"Ylym" bölümi boýunça serginiň işine gatnaşmaklyga isleg bildirýänler üçin maglumat

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




Aşgabadyň Sergiler köşgünde 2008-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 1-3-i aralygynda Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolynyň 104-nji jaýyndaky salgyda "Bilim, ylym, sport we syýahatçylyk Beýik Galkynyş zamanasynda" atly I halkara sergisi we maslahaty geçirilýär.

    Maslahat indiki meselelere garamaklyga bagyşlanan:
  • ylmy işleri guramagyň, ösdürmegiň, maliýeleşdirmegiň we onuň netijelerini peýdalanmagyň häzirki zaman meýilleri;
  • grantlary çekmek;
  • ýokary hünär derejeli ylmy işgärleri taýýarlamak we hünär synagyndan geçirmek;
  • bitewi ylym-bilim habarlar ulgamyny döretmek we işini ýola goýmak.

Maslahatyň iş dilleri: türkmen, rus we iňlis dilleri.

Hasaba aldyrmak

Hasaba aldyrmak üçin maslahata gatnaşyjynyň bellenen nusgadaky hasaba alyş görnüşini doldurmak zerur.

Maslahatda gatnaşyjynyň hasaba alyş görnüşi

.rtf (esst_conf_resgitration_form_tm.rft, 23KB) formatda doldurmaly

Familiýasy 
Ady
Atasynyň ady
Wezipesi
Alymlyk derejesi, ady
Guramasy (doly ady)
Gysgaldylan ady (eger-de bar bolsa)
Guramanyň salgysy (poçta indeksi bilen)
Gulluk telefony(kody)
Faks(kody)
Iş E-maili
Çykyşynyň temasy
Çykyş haýsy dilde taýýarlanan
Tehniki serişdeleriň berilmeginiň derwaýyslygy (haýsylardygyny görkezmeli)
Myhmanhanada otagy öňünden bellemegiň zerurlygy. Önünden bellenýän otagyň görnüşi
Gelýän senesi. Gidýän senesi

Gysgaça beýanlaryň çap edilişi

Gysgaça beýanlary 2008-nji ýylyň Nowruz aýynyň 30-na çenli iberilmegi zerur. Gysgaça beýanlara biziň saýtymyza gelip gowuşýan çäklerinde garalýar we çap edilýär.

Gysgaça beýanlar boýunça düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär. Gysgaça beýanlar Guramaçylyk komitetiniň karary boýunça aýrylyp bilner, bu barada maslahata gatnaşyja maslahat başlanmazdan 2 hepde öňürti gijikdirmän habar berler.

Gysgaça beýanlaryň resmileşdirilişine talaplar aşakda görkezildi

Çykyşlaryň gysgaça beýanlaryny resmileşdirmek

    Çykyşlaryň gysgaça beýanlary indiki formatlaryň diňe biri boýunça kabul edilýär:
  • Windows üçin Word resminamasy (görnüşleri 6.0/95 ýa-da 97/2000/XP doc giňeltmek bilen);
  • DOS ýa-da Windows-kodlaşdyrmaklyga ýazgy faýly (txt giňeltmek bilen).
    Gysgaça beýanlar resmileşdirilende indiki talaplary berjaý etmegiňizi haýyş edýäris:
  • Faýl setirleýin mazmunda bolmalydyr:
  • türkmen we rus dillerindeÇYKYŞLARYŇ GYSGAÇA BEÝANLARYNYŇ ADY - ýazmaça harplar bilen
    Awtoryň familiýasy, ady, atasynyň ady (doly) we e-mail (ýaýyň içinde)
    Guramanyň doly ady (ýaýyň içinde - gysgaldylan), şäheri*
    *eger-de guramanyň adynda bolmasa görkezilýär
    Annotasiýa sözbaşysynyň astynda Annotasiýa (1 abzas 400 nyşana çenli)
    iňlis dilindeÇYKYŞLARYŇ GYSGAÇA BEÝANLARYNYŇ ADY - ýazmaça harplar bilen
    Awtoryň familiýasy, ady (doly) we e-mail (ýaýyň içinde)
    Guramanyň, şäheriň doly ady (ýaýyň içinde - gysgaldylan)
    Abstrakt sözbaşysynyň astynda Annotasiýa (1 abzas 400 nyşana çenli)
    türkmen dilindeÇykyşlaryň gysgaça beýanlarynyň göwrümi - açyk ýerleri bilen bilelikde 10 000 nyşandan köp bolmadyk (edebiýatlaryň sanawy hem statistika goşulýar)
    Edebiýatlar sözbaşysy astynda peýdalanylan edebiýatlaryň sanawy
  • Sahypalaryň formaty - A4. Şrift Arial, 12-lik ölçegde, setirara aralyk - birlik. Ýazgynyň ini: 14,7 sm
  • Ýazgynyň formatlanyşy:
    • sözleri ýarymgaraldylan görnüşde bölmekden başga ýazgynyň astynda islendik görnüşleri goýmak gadagan ("gyzyl" setirler, merkezleşdirme, yza çekilme, sözlerde ýerini üýtgetmek we ş.m.), belgi goýujy we nomerlenen (birinji derejeli) sanawlary aşagyny çyzmak we peýdalanmak;
    • suratlaryň, formulalaryň we görkezgiçleriň bolmagyna diňe, eger-de ýazgy görnüşinde beýan etmek mümkin bolmadyk ýagdaýlarynda rugsat edilýär. Bu ýagdaýda her bir görnüş sahypanyň görkezilen ölçeginden ýokary geçmeli däldir, onuň şrifti bolsa 12-likden kiçi bolmaly däldir (CorelDRAW, Adobe Illustrator, WMF, Visio), formulalary diňe (GIF, JPG, BMP, TIFF) erginleri bilen. Ähli görnüşler tegmilsiz gara-ak reňkde bolmalydyr, şunlukda, gysgaça beýanlaryň umumy möçberi A4 formatda 3 sahypadan köp bolmaly däldir;
    • aralyklaryny ýygjamlaşdyrmak gadagan;
    • talaplar bozulanda görnüşler gysgaça beýanlardan aýrylýar;
    • awtorlar bilen hat alşylmaýar we nusgany täzelemeklik kabul edilmeýär.
    • Abzaslar birek-birekden boş setir aralyk bilen bölünendir (goşmaça "Enter" bilen).
    • Kompýuter ýygymlarynyň esasy düzgünlerini berjaý etmek zerur (mysal üçin, dyngy belgileriniň nyşanlarynyň öňünden açyk ýer goýmaly däl, soňundan goýmak hökmany). MSWord tabşyrylanda rus diliniň kadalary boýunça kese çyzyk däl-de, tire goýmaly (düwmejikleriň basylyşy <Ctrl> + <Alt> + <çal minus>).
  • Mümkin boldugyça arhiwe salmaly däl. Eger-de Siz arhiwleri ulanýan bolsaňyz, onda diňe .zip ýa-da .rar formatlardan peýdalanmagyňyzy haýyş edýäris. Gysgaça beýanly hatyňyz kabul edilende Size tassyknama iberiler.

Üns beriň. Faýllaryň ady awtoryň (awtorlaryň) familiýasy bilen başlanmalydyr.

Gysgaça beýanlara we hasaba alyş görnüşlerine salgylanma.

"Ylym" bölümi boýunça maslahatyň işine gatnaşmak üçin sargydy, maslahata gatnaşyjynyň hasaba alyş görnüşini, çykyşlaryň gysgaça beýanlaryny we çykyşlary tanyşdyrmaklyk üçin 2008-nji ýylyň Nowruz aýynyň 30-na çenli Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeşe şu salgy boýunça: 744000, Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 15, ýa-da maslahatyň guramaçylyk komitetiniň salgysy boýunça elektron poçta: conference@science.gov.tm ibermek zerur.

Siziň gysgaça beýanlaryňyzy biziň alandygymyzyň kepilnamasy Guramaçylyk komitetiniň jogap haty hasaplanýar.

Çykyşlaryň gysgaça beýanlarynyň ýygyndysy maslahat başlanýança neşir ediler.

GURAMAÇYLYK KOMITETI

e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2021, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy