Döwürleýiň ylmy neşirýatlar

Türkmenistanda ylym we tehnika

Baş sahypaYTBÝG
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Döwürleýiň ylmy neşirýatlar
Baş sahypa  Bize hat ýaz  Atgarma
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar
Türkmenistanyň saýtlary

Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşiň merkezi ylmy kitaphanasy
File server


Türkmenistanda ylym we tehnika 04/2008

Türkmenistanda ylym we tehnika 03/2008

Türkmenistanda ylym we tehnika 02/2008


Çölleri özleşdirmek meseleleri

"Çölleri özleşdirmeleriň meseleleri" atly halkara ylmy-tehniki žurnal hakynda magumat berilýär.

«Miras»

Žurnal sahypalarynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň we Gündogaryň medeni mirasyna degişli bütin dünýä alymlaryň we hünärmenleriniň makalalarty ýerleşdirilýär

Türkmenistanda ylym we tehnika

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşiň “Türkmenistanyň ylym we tehnika” (ozalky ady “Türkmenistan YA-nyň habarlary”) žurnaly 1999-njy ýylyň 1-nji martyndan bäri neşir edilýär.

Žurnalyň üç sany: jemgyýetçilik ylymlary; biologiýa ylymlary; fizika–matematika, tehniki, himiki we ekologiki ylymlary bölümleri bar.

Jemgyýetçilik ylymlary bölüminde Türkmenistanda ylmyň ösüş derejesi, gazanýan üstünlikleri, geljegi baradaky, taryhy meseleleri baradaky, bilmiň meselelerine, medeniýete we sungata, türkmen halkynyň diline we edebi mirasyna degişli makalalar çap edilýär.

Žurnalyň sahypalarynda milli ykdysadyýetde bolýan ögzerişler, agrar gatnaşyklar, bazar şertlerinde sosial sferanyň hereket edişi öz beýanyny tapýar.

Biologiki ylymlar böleginde dürli meseleler boýunça düýpli we amaly ylmy barlaglaryň netijeleri barada makalalar çap edilip, olarda: Türkmenistanyň ösümlik dünýäsi, onuň gelip çykyşy, fiziologiýasy, genetikasy, seçgisi, haýwanat dünýäsi, haýwanat dünýäsiniň ekologiýasy barada beýan edilýär.

Fizika–matematika, tehniki, himiki we geologiki ylymlar bölüminde ylmy institutlarda, edaralarda alnyp barylýan barlaglaryň netijelerini beýan edýän makalalar çap edilýär.

“Türkmenistanda ylym we tehnika” žurnaly dürli hünärdäki ylmy işgärler, mugallymlar, talyplar üçin niýetlenilendir.

Žurnal ýylda 6 gezek çykýar. Žurnal, abuna ýazylyşygy boýunça ýaýradylýar.


© 2003-2007, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşi