Kanunlar we kararlar

Algoritmleriň, elektron hasaplaıjy maşynlar (EHM) üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiıasynyň hukuk taıdan goralyşy hakynda

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Kanunlar we kararlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma
  

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



TÜRKMENISTANYŇ KANUNY "Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda"

Şu Kanun ylmy-tehnologiýa parklarynyň döredilmegi we hereket etmegi bilen baglanyşykly hukuk, ykdysady we guramaçylyk gatnaşyklary ny düzgünleşdirýär.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY "Innowasiýa işi hakynda"

Şu Kanun Türkmenistanda innowasiýa işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY "Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda"

>Şu Kanun Türkmenistanda döwlet ylmy-tehniki syýasaty döretmegiň maksatlaryny we ýörelgelerini hem-de onuň durmuşa geçirilmegini kesgitleýär, ylmy işiň subýektleriniň, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň we ylmy önümi sarp edijileriň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY "Ylmy edaralar hakynda"

Şu Kanun ylmy edaralaryň hukuk ýagdaýyny, maksatlaryny, wezipelerini we ygtyýarlyklaryny, olaryň kysymlaryny we görnüşlerini, ylmy edaralaryň işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini kesgitleýär.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY "Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda"

Şu Kanun ylmy işgärleriň hukuklaryny, borçlaryny we jogapkärçiligini, olaryň hünär taýýarlygyna baha bermegiň ölçeglerini, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralarynyň ylmy işgäriň erkin ylmy döredijiliginiň kepilliklerini we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmekdäki, ylmy işiň abraýyny ýokarlandyrmakdaky borçlaryny kesgitleýär.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Ylmy intellektual eýeçilik hakynda

Şu Kanun «Türkmenistanda eýeçilik hakyndaky» Türkmenistan Kanunyna laýyklykda, intellektual (akyl) eýeçiligiň bir görnuşi bolup durýan ylmy intellektual eýeçilik obýektlerini döretmek we peýdalanmak maksady bilen alnyp barylýan ylmy-tehniki işde ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

Türkmenistanda ylmy we tehnikany ösdürmegiň ileri tutulıan ugurlarynyň SANAWY

Türkmenistanda ylmyň ösüşiniň esasy ileri tutulıan ugurlary getirilıär.

Ylmy-barlaglaryň we ıokary hünärli işgärleri taııarlamagyň netijeliligini ıokarlandyrmak hakynda

Bu Karar Türkmenistanyň durmuş-ykdysady özgermesiniň baş ugurlary boıunça ylmyň we tehnikanyň esasy meseleleriniň netijeli işlemegini üpjün etmek üçin, taııarlanyş derejesini artdyrmak üçin we ıokary bilimli ylmy işgärleri hünär synagy üçin kabul edildi.

Türkmenistanyň Patent Kanuny

Bu Kanun emläk we döretmek bilen, hukuky gorag bilen we oılanyp tapylan zatlary, önümçilik nusgalary, haryt belliklerini we hyzmat belliklerini ulanmak bilen, döretmek bilen baglanyşykly ıüze çykıan şahsy emläk bilen dahylly bolmaıan gatnaşyklary belli bir tertibe salıar.

I bölüm. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Esasy düşünjeler

1. Şu Kanunda ulanylıan esasy düşünjeler:

algoritm – berlen meseläni çözmek üçin edilıän amallaryň ıeke-täk yzygiderliliginiň netijeli beıany;

EHM üçin programma – munuň özi elektron hasaplaıjy maşynlaryň /EHM-leriň / we beıleki kompıuter enjamlaryň belli bir netijäni almak maksady bilen işlemegi üçin niıetlenilen maglumatlaryň we tabşyryklaryň bilelikdäki jeminiň obıektiw görnüşidir /formasydyr/. EHM üçin programma diılende, programma işlenip düzülıän wagtda alnan taııarlyk materiallaryna we onuň emele getirıän audiowizual şöhlelenmelerine hem düşünilıär;

maglumat bazalary – munuň özi düşünjeleriň we maglumatlaryň jemini guramagyň /mysal üçin, makalalaryň, hasaplamalaryň/ EHM-niň kömegi bilen maglumatlary tapyp we gaıtadan işläp bolar ıaly edip sistemalaşdyrylan obıektiw görnüşidir /formasydyr/;

EHM üçin programmalaryň ıa-da maglumat bazalarynyň adaptasiıasy /uıgunlaşmagy/ – munuň özi peıdalanyjynyň anyk tehniki serişdelerinde ıa-da onuň anyk maksadyna laıyklykda EHM üçin programmalaryň we maglumat bazalarynyň işläp bilmegini üpjün etmek niıeti bilen olara girizilıän üıtgetmelerdir;

EHM üçin programmalaryň ıa-da maglumat bazalarynyň modifikasiıasy /gaıtadan işlenilmegi/ – munuň özi olaryň adaptasiıasy hasaplanylmaıan islendik üıtgetmelerdir;

EHM üçin programmany dekomplirlemek – munuň özi EHM üçin programmanyň düzümini öwrenmek we olary kodlaşdyrmak maksady bilen başlangyç tekstdäki obıekt koduna üıgetme girizmekden ybarat bolan tehniki usuldyr;

EHM üçin programmany we maglumat bazalaryny gaıtadan öndürmek - munuň özi EHM üçin programmalaryň ıa-da maglumat bazalarynyň bir ıa-da köp ekzemplıaryny islendik material görnüşinde taııarlamakdyr, şeıle hem olary EHM-niň ıadyna ıazmakdyr;

EHM üçin programmanyň ıa-da maglumat bazalarynyň ıaıradylmagy /köpeldilmegi/ - munuň özi EHM üçin programmalaryň ıa-da maglumat bazalaryny islendik material görnüşinde gaıtadan öndürip peıdalanmaga rugsat bermekdir, şol sanda sete birleşdirmek we beıleki usullar bilen, seıle hem satmak, prokata, kireıine, karzyna bermek, importy-da goşmak bilen gaıtadan öndürmäge rugsat bermekdir;

EHM üçin programmany ıa-da maglumat bazalaryny köpçülige ıetirmek /çap etmek/ - munuň özi EHM üçin programmany ıa-da maglumat bazalarynyň ekzemplıaryny awtoryň razylygy bilen adamlaryň näbelli toparyna /şol sanda EHM-niň ıadyna ıazmak we teksti çap etmek arkaly/ bermekdir.

EHM üçin programmany ıa-da maglumat bazalaryny peıdalanmak - munuň özi olary çap etmek, nusgasyny almak, ıaıratmak / köpeltmek/ we hojalyk dolanyşygyna şol sanda modifisirlenen görnüşde/ girizmek üçin amala aşyryljak beıleki hereketlerdir;

kommersiıa maksatlary üçin peıdalanmak – munuň özi satmak, kireıine bermek ıa-da kommersiıa taıdan ıaıratmagyň beıleki usullarydyr, şeıle hem bu hereketleri amala aşyrmak baradaky teklipdir. Mundan beıläk şu Kanunyň tekstinde peıdalanmak diılip, eger başgaça şertleşilmedik bolsa, hut şu kommersiıa maksatlary üçin peıdalanylmagyna düşünilıär;

integral mikroshema – munuň özi gutarnykly ıa-da aralyk görnüşdäki mikroelektron önümdir, ol elektron shemalaryň wezipelerini ıerine ıetirmek üçin niıetlenendir we elementler hem-de olaryň arabaglanyşygy önüm öndürmek üçin niıetlenen materialyň göwrüminde ıa-da üstünde üznüksiz ıerleşdirilendir;

integral-mikroshemalaryň topologiıasy /mundan beıläk – topologiıa/ – munuň özi integral mikroshemalaryň ähli elementleriniň ıörite materiallarda giňişlik-geometrik ıerleşişiniň we olaryň arasyndaky baglanyşlaryň jemidir.

2. Şu Kanunda hak-hukuk eıesi diılip, awtora, onuň mirasdüşerine, şeıle hem kanunalaıyklykda ıa-da şertnama boıunça aıratyn emläk hukugyna eıe bolan islendik fiziki we ıuridiki tarapa düşünilıär.

2-nji madda. Kanun taıdan düzgünleşdirilıän gatnaşyklar

1. Şu Kanun bilen algoritmleri, EHM üçin programmalary, maglumat bazarlaryny we integral mikroshemalaryň topologiıasyny döretmek, hukuk taıdan goramak we peıdalanmak bilen baglanyşykly gatnaşyklar düzgünleşdirilıär.

2. Algoritmler, EHM üçin programmalar we integral mikroshemalaryň topologiıasy şu Kanun esasynda awtorlyk hukugynyň obıektlerine degişli edilıär.

Algoritmlere, EHM üçin programmalara we integral mikroshemalaryň topologiıasyna ylmy işler hökmünde maglumat bazalaryna bolsa - ylmy ıygyndylar hökmünde hukuk taıdan gorag üpjün edilıär.

3-nji madda. Hukuk taıdan goralıan obıektler

1. Çap edilen we çap edilmedik obıektiw formada berlen islendik algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna hem-de integral mikroshemalaryň topologiıasyna, olaryň material taıdan esasynyň, maksadynyň we mynasybetiniň nähilidigine garamazdan, awtorlyk hukugy degişlidir.

2. Awtorlyk hukugy awtoryň döredijilik işiniň netijesi bolup durıan algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiıasyna degişlidir. Awtoryň işiniň döredijilik häsiıeti, ol tä nädogrudygy subut edilıänçä, dogry hasap edilıär.

3. Şu Kanun esasynda ygtyıar edilıän hukuk taıdan gorag EHM üçin programmalaryň ähli görnüşlerine /şol sanda operasion sistemalara we programmalaıyn komplekslere hem/ degişli edilıär, olar başlangyç teksti hem-de obıekt koduny goşmak bilen programmirlemegiň islendik dilinde we dürli görnüşlerinde bolup biler.

4. Şu Kanun esasynda kepillendirilıän hukuk goragy maglumatlary seçip almak we jemlemek boıunça döredijilikli zähmetiň netijelerini özünde jemleıän maglumat bazalaryna hem degişli edilıär. Maglumat bazalary olaryň esaslanıan maglumatlarynyň ıa-da olara goşulıan maglumatlaryň awtorlyk hukugynyň obıektleridigine ıa-da däldigine garamazdan, hukuk taıdan goralıar.

5. Şu Kanun esasynda ygtyıar edilıän hukuk goragy algoritmleriň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň ıa-da olaryň haısydyr bir elementleriniň esasynda ıatıan ideıalara we prinsiplere, şol sanda interfeısi guramagyň, şeıle hem programmirlemegiň dilleriniň ideıalaryna hem-de prinsiplerine degişlidir.

6. Integral mikroshemalary işläp düzüjilere we taııarlaıjylara topologiıanyň döredilen senesine onuň elementleriniň jemi belli bolan bolsa, onda ol şu Kanun esasynda hukuk taıdan goraga degişli däldir.

7. Algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiıasyna bolan awtorlyk hukugy olaryň material bazasyna eıeçilik hukugy bilen baglanyşykly däldir. Material bazasyna degişli bolan hukugyň üıtgemegi algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiıasyna bolan hukugy hiç bir jähetden üıtgetmeıär.

4-nji madda. Awtorlyk hukugynyň ykrar edilmeginiň şertleri. Algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna, integral mikroshemalaryň topologiıasyna awtorlyk hukugy

1. Algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiıasyna awtorlyk hukugy olaryň döredilmegi bilen emele gelıär.

EHM üçin programmalara awtorlyk hukugyny ykrar etmek we amala aşyrmak üçin deponirlemek /saklamaga bermek/, registrirlemek /bellemek/ ıa-da beıleki formallyklar ıaly çäreleri amala aşyrmak talap edilmeıär.

Awtorlyk hukugynyň obıekti bolup durmaıan materiallardan ybarat bolan maglumat bazalaryna awtorlyk hukugy şol maglumat bazalaryny döreden adama degişlidir.

Maglumat bazalaryna awtorlyk hukugy şol maglumat bazalaryna girizilen işleriň her birine awtorlyk hukugynyň berjaı edilen şertlerinde ykrar edilıär.

Maglumat bazalaryna girıän işleriň her birine awtorlyk hukugy saklanyp galıar. Şol işler bu maglumat bazalaryndan özbaşdak hem peıdalanylyp bilner.

Maglumat bazalaryna bolan awtorlyk hukugy bu maglumat bazalaryna girizilen işleri we materiallary özbaşdak saılap almak hem-de guramak işlerini amala aşyrmakda beıleki adamlara päsgel bermeıär.

2. Hak-hukuk eıesi özüniň hukuklaryny habar bermekde EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň ıa-da integral mikroshemalaryň topologiıasynyň çap edilen ilkinji goıberilişinden başlap, awtorlyk hukugyň şu aşakdaky üç elementden durıan gorag nyşanyny peıdalanyp biler:

  • gurşalyp alnan ıa-da tegelek ıaılaryň içindäki Ç harpyny;
  • hak-hukuk eıesiniň adyny;
  • EHM üçin programmanyň ıa-da maglumat bazalarynyň birinji goıberilişiniň çap edilen ıylyny.

5-nji madda. Awtorlyk hukugynyň hereket möhleti

I. Awtorlyk hukugy algoritmleriň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiıasynyň döredilen pursatyndan başlap, awtoryň ömrüniň bütin dowamynda we şondan soň hem onuň aradan çykan ıylyndan soňky ıylyň 1-nji ıanwaryndan hasaplanylanda 50 ıylyň dowamynda hereket edıär.

2. Bilelikde döredilen algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiıasyna awtorlyk hukugynyň hereketiniň gutarıan möhleti awtorlaryň iň soňkusynyň aradan çykan gününden hasaplanylıar.

3. Awtoryň ady görkezilmän /anonim/, ıagny golsuz ıa-da lakam bilen çykarylan algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiıasyna awtorlyk hukugy olaryň goıberilen /çap edilen/ pursatyndan başlap, 50 ıylyň dowamynda hereket edıär. Eger anonim ıa-da lakam bilen goıberilen algoritmiň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiıasynyň awtory görkezilen möhletiň dowamynda öz şahsyıetini ıa-da özüniň lakamyny aıan edäıse, ıa-da awtor tarapyndan kabul edilen lakam onuň şahsyıeti babatda şubhe döretmese, onda şu maddanyň 1-nji punktynda göz öňünde tutulan gorag möhleti ulanylıar.

4. Algoritmiň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiıasynyň awtorynyň şahsy hukugy möhletsiz goralıar.

6-njy madda. Şu Kanunyň hereket edıän çäkleri /sferasy/

Türkmenistanyň territoriıasynda ilkinji gezek çap edilen ıa-da çap edilmese-de, onuň çäklerinde haısydyr bir obıektiw görnüşde bar bolan algoritmlere, EHM uçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiıasyna awtorlyk hukugy Türkmenistanyň territoriıasynda hereket edıär.

Awtor, onuň mirasdary ıa-da hukuk taıdan beıleki mirasdüşeri grażdanlyk ıagdaılarynyň nähilidigine garamazdan, awtorlyk hukugyna eıedirler.

Daşary ıurtlaryň territoriıalarynda neşir edilen ıa-da haısydyr bir obıektiw görnüşde barbolan algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiıasyna Türkmenistanyň grażdanlarynyň ıa-da olaryň hukukly mirasdüşerleriniň awtorlyk hukugy ykrar edilıär.

Daşary ıurtlaryň territoriıasynda ilkinji gezek neşir edilen ıa-da haısydyr bir obıektiw görnüşde bar bolan algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiıasyna şol ıurtlaryň grażdanlarynyň awtorlyk hukugy Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laıyklykda ykrar edilıär.

II bölüm. AİRATYN AWTORLYK HUKUKLARY

7-nji madda. Awtorlyk

1. Algoritmleriň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiıasynyň awtory diılip, özüniň döredijilikli işiniň netijesinde olary döreden fiziki tarap ykrar edilıär.

Eger algoritmler, EHM üçin programmalar, maglumat bazalary we integral mikroshemalaryň topologiıasy iki ıa-da şondan hem köp fiziki taraplaryň bilelikdäki döredijilikli işiniň netijesinde döredilen bolsa, özem şol algoritm, EHM üçin programma, maglumat bazalary we integral mikroshemalaryň topologiıasy her biri özbaşdak ähmiıete eıe bolan bölümlerden ybaratdygyna ıa-da bölünmez baglanyşykdadygyna garamazdan, şol taraplaryň her biri şeıle algoritmiň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiıasynyň awtory hökmünde ykrar edilıär.

2. Eger algoritmiň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiıasynyň bölümleri aıratynlykda özbaşdak ähmiıete eıe bolan ıagdaıynda awtorlaryň her biriniň özüniň döreden bölümine awtorlyk hukugy bardyr.

8-nji madda. Şahsy hukuk

Algoritmiň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiıasynyň awtoryna, onuň emläk hukugynyň nähilidigine garamazdan, şu aşakdaky şahsy hukuklar degişlidir:

  • awtorlyk hukugy - ıagny algoritmiň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiıasyna awtorlyk hukugy;
  • at goımak hukugy - ıagny algoritme, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiıasyna awtoryň adyny şertli /lakam/ ıa-da anonim ıagdaıda at goımak hukugy;
  • eldegrilmesizlik /bütewiliginde galdyrmak/ hukugy - ıagny algoritmiň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiıasynyň hut özüni, şeıle hem olaryň adyny her hili ıoıulmalardan ıa-da beıleki kast etmelerden, awtoryň at-abraıyna we mertebesine mümkin bolan zyıan ıetirilmelerden goramak hukugy.

9-njy madda. Emläk hukugy

I. EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň awtoryna ıa-da olara hak-hukukly beıleki eıelik edijilere şu aşakdaky hereketleri amala aşyrmaga ıa-da amala aşyrmaga ygtyıar etmäge aıratyn hukuk degişlidir:

  • EHM üçin programmalary ıa-da maglumat bazalaryny çap etmäge;
  • EHM üçin programmalary ıa-da maglumat bazalaryny /tutuşlygyna ıa-da bölekleıin/ islendik görnüşde, islendik usul bilen gaıtadan işläp çykarmaga;
  • EHM üçin programmalary ıa-da maglumat bazalaryny ıaıratmaga /köpeltmäge/;
  • EHM üçin programmalary ıa-da maglumat bazalaryny modifikasiıa etmäge, şol sanda EHM üçin programmalary ıa-da maglumat bazalaryny bir dilden beıleki bir dile geçirmäge;
  • < li >EHM üçin programmalary ıa-da maglumat bazalaryny başga hili peıdalanmaga.

2. Integral mikroshemalaryň topologiıasynyň awtoryna ıa-da oňa hak-hukukly beıleki eıelik edijilere / mirasdüşerlere/ şol topologiıany öz islegine görä, hususan-da, şonuň ıaly topologiıa bilen integral mikroshemalary taııarlamaga we ıaıratmaga /köpeltmäge/, şu topologiıany şu Kanunda göz öňünde tutulan halatlardan beıleki ıagdaılarda, başga adamlara birugsat peıdalanmagy gadagan edıän hukugy-da öz içine alıan aıratyn hukuk degişlidir.

Topologiıa birnäçe awtorlaryna ıa-da oňa hak-hukuly beıleki eıelik edijilere /mirasdüşerlere/ degişli bolan hukugy peıdalanmagyň tertibi olaryň arasyndaky şertnamalar bilen kesgitlenilıär.

Awtoryň ıa-da topologiıa hak-hukukly beıleki eıelik edijiniň rugsat bermedik ıagdaıynda amala aşyrylyp bilinjek şu aşakdaky hereketler topologiıany peıdalanmagyň aıratyn hukuklarynyň bozulmagy diılip ykrar edilıär:

  • topologiıanyň tutuş ıa-da bölekleriniň, ıagny asyl nusga bolup durmaıan integral mikroshema goşmak ıa-da başga hili ıollar bilen kopiıasynyň /nusgasynyň/ alynmagy;
  • topologiıanyň ıa-da şu topologiıa bilen integral mikroshemalaryň ulanylmagy, getirilmegi, satuwa çykarylmagy, satylmagy we hojalyk dolanyşygyna başga hili ıollar bilen girizilmegi.

10-njy madda. Emläk hukugynyň berilmegi

Algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiıasyna bolan emläk hukugy başga bir fiziki ıa-da ıuridik taraplara bütewiligine ıa-da bölekleıin görnüşde şertnama esasynda berlip bilner.

Şertnama ıazmaça görnüşde baglaşylıar we onda şu aşakdaky möhüm şertler bellenilmelidir:

  • algoritmleri, EHM üçin programmalary, maglumat bazalaryny we integral mikroshemalaryň topologiıasyny peıdalanmagyň möçberi we usullary;
  • tölegleriň möçberi we olary tölemegiň tertibi;
  • şertnamanyň hereket edıän möhleti.

2. Algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiıasyna emläk hukugy miras boıunça kanunda bellenilen tertipde geçıär.

11-nji madda. Gulluk borçlary ıerine ıetirilıän wagtynda we buırujy /zakazçy/ bilen baglaşylan şertnama esasynda döredilen algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalary we integral mikroshemalaryň topologiıasyna emläk hukugy

1. Gulluk borçlary ıerine ıetirilıän wagtynda ıa-da iş tabşyrıan adamyň görkezmesi boıunça döredilen algoritmler, EHM üçin programmalar, maglumat bazalary we integral mikroshemalaryň topologiıasy, eger onuň bilen awtoryň arasynda baglaşylan şertnamada başga hili şert göz öňünde tutulmadyk bolsa, emläk hukugy iş tabşyran adama degişlidir.

2. Galam hakynyň möçberleri we ony tölemegiň tertibi awtoryň hem-de iş tabşyrıan adamyň arasynda baglaşylan şertnamada kesgitlenilıär.

3. Awtoryň buırujy /zakazçy/ bilen baglaşan sertnamasy esasynda döreden algoritmlerine, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiıasyna emläk hukugy, eger buırujy iş tabşyrıan adam bolmasa, şertnamada hem başga hili şert göz öňünde tutulmadyk bolsa, ol buıruja degişli bolıar.

12-nji madda. Registrasiıa edilmäge hukuk

1. Algoritmler, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiıasyna hak-hukuk eıesiniň islegi boıunça hut özi ıa-da özüniň wekiliniň üsti bilen awtorlyk hukugynyň hereket edıän möhletiniň dowamynda algoritmleri, EHM üçin programmalary, maglumat bazalaryny we integral mikroshemalaryň topologiıasyny Türkmenpatente arza bermek arkaly registrasiıa edip biler.

2. Algoritmleri, EHM üçin programmalary, maglumat bazalaryny we integral mikroshemalaryň topologiıasyny resmi taıdan registrasiıa etdirmek üçin berilıän arza /mundan beıläk – registrasiıa üçin arza/ diňe bir sany algoritme, EHM üçin ıekeje programma, bir sany maglumat bazasyna ıa-da bir sany topologiıa degişli bolmalydyr.

Registrasiıa üçin berilıän arzalary taııarlamagyň düzgünini Türkmenpatent kesgitleıär.

3. Registrasiıa üçin gelip gowşan arzalardaky möhüm dokumentleriň ıerbe-ıerdigini Türkmenpatent barlaıar we talaba laıyklykda algoritmi, EHM üçin programmany, maglumat bazalaryny we integral mikroshemalaryň topologiıasyny ekspertizadan geçirıär.

Barlag gowy netije berse, Türkmenpatent algoritmi, EHM üçin programmany, maglumat bazalaryny we integral mikroshemalaryň topologiıasyny algoritmler we programmalar fonduna /APF/ girizıär. Olaryň resmi taıdan registrasiıa edilendigi barada arza beren adama sahadatnama gowşurıar we algoritmleriň, EHM üçin programmalaryň hem-de integral mikroshemalaryň registrasiıa edilendigi hakyndaky maglumaty Türkmenpatentiň resmi bıulleteninde çap edıär.

Arza beren adam maglumat resmi bıulletende çap edilıänçä Türkmenpatentiň talap etmegi boıunça ıa-da öz islegi bilen zaıawkasyndaky materiallaryň üstüni ıetirmäge, olary takyklamaga we düzetmäge haklydyr.

4. Resmi registrasiıanyň tertibi, resmi registrasiıa baradaky şahadatnamanyň görnüşi /formasy/, olarda görkezilıän maglumatlaryň düzümi /sostawy/ Türkmenpatent tarapyndan kesgitlenilıär. Resmi bıulletende çap edilıän maglumatlaryň sanawyny hem Türkmenpatent kesgitlenilıär.

5. Registrasiıa edilen algoritmlere, EHM üçin programmalara maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiıasyna ähli emläk hukuklarynyň başga birine doly berilıändigi hakyndaky şertnama Türkmenpatentde registrasiıa edilmelidir.

Emläk hukuklarynyň algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiıasyna berilıändigi hakyndaky şertnamalar taraplaryň razylygy boıunça bölümde registrasiıa edilip bilner.

6. EHM üçin programmalaryň reestrine /ıazgysyna/, maglumat bazalarynyň reestrine ıa-da integral mikroshemalaryň topologiıasynyň reestrine girizilen maglumatlar, nädogrudygy subut edilıänçä, ygtybarly hasap edilıar.

Görkezilen maglumatlaryň ygtybarlydygy üçin jogapkärçiligi arza beren adamyň özi çekıär.

7. Algoritmleriň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiıasynyň şertnamalaryň hem-de çap edilen maglumatlaryň resmi registrasiıa bilen baglanyşykly amala aşyrylıan işler üçin registrasion tölegler tutulyp alynıar.

Registrasion tölegleriň möçberi, olary üzlüşmegiň möhleti, şeıle hem olary töleglerden boşatmagyň ıa-da olaryň möçberini azaltmagyň şertleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilıär.

III bölüm. ALGORITMLERIŇ, EHM ÜÇIN PROGRAMMALARYŇ, MAGLUMAT BAZALARYNYŇ WE INTEGRAL MIKROSHEMALARYŇ TOPOLOGIİASYNYŇ PEİDALANYLYŞY

13-nji madda. Algoritmleriň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiıasynyň hak-hukuk eıeleri bilen baglaşylan sertnamalar esasynda peıdalanylyşy

1. Algoritmleriň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiıasynyň peıdalanyjy tarapyndan ulanylmagy şu Kanunda görkezilen ıagdaılardan başga halatlarda onuň hak-hukuk eıesi bilen baglaşylan şertnama esasynda amala aşyrylıar.

2. Algoritmleriň, EHM üçin programmalary, maglumat bazalaryny we integral mikroshemalaryň topologiıasyny peıdalanmak baradaky şertnamalar ıazmaça görnüşde baglaşylıar.

3. Algoritmleriň, EHM üçin programmalar, maglumat bazalary we integral mikroshemalaryň topologiıasy satylan we köpçülikleıin peıdalanmaga hödürlenilen wagtynda şertnamalary ıeňilleşdirilen görnüşde ulanmaga rugsat berilıär, mysal üçin, algoritmleriň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiıasynyň nusgalaryna /ekzemplıaryna/ baglaşylan şertnamanyň bir tipdäki şertleri ıazmak arkaly beıan edilıär.

14-nji madda. EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň erkin gaıtadan öndürilmegi we adaptasiıasy /uıgunlaşmagy/

1. EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna eıelik etmäge hukukly adam olaryň hak-hukuk eıesinden goşmaça ygtyıar almazdan, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň niıetlenen ugry boıunça işledilmegi bilen baglanyşykly islendik hereketleri amala aşyrmaga haklydyr. Şol sanda ol ıazga geçirmäge we şol ıazgyny EHM-niň ıadynda saklap galdyrmaga, şonuň bilen birlikde mese-mälim görnüp duran ıalňyşlary düzetmäge-de ygtyıarlydyr. İazgy geçirmek we ony EHM-niň ıadynda saklap galmak eger onuň hak-hukuk eıesi bilen baglaşylan şertnamada başga hili ıagdaı göz öňünde tutulmadyk bolsa, diňe bir EHM babatda ıa-da sete birikdirip, peıdalanyjynyň diňe birine ygtyıar edilıär.

2. EHM üçin programmalara, maglumat bazalarynyň nusgalaryna /ekzemplıarlaryna/ eıelik etmäge hukukly adam olaryň hak-hukuk eıesi bilen ylalaşmazdan we oňa goşmaça tölegleri tölemezden, şu aşakdakylara ygtyıarlydyr:

  • EHM üçin programmalary, maglumat bazalaryny adaptasiıalaşdyrmaga /uıgunlaşdyrmaga/;
  • EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň nusgalaryny /kopiıalaryny/ başga adama bermezlik şerti bilen, taııarlamaga ıa-da taııarlamagy tabşyrmaga we EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň asyl nusgalarynyň ıiten, ıok edilen ıa-da peıdalanmak üçin ıaramsyz bolup galan halatynda olaryň kanuny ıagdaıda alnan nusgasyny çalşyrmak üçin niıetlenen ekzemplıaryny taııarlamaga; EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň nusgalary /kopiıalary/ başga maksatlar üçin peıdalanylyp bilinmez, şol EHM üçin programmalar, maglumat bazalary eger kanuny hukuklaryny ıitiren bolsa, olar ıok edilmelidir.

3. EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň nusgalaryna /ekzemplıarlaryna/ eıelik etmäge hukukly adam olaryň hak-hukuk eıesiniň razylygyny almazdan we goşmaça hak tölemezden, EHM üçin programmany dekompilirlemäge ıa-da dekompilıasiıa etmegi başga birine tabşyrmaga hakly däldir.

IV bölüm. HUKUGY GORAMAK

15-nji madda. Awtorlyk hukugynyň bozulmagy. Algoritmleriň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiıasynyň kontrafakt nusgalary /ekzemplıarlary/

1. Şu Kanunyň hak-hukuk eıesinin aıratyn hukuklary babatdaky talaplaryny berjaı etmeıän, şol sanda algoritmleriň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiıasynyň hak-hukuk eıesiniň rugsady alynmazdan taııarlanylan nusgalaryny /ekzemplıarlaryny/ Türkmenistana getiren fiziki we ıuridiki taraplar awtorlyk hukugyny bozujylar hasaplanylıar.

2. Algoritmleriň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mokroshemalaryň topologiıasynyň taııarlanylan ıa-da peıdalanylan nusgalary / ekzemplıarlary/ awtorlyk hukugynyň bozulmalaryna getirıän bolsa, onda olar kontrafakt diılip ykrar edilıär.

3. Türkmenistanda şu Kanuna laıyklykda goralıan algoritmleriň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiıasynyň beıleki döwletlerden Türkmenistana getirilen nusgalary /ekzemplıarlary/ bu algoritmler, EHM üçin programmalar, maglumat bazalary we integral mikroshemalaryň topologiıasy ozal Kanun tarapyndan şol döwletlerde hiç wagt goralmadyk hem bolsa ıa-da goralmasy bes edilen hem bolsa, kontrafakt hasap edilıär.

16-njy madda. Algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiıasyna berlen hukugyň goragy

1. Algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiıasynyň awtory we beıleki hak-hukuk eıesi şu aşakdakylary talap etmäge haklydyrlar;

  • hukugyň ykrar edilmegini;
  • hukugyň bozulmagyna çenli dowam eden düzgüniň dikeldilmegini we hukugy bozıan ıa-da onuň bozulmagy üçin howp döredıän hereketiň bes edilmegini;
  • ıetirilen zyıanyň hukugy bozujylar tarapyndan bikanun alnan girdejileri hem goşmak bilen töledilmegini.

2. Hak-hukuk eıeleri öz hukuklaryny goramak üçin suda ıüz tutup bilerler. Hukuk bozujylar tarapyndan gaıtarylmaly tölegleriň mukdary sud tarapyndan kesgitlenilıär.

17-nji madda. Algoritmleriň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiıasynyň kontrafakt nusgalarynyň /ekzemplıarlarynyň/ gadagan edilmegi

Algoritmleriň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiıasynyň awtorlarynyň we beıleki hak-hukuk eıeleriniň hukuklaryny bozmak bilen taııarlanylan, gaıtadan öňdürilen, satylıan, getirilen ıa-da başga hili ıol bilen peıdalanylan, ıa-da peıdalanmak üçin niıetlenilen ekzemplıarlary kanun tarapyndan bellenilen tertipde gadagan edilip bilner.

18-nji madda. Jogapkärçiligiň başga görnüşleri

Başga biriniň algoritmlerini, EHM üçin programmalaryny, maglumat bazalaryny we integral mikroshemalaryň topologiıasyny öz ady bilen çap eden ıa-da bikanun gaıtadan öndüren hem-de şeıle işleri ıaıradan /köpelden/ adan kanuna laıyklykda jenaıat jogapkärçiligine çekilıär.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat säheri, 1994-nji ıylyň 23-nji sentıabry, № 964 - HP.
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy