![]() |
![]() | ![]() Talaplary |
|
||
| ![]() ![]() ![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
|||||||||||||||||||||||||||||
![]() |
![]()
|
![]() |
![]() Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek «Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi» atly ylmy maslahata gatnaşmak üçin maglumatlaryň resmileşdirilmegine we nutuklaryň gysgaça beýanlaryna bildirilýän TALAPLARYlmy maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus dilleri. Ylmy maslahatyň işine gatnaşmak üçin:1. Maslahata gatnaşyjy hasaba alnyş maglumatyny doldurmaly; 2. Nutugyň gysgaça beýanyny we annotasiýasyny guramaçylyk toparyna ibermeli. Nutugyň gysgaça beýany we hasaba alnyş maglumaty ylmy maslahatyň iş dilleriniň birinde, annotasiýalar bolsa beýleki iki dilde bolmaly. Türkmenistanly alymlar üçin ylmy maslahata gatnaşyjynyň hasaba alnyş maglumaty (adaty şrift, Times New Roman, 12 pt, türkmen dilinde doldurylmaly):
Nutuklaryň gysgaça beýanlaryny we annotasiýalaryny resmileşdirmeklige hökmany talaplar:1. Maslahata gatnaşyjy diňe bir makala hödürläp biler we makalanyň ikiden köp awtory bolmaly däldir. Makalada awtor (awtorlar) tarapyndan geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijeleri beýan edilmeli. 2. Nutugyň gysgaça beýanynyň möçberi A4 (210×297 mm) formatda, 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalarynyň her biriniň möçberi A4 formatda 0,5 sahypa çenli bolmaly. 3. Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar Times New Roman şrifti bilen ýazylmaly we bir faýlda saklanylmaly - awtoryň (awtorlaryň) ady, familiýasy (dolulygyna), döwletiň ady ýaýyň içinde görkezilmeli (mysal üçin: Nurmyrat Ataýew (Türkmenistan), setiriň merkezi boýunça deňlemek bilen - nutugyň ady baş harplar bilen setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli we adaty - ylmy maslahatda çykyş edýäniň ady, familiýasy (eger çykyşyň birnäçe awtory bar bolsa, hemmesi görkezilmeli) adaty - nutugyň gysgaça beýanynyň galan bölegini ýazmazdan ozal 1 setir goýbermeli. 4. Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň esasy mazmuny 14 ölçegdäki adaty şrift bilen ýazylmaly we setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Setirleriň arasy 1‑lik ölçegde bolmaly. Matematiki formulalar kompýuterde degişli formula redaktorlarynyň kömegi bilen ýazylmaly. Sahypa ölçegi: ýokary we aşak taraplarda 2,0 sm, çep tarapda 2,5 sm, sag tarapda 1,5 sm. 5. Edebiýatlaryň sanawy olaryň nutugyň beýanynda salgylanylan tertibinde ýerleşdirilmeli. Edebi çeşmeleriň salgylanmalary nutugyň beýanynda inedördül ýaýyň içinde sanlar bilen belgilenilýär: [1], [2], 6. Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenilmeýär. Annotasiýanyň iňlis we rus dillerine terjimelerini Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary «Ylym» neşirýatynda tassyklatmaly, başga şäherlerden gelýän awtorlar ýokary okuw mekdepleriniň degişli kafedralarynda ýa-da terjime edaralarynda tassyklatmaly. 7. Ylmy işiň aýratynlyklaryna baglylykda nutugy şekiller, formulalar we tablisalar görnüşinde beýan etmäge ýol berilýär. Bu ýagdaýda her bir şekil sahypanyň görkezilen ölçeginden çykmaly däl, şrifti bolsa 8. Maslahata tabşyrylýan ähli maglumatlar we nutugyň gysgaça beýany diňe Word formatynda kabul edilýär (doc we docx giňeltmesi bilen). 9. Nutuk Kabul edilenden soňra hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär. 10. Guramaçylyk toparynyň karary boýunça nutugyň gysgaça beýany kabul edilmän bilner. 11. Kabul edilen resminamalar yzyna gaýtarylmaýar. 12. Hasaba alnyş görnüşler, nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar çykyş edýäniň işleýän edarasynda seredilmeli we edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen hat üsti bilen ugradylmaly. 13. Hata hökmany suratda hasaba alnyş görnüşiniň, nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň elektron görnüşleri hem goşulmaly. 14. Faýllary arhiwirlemeli däl! Üns beriň!1. Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlyň içinde ýerleşdirilmeli. Faýlyň ady çykyş edýäniň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «tez» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, çykyş edýän Ataýew Nurmyrat Täçmyradowiç, faýlyň ady- «Ataýew N.T.tez.doc». 2. Hasaba alnyş görnüşleri nutugyň ähli awtorlary tarapyndan doldurylýar we bir faýlda ýerleşdirilýär. Ilki bilen ylmy maslahatda çykyş edýäniň hasaba alnyş görnüşi, soňra bolsa awtordaşlaryň hasaba alnyş görnüşleri ýerleşdirilýär. Hasaba alnyş maglumaty üçin faýlyň ady awtoryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «reg» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin: «Ataýew N.T.reg.doc» 3. Her bir nutugyň gysgaça beýany üçin aýratyn faýl döredilmeli we ylmy maslahatda nutuk bilen çykyş edýäniň ady görkezilen elektron bukjada goýulmaly. Mysal üçin: «Ataýew N.T.» 4. Her bir nutuk ýerleşdirilen elektron bukjada degişli edaranyň ady ýazylmaly. Guramaçylyk topary |
![]() |
![]() |
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2021, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy |