Pederlerimizdenmiras galan bu nakyl türkmen durmuşynda bedew atyň ornuny bütin aýdyňlygy bilen beýan edýär. Taryhyň uzakuzak heňňamlarynda bedew atlar türkmeniň uçar ganaty, aýagulagy, uzak ýolda ýoldaşy, wepadar dosty bolup gelipdir.
Ýurdumyzda halkyň geçmiş mirasyny öwrenmekde we dikeltmekde uly işler alnyp barylýar. Golýazmalaryň, kitaplaryň gat-gat sahypalaryna siňen, gadymdan saklanyp galan taryhy we medeni mirasymyz giňden öwrenilýär.
Döwletlilik meselesi jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklardan durýar. Ol gatnaşyklar durmuşyň ahlak, däp-dessur, edim-gylym, hukuk kadalary ýaly görnüşleriniň kömegi bilen düzgünleşdirilýär. Şularyň hemmesiniň özara baglanyşygy bolsa döwri, jemgyýeti häslýetlendirýär.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 20222052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurduň täze döwür üçin uzak möhletlik ösüş ýoluny aýdyňlaşdyrdy.
Gahryman Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa,..» atly kitabynyň 4-nji babyny «Halypa-şägirtlik däpleri» diýip atlandyrýar we ata-babalarymyzdan miras galan halypa-şägirtlik mekdebine «Uly mekdep», «ýokary derejeli ruhy-ahlak mekdebi» diýip baha berýär.
Adamzat taryhyrtda dörän baýramçylyklaryň iň gadymylarynyň biri Nowruz baýramydyr. Nowruzyň dabaraly bellenilmegi köpleriň kalbyny joşa getiripdir, oňa hemmeler sabyrsyz garaşypdyriar, çünki ol musulmanlaryň Täzeýyl baýramydyr.
Taryhy çeşmelere ser salanyňda, gadymyýetde türkmen halkynyň I ýaşaýyş-durmuşyny demokratik ýörelgelere esaslanyp ýöredendigini görmek bolýar. Türkmenler häzirki Türkmenistanyň çäklerinde we Ýer togalagynyň dürli künjeklerinde milli ýörelgäniň düzgünleri esasynda, agzybirlikde ýaşapdyrlar, taryhda meşhurlyk gazanan döwletleri gurupdyrlar.
«Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, müşderilere internet ulgamy arkaly menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Elbetde, sanly ulgam köp işleri ýeňilleşdirýär, ýerine ýetirilýän amallary tizleşdirýär we wagty tygşytlaýar.
Türkmen alabaýy halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli mirasynyň ajaýyp nusgasy hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen alabaýy adamkärçiligiň asyly ýörelgelerini özünde jemleýän türkmençiligiň batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk gatnaşyklarynyň alamatlandyrylmasydyr» diýip, bu jandara örän jaýdar häsiýetnama berýär.
Taryhy tejribäni we häzirki zamanyň ösen tehnologiýasyny ösüşiň möhüm ugurlaryna öwren milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bolup geçýän özgerişler umumadamzat gymmatlyklarynda ileri tutulýan dünýägaraýşyň kämilliginiň, ýagny «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygaryň ynsan mertebesini sarpalamagyň durmuş hakykaty bilen döredijilik ýollarynyň utgaşdyrylmagynyň aýdyň nyşanydyr.
Hormatly Prezidentimiziň ruhy-medeni gymmatlyklary ösdürmek boýunça alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde türkmeniň medeniýeti, däp-dessurlary edebiýaty, sungaty dünýä derejesinde dabaralanýar.
Hormatly Prezidentimiz 13-nji ýanwarda ýurdumyzyň Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Hazaryň balyk awlanýan çägine baryp, bu ýerde balykçylar bilen duşuşdy hem-de balykçylyk hünäriniň aýratynlyklary, balykçylaryň iş we durmuş şertleri bilen gyzyklandy.
Halkymyzyň köňül arzuwyndan hasyl bolan «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan täze, 2022-nji ýyly garşylaýan pursatlarymyzda hormatly Prezidentimiziň «Jan Watanym Türkmenistan!» atly ajaýyp goşgusyny halkymyza sowgat bermegi Türkmenistan döwletimiziň bagtyýar raýatlarynyň baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşdy.
Berkarar döwletimiziň bastyýariyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşlerden-ösüşlere barýan eziz Diýarymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan 2021-nji ýyl öz ornuny «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýyla berdi.
Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň, edebiýatymyzda ozal görülmedik täze ugur-millilige ýugrulan edebiýat döredi. Şol bir wagtyň özünde türkmen edebiýatynyň beýik şahsyýetleriniň täzeçe, hemmetaraplaýyn öwrenilmeginde täze ädimler ädildi.
Geçmişde halklary jebisleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň bir şahasy Amul şäheriniň üstünden Beçip, onuň ykdysady we medeni ösüşine ýardam beripdir. Orta asyr ýazuw çeşmeleri, arheologik gazuwagtaryş işleriniň netijeleri Amulyň döreýiş taryhynyň gönüden-göni Amyderýa bilen baglanyşyklydygyna güwä geçýär.
Merdana türkmen serkerdesi, hakyky Watan ogly Jelaleddin Menguberdiden söz açylanda, şahyr Seýitnazar Seýdiniň:
Alym Arkadagymyz: «Döredijiligiň biserhetligi ussatlaryň ýeten belentliginde açylýar» diýip belleýär. Munuň aýdyň mysalyna türkmeniň dana Magtymgulusynyň döredijiliginde göz ýetirmek boýar.
Döwlet derejesinde tutulýan toýlar, şanly baýramçylyklar ösen jemgyýetiň derejesine laýyk kaşaňtygy bilen göwün göteriji dabaralara beslenýär, şonuň bilen birlikde, olara milli äheň hem çaýylýar.
Halk döredijiliginiň beýleki görnüşlerinde bolşy ýaly, nakyllardyr atalar sözleri hem köp nusgaly bolýar. Ýagny şol bir manyny berýän nakyl ýa-da atalar sözi her ýerde birhiliräk aýdylýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Türkmençilikde agzybirlik öýüň baş döwletidir. Agzybirlik maşgaladaky terbiýäniň özenini düzýär.
Ençeme asyrlaryň dowamynda türkmen zenanlary haly-palas dokamagyň, keçe salmagyň inçe syrlaryny, gaýma gaýap, keşde çekmegiň özboluşly tilsimlerini örän aýawly saklap, biziň günlerimize ýetiripdir. Her bir el işiniň özboluşiy dünýäsi bar.
Hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy, taryhy ýadygärlikleri öwrenmek, gorap we aýap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek ugrunda alyp barýan işieri dünýä nusgalykdyr. Mähriban Arkadagymyzyň ylham joşgunyndan dörän «Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserini okanyňda, geçmişe gaýybana syýahat eden ýaly bolýarsyň.
Hormatly Prezidentimiziň yzysiderli tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe maddy gymmatlyklarymyz biien bir hatarda ruhy mirasymyzy, şunda ruhy gymmatlyklarymyzyň gözbaşy bolan golýazma çeşmelerini, halk döredijilik eserlerini, rowaýatlary toplamak, ylmy esasda töwerekleýin öwrenmek, neşir etmek, geljekki nesiller üçin aýap saklamak babatda ägirt uly işler edilýär.
Durmuşyň ähli ugurlarynda aýalaryň erkekler bilen deň hatarda hukuklara, mümkinçilikiere, jogapkärçilikiere eýe bolmagy babatdaky garaýyş türkmen jemgyýetiniň taryhyň çuňlugyndan gözbaş alýan asylly ýörelgeleriniň biridir.
Hormatly Prezidentimiziň alymlaryň öňünde goýýan wezipelerinden ugur alyp, türkmen taryhçylary halkymyzyň geçmişini, arheologiýa gymmatlyklaryny, etnografiýa, antropologiýa meselelerini öwrenmekde degişli işleri durmuşa geçirýärler.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Türkmenistan geografiýa taýdan Günbataryň we Gündogaryň köp ýurtlaryny özüne birikdiren bu ymgyr uly ýoluň çatrygynda ýerleşipdir» diýip belleýär.
Türkmen topragy aýdyjydyr bagşylary, söz ussatlaryny dünýä beren toprakdyr. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň biri-de, mukaddes türkmen topragyny, onuň ajaýyp tebigatyny, merdana halkymyzyň nusgalyk däp-dessurlaryny şygyrlarynda wasp eden Baýram şahyrdyr.
Türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasynyň kökleri taryhyň çuňlugyna siňip gidýär. Aziýanyň merkezinde, kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşen bu gadymy topragyň özboluşly medeniýeti diňe bir saklanyp galmak bilen hem çäklenmän, ol özara medenigatnaşykiar, täsirlenmeler arkaly baýlaşdy we medeni taýdan ýakynlaşmalaryň barşynda düýpii ähmiýete eýe boldy.
Bugdaýyň gözüňi gamaşdyryp barýan tyllaýy şuglasynyň ýaýlyp ýatan giňişligi keremli topragyň bereket desterhanydyr.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby şeýle buýsançly jümleler bilen başlanýar: «Eziz il-halkym! Asmandan arkaly Zeminde zynatty ajaýyp Watanymyzyň taryhynyň beýik eýýamyna gadam basdyk.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnoiogiýaiar uniwersitetiniň Umumy we amaiy bioiogiýa instituty yimyň bioiogiýa ugruny ösdürmek, tebigy baýiykiar boian ösümiik we haýwanat dünýäsini düýpii öwrenmek üçin ýöriteleşdirilen y/my edara boiup durýar.
Gahryman Arkadagymyz ýaş nesliň ýokary bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak, Watan söýgüsiniň belentliginde durmuşa döredijilikli çemeleşýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda alyp barýan döwlet syýasatynyň içinden halypa-şägirtlik mekdebi eriş-argaç bolup geçýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýariyk döwründe hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň baý milli mirasynyň çuňňur öwrenilmegine, halkymyza ýetirilmegine, onuň aýawly saklanylmagyna aýratyn üns berýär. Şol ünsüň netijesinde bu gün ata-babatarymyzdan miras galan maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy ylmy esasda öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär.
Şäherteriň döreýşidir ösüşiniň özboluşly aýratynlyklary bar. Bu meselede Beýik Ýüpek ýolunyň täsiri hem uly bolupdyr. Kerwen ýollarynyň ugrunda söwdanyň we hünärmentçilisiň ösmegi-de şäherleriň döremesiniň şertleriniň biridir.
Türkmen halky her bir besenen zadynyň şanyna toý tutýar. Her toýuň hem özüne mahsus düzsün-kadalary, edim-sylymlary bolýar.
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy bütin adamzadyň taryhynda iň ýowuz harby çaknyşyklaryň biri hökmünde gaidy. Bu ýowuz uruşda dürli milletleriň wekilieri biien birlikde, türkmen haikynyň merdana oguiiary hem faşizme garşy el-ele berip söweşdiier.
Hormatly Prezldentimiz «Turkmenistan Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Haýsy asyr, haýsy zaman parhy ýok, adamlar mydama parahat durmuşy isläpdirter, parahat durmuş halkiara rahatlyk hem ösüş, bagt hem eşret beripdir, Parahatçylyga söýgi, abadan ýaşaýyş halkiaryň arasyndaky dost-doganlygyň pugtalanmagyna itergi beripdir» diýmek bilen, türkmen halkynyň taryhyň ähli döwürlerinde-de parahatçylygyň tarapdary bolandygyny anyk mysallar arkaly delillendirýär.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky söwda-ykdysady, medeni gatnaşyklar taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylyp, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.
Türkmen edebiýatynda Baýram han Türkmeniň şygyrlary uly orun tutýar.
Hormatly Prezidentimiziň geçmişde uly yz goýan taryhy şahsyýetierimiziň ömür ýoluny, olaryň goýup giden ruhy we ündew mirasyny çuňňur öwrenip, ýaş nesle ýetirmek baradaky sargytlaryna eýerilip, ýurdumyzda uly işier bitirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň Berkarardöwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan haik bähbitli başlangyçiary Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde halkymyzyň gözbaşyny ençeme ýüzýyllyklardan alyp gaýdýan şöhratly taryhyny, beýik akyldarlarynyň, meşhur şahsyýetleriniň, görnükli serkerdeleriniň ömür ýoluny, gymmatly edebi mirasyny öwrenmäge giň mümkinçilikier döredilýär.
Nowruzyň getmegi bilen tebigat jana geiip, ynsan kaibynda joşgun emeie getiiýär. Her ýyi bahar aýynda beiieniiýän Nowruz baýramy ir zamaniardan gözbaş aiýar.
Irki döwürde Nowruzda ýazlaga çykan gelin-gyzlar, ýaş ýigitler döwre gurap tans edip, tüýtätin aýdypdyrlar.
Adamzat taryhynda nusgalyk işleri, ylmy-edebi mirasy bilen nesillere nusgalyk yz goýan beýik şahsyýetler barmak büküp sanardan köp. Şolaryň biri hem diňe bir türkmen halkynyň arasynda däl, eýsem gündogarda hem günbatarda köpgyraňly ylmy-ensiklopedik işleri, edebi-çeper eserleri bilen meşhurlyga eýe bolan lukman, pelsepeçi, şahyr Abu Aly ibn Sinadyr.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmakda ylym ulgamyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Adamyň bäş barmagynyň deň bolmaýşy ýaly, her kimin durmuş ýoly hem dürlidürli. Gömükli alym Allaberdi Nuryýewiň ylym alemine aralaşmagynda hem özboluşly aýratynlyk bar.
Türkmen topragy ähli döwürlerde hem jahankeşdeleriň, syýahatçylaryň ünsüni özüne çekip gelipdir.
Bereketli türkmen topragy, Garagum sährasy, türkmen halkynyň ajaýyp milli häsiýetleri, mertligi, myhmansöýerligi hakdaky gymmatly maglumatlar gadymy rim we grek taryhçylary Gerodotyň, Strabonyň, Ptolemeýiň, ...
Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek arkaly ekologiýa abadançylygyny we daşky gurşawyň goraglylygyny yzygiderli gowulan-dyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan wajyp ugurlarynyň biridir.
Ýurdumyzda döwlet derejesinde geçirilýän saglygy goraýyş we öňüni alyş çäreleri netijesinde raýatlaryň sagdyn durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilendigi guwandyryjy hakykatdyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly syýasaty netijesinde gözellikde, ýyndamlykda, gaýduwsyzlykda deňsiz-taýsyz bedewlerimiziň şan-şöhraty günsaýyn belende galýar, ussat seýislerimize döwlet derejesinde uly sarpa goýulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary hem içeri syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ýakyn-u-alysdaky ýurtlar bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy we bimöçber aladalary bilen «Türkmenistan rowaçlygyň Watany» ýylynda medeni mirasymyzy ylmy taýdan çuňňur öwrenmek we döwrebap röwüşde dikeltmek işleri giň gerimde alnyp barylýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her birgüni hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda täze-täze üstünliklere, rowaçlyklara beslenýär.
Täze ýylyň ilkinji suni, ilkinji sagady, ilkinji minutlary rowaçlyklara beslenip geldi. Ýylyň ilkinji güni dünýä inen taýçanagyň altynsow reňkem, sakar tagmasydyr sekilem, taýçanaga ömrüniň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň nazar salmagam döwletlilikden nyşan.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýan ägirt uly işlerin netijesinde innowasiýalara esaslanýan we senagat taýdan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde uly üstünlikler gazanylýar.
Hormatly Prezidentimlz Türkmenistanyň Minlstrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisinde ýurdumyzyň ylym ulgamynyň işinin alnyp barlyşy bilen içsin gyzyklanyp, degişli ýolbaşçylara bu ulgamda işleriň täzeçe guralmagyna, iň täze usultärleri, hususanda, sanly ykdysadyýeti, täze innowasiýalary we nano tehnologiýalary ornaşdyrmakda, tebigaty öwrenişde ösüşiň täze belentliklerine ýetmekde ünsi has-da güýçlendirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň Döwlet medeniýet merkezine baryp, Döwlet kitaphanasynyň işini ösdürmek hem-de ony giňeltmek barada beren gymmatly maslahatlary ýurdumyzda kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi babatynda möhümdir.
Milli Liderimizin belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň köpasyrlyk tejribesi özara gatnaşyklaryň medeniýetinde, medeniýetlerin özara gatnaşygynda jemlenendir.
XI asyrda Mahmyt Kaşgarly (10081105) tarapyndan ýazylan türkmen diliniň iň gadymy sözlügi bolan «Diwany lügat at-türk» atly ensiklopediki sözlük türki halklaryň etnografiýasy, folklýory, geografiýasy, däp-dessurlary, adatlary, nakyllary, tagamlary, baýramçylyklary, ýaraglary, lukmançylyk adalgalary ýaly köp sanly tematikany özünde jemleýän ajaýyp eserdir.
Ýurdumyzda her ýyl bellenilip geçilýän Hatyra gününde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül çemenli baryp, Watan gahrymanlarymyzyň belent ruhunyň öňünde tagzym etmek, indi arzyly hem asylly däbe öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde «Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň aprelinden oktýabr aýy aralygynda Germaniýanyň paýtagty Berliniň Täze muzeýinde «Margiana Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyryň şalygy» atly sergi geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň: «Goňşy we beýleki döwletler bilen özara bähbitli, dostlukly gatnaşyklarymyz gün-günden ösýär» diýip parasatly bellemegi, Türkmenistanyň söwdada, ykdysadyýetde, syýasatda we medeni gatnaşyklarda dünýäniň ençeme ýurtlary bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklarynyň ýylsaýyn ýokarlanýandygyny aňladýar.
Beýik Seljukly döwletiniň meşhur weziri Nyzamalmülk «Syýasatnama» atly eserinde hökümdarlar barada şeýle diýýär: «Hökmigüýçli her döwürde bir adamy saýlap alyp, onuň şan-şöhratyny arşa çykarýar, oňa şalyk derejesini eçilýär.
Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasaty netijesinde, halkymyzyň mizemez agzybirligi dünýä ýaýyýar.
Halkymyz iňňän gadymy döwürlerden bäri ylma, bilime uly sarpa goýup gelýän halklaryň biri.
Halkara forum GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň guramagynda geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň milli mirasyny öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga uly üns berilýär.
Halkymyz gyz çagalara at dakanlarynda elmydama owadan atlary saýlamaga çalyşýarlar.
Berkarar diýarymyzda ylym-bilim ulgamyny özgertmek, ösdürmek, innowasiýalary giňden durmuşa ornaşdyrmak meselesi döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Hormatly Prizidetimiz geçen hepdäniň anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi hakynda durup, diýarymyzyň uzak ýaşly raýatlary barada mähirli sözleri aýtdy.
Türkmenler gadym wagtlardan bäri baýdaga aýratyn sarpa goýupdyrlar. «Baýdak» häzirki wagta çenli dilimizde işjeň ulanylyp gelnen gadymy türkmen sözüdir.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň baş milli maksatnamasyna laýyklykda döwletimiziň halk hojalygynyň ähli pudaklary, şol sanda deňiz we derýa ulaglar ulgamy hem döwrebaplaşdyrylýar, kämilleşdirilýär we dünýä ylmynyň soňky gazanan innowasion tehnologiýalarynyň esasynda ösdürilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkymyzyň milli medenýetine, mirasyna uly üns berilýär.
Türkmen halky ylym-bilime hemişe belent sarpa goýup gelen halklaryň biri.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynyň, şol sanda ylym we bilim ulgamynyň has-da kämilleşmegine, rowaçlanmagyna, onuň dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürilmegine giň ýol açyldy.
Türkmen bagşylary joşup aýdym aýdanlarynda aýdymyň öz şygyr bentleri bilen ugurdaş manyly sanamalary hem özlerinden goşup goýberýärler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmeniň ruhy kämilligini, düşünje sagdynlygyny asyrlar boýy üpjün edip gelen milli mirasymyz çuňňur öwrenilýär.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda ýurdumyzda gowaça ekişi 2018-nji ýylyň 23-nji martynda Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda, 28-nji martda bolsa Daşoguz welaýatynda abraýly ýaşulularyň ak pata bermegi bilen badalga aldy.
Ata Watanymyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýar.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistan döwletimizde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler bilen baglanyşykly taryhy ähmiýetli wakalar boldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ulgamynda-da giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär.
Dünýä taryhynyň gatlaryna ösen medeniýetiň, sungatyň mekany bolup giren Türkmenistanyň gadymy ýadygärliklerinde geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan taryhy tapyndylar ylmy esasda öwrenilýär.
Soňky ýyllarda TYA-nyň Arheologiýa we etnografiýa instituty tarapyndan Nusaý Ürgenç kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşen Paryzdepe, Şährihaýbar ýaly ýadygärliklerde alnyp barylýan işler bellärliklidir.
Gyzgynlygyndan hemem gyzyl burçuň ajysyndan ýaňa agzyňy ýakyp barýan unaş sowuklamanyň, dümewiň bire-bir emi.
TYA-nyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynda hem ösümlik dünýäsiniň köpdürlüligini artdyrmak, olary gorap saklamak boýunça işler ylmy esasda alnyp barylýar.
Halyçylyk sungaty uzak heňňamlarda timarlanyp, gitdigiçe owadanlanyp, türkmeni dünýä ýüzüne tanadyp gelen milli guwanjymyzdyr, halkyň ýüzüniň tuwagydyr.
Daşky gurşawy goramak, ekologiýanyaýawlysaklamak bilen baglanyşykly meseleler häzirki zaman dünýäsinde esasy meseleleriň birine öwrüldi.
Ýurdumyzda ylym-bilime, dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny özleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda, alymlaryň işine itergi bermek, türkmen ylmynyň taze binýadyny tutmak boýun-ça düýpli işler amala aşyrylýar.
Öňňin, 15-nji iýunda hormatly Prezldentimiziň paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda alnyp barylýan işler bilen dikuçarda, guşuçar belentlikden tanyşlykda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkelini Köpetdagyň belentliginde ýerleşdirmek barada aýdanlary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.
Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.
Gadymy hem şöhratly taryhynda Änew, Nusaý, Dehistan, Marguş, Merw, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abywerd ýaly medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halky ylym-bilime aýratyn sarpa goýup gelipdir.
Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir.
Sagdynlygyn we ruhubelentligiň ýylynda ynsany bagtly, eşretli durmuşa ýetirýän güýç ylymdyr.
Halkymyz «It geldi gut geldi» diýýär. Gut sözi gadymy türkmen sözi bolup, ol bagt manysyny aňladýar.
Öz durmuşyny türkmen topragyndan üzňe görmedik alym-arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi ömrüniň köp bölegini türkmen sährasynda, has takygy, Garagum çölünde, gadymy ýadygärlikleri öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak bilen geçirdi.
«Mirasa sarpa soýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän öz-gerişlikler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine alyp, halkyň medeni babatda hem kämilleşmegine şert döredýär.
Milli Liderimiz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda il içinde Paryzdepe ady bilen meşhur bolan gadymy taryhy ýadygärlige baryp gördi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan beýik işler bitirilipdir: şäherler
döredilip, binalar gurlupdyr.
Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda, onuň
töwereklerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda agaç nahallarynyň 3 million düýbüni oturtmak bellenildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we
ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny sargyt edýär.
Edermen ekerançy daýhanlarymyzyň
nesilme-nesil çekip gelýän päk zähmeti netijesinde sadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten maddy mirasymyz bolan gawunlar milletimizin ruhy mirasynda-da ykjam orun alypdyr: türkmen dilinde, däp-dessurlarynda, halk döredljiliginde gawun bilen bagly aýtgylaryň, durnukly söz düzümleriniň, rowaýatlaryň... giden ulgamyny görmek bolýarŞu toý günlerinde şolaryň kähirini ýatlasak, datly gawunlarymyzyň ýakymyna hem-deýokumyna sarpa goýdugymyz bolar.
Geobotanika we Milli gerbariý gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň barlaghanalarynda biziň ýurdumyzyň dürlik künjeklerine bolan ýazky ekspedisiýanyň barşynda toplanan maglumatlary we ösümlik materiallaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.
Häzirki döwürde ata-babalarymyz tarapyndan bize miras galdyrylan milli baýlyklarymyz bolan taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, olarda rejeleýiş, öň ki durkuny dikeldiş işlerini geçirmäge hem-de täze nesle abat ýagdaýynda ýetirmäge, olar barada nesihat işlerini alyp barmaga giň ýol açyldy.
Zenanyň şirin owazyna eýlenip, çagany uklatmak maksady bilen hiňlenilip aýdylýan sallançak başyndaky hüwdülerden başga-da, oňy ele alyp, bökdürip, hopba edip ýa-da aýagyň üstünde ýatyryp, yralaýan wagtyňda aýdylýan her hili çeper setirler hem folklor diýlip atlandyrylýan gymmatly hazynanyň içinde kän gabat gelýär.
Halkymyzyň ata-babadan gelýän halal we arassa ýoluny döwrebap dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, milli däp-dessurlaryny täzeçil, töwerekleýin hem-de düýpli öwrenmegiň, nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, ynsan-perwerlik ruhunda terbiýele-mekde egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmek bilen, halkymyzyň medeni-ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagyň döwletimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridigini nygtaýar.
Häzirki döwürde iň wajyp meseleleriň biri hem ylym we önümçilik bähbitli ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalaryny genetika banklarynda saklamak hem-de olaryň nesil toplumynyň gorlaryny ýöriteleşdirilen ekin ýerlerinde diri görnüşde ösdürmek we öwrenmek bölüp durýar.
Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzy özgertmekde innowasion tehnologiýalar» atly ylmy maslahat geçirildi.
Milli Liderimiz ylym ulgamyny ösdürmegiň, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerinde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şerti hökmünde ýaş alymlaryň täze neslini terbiýeläp ýetiş-dirmäge aýratyn üns berýär.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmegi, ylmy, bilimi halka peýda berer ýaly derejä ýetirmegi wezipe edip goýdy we geljegi has uly bolan ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şol ugurlaryň biri hem ynsanperwer ylymlardyr.
Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýa hakyndaky oýlanmalary, dünýa düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň bu işi ýokary hünärli biolog-floristiçileri we sistematikaçylar amala aşyrýarlar. Bu işiň esasy ugry daşary ýurtlaryň howa şertlerine uýgunlaşan ösümlikleri ýurduň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak ýa-da introduksiýa, ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak bolup durýar.
Ýurdumyzyň çäginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek bilen baglanyşykly il-ýurt bähbitli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has giň gerim bilen dowam etdirilýär.
Merdana türkmen halkymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, edermen pederlerimizden şu günki bagtyýar nesillere miras galan behişdi bedewlerimizi milli buýsanjy saýyp arzylaýar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek, özgertmek ugrunda alnyp barylýan ägirt işleriň her biri milli mirasa sarpa goýmak bilen utgaşdyrylýar.
Bu prosess anyk, nätanyş ösümlik bilen alnyp barylýan işiň ykdysady we sosial maksada laýyklygyny, onuň ýerli flora bilen ekologik we biologik deňeşdirip bolujylygyny nazara almak bilen oýlanyşykly toplumlaýyn ylmy çemeleşmäni talap edýär.
Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýa ýaýmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutudan ugurlarynyň biri bölüp durýar. Belent maksatlara beslenen bu ugurlary has-da ýaýbaňlandyrmak Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giň gerime eýe bolýar.
Ol ýazgylar ilkinji gezek kiçi Bezegli deräniň diwar ýazgylarynda gabat gelýär. Diwar suratlary, alymlaryň pikirine görä, takmynan, 14 müň ýyl ozalrak döredilipdir. Şeýlelikde, şol gowak ýazgylaryndan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Çendir jülgesiniň, Ak obasynyň, Gyzyl Ymam gonamçylygynyň gapdalynda, iki dagyň arasynda, beýik gumly dag depelerinde ýerleşen daş heýkelleriň ýaşy, takmynan, 10—11 müň ýyla golaýdyr. Şol ýadygärlikler birbada döremändir. Olar müňýyllyklaryň dowamynda ýasalypdyr. Şonuň üçin olaryň dörän wagty we daşky şekili asyrlar boýunça üýtgäp durupdyr.
Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Gündogar Garagumuň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn, ÖTjboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň, säginelgeleriň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly iins berüýär.
Türkmenistanyň biçak baý geçmişi bar. Bu gün Altyn depe, gadymy Merw, Coltan Sanjaryň mawzoleýyi, Köneürgenjiň binalary, Maşady-Misserian galalary, Nusaý galasy köpleri haýran galdyrýar. Bu ýadygärlikler dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda olar bilen bir hatarda henize çenli doly öwrenilmedik ýadygärlikler hem az däldir.
«Türkmenistan» gazeti,
25.11.2017
AZIÝANY BAGLAN TÜRKMEN PÄLWANY
Türkmen milli göreşi medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri göreş sungaty bilen içgin gyzyklanyp gelipdir. Olar bu sungaty diňe bir toý-dabaranyň, baýramyň bezegi hökmünde görmän, eýsem, göreşi dürli çylşyrymly, gapma-garşylykly meseleleri çözmegiň, parahatçylygy saklamagyň, özara düşünişmegiň, ýaraşmagyň sungaty derejesine ýetiripdirler. Batyrlygyň, mertligiň, gaýduwsyzlygyň alamat-nyşany hökmünde görlen göreş sungaty türkmen halkynyň arasynda şeýle bir meşhur derejä baryp ýetipdir welin, gadymy döwürler bu sungat bilen türkmen gelin-gyzlary hem meşgullanyp, ony hatda maşgala gurmagyň bir çözgüdi derejesine çenli ösdüripdirler. Muňa «Kitaby dädem Gorkut» şadessanyndaky Bamsy Beýrek bilen Banuçiçegiň, «Görogly» eposyndaky Görogly beg bilen Harmandäliniň arasynda bolan göreşleri we beýlekileri mysal hökmünde görkezse bolar. Halk arasyndan ýygnanyp alnan rowaýatlarda-da taýsyz pälwan hesaplanan Salyr Gazanyň hem özi ýaly bir pälwan gyz bilen göreşip, ony ýeňendigi beýan edilýär. Şeýle taryhy pälwanlaryň biri hem orta asyrlarda Aziýanyň «çempiony» derejesine göterilen Mahmyt Pälwan bolupdyr.
Her bir ynsanyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmakda, erki, ukyby, zehini taplamakda hereketiň sportuň peýdasy çäksizdir. Türkmen milli göreşi hem aýkido, dzýudo, guşakly göreş, karate, kuraş, taekwondo, uşu ýaly beden taýdan taplanan, zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmekde synagdan geçen we nesilden-nesle geçip gelýän asylly däpleriň biridir. Türkmen milli göreşi Aziýa oýunlarynyň sanawyna girizildi. Munuň özi Türkmenistanda köpugurly sportuň ösdürilmegine, her bir adamyň sagdyn durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen işleriň netijeli hasiýete eýediginiň anyk güwäsi bolup durýar.
Döwrüniň belli pälwany, ussal rubagyçy şahyr Mahmyt Pälwan, irki çeşmeleriň agramly böleginiň berýän maglumatlaryna görä, 1255-nji ýylda gadymy Horezmde, has dogrusy, Gürgenç Köneürgenç topragynda dünýä inip, 1326-njy ýylda dünýäden ötüpdir. Şahyryň aramgähi Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda öz adyny göterýän Ysmamyt ata öwlüýasinde ýerleşýär. Mahmyt Pälwanyň öz ady Mahmyt, kakasynyň ady Ýar ýa-da Pirýar bolupdyr. Ilat arasynda Pirýar weli ady bilen meşhur bolan bu şahsyň aramgähi Köneürgenç şäherindedir.
Abdyrahman Jamynyň «Nefehatul-üns», Alyşir Nowaýynyň «Nesaýymyl-muhabbet», Hüseýin Wagyz Kaşifiniň «Futuwwetnamaýy Soltany», Kemaleddin Hüseýin Gäzergähiniň «Mejälisul-uşşak» atly eserlerinde we beýleki ilkinji çeşmelerde Mahmyt Pälwanyň ilkibaşdaky adynyň «Mahmyt Böke Ýar», ýagny «Ýaryň ogly Mahmyt Böke (Pälwan)» görnüşinde meşhur bolandygy beýan edilýär. Bu maglumatlar Mahmyt Pälwanyň gelip çykyşy boýunça türkmen pälwany bolandygyny anyklamakda uly ähmiýete eýedir. Çünki «böke» sözi irki türkmen dilinde pälwan diýmegi aňladypdyr. Bu sözüň manysy bekewül (bökewül) göreş tutýanlaryň emini sözünde saklanyp galypdyr. Mahmyt Pälwan halk arasynda Mahmyt ata, Pälwan ata, Hezreti Pälwan, Pälwan Mahmyt, Pilmahmyt ýaly dürli atlar bilen atlandyrylypdyr. Häzirki döwürde ol Ysmamyt ata ady bilen meşhurdyr. Bu barada akyldar şahyr Magtymguly Pyragy özüniň «Şypa ber» atly şygrynda: «Horezm ýurdunda ýatan jananlar, Ismi Mahmyt ar päliwan şypa ber», Oraz Aşyky (XIX asyr) hem «Medetkär Ysmamyt Pälwan bölaýdy» diýip ýatlap geçýär.
Şahyr ylym-bilimi söýýän, halalhon, takwa we pälwanlykdan baş çykarýan maşgalada önüp-ösüpdir. Ol başlangyç bilimi Gürgençde alýar. Onuň öz döwrüniň ylymly-bilimli adamlarynyň biri bolandygyny, döwrüniň pelsepewi, jemgyýetçilik-syýasy, sopuçylyk we edebi ylymlaryndan oňat baş çykarandygyny çeper rubagylary, «Kenzil-hakaýyk» («Hakykatlar genji») atly eseri we köp sanly ylmy çeşmeler tassyklaýar.
Şahyryň biziň günlerimize 200-den gowrak rubagysy, «Kenzil-hakaýyk» atly mesnewisi, bir gazaly we birnäçe kytgasy gelip ýetipdir. Onuň çuňňur pelsepä ýugrulan döredijiligi diňe bir parsy dilli türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, tutuş Gündogar edebiýatynyň hem ösmegine itergi beripdir.
Çeşmelerde Mahmyt Pälwanyň Kattaly edebi tahallusyny ulanandygy beýan edilýär. Onuň biziň döwrümize Kattaly tahallusy bilen ýazan eserlerinden diňe ýeke-täk bir gazaly gelip ýetipdir.
Mahmyt Pälwan diňe bir rubagyçy şahyr bolman, eýsem, ol örän güýçli pälwan hem bolupdyr. Pälwanlygy şahyrlygyndan, şahyrlygy pälwanlygyndan zyýada bolan Mahmyt Pälwan kakasynyň ugrukdyrmagy bilen, ýaşlykdan göreş sungaty bilen içgin gyzyklanypdyr we meşhur pälwan bolup ýetişipdir. Bu barada Alyguly han Dagystany«Ryýazuş-şugara» atly eserinde: «Ol özüniň belent mertebeli we hormatly kakasynyň ýörelgesine eýerip, pälwanlyk lybasynda bir älemi janlandyrdy, azat-erkinlik eşiginde bir älemi özüne bendi etdi...» diýip, Mahmyt Pälwana ýokary baha beripdir. Bu maglumat onuň pälwanlar neberesinden bolandygyna şaýallyk edýär.
Ol örän berdaşly, daýaw, kuwwally, haýbatly pälwan bolup, kämillik ýyllarynda Horezmde, Mawerennahrda, Horasanda, Eýranda, halda Hindislanda hem onuň arkasyny ýere degrip bilen pälwan tapylmandyr. Ol bütin ömrüne bu ülkeleriň baş pälwany hökmünde toýlarda, dabaralarda ýa-da ýörite göreş ýaryşlarynda yzygiderli göreş tutup, hemişe ýeňiş gazanypdyr. Hatda şa pälwanlaryny-da ýenip, uly at-abraýa eýe bolupdyr. Şonuň üçin orta asyr tezkireçi alymlary oňa örän ýokary baha beripdirler. Türkmen tezkireçisi Lutfulla beg Azer Begdiliniň 1174-nji hijri-kamary 1760-1761-nji milady ýylynda ýazan «Ateşkedeýi-Azer» atly eserinde ol hakynda: «Pälwanlyk owazasy, jismany we ruhany kuwwaty jahany tutan (eýelän). Öz döwründe taýsyz, belki, hiç döwürde hiç kim onuň bilen merdanalyk lapyny urup bilmez. Şygyr sungatynda hem ussat bolupdyr» diýlip, pälwanlyk abraýy bilen bir hatarda ussal rubagyçydygy hem nygtalypdyr.
Mahmyt Pälwan göreş sungatynyň inçe syrlaryny doly özleşdirenden soň, ýörite pälwanlyk sport mekdebini göreş öýüni açyp, köp sanly şägirtleri ýetişdiripdir. Şonuň üçin ol wagtyň geçmegi bilen pälwanlaryň piri hasaplanylyp ugrapdyr. Soňabaka onuň ady pälwanlaryň pälwany, pälwanlaryň piri diýen manyda, hatda baş pälwana berilýän lakam manysynda ulanylyp ugrapdyr. Şonuň üçin onuň goşgulary ilkibaşda şägirtleriniň arasynda, soň-soňlar bolsa göreş meýdanyndaky pälwanlaryň arasynda okalypdyr, ondan medet dilenipdir. Pälwanlar onuň ady bilen ant içipdirler, göreş öýlerinde bolan dabaralarda, «Ýa Pirýar weli» diýen sözi dilleriniň senasy edip, ondan ruhy goldaw tapypdyrlar. Şonuň üçin bu endik soň-soňlar däbe öwrülip, ol ýörelge Eýranda, Owganystanda we Hindistanyň kabir ýerlerinde häzire çenli saklanyp galypdyr.
Ol göreş öýünde öz şägirtlerine diňe bir pälwançylygyň inçe syrlaryny, inçe sungatlaryny öwretmän, olara, ilkinji nobatda, ynsanperwerlik, ejize hemaýat, entäni goldamak ýaly adamkärçilikli ýokary ahlak ýörelgelerini hem öwredipdir.
Çeşmelerde Mahmyt Pälwanyň örän ynsanperwer, adamkärçilikli, Watanyny, il-ýurduny söýen pälwan bolandygy barada biri-birinden az-kem tapawutly, emma biri-biriniň üstüni ýetirýän birnäçe hekaýatlardyr rowaýatlar, ylmy maglumatlar saklanyp galypdyr:
Rowaýatlarda aýdylyşyna görä, Mahmyt Pälwana Hind ülkesiniň şasy Çunadan öz huzuryna çagyrýan bir çakylyk gelip ýetipdir. Bu çakylykda onuň näme maksat bilen çagyrylýandygy beýan edilmändir. Şonda Mahmyt Pälwan özüni hindi şasy hyzmatynda gulluk etmäge çagyrandyr öýdüp, Watanyny hiç bir zada çalyşmajagyny aýdyp, permana garşylykly şu rubagyny goşupdyr:
Bir zergär oglanjyk ülkesi Miltan,
Çakylyk getirdi berdi diýp soltan,
Men-u dostlarmyň hümmeti gaşynda,
Bir arpa alynmaz Çuna, Hindistan.
Emma gaýyp äleminden oňa ol ýere gitmek barada bir yşarat bolupdyr, ýagny pälwan özüniň göreş tutmak üçin ol ýere çagyrylandygyny bilipdir. Şondan soň ol Hindislana barypdyr. Hind mülküniň patyşasynyň bir atly pälwany bar eken. Palyşa Mahmyt Pälwany şol pälwan bilen göreşdirmek üçin çagyran eken. Hindistana baran Mahmyt Pälwan özüniň hemişeki kadasy-ýörelgesi bilen göreş tutuljak gününden bir gün öň Allatagala doga-dileg etmek maksady bilen mukaddes öwlüýälere zyýarata barýar. Doga-dileg edip durka, bir keramatly mazaryň başynda bir garry aýalyň nalyşy bilen Taňra doga-dileg edip: «Hudaý-a, bu Horezmden gelen pälwanyň garşysynda meniň oglumy şermende-ýüzügara çykarmagaý Sen. Oglumyň hem, biziň hem ykbalymyz şoňa bagly, bizi şanyň gazabyna duçar etmegeý Sen» diýip, mynajat kylyp, ýal-baryp duranyny görüpdir. Bu zenanyň şa pälwanynyň enesidigini bilen Mahmyt Pälwan onuň zaryn sözlerine, nälyşyna we perişanlygyna dözmän, ertesi toýda şa pälwanyndan ýykylmagy müwessa bilýär. Patyşa Mahmyt Pälwan bilen öz pälwanyna göreş tutmagy emr edýär. Mahmyt Pälwan bir-iki gezek zor salandan şa pälwanynyň özünden ezizdigini bilýär. Emma ol birnäçe wagtlap tomaşaçylary gyzykdyrmak maksady bilen dürli göreş emellerini ulanyp, halka hezil berýär. Soňra, adam ykbaly bilen baglanyşykly bolany üçin, bilgeşleýin garşydaşyndan ýykylýar we özüniň bu işinden hoşal bolýar. Hindi patyşasy hem begenip, maksadyna ýetýär. Şägirtleri ýagdaýy aňlap, ondan närazy bolýarlar. Şonda Mahmyt Pälwan olara:
Güýç synanyşmakdan, göreş-mekden maksat diňe bir garşydaş pälwanyňy ýere ýykmak däl, pälwana ilkinji gerek zat merdanalykdyr, ejize mähribanlykdyr, goldawdyr:
Güýçli elin, güýç-kuwwatyň şüküri,
Ejizleriň elin tutmak ahyry
diýip, pälwanlygyň ahlak ýörelgeleri barada olara öwüt-nesihat beripdir. Emma olar halypasyndan närazy bolupdyrlar. Şonda Mahmyt Pälwan olara: «Men ýykylsam hem, ýyksam hem, öňki Mahmytdyryn» diýip, şäherden daşary sähra çykyp, olar bilen ýeke-ýekeden göreş tutup, baryny ýykýar.
Emma hindi şasy ýörite çagyryp getirdendigi üçin, Mahmyt Pälwany, ýykylan hem bolsa, hormatlap-sarpalap, öz söhbedine-mejlisine goşupdyr, ýürekdeşlik edip, aw-şikara bile gidipdir. Bir gün Mahmyt Pälwany hem özi bilen alyp, daglyk ýerde aw awlap ýörkäler, şanyň kowalap barýan awy gaýadan uçupdyr. Patyşa hem atynyň jylawyny saklap bilmändir. Atyň iki aýagy kemer gyrasynda galyp, öňki iki aýagy hata bolanda gaýadan sallananda, şanyň ýany bilen al çapdyryp gelýän Mahmyt Pälwan derrew elini uzadyp, aty üstündäki patyşa bilen bilelikde göterip, düz-tekiz ýerde goýupdyr. Muny gören patyşa örän haýran galyp: «Munuň ýaly aýylganç güýjüň bilen meniň pälwanymdan ýykylmagyň geň galdyryjy» diýipdir. Şonda Mahmyt Pälwan onuň düýp sebäbiniň şanyň özüdigini ýaňzydyp, şu rubagyny aýdypdyr:
Mert kişi nebsine bolýandyr emir,
Hiç kime daýanmaz, özgä tekge biýr,
Düşeniň aýagyn almak mertlik däl,
Mertlik ýykylana bolmakdyr destgir.
Şonda Hindistanyň patyşasy hoşal bolup, Mahmyt Pälwana hormat-sarpa bilen ýüzlenip: «Menden näme dilegiň bolsa dile, bitireýin» diýipdir. Mahmyt Pälwan patyşadan maly-dünýä, altyn-kümüş dilemän, birwagtlar Hindislana ýesir düşen horezmli ýesirleri azat etmegini haýyş edipdir. Hindistan patyşasy Mahmyt Pälwanyň haýyşyny kabul edip, horezmli ýesirleri boşadyp, ýol harajatlaryny-da berip, Horezme iberipdir. Kabir rowaýatlarda gelşine görä, şa şonda Mahmyt Pälwana bir pil sowgat beripdir. Şonuň üçin oňa Pilmahmyt hem diýlipdir.
Bu rowaýatlar we taryhy maglumatlar Mahmyt Pälwanyň örän adamkärçilikli, ejize hemaýalkär, entäne ýardam etmek-de öz bähbidinden geçmegi başarýan, watansöýer ynsan bolandygyna şaýatlyk edýär. Horezmdir Horasany, Eýrandyr Turany, hatda Hindistany hem öz pälwanlygy bilen baglan, halk arasynda belent adamkärçiligi, ynsanperwerligi bilen giňden tanalan türkmen gerçegi:
Birgöwün awlamak uly haj, bilseň,
Müň Käbeden artyk bir ýürek, bil sen
diýmek bilen, ynsan mertebesini bar zatdan ýokary tutupdyr.
Rahmanberdi GODAROW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri.