Döwlet

Döwlet Sylaglary

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Döwlet
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma
  

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



Türkmenistanyň kanuny «Türkmenistanyň Döwlet baıdagy hakynda» (täze görnüşi)

Milletiň agzybirliginiň we garaşsyzlygynyň hem-de bitaraplygynyň nyşany - Türkmenistanyň Döwlet Baıdagy barada Türkmenistanyň Kanuny.

Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Döwlet Gerbi we onuň aňladıan manysy barada.

Döwlet Gimni

Döwlet gimni - sazly - şahyrana eser bolup, döwlet häkimiıetiniň berkaralygynyň mahsuslygyny, garaşsyz döwletiň aırylmaz alamatyny (atributyny) aňladıar.

Milli Baıramçylyklar We Belli Seneler

Garaşsyzlyk ıyllary içinde Türkmenistanyň taryhy geçmişi bilen baglanyşykly aıratyn belli seneler ählihalk tarapyndan bellenilip başlandy: 1881-nji ıylyň 12-nji ıanwarynda Gökdepe galasyny goramakda gahrymanlarça wepat bolanlara bagyşlanan Hatyra güni; Beıik Watançylyk urşunda wepat bolan Türkmenistanyň Milli Gahrymanlarynyň hatyrasyna bellenilıän İatlama we umumy milli matam güni; 1948-nji ıylyň Aşgabat ıer titremesinde heläk bolanlaryň Milli ıatlama güni bellenilıär. Garaşsyzlyk döwrüniň şanly wakalary bilen baglanyşykly baıramlar: Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni, Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň Döwlet baıdagynyň baıramy, Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryıet güni ıaly baıramlar hem döredildi.

Milli Pul (WALİUTA)

“Türkmenistanyň pul birligi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laıyklykda Türkmenistanda milli pul bolup manat durıar, bir manat 100 teňňä deňdir. Manat resmi pul hökmünde 1993–nji ıylyň noıabryndan başlap, Türkmenistanyň çäginde dolanyşyga goıberildi.

DÖWLET SYLAGLARY

Türkmenistanda şu aşakdaky döwlet sylaglary bellenildi:

Türkmenistanyň Gahrymany diıen at iň ıokary tapawutlandyryş derejesidir, ol diňe döwletiň wejemgyıetiň öňünde bitiren aıratyn görnükli hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raıatlaryna dakylıar.

Türkmenistanyň Gahrymanyna aıratyn tapawutlandyryş nyşany–altyn medal “Altyn aı” we şahadatnama gowşurylıar.

Türkmenistanyň Gahrymany diıen at Türkmenistanyň özygtyıarlylygyny, konstitusion gurluşyny we döwlet gurluşyny pugtalandyrmak işine uly şahsy goşant goşan raıatlara aıratyn halatlarda gaıtadan dakylyp bilner.

Türkmenistanyň Gahrymany diıen ada gaıtadan mynasyp bolan Türkmenistanyň Gahrymanyna “Altyn aı” altyn medaly gowşurylıar we onuň aıratyn hyzmatlaryny aňlatmak üçin Gahrymanyň bürünç heıkeli gurulıar.

Türkmenistanyň “Prezidentiň İyldyzy” ordeni

Türkmenistanyň “Prezidentiň İyldyzy” ordeni bilen Watany goramakda, halklaryň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmekde, parahatçylygy pugtalandyrmakda, halk hojalygyny ösdürmekde we döwletiň hem–de jemgyıetiň öňünde beıleki görnükli hyzmatlar görkezen adamlar sylaglanıar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Bitaraplyk” ordeni

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Bitaraplyk” ordeni bilen Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň tassyklanmagyna we ykrar edilmegine, ıurduň ykdysadyıetiniň ösdürilmegine, önümçiligiň netijeliliginiň ıokarlandyrylmagyna, ylmyň we tehnikanyň ösdürilmegine, ıurduň goranmak ukybynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşandygy üçin, medeniıetde, edebiıatda, sungatda, saglygy goraıyşda, döwlet we jemgyıetçilik işinde, kanunçylylygyň we hukuk tertibiniň pugtalandyrylmagynda, ösüp gelıän ıaş nesli okatmakda we terbiıelemekde, Türkmenistan bilen beıleki döwletleriň we halkara guramalaryň arasynda ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri üçin Türkmenistanyň raıatlary we daşary ıurt döwletleriniň raıatlary sylaglanıar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Garaşsyz Türkmenistana bolan beıik söıgüsi üçin” ordeni

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Garaşsyz Türkmenistana bolan beıik söıgüsi üçin” ordeni bilen ıurduň ykdysadyıetini ösdürmäge, önümçiligiň netijeliligini ıokarlandyrmaga, ylmy we tehnikany ösdürmäge, ıurduň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga uly goşant goşandygy üçin, medeniıetde, edebiıatda, sungatda, saglygy goraıyşda, döwlet we jemgyıetçilik işinde, kanunylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmakda, ösüp gelıän ıaş nesli okatmakda we terbiıelemekde, Türkmenistan bilen beıleki döwletleriň we halkara guramalaryň arasynda ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri üçin Türkmenistanyň raıatlary sylaglanıar.

“Galkynyş” ordeni

“Galkynyş” ordeni döwletiň we jemgyıetiň öňünde önümçilik, ylym, medeniıet, edebiıat, sungat, bilim, saglygy goraıyş we zähmet işiniň beıleki ulgamlarynda bitiren uly hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raıatlaryny sylaglamak üçin döredildi.

Türkmenistanyň “Garaşsyzlyk” ordeni

Türkmenistanyň “Garaşsyzlyk” ordeni döwlet sylagy bolmak bilen, ol Watanyň şöhratly garaşsyzlygynyň 10 ıyllygynyň içinde türkmenleriň Altyn asyrynda durmuşyň dürli babatlarynda zähmetde we hünärmentçilikde gazanan aıratyn üstünlikleriniň tapawutlandyryş nyşany bolup hyzmat edıär. “Garaşsyzlyk” ordeni bilen Türkmenistanyň raıatlary sylaglanıar. Türkmenistanyň Prezidenti “Garaşsyzlyk” ordeni bilen beıleki döwletleriň raıatlaryny hem sylaglap bilıar. Orden bilen sylaglamak ıylda bir gezek amala aşyrylıar we Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe gabatlanıar.

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” ordeni

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” ordeni bilen Watany goramakda görkezilen aıratyn batyrlyk, gaıduwsyzlyk we mertlik üçin ıurduň goranmak ukybyny pugtalandyrmakda saldamly hyzmatlary bitiren harby esgerler, Içeri işler ministrliginiň, Milli howpsuzlyk komitetiniň işgärleri we Türkmenistanyň beıleki raıatlary, harby bölümler, gämiler, birikmeler sylaglanıar.

Türkmenistanyň “Altyn asyr” ordeni

Türkmenistanyň “Altyn asyr” ordeni Türkmenistanyň döwlet sylagy XXI asyrda türkmen halkynyň Altyn asyrynda zähmet we hünärment işinde bitiren aıratyn hyzmatlary üçin tapawutlandyryş nyşany bolup durıar. Orden üç derejä eıedir:

  1. “Altyn asyr” ordeniniň I derejesi;
  2. “Altyn asyr” ordeniniň II derejesi;
  3. “Altyn asyr” ordeniniň III derejesi.

Ordeniň iň ıokary derejesi bolup I derejesi durıar. “Altyn asyr” ordeni bilen sylaglamak yzygiderlikde geçirilıär: III derejesi, II derejesi, I derejesi. Şunda orderiň has ıokary derejesi bilen sylaglamak ordeniň geçen derejesi bilen sylaglanandan soň bäş ıyl geçenden soň geçirilıär. “Altyn asyr” ordeni bilen Türkmenistanyň raıatlary sylaglanylıar. Türkmemstanyň Prezidenti tarapyndan “Altyn asyr” ordeni bilen beıleki döwletleriň raıatlary hem sylaglanyp bilner.

“Gurbansoltan eje” ordeni

“Gurbansoltan eje” ordeni bilen jemgyıetçilik syıasy we zähmet işinde türkmen halkynyň ahlak we ruhy däp–dessurlaryny pugtalandyrmak, ösdürmek we artdyrmak, ıaş ösüp gelıän nesli öz Watanyna söıgi we hormat goımak ruhunda terbiıelemek işinde bitiren aıratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raıaty bolup durıan aıal–gyzlar sylaglanylıar.

“Edermenlik” medaly

“Edermenlik” medaly bilen raıat we gulluk borjuna ıerine ıetiren mahalynda görkezen edermenligi üçin Türkmenistanyň raıatlary sylaglanylıar.

“Gaırat” medaly

“Gaırat” medaly bilen halk hojalygyny, ylmy, medeniıeti ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raıatlary sylaglanıar.

“Watana bolan söıgüsi üçin” ıubileı medaly

“Watana bolan söıgüsi üçin” ıubileı medaly bilen Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyıarlygyny pugtalandyrmak boıunça döwletiň we jemgyıetiň öňünde bitiren uly hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raıatlary sylaglanylıar.

“Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ıyllygyna” ıubileı medaly şöhratly on ıylyň dowamynda päk göwünli zähmeti bilen Watanyň we jemgyıetiň öňünde bitiren uly hyzmatlaryny sylaglamak üçin döredildi. Bu medal bilen Türkmenistanyň raıatlary sylaglanylıar. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ıyllygyna” medal bilen daşary ıurt raıatlary hem sylaglanylyp bilner.

Hormatly atlar. “Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny bilen şu aşakdaky hormatly atlar döredildi:

  • “Türkmenistanyň halk mugallymy”;
  • “Türkmenistanyň halk wraçy”;
  • “Türkmenistanyň halk artisti”;
  • “Türkmenistanyň halk hudo nigi”;
  • “Türkmenistanyň halk ıazyjysy”;
  • “Türkmenistanyň halk bagşysy”;
  • “Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan transport işgäri”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan aragatnaşyk işgäri”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan ıer gurluşykçysy”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraıyş işgäri”;
  • “Türkmemstanyň at gazanan medeniıet işgäri”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan artisti”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan bagşysy”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri”;
  • “Türkmenistanyň ilata durmuş hyzmaty ulgamynyň at gazanan işgäri”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan ıuristi”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan ykdysatçysy”;

Türkmenistanyň hormatly atlary önümçiligi, ylmy, saglygy saklaışy, bilimi, medeniıeti, sungaty ösdürmekde aıratyn hyzmatlary üçin we zähmet işiniň beıleki ulgamlarynda bitiren hyzmatlary üçin, hünärmentçilik işinde ıokary ussatlygy we ıurduň jemgyıetçilik durmuşyna işjeň gatnaşandygy üçin berilıär.

“Hormatly il ıaşulusy” diıen at Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň abraıynyartdyrmaga, milli däp–dessurlaryösdürmäge, halkyň agzybirligini wejebisligini pugtalandyrmaga, ösüp gelıän ıaş nesli watançylyk ruhunda terbiıelemäge saldamly goşant goşan paıhaslylygyň, halallygyň we şypagatlylygyň nusgasy bolup durıan ıaşuly adamlara dakmak maksatlary bilen döredildi.

“Türkmenistanyň hormatly raıaty” diıen at daşary ıurt raıatlaryna Türkmenistan bilen beıleki döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary dikeltmäge we ösdürmäge olaryň aıratyn goşandynyň, olaryň Türkmenistanyň dünıä äleminde abraıyny pugtalandyrmaga hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde dakylıar.

“Türkmenistanyň hormatly raıaty” diıen at dakylan adamlara şahadatnama we ıadygärlik lentasy gowşurylıar, olaryň atlary bolsa “Türkmenistanyň hormatly raıatlaryň” kitabyna girizilıär.

“Altyn asyryň hormatly hünär ussady” ady Türkmenistanyň döwlet sylagy zähmet we hünärrnentçilik işiniň tapawutlandyryş derejesi bolup durıar. “Altyn asyryň hormatly hünär ussady” diıen at Türkmenistanda garaşsyzlyk ıyllary içinde bir kärhanada, edarada, guramada ıa–da bir pudakda ıa–da iş ulgamynda azyndan 10 ıyl işlän we Türkmenistanyň özygtyıarlylygyny we garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, döwletiň goranmak ukybyny we howpsuzlygyny berkitmäge, dünıä syıasy äleminde ıurduň abraıynyıokarlandyrmaga, Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň öňde goıan esasy maksatlaryny we wezipelerini ykdysady, ylmy, bilim, saglygy goraıyş, medeniıet, sungat we zähmet işiniň beıleki pudaklarynda durmuşa geçirmek işinde belli şahsy goşant goşan we şunda ıokary ussatlyk we hünärmenlik görkezen adamlara dakylıar. “Altyn asyryň hormatly hünär ussady” ady Türkmenistanyň raıatlaryna dakylıar. “Altyn asyryň hormatly hünär ussady” ada eıe bolan adamlara şahadatnama we “Saparmyrat Türkmenbaşynyň hormat nyşany” döşe dakylıan nyşan berilıär.

İokarda sanalyp geçilen döwlet sylaglaryndan başga Türkmenistanda iki sany halkara baıragy–Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baıragywe Türkmenistanyň Muhammet al–Horezmi adyndaky ylym we tehnika babatdaky halkara baıragy döredildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baıragy has zehinli ıokary çeperçilikli edebi eserleri we edebiıaty öwreniş zähmetleri, saz, kino, şekillendiriş, teatr sungatynyň eserlerini, telewizion we radio gepleşiklerini, oňat nusgaly we tygşytly binagärlik desgalaryny, konsert işini döredendikleri üçin, aıry–aıry raıatlara, döwletwejemgyıetçilikwekillerine Magtymgulynyň adamkärçilikli ündewlerini durmuşa geçirmekde aıratyn hyzmatlary üçin, şeıle hem çagalar üçin aıratyn görnükli we has zehinli ıokary çeperçilikli eserleri döredenlere berilıär. Baıraga mynasyp bolan adamlara “Magtymguly adyndaky halkara baıragynyň eıesi” diıen at dakylıar, diplom we döşe dakylıan nyşan gowşurylıar, bellenilen möçberde pul baıragy tölenilıär.


e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2018, Türkmenistanyň Ylymlar akademiıasy