýär. Faraby Aristoteliň, Eflatunyň päk ahlaklylyk, ynsanperwerlik baradaky pikirlerini özboluşly ösdürip, ony ideal-nusgalyk döwletiň, jemgyýetiň aň taýdan ösen, ukyp-başarnykly adamy we etikasy-ahlak kadalary bilen baglanyşdyrýar. Al-Farabynyň ylmy garaýyşlaryna görä, ideal-nusgalyk döwletde, jemgyýetde ýaşaýan adam aň taýdan ösen, ukyp-başarnykly, ahlak taýdan arassa bolmaly. Bu nusgalyk döwletde poeziýa-şygryýete terbiýeçilik babatda uly orun degişli bolup, ol päk ahlagy wasp edip, erbetligi ýazgarmaly. Al-Farabynyň ylmy-edebi garaýyşlary gündogaryň akyldarlarynyň, şol sanda Ibn Sinanyň ylmy hem şahyrana döredijiliginde, soňra gündogar we ýewropa edebiýatynda düýpli orun alýar, many-mazmun, çeperçilik taýdan ösdürilýär.
Ibn Sinanyň ynsanperwerlik, ahlak-etiki garaýyşlary Horasanyň, Türkiýäniň, orta asyrlarda gündogar halklary tarapyndan Andalus diýip atlandyrylan Ispaniýanyň üsti bilen Italiýa aralaşýar. Ýeri gelende aýtsak, Ispaniýa gündogar ýurtlary bilen Ýewropanyň arasynda ýerleşýändigi üçin, şol döwürlerde bu ýurduň üsti bilen söwda gatnaşyklary hem amala aşyrylypdyr. Gündogar we ispan, italýan halklarynyň şol döwürdäki syýasy-jemgyýetçilik ýagdaýlary bilen baglanyşykda bu halklaryň edebiýaty, şygryýeti özboluşly ösüşe eýe bolýar, edebi gatnaşyklar ýola goýulýar. Gündogar edebiýatynyň, şygyr sungatyny çeperçilik däpleri ýewropa edebiýatyna täsirini ýetiripdir we döredijilikli ösdürlipdir. Edebiýatçy alym I.N.Golenişew-Kutuzow «Danteniň döredijiligi we dünýä edebiýaty» atly işinde gündogarly akyldarlarynyň ýewropada medeni, ylmy, edebi galkynyşyň ýüze çykmagynda ähmiýetine ünsi çekip: «Ýakyn Gündogar X-XIII asyrlarda Günbatar Ýewropa diňe bir grek dilinden terjimeleri, Aristoteliň, Ptolemeýiň, Galeniň işlerine teswirlemeleri bermek bilen çäklenmän, eýsem, Merkezi Aziýaly, eýranly we gündogarda ýaşan ýewreý alymlarynyň arap dilinde ýazan asylky nusgadaky düýpli ylmy işlerini hem berdi» diýip, ýerlikli belleýär. XII asyrdan başlap, Ibn Sinanyň «Sagalma kitaby», «Halas bolma», «Metafizika», «Lukmançylyk ylymlarynyň kanunlary» ýaly dürli kitaplary ýewropa dillerine ençeme gezek terjime edilipdir. Bu babatda, türkmen alymy N.Baýramsähedow: «Ýewropada Ibn Sinanyň Kanuny ýörgünli bolman, eýsem filosofik traktatlary, tebigat bilimlerine degişli eserleri, goşgulary hem uly hormata mynasyp bolupdyr» diýip, adalatly nygtaýar.
Orta asyrlarda gündogar medeniýetiniň Ispaniýanyň üsti bilen ýewropa ýurtlaryna aralaşmagy netijesinde, Merwiň, Köneürgenjiň, Samarkandyň, Buharanyň, Horasanyň we beýleki medeni-ylmy ojaklardaky kitaphanalarda bar bolan ylmy-edebi kitaplar hem ol ýewropa ýurtlaryna ýaýrapdyr. Bu günki gün Ispaniýanyň, Italiýanyň, Germaniýanyň, Wengriýanyň, Rumyniýanyň, Belgiýanyň, Fransiýanyň, Angliýanyň we beýleki ýurtlaryň medeni ojaklaryndaky kitaphanalarynda uly gymmatlyk hökmünde saklanylýan, ylmyň dürli ugurlaryna, edebiýata degişli arap, pars, türki dillerdäki gadymy golýazmalar hem muny bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Ýeri gelende aýtsak, Garaşsyzlyk ýyllarynda bu golýazmalaryň elektron nusgalarynyň ençemesi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary tarapyndan ýurdumyza getirildi we türkmen diline terjime edilip, halkymyza ýetirildi. Bu işler häzirki günlerde yzygiderli dowam etdirilýär.
Italýan şahyry Dante Aligýeriniň «Ylahy komediýa» atly poemasyny ýazmazdan öň gündogar halklarynyň arasynda ýaýran rowaýatlar bilen, meşhur şahyr, edebiýatçy we pelsepeçi Abul-Ala Ahmet ibn Abdylla at-Tanuhi al-Maariniň, şeýle hem şahyr, pelsepeçi Muhammet ibn Aly ibn Muhammet ibn Arabynyň eserleri bilen içgin tanyşýar. Al-Maari «Risalat-al-Gufran» («Günäleriň geçilmegi hakynda ýüzlenme») atly pelsepewi mazmunly şahyrana eserini ýazanda Ibn Sinanyň edebi-pelsepewi garaýyşlaryndan peýdalanypdyr. Ol ynsanperwerligi, päk ahlaklylygy, sabyr-kanagatlylygy ündeýär, ýalançylygy, ikiýüzliligi, adalatsyzlygy, tekepbirligi we husytlygy ýazgarýar, her bir adamyň öz paýhassyz hereketi üçin jogapkärdigine ünsi çekýär. Al-Araby hem pelsepewi işlerinde «al-insan al-kamil», ýagny kämil ynsan hakyndaky garaýyşlary ösdüripdir, her bir adamyň ýaramaz häsiýetlerden saplanyp, ylym-bilim arkaly kämillige ýetip biljekdigini nygtapdyr. Ispaniýaly edebiýatçy we taryhçy alym Migel Asin-Palasios italýan şahyry Danteniň «Ylahy komediýa» atly eserini ýazmagyna gündogar edebiýatynyň ýetiren täsirini düýpli öwrenipdir. Ispan alymy öz işlerinde Danteniň bu ajaýyp eserini ýazanda gündogar edebiýatyndan, esasan hem Ibn Arabynyň döredijiliginden peýdalanandygy bilen bagly anyk maglumatlary beýan edipdir.
Dante «Ylahy
komediýa» atly poemasyny 1308-1321-nji ýyllarda, ýagny dünýägaraýyşy, şahyrlyk zehini
babatda kämillige ýeten döwründe ýazypdyr. Orta asyrlara degişli pelsepewi,
ahlak, ylahy bilimler babatda ensiklopedik eser hasaplanýan bu poema, italýan
we dünýä edebiýatynyň ajaýyp eserleriniň biri hasaplanýar. Dante orta asyr
edebiýatyndaky çeper ýordumlary döredijilikli ösdüripdir, çünki ondan öňki we
onuň döwürdeş şahyrlary, filosoflary-pelsepeçileri ynsanlara mahsus asyllylyk,
pähim-paýhaslylyk, ynsanperwerlik baradaky garaýyşlary öňe sürüpdirler. Dante
hem bu eserinde päkýüreklilik, adamkärçilik ýaly häsiýetler bilen kämillige
ýetip bolar, munuň üçin özüňi ylym-bilime, akyl ýetirmegiň dünýäsine bagyş
etmeli diýen pikiri öňe sürýär.
Gündogaryň
ylmy-edebi çeşmeleriniň, Abu Aly Ibn Sinanyň ylmy-poetiki mirasynyň Danteniň
«Ylahy komediýa» atly eserine ýetiren täsiri barada fransuz gündogarşynasy
Edgar Bloşe, eýranly edebiýatçy we taryhçy alym, şahyr hem ýazyjy Seýid Nefisi,
eýranly filosof alym Daneşpaju Muhammet Tagy, Abdyl Hamit Zarinkup, arap
edebiýatçysy Ysmaýyl Dahyýat ýaly alymlar hem ylmy işlerinde belläpdirler. Dante
1304-1307-nji ýyllarda ýazan, dört kitapdan ybarat «Meýlis» atly pelsepewi
mazmunly eserinde älemiň gurluşy, adamzat jemgyýeti, ynsan kämilligi, adamzat
jemgyýetinde ylym-bilimiň, akyl-paýhasyň orny baradaky garaýyşlaryny beýan
edende Ibn Sina, Al-Faraby, Al-Gazaly, Al-Fergany, Ibn Ruşt ýaly gündogarly
alymlaryň ylmy işlerine hem salgylanýar.
Ibn Sina hem
öz nobatynda antik we orta asyr jemgyýetiniň öňdebaryjy garaýyşlaryny toplap,
bir ulgama salypdyr, olary toparlara bölüpdir. Ibn Sinanyň ylmy-edebi
döredijiliginiň köpugurlylygy dogrusynda söz açyp, lukmançylyk ylymlarynyň
taryhyny öwreniji rus alymy B.D.Petrow beýik alymyň ylmy mirasy hakynda ýazan
ylmy işinde: «Orta asyrda Ýewropada zehini, döredijiliginiň giň gerimliligi
babatynda Ibn Sina bilen deňäre hiç kim ýok» diýip, buýsanç bilen nygtaýar.
Dante «Ylahy
komediýa» atly poemasynda Sokrat, Platon (Eflatun), Demokrit, Diogen, Ewklid,
Ptolomeý, Gippokrat, Galen ýaly gadymy grek, rim akyldarlary bilen bir hatarda
XI asyrdaky Gündogaryň beýik filosofy we lukmany Ibn Sinanyň (Awisennanyň), XII
asyrdaky arap filosofy Ibn Ruştyň (Awerroisiň) atlaryny hormat bilen ýatlaýar. Olaryň
ynsanperwerlik, söýgi, kämil ynsan baradaky garaýyşlaryny öňe sürýär. Dante öz
eserlerinde Ibn Sinanyň ylmy garaýyşlaryny öz döwrüniň ruhuna, jemgyýetçilik
durmuşyna laýyklykda döredijilikli ösdürip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryp,
dünýäniň ynsanperwerlik hereketine täsirini ýetiripdir. Danteniň poemasy «Güni
hem älemi hereketlendiýän söýgüdir» diýen çuň manyly şahyrana setirler bilen
tamamlanýar. Akyldar şahyr bu eseriniň üsti bilen her bir ynsanyň öz ömrüni
manyly ýaşamalydygy, ylym-bilim öwrenmelidigi, ähli ynsanlaryň birek-birege
söýgi, hormat bilen garamalydygy, her bir işi päkýüreklilik bilen amal
etmelidigi, ata Watanyň, ene topragyň, ata-babalarynyň sarpasyny belent
tutmalydygy, haýyr-sahawatly işleri bilen halkyň söýgüsini gazanmalydygy hakyndaky
öwüt-ündewlerini çeperçilikli beýan edýär. Danteniň bu eseri mowzugy,
many-mazmuny, çeperçiligi taýdan kämil eserleriň hatarynda dünýä edebiýatynda
aýratyn orun aldy hem-de sýužeti-çeper ýordumy boýunça gündogar we ýewropa
edebiýatlarynda edebi gatnaşyklarynyň öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp
gaýdýandygyna şaýatlyk edýär.
Umuman,
görnükli alym, lukman hem şahyr Ibn Sinanyň ylmy-edebi mirasy Gündogarda-da,
Ýewropada-da meşhurlyga eýe bolupdyr. Ibn Sinanyň kämillige, ynsanperwerlige,
belent adamkärçilige, ähli ynsanlara we tebigat gözelliklerine söýgi bilen
garamaklyga çagyryş bolup ýaňlanýan çuň
many-mazmunly şahyrana eserleri hem bu günki gün türkmen okyjylary bilen
birlikde, gündogar we ýewropaly okyjylarynyň çuňňur söýgüsine mynasyp boldy.
Myrat TUWAKOW,
TYA-nyň bölüm müdiri,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty.