Döwlet

Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Döwlet
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma
  

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



Türkmenistanyň kanuny «Türkmenistanyň Döwlet baıdagy hakynda» (täze görnüşi)

Milletiň agzybirliginiň we garaşsyzlygynyň hem-de bitaraplygynyň nyşany - Türkmenistanyň Döwlet Baıdagy barada Türkmenistanyň Kanuny.

Döwlet Gimni

Döwlet gimni - sazly - şahyrana eser bolup, döwlet häkimiıetiniň berkaralygynyň mahsuslygyny, garaşsyz döwletiň aırylmaz alamatyny (atributyny) aňladıar.

Döwlet Sylaglary

Türkmenistanda şu aşakdaky döwlet sylaglary bellenildi

Milli Baıramçylyklar We Belli Seneler

Garaşsyzlyk ıyllary içinde Türkmenistanyň taryhy geçmişi bilen baglanyşykly aıratyn belli seneler ählihalk tarapyndan bellenilip başlandy: 1881-nji ıylyň 12-nji ıanwarynda Gökdepe galasyny goramakda gahrymanlarça wepat bolanlara bagyşlanan Hatyra güni; Beıik Watançylyk urşunda wepat bolan Türkmenistanyň Milli Gahrymanlarynyň hatyrasyna bellenilıän İatlama we umumy milli matam güni; 1948-nji ıylyň Aşgabat ıer titremesinde heläk bolanlaryň Milli ıatlama güni bellenilıär. Garaşsyzlyk döwrüniň şanly wakalary bilen baglanyşykly baıramlar: Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni, Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň Döwlet baıdagynyň baıramy, Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryıet güni ıaly baıramlar hem döredildi.

Milli Pul (WALİUTA)

“Türkmenistanyň pul birligi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laıyklykda Türkmenistanda milli pul bolup manat durıar, bir manat 100 teňňä deňdir. Manat resmi pul hökmünde 1993–nji ıylyň noıabryndan başlap, Türkmenistanyň çäginde dolanyşyga goıberildi.

Türkmenistanyň Döwlet gerbiniň şekili, reňkleri we möçberleri “Türkmenistanyň Döwlet gerbi hakyndaky” 1992-ıylyň Baıdak aıynyň 19-daky Türkmenistanyň № 654-XII Kanunynyň 2-nji maddasynyň we Türkmenistanyň Döwlet gerbi hakyndaky düzgünnamanyň talaplaryna laıyk bolmaly.

Gerb umumy merkezi bolan, biri-biriniň içinde ıerleşdirilen mawy reňkli kiçi (diametri d), gyzyl reňkli ortaky (diametri 2d) we ıaşyl reňkli uly (diametri 3,2d) üç tegelek bilen emele getirilıär.

Tegelekleriň arasynda 0,02d barabar birmeňzeş ini bolan sary-altynsow zolar bar. Gerbi jähekleıän sary-altynsow zolagyň ini tegelekleriň arasyndaky zolaklaryň ininip iki essesine (0,04d) barabardyr.

Gerbiň merkezinde kiçi tegelegiň içinde garaşsyz bitarap Türkmenistanyň birinji we ömürlik Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň İanardag ahalteke aty nusgalyk etalona laıyklykda şekillendirilendir. 1991-ıylda doglan İanardag bedewi Garaşsyz Türkmenistanyň ıaşytdaşydyr, ol ahalteke bedewleriniň gadymy nusgasyny özünde jemläp, İanardag-Altyndag adyna kybapdaş altyn öwsüp, görmegeı keşbine gelşip duran, ıeňil gopıan hereketleri bilen altyn asyryň altyn bedewidir.

Ortaky tegelegiň daşyndaky halkalaıyn zolakda bäş sany milli göl nusgalyk etalonlara laıyklykda şekillendirilip, olaryň merkezleri sary-altynsow zolagyň gyralaryndan deň uzaklykda bolan merkezli tegelekde biri-birinden deň uzaklykda ıerleşendir.

Haly gölleri olaryň daşky erňekleri tegelekleri çäklendiriji zolaklardan 0,04d uzaklykda bolar ıaly, sagadyň diliniň ugruna laıyklykda ıokardan aşak ahalteke, salyr, ärsary, çowdur, ıomut göli tertipde ıerleşıär.

Uly tegelegiň halkalaıyn zolagynda dik oka garanyňda simmetrik ıagdaıda:

  • aşaky böleginde – sary-altynsow gaıma bilen jäheklenen ak pagtanyň gök ıaprakly bäş hanaly açylan gozalarynyň ıedisi;
  • ortaky böleginde – sary-altynsow reňkli iki bugdaı sünbüli;
  • ıokary böleginde – ak reňkli bäş sany bäşburç ıyldyz bilen ıarymaı şekillendirilendir.

Gozanyň iki tarapyndan-da sary-altynsow gaıma bilen jäheklenen, 0,2d diametri tegelege ıerleşdirilen, pagtanyň gök ıaprakly bäş hanaly açylan gozasynyň esasy şekili Gerbiň dik okunda ıerleşdirilendir we nusgalyk etalona laıyk bolmaly.

Esasy şekili ıaly ıaprakly gowzça gozalary tegelekleriň arasydaky sary-altynsow zolaklardan deň uzaklykda töwerek okunda biri-birinden deň uzaklykda ıerleşdirilendir (goňşy gozalaryň merkezleriniň arasyndaky aralyk 0,4d barabardyr).

Gowaça gozalarynyň dik oklary Gerbiň merkezinden başlanan şöhlelerdir, gozalaryň özi bolsa, her bir soňraky goza öň ıanyndaka garanyňda agdarylan görnüşde şekillendirilip ıerleşdirilendir.

Gerbde bugdaı sünbülleri nusgalyk etalona laıyklykda şekillendirilendir. Sünbülleriň gapdal gyralary biri-birine galtaşmaıar, çäklendiriji sary-altynsow zolaklaryň gyrasyndan 0,14d uzaklykda ıerleşıär, olaryň aşaky bölegi bolsa, ıokarky gowaça gozalarynyň ıapraklaryna degıär.

Sünbüllerde jübüt ıerleşen 28 bugdaı dänesi bar. sünbülleriň ıokarky gyrasynda biri-birinden deň aralykda ıerleşen, ıarymaıa we ıyldyzlara tarap gönükdirilen bäş baldak çykıar. Sünbülleriň ıokarky uçlary Gerbiň dik okunyň kiçi tegelegiň ıokarky bölegi bilen kesişıän nokadyndan 78 gradus ıapgytlykda başlanıan çyzyklar bilen çäklendirilıär.

Ak reňkli ıarymaı we bäş sany bäşburç ıyldyz Gerbiň ıokarky böleginde onuň dik okunda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ıylyň Nowruz aıynyň 3-ünde çykaran №4600 karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň TDS 562-2000 “Türkmenistanyň Döwlet baıdagy” döwlet standartyna laıyklykda şekillendirilendir.


e-mail: info@science.gov.tm © 2003-2018, Türkmenistanyň Ylymlar akademiıasy