Döwlet

Döwlet Gimni

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Döwlet
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma
  

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



Türkmenistanyň kanuny «Türkmenistanyň Döwlet baıdagy hakynda» (täze görnüşi)

Milletiň agzybirliginiň we garaşsyzlygynyň hem-de bitaraplygynyň nyşany - Türkmenistanyň Döwlet Baıdagy barada Türkmenistanyň Kanuny.

Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Döwlet Gerbi we onuň aňladıan manysy barada.

Döwlet Sylaglary

Türkmenistanda şu aşakdaky döwlet sylaglary bellenildi

Milli Baıramçylyklar We Belli Seneler

Garaşsyzlyk ıyllary içinde Türkmenistanyň taryhy geçmişi bilen baglanyşykly aıratyn belli seneler ählihalk tarapyndan bellenilip başlandy: 1881-nji ıylyň 12-nji ıanwarynda Gökdepe galasyny goramakda gahrymanlarça wepat bolanlara bagyşlanan Hatyra güni; Beıik Watançylyk urşunda wepat bolan Türkmenistanyň Milli Gahrymanlarynyň hatyrasyna bellenilıän İatlama we umumy milli matam güni; 1948-nji ıylyň Aşgabat ıer titremesinde heläk bolanlaryň Milli ıatlama güni bellenilıär. Garaşsyzlyk döwrüniň şanly wakalary bilen baglanyşykly baıramlar: Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni, Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň Döwlet baıdagynyň baıramy, Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryıet güni ıaly baıramlar hem döredildi.

Milli Pul (WALİUTA)

“Türkmenistanyň pul birligi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laıyklykda Türkmenistanda milli pul bolup manat durıar, bir manat 100 teňňä deňdir. Manat resmi pul hökmünde 1993–nji ıylyň noıabryndan başlap, Türkmenistanyň çäginde dolanyşyga goıberildi.

Döwlet gimni - sazly - şahyrana eser bolup, döwlet häkimiıetiniň berkaralygynyň mahsuslygyny, garaşsyz döwletiň aırylmaz alamatyny (atributyny) aňladıar.

Türkmenistanyň döwlet Gimni resmi taıdan 1996-njy ıylyň 27-nji sentıabrynda Halk Maslahatynyň VII mejlisinde tassyklanyldy.

Gimn daşary ıurtlaryň resmi delegasiıalarynyň baştutanlarynyň duşuşygy mahaly (döwlet, hökümet, parlament baştutanlary), Halk Maslahatynyň, Mejlisiň mejlisleriniň açylıan we ıapylıan halatynda, baıramçylyk, sport we beıleki şanly dabaralar mynasybetli ıa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen beıleki halatlarda dabaraly ıagdaıda ıerine ıetirilıär. Türkmenistanyň Döwlet gimni möhüm syıasy, ıuridiki we durmuş –ahlak ähmiıete eıedir. Ol çuň watansöıjüligi, halkyň Watanyna, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşa bolan söıgüsini aňladıar, garaşsyz ıurduna bolan guwanç duıgusyny beıan edıär. Döwlet gimni halkyň, Watanyň we Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň jebisliginiň, bütewiliginiň aňlatmasy bolup durıar.

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET GIMNI

Türkmenbaşyň guran beıik binasy,
Berkarar döwletim, jigerim-janym,
Başlaryň täji sen, diller senasy,
Dünıä dursun, sen dur, Türkmenistanym!

Janym gurban saňa, erkana ıurdum,
Mert pederleň ruhy bardyr köňülde.
Bitarap, garaşsyz topragyň nurdur,
Baıdagyň belentdir dünıäň öňünde.

Türkmenbaşyň guran beıik binasy,
Berkarar döwletim, jigerim-janym,
Başlaryň täji sen, diller senasy,
Dünıä dursun, sen dur, Türkmenistanym!

Gardaşdyr tireler, amandyr iller,
Owal-ahyr birdir biziň ganymyz.
Harasatlar almaz, syndyrmaz siller,
Nesiller döş gerip gorar şanymyz.

Türkmenbaşyň guran beıik binasy,
Berkarar döwletim, jigerim-janym,
Başlaryň täji sen, diller senasy,
Dünıä dursun, sen dur, Türkmenistanym!

Arkamdyr bu daglar, penamdyr düzler,
Ykbalym, namysym, togabym, Watan!
Saňa şek ıetirse, kör bolsun gözler,
Geçmişim, geljegim, dowamym Watan!

e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy