«Altyn Asyr» türkmen kölüniň sebitiň ekologiýasyny gowulandyrmakdaky ähmiýeti" atly halkara ylmy maslahat

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma
RSS 
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Peýdaly baglanyşyklar
Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw





Hormatly kärdeşler!

«Altyn Asyryň» türkmen köli −2010″ halkara maslahatyň geçirilýän möhleti we ýeri üýtgedildi.

«Altyn Asyr» türkmen kölüniň sebitiň ekologiýasyny gowulandyrmakdaky ähmiýeti" atly Halkara konferensiýa 2010-njy ýylyň 24— 25 martynda Awaza syýahatçylyk zolagynda (Türkmenbaşy ş.) geçiriler. Dokladlaryň tezisleri we hasaba alyş listlerini kabul etmek 2010-njy ýylyň 5-nji martyna çenli turkmenlake@rambler.ru elektron adresi boýunça dowam etdiriler.

Ylmy maslahatyň guramaçysy — Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

Ylmy maslahatyň esasy ugurlary:

— Ylmy-tehniki, sosial-ykdysady we ekologik jähtlerden şor suw akabalar ulgamynyň suwlaryny peýdalanmak;

— Suwarymly ekerançylykda,maldarçylykda,balyklary köpeltmekde, örüleri suwlandyrmakda şor suw akabalar ulgamynyň suwlaryny ulanmakda gazalynan üstünlikleri;

— Şor suw akabalar ulgamynyň täsir ediş zolagynda biogeosenozlaryň ýagdaýlarynyň üýtgemegi;

— Şor suw akabalar ulgamynyň suwlaryny arassalamak we suwuň duzyny aýyrmak boýunça täze tehnologiýalar we enjamlar.

Maslahata gatnaşyjylaryň teklipleri boýunça, maslahatyň tematikasynyň üsti doldurylyp bilner.

Maslahatyň esasy maksady — Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň tejribesini umumylaşdyrmak, ylmy ösdürmegiň we energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmak boýunça netijeli taslamalary durmuşa geçirmek üçin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak we hyzmatdaşlary çekmek;

— täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrylmaklyga ýardam etmek, olaryň peýdalanylmagyndan ýokary ykdysady netije almak.

Ylmy maslahata gatnaşmak üçin resminamalar 2010-njy ýylyň 5-nji martyna çenli kabul edilýär.

Salgymyz — 744000, Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 15

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

Habarlaşmak üçin telefonlarymyz:

35-36-94 — Akyýew Agamyrat Ýazjumaýewiç

35-49-65 — Geldihanow Amangylyç Muhammedowiç

faks: 39-67-72

 

GURAMAÇYLYK TOPARY

e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy