Türkmenistan

Geografiki İerleşişi, Relıefi We Klimaty

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Türkmenistan
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma
  

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



Döwletiň Paıtagty

Aşgabat–Türkmenistanyň paıtagty, ol ıurduň iri administratiw syıasy we medeni merkezidir (1882-1918nji ıyllarda - Zakaspiı oblastynyň administratiw merkezi, 1918-1925-nji ıyllarda Türkmen oblastynyň merkezi, 1925-nji ıylyň fewralyndan başlap– Türkmenistan SSR–niň paıtagty, 1991-nji ıylyň 27-nji oktıabryndan Garaşsyz Türkmenistanyň paıtagty)

Geografiki ıerleşişi. Türkmenistan Merkezi Aziıanyň günbatar böleginde demirgazyk giňişligiň 35,08-nji we 42,48-nji, gündogar uzynlygynyň 52,27-nji we 66,41-nji graduslarynyň aralygynda, Köpetdagyň demirgazygynda, günbatarynda Hazar deňzi, gündogarynda Amyderıa aralygynda ıerleşıär. Türkmenistanyň çägi günbatardan gündogara 1110 kilometre we demirgazykdan günorta 650 kilometre uzalyp gidıär we 491,2 müň inedördül kilometr meıdany tutıar. Türkmenistan demirgazykda Gazagystan Respublikasy bilen, gündogarda we demirgazyk-gündogarda Özbegistan Respublikasy bilen, günortada Eıran Yslam Respublikasy bilen we günorta-gündogarda Owganystan bilen serhetleşıär, günbatarda bolsa Hazar deňziniň suwy tolkun atıar.

Relıefi.Türkmenistan çäginiň ıerüsti gurluşy boıunça deň bolmadyk iki bölege bölünıär: uly-düzlük-çöllük we kiçi-dag etek we daglyk. Türkmenistanyň ähli düzlük bölegi geografiki gatnaşykda Turan pesligine (oıluklaryna) degişlidir, onuň çäklerinde landşaftyň üç topary tapawutlanıar: a) üsti tekiz belentlik, b) çäge çöllük, ç) dag etek tokaıly düzlük. Birinji topara Krasnowodsk tekiz belentligi, Üstıurduň we Maňgyşlagyň ıakalary, ikinji topara-Merkezi, Günorta-Gündogar we Zangunz Garagumy, üçünji topara-Köpetdagyň we Paropamiziň ähli demirgazyk etekleri degişlidir.

Türkmenistanyň çäginiň ıerüstüniň azyndan bäşden bir bölegini daglar eıeleıärler. Onuň günorta serhedinden Köpetdagyň gerişleri uzaıar, ondan demirgazyk-günbatarda Uly we Kiçi Balkan daglary ıerleşendir. Türkmenistanyň gündogar çetinde Köıtendag daglary bardyr, olar Gissar dag ulgamyna degişlidir.

Düzlük ıerler esasan tekizlikde goňrumtyl toprak bilen we dag etekleri takyr görnüşli gadymy düzlükler, Garagumyň ymgyr çägi çäge-çöllügine, derıaly jülgeler, çemenlik, otluk ıerler, şorluk ıerler bilen gurşalandyr.

Klimaty. Türkmenistan üçin çölüň aram mylaıym görnüşli kontinental klimaty häsiıetlidir: dowamly gurak jöwzaly tomus, salkyn çygly güız, az garly o diıen sowuk bolmadyk gyş. Demirgazyk-gündogarda we günorta-günbatarda gyş döwrüniň dowamlylygy – bir aı, ıurduň demirgazygynda we demirgazyk-gündogarynda dört aıdan gowrak. İanwar aıynyň ortaça temperaturasy demirgazyk-gündogarda –6 gradusdan aşak, günorta-gündogarda we günorta-günbatarda +3 gradusdan +5 gradusa çenli bolıar. Iıulda ol +25+32 gradus çäklerinde üıtgäp durıar. Türkmenistanyň düzlük çäklerinde ygalyň ıyllyk mukdary 150mm, Aral ıakasynda we Garabogaz köl aılagynda 100, daglyk sebitlerinde - 350 mm-den geçmeıär. Arid şertlerinde ekerançylygy ösdürmek emeli suwaryşa esaslanyp alnyp barylıar.


e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy