Kanunlar we kararlar

Ylmy-barlaglaryň we ıokary hünärli işgärleri taııarlamagyň netijeliligini ıokarlandyrmak hakynda

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Kanunlar we kararlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



TÜRKMENISTANYŇ KANUNY "Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda"

Şu Kanun ylmy-tehnologiýa parklarynyň döredilmegi we hereket etmegi bilen baglanyşykly hukuk, ykdysady we guramaçylyk gatnaşyklary ny düzgünleşdirýär.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY "Innowasiýa işi hakynda"

Şu Kanun Türkmenistanda innowasiýa işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY "Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda"

>Şu Kanun Türkmenistanda döwlet ylmy-tehniki syýasaty döretmegiň maksatlaryny we ýörelgelerini hem-de onuň durmuşa geçirilmegini kesgitleýär, ylmy işiň subýektleriniň, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň we ylmy önümi sarp edijileriň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY "Ylmy edaralar hakynda"

Şu Kanun ylmy edaralaryň hukuk ýagdaýyny, maksatlaryny, wezipelerini we ygtyýarlyklaryny, olaryň kysymlaryny we görnüşlerini, ylmy edaralaryň işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini kesgitleýär.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY "Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda"

Şu Kanun ylmy işgärleriň hukuklaryny, borçlaryny we jogapkärçiligini, olaryň hünär taýýarlygyna baha bermegiň ölçeglerini, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralarynyň ylmy işgäriň erkin ylmy döredijiliginiň kepilliklerini we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmekdäki, ylmy işiň abraýyny ýokarlandyrmakdaky borçlaryny kesgitleýär.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Ylmy intellektual eýeçilik hakynda

Şu Kanun «Türkmenistanda eýeçilik hakyndaky» Türkmenistan Kanunyna laýyklykda, intellektual (akyl) eýeçiligiň bir görnuşi bolup durýan ylmy intellektual eýeçilik obýektlerini döretmek we peýdalanmak maksady bilen alnyp barylýan ylmy-tehniki işde ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

Türkmenistanda ylmy we tehnikany ösdürmegiň ileri tutulıan ugurlarynyň SANAWY

Türkmenistanda ylmyň ösüşiniň esasy ileri tutulıan ugurlary getirilıär.

Algoritmleriň, elektron hasaplaıjy maşynlar (EHM) üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiıasynyň hukuk taıdan goralyşy hakynda

Bu Kanun arkaly EHM üçin, maglumatlar çeşmesi we integral mikroçyzgylaryň topologiıasy üçin antaritmleri peıdalanamak bilen baglanyşykly hukuky gorag, döretmek bilen baglanyşykly gatnaşyklar düzgüne girıär.

Türkmenistanyň Patent Kanuny

Bu Kanun emläk we döretmek bilen, hukuky gorag bilen we oılanyp tapylan zatlary, önümçilik nusgalary, haryt belliklerini we hyzmat belliklerini ulanmak bilen, döretmek bilen baglanyşykly ıüze çykıan şahsy emläk bilen dahylly bolmaıan gatnaşyklary belli bir tertibe salıar.


Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taıdan ösdürmegiň ileri tutulıan ugurlary boıunça ylmyň we tehnikanyň derwaıys meselelerini netijeli işlemegi üpjün etmek, ıokary hünärli ylmy işgärleri taııarlamagyň hem-de hünär synagyndan geçirmegiň derejesini ıokarlandyrmak maksady bilen, karar edıärin:

1. Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň ylmy-tehniki syıasatyny iş ıüzünde durmuşa geçirmegi üpjün etmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň ıanyndaky Ylym we tehnika baradaky ıokary geňeşiň üstüne ıüklemeli.

2. Ylmy barlaglar, ylmy-tehniki ilerlemäniň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak, ıokary hünärli ylmy işgärleri taıarlamak ıokary okuw jaılarynyň ylmy merkezlerinde, ylmy-barlag guramalarynda, ykdysadyıetiň pudaklarynda we kärhanalarda amala aşyrylıar diıip bellemeli.

3. Şu goşulıanlary tassyklamaly:

Türkmenistanda ylmy we tehnikany ösdürmegiň ileri tutulıan ugurlarynyň sanawyny;

Türkmenistanyň Prezidentiniň ıanyndaky Ylym we tehnika baradaky ıokary geňeş hakyndaky Düzgünnamany, İokary geňeşiň düzümini, İokary geňeşiň garamagyndaky guramalaryň sanawyny we onuň edarasynyň gurluşyny;

Türkmenistanyň Prezidentiniň ıanyndaky Ylym we tehnika baradaky ıokary geňeşiň kandidatlyk hem-de doktorlyk dissertasiıalaryny goramak baradaky ıöriteleşdirilen geňeşleri we alymlyk derejelerini bermegiň we ylmy atlary dakmagyň tertibi hakyndaky Düzgünnamany, şeıle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ıanyndaky Ylym we tehnika baradaky ıokary geňeşiň ekspert komissiıalarynyň sanawyny we düzümini.

4. Türkmenistanyň Prezidentiniň ıanyndaky Ylym we tehnika baradaky ıokary geňeşiň kandidatlyk hem-de doktorlyk dissertasiıalaryny goramak baradaky ıöriteleşdirilen geňeşlerini döredip, olary goşulıan sanawa laıyklykda ıokary okuw jaılarynda we ylmy edaralarda ıerleşdirmeli.

5. Türkmenistanyň Prezidentiniň ıanyndaky Ylym we tehnika baradaky ıokary geňeşiň edarasynyň 18 işgäri we gullukda ulanylıan 1 ıeňil awtomobili bolmaly.

6. Türkmenistanyň Prezidentiniň ıanyndaky Ylym we tehnika baradaky ıokary geňeş ylmy edaralaryň Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň ylmy-tehniki syıasatyny durmuşa geçirmek we ıokary hünärli ylmy işgärleri taııarlamak baradaky işini utgaşdyrmaly hem-de oňa gözegçilik etmeli, her çärıekde ıurdumyzyň ıokary okuw jaılarynda we ylmy-barlag guramalarynda ylmy konferensiıalary hem-de simpoziumlary geçirmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy