![]() |
![]() | ![]() «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahaty |
|
||
| ![]() ![]() ![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
||||||||
![]() |
![]()
|
![]() |
![]() Türkmenistanyň Ylymlar güni mynasybetli geçiriljek «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat baradaHABARNAMA
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy 2022-nji ýylyň 12-13-nji iýunynda Aşgabat şäherinde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiriljek «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrýar. Ylmy maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus dilleri. Ylmy maslahatyň tematiki ugurlary: 1. Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek, energetika we tehniki ylymlar; 2. Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; 3. Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, takyk ylymlar; 4. Häzirki zaman lukmançylygy we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; 5. Innowasion ykdysadyýet; 6. Ynsanperwer ylymlar. Ylmy maslahata gatnaşmak üçin degişli resminamalar, nutuklaryň gyçgaça beýanlary Ylmy maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler zerur maglumatlary tabşyrmak üçin degişli şertleri we talaplary berjaý etmelidirler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 15. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 94-30-81, 94-13-37. Maslahatyň maksatnamasy aşakdaky baglanyşykda elýeterlidir. Halkara ylmy maslahatyň nutuklarynyň gysgaça beýany: 1-nji jilt, 2-nji jilt. |
![]() |
![]() |
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy |