Türkmenistan

Döwletiň Paıtagty

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Türkmenistan
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma
  

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



Geografiki İerleşişi, Relıefi We Klimaty

Türkmenistan Merkezi Aziıanyň günbatar böleginde demirgazyk giňişligiň 35,08-nji we 42,48-nji, gündogar uzynlygynyň 52,27-nji we 66,41-nji graduslarynyň aralygynda, Köpetdagyň demirgazygynda, günbatarynda Hazar deňzi, gündogarynda Amyderıa aralygynda ıerleşıär. Türkmenistanyň çägi günbatardan gündogara 1110 kilometre we demirgazykdan günorta 650 kilometre uzalyp gidıär we 491,2 müň inedördül kilometr meıdany tutıar...


Döwletiň Paıtagty

Aşgabat–Türkmenistanyň paıtagty, ol ıurduň iri administratiw syıasy we medeni merkezidir (1882-1918nji ıyllarda - Zakaspiı oblastynyň administratiw merkezi, 1918-1925-nji ıyllarda Türkmen oblastynyň merkezi, 1925-nji ıylyň fewralyndan başlap– Türkmenistan SSR–niň paıtagty, 1991-nji ıylyň 27-nji oktıabryndan Garaşsyz Türkmenistanyň paıtagty).

Aşgabat garaşsyzlyk ıyllarynyň içinde aıratyn hem gülläp ösdi. 1991-nji ıylda paıtagtyň ilatynyň sany 472 müňe barabar bolandan 2001-nji ıylda 726 müň adama ıeter, munuň özi ıurduň ilatynyň 13% –ne deňdir. Şäheriň çägi dört esse giňedi. Şäheriň kärhanalary ıurduň senagat önümleriniň 19% öndürıär. Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň tagallalary mynasybetli Aşgabatda binagärlik ymaratlarynyň onlarçasy guruldy, olaryň köpüsi örän ajaıypdyr. Bular Türkmenbaşy Köşgi, Ruhyıet Köşgi, Garaşsyzlygyň İadygärligi, Bitaraplyk Derwezesi, “İer titremesiniň” ıadygärlik toplumy we Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyıazowyň ıadygärligine bagyşlanan toplum, Milli müzeıiň, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky halkara aeroportunyň jaılary, stadionlar, metjitler, ıokary klasly myhmanhanalar, edara jaılary we biznes– merkezlerdir. Şäheriň köçeleri düıpli abadanlaşdyrylıar. Täze seıilgähler, baglar, suw çüwdürimleri döredildi we döredilıär.

Aşgabatda Prezident Köşgi, Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti), Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Merkezi döwlet dolandyryş guramalary, Türkmenistanyň İokary Sudy we Baş Prokuraturasy, jemgyıetçilik guramalarynyň hemişelik hereket edıän merkezi guramalary, şeıle hem dürli döwletleriň ilçihanalary, Türkmenistanda akkreditirlenilen halkara we sebit guramalaryň wekilhanalary ıerleşıär.

Garaşsyzlyk ıyllarynda Aşgabat abraıly ylalaşdyryjy, parahatsöıüjilikli merkeze öwrüldi. Bu ıerde owgan meselesini, täjikara dawalaryny kadalaşdyrmak boıunça gepleşikleriň birnäçe tapgyry geçirildi. Aşgabat birnäçe gezek halkara we sebitara howpsuzlygynyň meseleleri boıunça, dürli syıasy, ykdysady we gumanitar meseleler boıunça iri halkara maslahatlarynyň geçıän ıerine öwrüldi.


e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy