Pederlerimizdenmiras galan bu nakyl türkmen durmuşynda bedew atyň ornuny bütin aýdyňlygy bilen beýan edýär. Taryhyň uzakuzak heňňamlarynda bedew atlar türkmeniň uçar ganaty, aýagulagy, uzak ýolda ýoldaşy, wepadar dosty bolup gelipdir.
Ýurdumyzda halkyň geçmiş mirasyny öwrenmekde we dikeltmekde uly işler alnyp barylýar. Golýazmalaryň, kitaplaryň gat-gat sahypalaryna siňen, gadymdan saklanyp galan taryhy we medeni mirasymyz giňden öwrenilýär.
Döwletlilik meselesi jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklardan durýar. Ol gatnaşyklar durmuşyň ahlak, däp-dessur, edim-gylym, hukuk kadalary ýaly görnüşleriniň kömegi bilen düzgünleşdirilýär. Şularyň hemmesiniň özara baglanyşygy bolsa döwri, jemgyýeti häslýetlendirýär.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 20222052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurduň täze döwür üçin uzak möhletlik ösüş ýoluny aýdyňlaşdyrdy.
Gahryman Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa,..» atly kitabynyň 4-nji babyny «Halypa-şägirtlik däpleri» diýip atlandyrýar we ata-babalarymyzdan miras galan halypa-şägirtlik mekdebine «Uly mekdep», «ýokary derejeli ruhy-ahlak mekdebi» diýip baha berýär.
Adamzat taryhyrtda dörän baýramçylyklaryň iň gadymylarynyň biri Nowruz baýramydyr. Nowruzyň dabaraly bellenilmegi köpleriň kalbyny joşa getiripdir, oňa hemmeler sabyrsyz garaşypdyriar, çünki ol musulmanlaryň Täzeýyl baýramydyr.
Taryhy çeşmelere ser salanyňda, gadymyýetde türkmen halkynyň I ýaşaýyş-durmuşyny demokratik ýörelgelere esaslanyp ýöredendigini görmek bolýar. Türkmenler häzirki Türkmenistanyň çäklerinde we Ýer togalagynyň dürli künjeklerinde milli ýörelgäniň düzgünleri esasynda, agzybirlikde ýaşapdyrlar, taryhda meşhurlyk gazanan döwletleri gurupdyrlar.
«Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, müşderilere internet ulgamy arkaly menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Elbetde, sanly ulgam köp işleri ýeňilleşdirýär, ýerine ýetirilýän amallary tizleşdirýär we wagty tygşytlaýar.
Türkmen alabaýy halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli mirasynyň ajaýyp nusgasy hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen alabaýy adamkärçiligiň asyly ýörelgelerini özünde jemleýän türkmençiligiň batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk gatnaşyklarynyň alamatlandyrylmasydyr» diýip, bu jandara örän jaýdar häsiýetnama berýär.
Taryhy tejribäni we häzirki zamanyň ösen tehnologiýasyny ösüşiň möhüm ugurlaryna öwren milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bolup geçýän özgerişler umumadamzat gymmatlyklarynda ileri tutulýan dünýägaraýşyň kämilliginiň, ýagny «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygaryň ynsan mertebesini sarpalamagyň durmuş hakykaty bilen döredijilik ýollarynyň utgaşdyrylmagynyň aýdyň nyşanydyr.
Hormatly Prezidentimiziň ruhy-medeni gymmatlyklary ösdürmek boýunça alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde türkmeniň medeniýeti, däp-dessurlary edebiýaty, sungaty dünýä derejesinde dabaralanýar.
Hormatly Prezidentimiz 13-nji ýanwarda ýurdumyzyň Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Hazaryň balyk awlanýan çägine baryp, bu ýerde balykçylar bilen duşuşdy hem-de balykçylyk hünäriniň aýratynlyklary, balykçylaryň iş we durmuş şertleri bilen gyzyklandy.
Halkymyzyň köňül arzuwyndan hasyl bolan «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan täze, 2022-nji ýyly garşylaýan pursatlarymyzda hormatly Prezidentimiziň «Jan Watanym Türkmenistan!» atly ajaýyp goşgusyny halkymyza sowgat bermegi Türkmenistan döwletimiziň bagtyýar raýatlarynyň baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşdy.
Berkarar döwletimiziň bastyýariyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşlerden-ösüşlere barýan eziz Diýarymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan 2021-nji ýyl öz ornuny «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýyla berdi.
Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň, edebiýatymyzda ozal görülmedik täze ugur-millilige ýugrulan edebiýat döredi. Şol bir wagtyň özünde türkmen edebiýatynyň beýik şahsyýetleriniň täzeçe, hemmetaraplaýyn öwrenilmeginde täze ädimler ädildi.
Geçmişde halklary jebisleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň bir şahasy Amul şäheriniň üstünden Beçip, onuň ykdysady we medeni ösüşine ýardam beripdir. Orta asyr ýazuw çeşmeleri, arheologik gazuwagtaryş işleriniň netijeleri Amulyň döreýiş taryhynyň gönüden-göni Amyderýa bilen baglanyşyklydygyna güwä geçýär.
Merdana türkmen serkerdesi, hakyky Watan ogly Jelaleddin Menguberdiden söz açylanda, şahyr Seýitnazar Seýdiniň:
Alym Arkadagymyz: «Döredijiligiň biserhetligi ussatlaryň ýeten belentliginde açylýar» diýip belleýär. Munuň aýdyň mysalyna türkmeniň dana Magtymgulusynyň döredijiliginde göz ýetirmek boýar.
Döwlet derejesinde tutulýan toýlar, şanly baýramçylyklar ösen jemgyýetiň derejesine laýyk kaşaňtygy bilen göwün göteriji dabaralara beslenýär, şonuň bilen birlikde, olara milli äheň hem çaýylýar.
Halk döredijiliginiň beýleki görnüşlerinde bolşy ýaly, nakyllardyr atalar sözleri hem köp nusgaly bolýar. Ýagny şol bir manyny berýän nakyl ýa-da atalar sözi her ýerde birhiliräk aýdylýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Türkmençilikde agzybirlik öýüň baş döwletidir. Agzybirlik maşgaladaky terbiýäniň özenini düzýär.
Ençeme asyrlaryň dowamynda türkmen zenanlary haly-palas dokamagyň, keçe salmagyň inçe syrlaryny, gaýma gaýap, keşde çekmegiň özboluşly tilsimlerini örän aýawly saklap, biziň günlerimize ýetiripdir. Her bir el işiniň özboluşiy dünýäsi bar.
Hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy, taryhy ýadygärlikleri öwrenmek, gorap we aýap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek ugrunda alyp barýan işieri dünýä nusgalykdyr. Mähriban Arkadagymyzyň ylham joşgunyndan dörän «Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserini okanyňda, geçmişe gaýybana syýahat eden ýaly bolýarsyň.
Hormatly Prezidentimiziň yzysiderli tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe maddy gymmatlyklarymyz biien bir hatarda ruhy mirasymyzy, şunda ruhy gymmatlyklarymyzyň gözbaşy bolan golýazma çeşmelerini, halk döredijilik eserlerini, rowaýatlary toplamak, ylmy esasda töwerekleýin öwrenmek, neşir etmek, geljekki nesiller üçin aýap saklamak babatda ägirt uly işler edilýär.
Durmuşyň ähli ugurlarynda aýalaryň erkekler bilen deň hatarda hukuklara, mümkinçilikiere, jogapkärçilikiere eýe bolmagy babatdaky garaýyş türkmen jemgyýetiniň taryhyň çuňlugyndan gözbaş alýan asylly ýörelgeleriniň biridir.
Hormatly Prezidentimiziň alymlaryň öňünde goýýan wezipelerinden ugur alyp, türkmen taryhçylary halkymyzyň geçmişini, arheologiýa gymmatlyklaryny, etnografiýa, antropologiýa meselelerini öwrenmekde degişli işleri durmuşa geçirýärler.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Türkmenistan geografiýa taýdan Günbataryň we Gündogaryň köp ýurtlaryny özüne birikdiren bu ymgyr uly ýoluň çatrygynda ýerleşipdir» diýip belleýär.
Türkmen topragy aýdyjydyr bagşylary, söz ussatlaryny dünýä beren toprakdyr. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň biri-de, mukaddes türkmen topragyny, onuň ajaýyp tebigatyny, merdana halkymyzyň nusgalyk däp-dessurlaryny şygyrlarynda wasp eden Baýram şahyrdyr.
Türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasynyň kökleri taryhyň çuňlugyna siňip gidýär. Aziýanyň merkezinde, kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşen bu gadymy topragyň özboluşly medeniýeti diňe bir saklanyp galmak bilen hem çäklenmän, ol özara medenigatnaşykiar, täsirlenmeler arkaly baýlaşdy we medeni taýdan ýakynlaşmalaryň barşynda düýpii ähmiýete eýe boldy.
Bugdaýyň gözüňi gamaşdyryp barýan tyllaýy şuglasynyň ýaýlyp ýatan giňişligi keremli topragyň bereket desterhanydyr.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby şeýle buýsançly jümleler bilen başlanýar: «Eziz il-halkym! Asmandan arkaly Zeminde zynatty ajaýyp Watanymyzyň taryhynyň beýik eýýamyna gadam basdyk.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnoiogiýaiar uniwersitetiniň Umumy we amaiy bioiogiýa instituty yimyň bioiogiýa ugruny ösdürmek, tebigy baýiykiar boian ösümiik we haýwanat dünýäsini düýpii öwrenmek üçin ýöriteleşdirilen y/my edara boiup durýar.
Gahryman Arkadagymyz ýaş nesliň ýokary bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak, Watan söýgüsiniň belentliginde durmuşa döredijilikli çemeleşýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda alyp barýan döwlet syýasatynyň içinden halypa-şägirtlik mekdebi eriş-argaç bolup geçýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýariyk döwründe hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň baý milli mirasynyň çuňňur öwrenilmegine, halkymyza ýetirilmegine, onuň aýawly saklanylmagyna aýratyn üns berýär. Şol ünsüň netijesinde bu gün ata-babatarymyzdan miras galan maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy ylmy esasda öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär.
Şäherteriň döreýşidir ösüşiniň özboluşly aýratynlyklary bar. Bu meselede Beýik Ýüpek ýolunyň täsiri hem uly bolupdyr. Kerwen ýollarynyň ugrunda söwdanyň we hünärmentçilisiň ösmegi-de şäherleriň döremesiniň şertleriniň biridir.
Türkmen halky her bir besenen zadynyň şanyna toý tutýar. Her toýuň hem özüne mahsus düzsün-kadalary, edim-sylymlary bolýar.
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy bütin adamzadyň taryhynda iň ýowuz harby çaknyşyklaryň biri hökmünde gaidy. Bu ýowuz uruşda dürli milletleriň wekilieri biien birlikde, türkmen haikynyň merdana oguiiary hem faşizme garşy el-ele berip söweşdiier.
Hormatly Prezldentimiz «Turkmenistan Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Haýsy asyr, haýsy zaman parhy ýok, adamlar mydama parahat durmuşy isläpdirter, parahat durmuş halkiara rahatlyk hem ösüş, bagt hem eşret beripdir, Parahatçylyga söýgi, abadan ýaşaýyş halkiaryň arasyndaky dost-doganlygyň pugtalanmagyna itergi beripdir» diýmek bilen, türkmen halkynyň taryhyň ähli döwürlerinde-de parahatçylygyň tarapdary bolandygyny anyk mysallar arkaly delillendirýär.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky söwda-ykdysady, medeni gatnaşyklar taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylyp, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.
Türkmen edebiýatynda Baýram han Türkmeniň şygyrlary uly orun tutýar.
Hormatly Prezidentimiziň geçmişde uly yz goýan taryhy şahsyýetierimiziň ömür ýoluny, olaryň goýup giden ruhy we ündew mirasyny çuňňur öwrenip, ýaş nesle ýetirmek baradaky sargytlaryna eýerilip, ýurdumyzda uly işier bitirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň Berkarardöwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan haik bähbitli başlangyçiary Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde halkymyzyň gözbaşyny ençeme ýüzýyllyklardan alyp gaýdýan şöhratly taryhyny, beýik akyldarlarynyň, meşhur şahsyýetleriniň, görnükli serkerdeleriniň ömür ýoluny, gymmatly edebi mirasyny öwrenmäge giň mümkinçilikier döredilýär.
Nowruzyň getmegi bilen tebigat jana geiip, ynsan kaibynda joşgun emeie getiiýär. Her ýyi bahar aýynda beiieniiýän Nowruz baýramy ir zamaniardan gözbaş aiýar.
Irki döwürde Nowruzda ýazlaga çykan gelin-gyzlar, ýaş ýigitler döwre gurap tans edip, tüýtätin aýdypdyrlar.
Adamzat taryhynda nusgalyk işleri, ylmy-edebi mirasy bilen nesillere nusgalyk yz goýan beýik şahsyýetler barmak büküp sanardan köp. Şolaryň biri hem diňe bir türkmen halkynyň arasynda däl, eýsem gündogarda hem günbatarda köpgyraňly ylmy-ensiklopedik işleri, edebi-çeper eserleri bilen meşhurlyga eýe bolan lukman, pelsepeçi, şahyr Abu Aly ibn Sinadyr.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmakda ylym ulgamyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Adamyň bäş barmagynyň deň bolmaýşy ýaly, her kimin durmuş ýoly hem dürlidürli. Gömükli alym Allaberdi Nuryýewiň ylym alemine aralaşmagynda hem özboluşly aýratynlyk bar.
Türkmen topragy ähli döwürlerde hem jahankeşdeleriň, syýahatçylaryň ünsüni özüne çekip gelipdir.
Bereketli türkmen topragy, Garagum sährasy, türkmen halkynyň ajaýyp milli häsiýetleri, mertligi, myhmansöýerligi hakdaky gymmatly maglumatlar gadymy rim we grek taryhçylary Gerodotyň, Strabonyň, Ptolemeýiň, ...
Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek arkaly ekologiýa abadançylygyny we daşky gurşawyň goraglylygyny yzygiderli gowulan-dyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan wajyp ugurlarynyň biridir.
Ýurdumyzda döwlet derejesinde geçirilýän saglygy goraýyş we öňüni alyş çäreleri netijesinde raýatlaryň sagdyn durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilendigi guwandyryjy hakykatdyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly syýasaty netijesinde gözellikde, ýyndamlykda, gaýduwsyzlykda deňsiz-taýsyz bedewlerimiziň şan-şöhraty günsaýyn belende galýar, ussat seýislerimize döwlet derejesinde uly sarpa goýulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary hem içeri syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ýakyn-u-alysdaky ýurtlar bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy we bimöçber aladalary bilen «Türkmenistan rowaçlygyň Watany» ýylynda medeni mirasymyzy ylmy taýdan çuňňur öwrenmek we döwrebap röwüşde dikeltmek işleri giň gerimde alnyp barylýar.
Täze ýylyň ilkinji suni, ilkinji sagady, ilkinji minutlary rowaçlyklara beslenip geldi. Ýylyň ilkinji güni dünýä inen taýçanagyň altynsow reňkem, sakar tagmasydyr sekilem, taýçanaga ömrüniň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň nazar salmagam döwletlilikden nyşan.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýan ägirt uly işlerin netijesinde innowasiýalara esaslanýan we senagat taýdan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde uly üstünlikler gazanylýar.
Hormatly Prezidentimlz Türkmenistanyň Minlstrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisinde ýurdumyzyň ylym ulgamynyň işinin alnyp barlyşy bilen içsin gyzyklanyp, degişli ýolbaşçylara bu ulgamda işleriň täzeçe guralmagyna, iň täze usultärleri, hususanda, sanly ykdysadyýeti, täze innowasiýalary we nano tehnologiýalary ornaşdyrmakda, tebigaty öwrenişde ösüşiň täze belentliklerine ýetmekde ünsi has-da güýçlendirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň Döwlet medeniýet merkezine baryp, Döwlet kitaphanasynyň işini ösdürmek hem-de ony giňeltmek barada beren gymmatly maslahatlary ýurdumyzda kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi babatynda möhümdir.
Milli Liderimizin belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň köpasyrlyk tejribesi özara gatnaşyklaryň medeniýetinde, medeniýetlerin özara gatnaşygynda jemlenendir.
XI asyrda Mahmyt Kaşgarly (10081105) tarapyndan ýazylan türkmen diliniň iň gadymy sözlügi bolan «Diwany lügat at-türk» atly ensiklopediki sözlük türki halklaryň etnografiýasy, folklýory, geografiýasy, däp-dessurlary, adatlary, nakyllary, tagamlary, baýramçylyklary, ýaraglary, lukmançylyk adalgalary ýaly köp sanly tematikany özünde jemleýän ajaýyp eserdir.
Ýurdumyzda her ýyl bellenilip geçilýän Hatyra gününde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül çemenli baryp, Watan gahrymanlarymyzyň belent ruhunyň öňünde tagzym etmek, indi arzyly hem asylly däbe öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde «Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň aprelinden oktýabr aýy aralygynda Germaniýanyň paýtagty Berliniň Täze muzeýinde «Margiana Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyryň şalygy» atly sergi geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň: «Goňşy we beýleki döwletler bilen özara bähbitli, dostlukly gatnaşyklarymyz gün-günden ösýär» diýip parasatly bellemegi, Türkmenistanyň söwdada, ykdysadyýetde, syýasatda we medeni gatnaşyklarda dünýäniň ençeme ýurtlary bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklarynyň ýylsaýyn ýokarlanýandygyny aňladýar.
Beýik Seljukly döwletiniň meşhur weziri Nyzamalmülk «Syýasatnama» atly eserinde hökümdarlar barada şeýle diýýär: «Hökmigüýçli her döwürde bir adamy saýlap alyp, onuň şan-şöhratyny arşa çykarýar, oňa şalyk derejesini eçilýär.
Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasaty netijesinde, halkymyzyň mizemez agzybirligi dünýä ýaýyýar.
Halkymyz iňňän gadymy döwürlerden bäri ylma, bilime uly sarpa goýup gelýän halklaryň biri.
Halkara forum GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň guramagynda geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň milli mirasyny öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga uly üns berilýär.
Halkymyz gyz çagalara at dakanlarynda elmydama owadan atlary saýlamaga çalyşýarlar.
Berkarar diýarymyzda ylym-bilim ulgamyny özgertmek, ösdürmek, innowasiýalary giňden durmuşa ornaşdyrmak meselesi döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Hormatly Prizidetimiz geçen hepdäniň anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi hakynda durup, diýarymyzyň uzak ýaşly raýatlary barada mähirli sözleri aýtdy.
Türkmenler gadym wagtlardan bäri baýdaga aýratyn sarpa goýupdyrlar. «Baýdak» häzirki wagta çenli dilimizde işjeň ulanylyp gelnen gadymy türkmen sözüdir.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň baş milli maksatnamasyna laýyklykda döwletimiziň halk hojalygynyň ähli pudaklary, şol sanda deňiz we derýa ulaglar ulgamy hem döwrebaplaşdyrylýar, kämilleşdirilýär we dünýä ylmynyň soňky gazanan innowasion tehnologiýalarynyň esasynda ösdürilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkymyzyň milli medenýetine, mirasyna uly üns berilýär.
Türkmen halky ylym-bilime hemişe belent sarpa goýup gelen halklaryň biri.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynyň, şol sanda ylym we bilim ulgamynyň has-da kämilleşmegine, rowaçlanmagyna, onuň dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürilmegine giň ýol açyldy.
Türkmen bagşylary joşup aýdym aýdanlarynda aýdymyň öz şygyr bentleri bilen ugurdaş manyly sanamalary hem özlerinden goşup goýberýärler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmeniň ruhy kämilligini, düşünje sagdynlygyny asyrlar boýy üpjün edip gelen milli mirasymyz çuňňur öwrenilýär.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda ýurdumyzda gowaça ekişi 2018-nji ýylyň 23-nji martynda Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda, 28-nji martda bolsa Daşoguz welaýatynda abraýly ýaşulularyň ak pata bermegi bilen badalga aldy.
Ata Watanymyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýar.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistan döwletimizde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler bilen baglanyşykly taryhy ähmiýetli wakalar boldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ulgamynda-da giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär.
Dünýä taryhynyň gatlaryna ösen medeniýetiň, sungatyň mekany bolup giren Türkmenistanyň gadymy ýadygärliklerinde geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan taryhy tapyndylar ylmy esasda öwrenilýär.
Soňky ýyllarda TYA-nyň Arheologiýa we etnografiýa instituty tarapyndan Nusaý Ürgenç kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşen Paryzdepe, Şährihaýbar ýaly ýadygärliklerde alnyp barylýan işler bellärliklidir.
Gyzgynlygyndan hemem gyzyl burçuň ajysyndan ýaňa agzyňy ýakyp barýan unaş sowuklamanyň, dümewiň bire-bir emi.
TYA-nyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynda hem ösümlik dünýäsiniň köpdürlüligini artdyrmak, olary gorap saklamak boýunça işler ylmy esasda alnyp barylýar.
Türkmen milli göreşi medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri göreş sungaty bilen içgin gyzyklanyp gelipdir.
Halyçylyk sungaty uzak heňňamlarda timarlanyp, gitdigiçe owadanlanyp, türkmeni dünýä ýüzüne tanadyp gelen milli guwanjymyzdyr, halkyň ýüzüniň tuwagydyr.
Daşky gurşawy goramak, ekologiýanyaýawlysaklamak bilen baglanyşykly meseleler häzirki zaman dünýäsinde esasy meseleleriň birine öwrüldi.
Ýurdumyzda ylym-bilime, dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny özleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda, alymlaryň işine itergi bermek, türkmen ylmynyň taze binýadyny tutmak boýun-ça düýpli işler amala aşyrylýar.
Öňňin, 15-nji iýunda hormatly Prezldentimiziň paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda alnyp barylýan işler bilen dikuçarda, guşuçar belentlikden tanyşlykda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkelini Köpetdagyň belentliginde ýerleşdirmek barada aýdanlary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.
Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.
Gadymy hem şöhratly taryhynda Änew, Nusaý, Dehistan, Marguş, Merw, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abywerd ýaly medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halky ylym-bilime aýratyn sarpa goýup gelipdir.
Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir.
Sagdynlygyn we ruhubelentligiň ýylynda ynsany bagtly, eşretli durmuşa ýetirýän güýç ylymdyr.
Halkymyz «It geldi gut geldi» diýýär. Gut sözi gadymy türkmen sözi bolup, ol bagt manysyny aňladýar.
Öz durmuşyny türkmen topragyndan üzňe görmedik alym-arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi ömrüniň köp bölegini türkmen sährasynda, has takygy, Garagum çölünde, gadymy ýadygärlikleri öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak bilen geçirdi.
«Mirasa sarpa soýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän öz-gerişlikler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine alyp, halkyň medeni babatda hem kämilleşmegine şert döredýär.
Milli Liderimiz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda il içinde Paryzdepe ady bilen meşhur bolan gadymy taryhy ýadygärlige baryp gördi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan beýik işler bitirilipdir: şäherler
döredilip, binalar gurlupdyr.
Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda, onuň
töwereklerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda agaç nahallarynyň 3 million düýbüni oturtmak bellenildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we
ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny sargyt edýär.
Edermen ekerançy daýhanlarymyzyň
nesilme-nesil çekip gelýän päk zähmeti netijesinde sadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten maddy mirasymyz bolan gawunlar milletimizin ruhy mirasynda-da ykjam orun alypdyr: türkmen dilinde, däp-dessurlarynda, halk döredljiliginde gawun bilen bagly aýtgylaryň, durnukly söz düzümleriniň, rowaýatlaryň... giden ulgamyny görmek bolýarŞu toý günlerinde şolaryň kähirini ýatlasak, datly gawunlarymyzyň ýakymyna hem-deýokumyna sarpa goýdugymyz bolar.
Geobotanika we Milli gerbariý gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň barlaghanalarynda biziň ýurdumyzyň dürlik künjeklerine bolan ýazky ekspedisiýanyň barşynda toplanan maglumatlary we ösümlik materiallaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.
Häzirki döwürde ata-babalarymyz tarapyndan bize miras galdyrylan milli baýlyklarymyz bolan taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, olarda rejeleýiş, öň ki durkuny dikeldiş işlerini geçirmäge hem-de täze nesle abat ýagdaýynda ýetirmäge, olar barada nesihat işlerini alyp barmaga giň ýol açyldy.
Zenanyň şirin owazyna eýlenip, çagany uklatmak maksady bilen hiňlenilip aýdylýan sallançak başyndaky hüwdülerden başga-da, oňy ele alyp, bökdürip, hopba edip ýa-da aýagyň üstünde ýatyryp, yralaýan wagtyňda aýdylýan her hili çeper setirler hem folklor diýlip atlandyrylýan gymmatly hazynanyň içinde kän gabat gelýär.
Halkymyzyň ata-babadan gelýän halal we arassa ýoluny döwrebap dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, milli däp-dessurlaryny täzeçil, töwerekleýin hem-de düýpli öwrenmegiň, nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, ynsan-perwerlik ruhunda terbiýele-mekde egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmek bilen, halkymyzyň medeni-ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagyň döwletimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridigini nygtaýar.
Häzirki döwürde iň wajyp meseleleriň biri hem ylym we önümçilik bähbitli ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalaryny genetika banklarynda saklamak hem-de olaryň nesil toplumynyň gorlaryny ýöriteleşdirilen ekin ýerlerinde diri görnüşde ösdürmek we öwrenmek bölüp durýar.
Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzy özgertmekde innowasion tehnologiýalar» atly ylmy maslahat geçirildi.
Milli Liderimiz ylym ulgamyny ösdürmegiň, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerinde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şerti hökmünde ýaş alymlaryň täze neslini terbiýeläp ýetiş-dirmäge aýratyn üns berýär.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmegi, ylmy, bilimi halka peýda berer ýaly derejä ýetirmegi wezipe edip goýdy we geljegi has uly bolan ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şol ugurlaryň biri hem ynsanperwer ylymlardyr.
Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýa hakyndaky oýlanmalary, dünýa düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň bu işi ýokary hünärli biolog-floristiçileri we sistematikaçylar amala aşyrýarlar. Bu işiň esasy ugry daşary ýurtlaryň howa şertlerine uýgunlaşan ösümlikleri ýurduň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak ýa-da introduksiýa, ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak bolup durýar.
Ýurdumyzyň çäginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek bilen baglanyşykly il-ýurt bähbitli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has giň gerim bilen dowam etdirilýär.
Merdana türkmen halkymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, edermen pederlerimizden şu günki bagtyýar nesillere miras galan behişdi bedewlerimizi milli buýsanjy saýyp arzylaýar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek, özgertmek ugrunda alnyp barylýan ägirt işleriň her biri milli mirasa sarpa goýmak bilen utgaşdyrylýar.
Bu prosess anyk, nätanyş ösümlik bilen alnyp barylýan işiň ykdysady we sosial maksada laýyklygyny, onuň ýerli flora bilen ekologik we biologik deňeşdirip bolujylygyny nazara almak bilen oýlanyşykly toplumlaýyn ylmy çemeleşmäni talap edýär.
Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýa ýaýmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutudan ugurlarynyň biri bölüp durýar. Belent maksatlara beslenen bu ugurlary has-da ýaýbaňlandyrmak Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giň gerime eýe bolýar.
Ol ýazgylar ilkinji gezek kiçi Bezegli deräniň diwar ýazgylarynda gabat gelýär. Diwar suratlary, alymlaryň pikirine görä, takmynan, 14 müň ýyl ozalrak döredilipdir. Şeýlelikde, şol gowak ýazgylaryndan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Çendir jülgesiniň, Ak obasynyň, Gyzyl Ymam gonamçylygynyň gapdalynda, iki dagyň arasynda, beýik gumly dag depelerinde ýerleşen daş heýkelleriň ýaşy, takmynan, 10—11 müň ýyla golaýdyr. Şol ýadygärlikler birbada döremändir. Olar müňýyllyklaryň dowamynda ýasalypdyr. Şonuň üçin olaryň dörän wagty we daşky şekili asyrlar boýunça üýtgäp durupdyr.
Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Gündogar Garagumuň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn, ÖTjboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň, säginelgeleriň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly iins berüýär.
Türkmenistanyň biçak baý geçmişi bar. Bu gün Altyn depe, gadymy Merw, Coltan Sanjaryň mawzoleýyi, Köneürgenjiň binalary, Maşady-Misserian galalary, Nusaý galasy köpleri haýran galdyrýar. Bu ýadygärlikler dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda olar bilen bir hatarda henize çenli doly öwrenilmedik ýadygärlikler hem az däldir.
"Türkmenistan" gazeti,
12.06.2019
ARHEOLOGIÝA GADYMYÝETIň DILI
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her birgüni hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda täze-täze üstünliklere, rowaçlyklara beslenýär. Günsaýyn ösüp barýan türkmen ylmy hem gazanýan netijeleri bilen ýurdumyzyň ösüşini has-da ilerledýär. Türkmen halkynyň şan-şöhratly taryhyny we medeni mirasyny häzirki zaman nukdaýnazaryndan çuňňur öwrenmek hem-de ony dünýä ýaýmak wezipesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylym-bilim syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şu derwaýys wezipäni berjaý etmek maksady bilen, ýurdumyzda düýpli barlaglar amala aşyrylýar, halkara ylmy maslahatlar, ekspedisiýalar geçirilýär. Türkmen halkynyň baý taryhy geçmişini, medeni mirasyny öwrenmek, taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak werejelemek, bu ugurda halka ra hyzmatdaşlygy ýola goýmak işleri alnyp barylýar.
Adamzat taryhy gözbaşyny örän gady-myýetden alyp gaýdyp, dürii wakalary başyndan geçiripdir. Ilkibaşda ýönekeý zahmet gurallar ýasalyp, soňabaka dürii maksatlar üçin ulanylan çylşyrymly gurallar oýlanyp tapylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen durmuşyň ähli ugurlary boýunça öňegidişlikler gazanylypdyr. Bu üstünlikleri amala aşyrmakda akyla daýanylyp, daşky gurşawy, ýaşaýşy, asman jisimlerini we beýlekileri öwrenmäge islegiň döremegi netijesinde ylym ýüze çykypdyr diýip aýtmak bolar. Adamzadyň geçmişini öwrenýän ylym taryh ylmydyr. Ol umumy jemgyýetiň ösüş derejesinden we bolup geçen hadysalardan ugur alnyp, döwürlere bölünýär.
Taryh ylmynyň esasy şahalarynyň biri hem arheologiýadyr. Arheologiýa gadymy grek sözi bolup, «arhaýos» gadymyýet we «logos» dil bilim, ýagny gadymyýetiň dili bilimi diýen manyny berýär. Bu sözi ilkinji gezek b.e. öňki IV asyrda ýaşap geçen grek filosofy Platon umumy gadymy taryh üçin ulanyp başlapdyr. XVIII asyrda arheologiýa dine antik (gadymy) döwri öwrenýän ylym bolsa-da, ol XIX XX asyrlardan başlap, taryhyň bir şahasy hökmünde ilki-durmuş jemgyýetini, antik döwri we orta asyrlary öwrenýän ylma öwrülýär.
Arheologiýa, esasan, taryhy
ýady-gärliklerde gazuw-agtaryş işlerini ge-çirmeklige daýanýar. Arheologik
gözleg işlerinin netijesinde tapylan tapyndylara salgylanyp, geçmişin ähli
ugurlary boýunça maglumatlary almaga mümkinçilik bolýar. Çünki ýeriň astynda
müňlerçe syry özünde saklaýan taryh ýatyr.
Taryh, esasan, maddy we ýazuw
çeşmelerine daýanýar. Arheologik gazuw-agtaryş işlerinin netijesinde, ýazuw
döremezden öňki döwürleri öwrenmä-ge-de mümkinçilik döreýär.
Arheologiýa ylmy hem öz içinde
nu-mizmatika (gadymy pullary öwrenýän), antropologiýa (gadymy adamlaryň fiziki
gurluşyny öwrenýän), epigrafika (gadymy ýazgylary öwrenýän) we sfragistika
(gadymy möhürleri öwrenýän) sahalara bölünýär.
Taryhyň atasy hasaplanýan Gerodot
(b.e. öň 486 425 ý.ý.) özüniň ölmez-ýitmez «Taryh» atly eserinde arheologik
çeşmelerden-de peýdalanypdyr diýlip aýdylýar. Şeýle hem ilkinji gazuw-agtaryş
işini Wawilonyň patyşasy Nabonidiň (b.e.öň VI a.) geçirendigi bellenilýär. Iş
ýykylyp-ýumrulan gadymy köşkden taryhy ýazgylary tapmak maksady bilen geçirilipdir.
Yöne ilkinji gazuw-agtaryş işleri ylmy maksat bilen däl-de, gymmat-ly
tapyndylary ýüze çykarmak maksady bilen amala aşyrylypdyr.
Ýewropadaky Renessans Galkynyş
(XIV XVI a.a.) döwründe Italiýa öňdebaryjy döwlet bolup, arheologiýa we
arheologik tapyndylara uly üns ber-lip başlanypdyr. Hatda Rim papasy Pa-wel III
(1534 1549 ý.ý.) buýrugy bilen, taryhy ýadygärliklerde gazuw işleri hem
geçirilipdir. Taryhy tapyndylaryň gymma-ty örän ýokary derejede bolup, ol
islendik wagt öz alyjysyny tapýar diýen düşünje ornaşypdyr. Eýýäm şol
döwürlerden baş-lap, kolleksionerler (taryhy gymmatlykla-ry toplaýjylar)
bolupdyr. Bu bolsa muzeý-leriň döremegine alyp barypdyr.
Gazanylan bu üstünlikler
Russiýa-da öz täsirini ýetiripdir. Türkmenistan arheologik ýadygärliklere örän
baýdyr. Daşary ýurtly arheologlar Türkmenista-ny «Açyk asmanyň astyndaky muzeý»
diýip ykrar edýärler.
Häzirlikçe, ýurdumyzda adamyň
ilkinji yzlary, takmynan, million, 800 müňýyllyga degişli bolan daş gurallary
Balkan welaýatynda Dam-dam çeşme we Jebel gowaklarynda, şeýle hem Köpetdagyň
günbatar eteklerinde Etrek, Sumbar, Çendir jülgelerinde aýan edildi.
Türkme-nistanyň çäginde, miladydan öňki VII VI müňýyllyklar bilen senelenýän,
Orta Aziýada ilkinji oturymly ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgul bolnup
ugralandygynyň alamaty Aşgabadyň demirgazyk-günbatarynda, Jeýtun obasynyň
ýanynda ýerleşip, Jeýtun medeniýeti ady bilen dünýä belli boldy.
Türkmenistanda dünýä ähmiýetli
ýadygäriikler sanardan köpdür. Olaryň arasynda Kopetdagyň eteginde ýerleşen,
dünýäde iň gadymy ekerançylyk medeniýetine neolit we eneolit eýýamlaryna
degişli Jeýtun, Änew depele-ri, Namazga depe; antik we orta asyrlar döwrüni
şöhlelendirýän Nusaý, Gadymy Merw, Dehistan, Köneürgenç, Sarahs, Abiwerd, Amul,
Şähryslam we beýleki şäherler bar.
1900-nji ýyllarda dünýä belli
gündogary öwrenijiler W.W.Bartold we W.A.Žukowoskiý Türkmenistana gelip,
ylmy-gözleg işlerini alyp barypdyrlar. 1904-nji ýylda amerikan alymy
R.Pampelliniň ýolbaşçylygynda we nemes arheology Gubert Şmidtiň gatnaşmagynda
Änewiň gadymy depelerinde arheologik gözleg işleri geçirilipdir. Şol
gözleglerde tapylan tapyndylara salgylanyp, ýurdumyzyň ak bugdaýyň ilkinji
mekanydygy dünýä malim boldy.
1924-nji ýyldan soň, ýurdumyzda
arheologiýa ylmynyň ösmeginde birnäçe öňegidişlikler gazanylypdyr. 1925-nji
ýylyň güýz aýynda Türkmen ylmy-barlag instituty açylyp, taryhy-arheologik
ylmy-barlaglar alnyp barlypdyr. 1930-njy ýylda Türkmen medeniýeti instituty
(Turkmen-kult) diýen ylmy-barlag instituty we onuň dowamy hökmünde 1932-nji
ýylda Türkmen döwlet ylmy-barlag instituty açylyp, onuň düzümine arheologiýa-da
giripdir. Şol ýyllarda A.A.Maruşenko we S.A.Ýerşow ýurdumyzda arheologiýanyň
ösmegi üçin uly goşant goşupdyrlar.
1937-nji ýylda S.P.Tolstowyň
ýolbaş-çylygyndaky Horezm arheologik ekspedisiýasy öz işine başlaýar. Bu
ekspedisiýanyň Demirgazyk Türkmenistandaky arheologik ýadygärlikleri
öwrenmekdäki orny örän uludyr. Geçirilen işlerin netijesinde birnäçe jiltden
ybarat bolan kitaplar neşir edilipdir.
Beýik Watançylyk urşunyň öň
ýanynda 1941-nji ýylyň 7-nji aprelinde öňki SSSR-iň Ylymlar akademiýasynyň
Türkmenistandaky şahamçasy döredilýär. Ol uruş ýyllarynyň kynçylyklaryna
garamazdan, öz işini dowam etdiripdir. Şahamçanyň Taryh, dil we edebiýat
institutynyň düzüminde bolan, M.Ý.Massonyň ýolbaşçylygyndaky Günorta
Türkmenistan Arheologik Kompleksleýin ekspedisiýasy (GTA-KE) işe başlaýar. Bu
ekspedisiýanyň döredilmegi bilen, Günorta Türkmenistandaky birnäçe arheologik
ýadygärliklerde düýpli gözleg işleri geçirilip başlanylýar. Olardan, esasan,
Köne we Täze Nusaý galalaryny, Gadymy Maryny görkezmek bolar. Bu geçirilen
işlerin ýurdumyzyň taryhyny öwrenmekdäki orny örän uludyr. GTAKE-niň ylmy
gözlegleriniň netijeleri 19 jiltden ybarat bolan kitaplar toplumynda we
beýlekilerde beýan edilipdir. Şeýle hem onuň düzüminde arheologiýa ylmynyň
esasy şahalarynyň biri bolan numizmatika otagy bolupdyr.
1951-nji ýylyň 29-njy iýunynda
Türkmenistan SSR-niň Ylymlar akademiýasy açylyp, onuň düzüminde Taryh,
arheologiýa we etnografiýa instituty döredilipdir. 1966-njy ýylda instituta
Şaja Batyrowyň ady dakytyp, Taryh instituty diýlip atlandyrylyp başlanypdyr.
Institutyň düzüminde arheologiýa bölümi bolup, GTAKE hem aýratyn bölüm hökmünde
instituta birikdirilipdir. Bularyň netijesinde arheologiýa ylmy boýunça önjeýli
işler amala aşyrylypdyr. Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy ýadygärlikleri
öwrenmek üçin birnäçe arheologik ekspedisiýalar guralypdyr. Ol ekspedisiýalar
welaýatlarymyzyň ählisinde alnyp barlypdyr diýip aýtmak bolar. Şeýle hem
geçirilen işlerin netijelerini görkezýän ylmy işler çap edilipdir.
Ýurdumyz özbaşdak bolandan soň,
arheologiýa ylmynda has-da öňegidişlikler gazanylýar. Geçmişimiz ýoýulman,
bolşy ýaly öwrenilip, beýan edilýär. Taryhymyzyň aňyrsyny örän alyslardan alyp
gaýdýandygy, ata-babalarymyzyň beýik döwletleri döredendigi we beýlekileriňkä
meňzemeýän milli gymmatlyklarymyzyň bardygy arheologik barlaglar netijesinde
hem doly subut edildi. Şeýle hem Köne we Täze Nusaý galalary, Gadymy Merw we
Köneürgenç ÝUNESKO tarapyndan bütindünýä mirasynyň düzümine girizildi.
Häzirki döwürde hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ylma uly üns
berilýär. 2009-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy täzeden
döredilip, onuň düzümine Taryh hem-de Arheologiýa we etnografiýa institutlary
hem girizildi. 2019-njy ýylyň ýanwar aýynyň aýagynda bolsa Türkmenistanyň
Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň döredilmegi,
hakykatdan-da, taryhy ähmiýete eýedir, çünki ol Türkmenistanyň taryhyny we
arheologiýasyny öwrenýän ýöriteleşdirilen ylmy-barlag institutydyr.
Hormatly Prezidentimiziň Karary
bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki
taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 2021-nji ýyllarda gazuw-barlag işlerini
geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet
maksatnamasy kabul edildi. Maksatnamanyň wezipesi müň-ýyllyklardan köküni alyp
gaýdýan Merkezi Aziýanyň taryhynda ilkinji oturymly ekerançylyk medeniýetini
döreden, iň gadymy siwilizasiýa ojagy bolan Türkmenistanyň çägindäki owazasy
dünýä dolan beýik medeniýetli, baý mirasly şäherleri, gadymy taryhy-arheologik
ýadygärlikleri giňişleýin öwrenmekden ybarat. Döwlet maksatnamasy
Türkmenistanyň çägindäki Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän arheologiýa
ýadygärliklerinde gazuw-barlag işlerini geçirmekde, olardan ýüze çykarylýan
maddy gymmatlyklary dikeltmekde, öwrenmekde we ylmy dolanyşyga girizmekde, şeýle
hem bu ugry ösdürmek boýunça möhüm meseleleri nazaryýet taydan işläp
taýýarlamakda, düýpli ylmy barlaglary alyp barmakda esas bolup hyzmat edýär.
Maksatnama laýyklykda, institutyň
ylmy işgärleri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Amulda, Paryzdepede,
Şähryslamda, Şährihaýbarda, Daşlydepede we Isgendergalada ylmy-barlag işlerini
alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň
ýüregi» atly kitaplary Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlaryny öwrenmekde esasy
gollanmadyr.
Institutda XX asyryň ikinji
ýarymynda Türkmenistanyň dürii künjeklerindäki arheologik ýadygärliklerde
geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde toplanan tapyndylar jemlenilip,
baý arheologiýa muzeýi we gaznasy bar. Institutyň gaznasynda daşdan,
keramikadan, aynadan, metaldan ýasalan önümler hem-de diwar bezegleri, heýkeller,
numizmatik we antropologik tapyndylar bar.
Türkmenistanyň arheologik
ýadygärliklerini öwrenmeklige daşary ýurtly alymlar hem uly höwes bilen
gatnaşýarlar. Olar ýurdumyzyň birnäçe arheologik ýadygärliklerinde gözleg
işlerini alyp barýarlar. Olardan türkmen-rus ekspedisiýasynyň Gadymy Marguş
döwletiniň merkezi hasaplanýan Goňurdepede, Gadymy Nusaýda, Ýylgynlydepede; italýan
alymlarynyň Gadymy Nusaýda geçirýän arheologik gözleg işlerini görkezmek bolar.
Bu ýadygärliklerde alnyp barylýan işlerin netijesinde Türkmenistanyň dünýä
siwilizasiýasynyň merkezleriniň biridigi ykrar edildi.
Nurgözel Bäşimowa,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri.