Ylmy edaralar

Ylmy-barlag dänelik ekinleri instituty «Türkmengallaönümçilik» assosasiıasy

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Ylmy edaralar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




Salgysy

745205, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň O.Jumaýew köçesiniň 1-nji jaýynyň 2-nji binasy
telefon/faks: 8-00-137-36-4-76; 8-00-137-36-3-95.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda oba hojalyk ylmynyň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky çäreler hakynda» 2003-nji ýylyň iýul aýynyň 4-nji senesindäki 6304 belgili Karary bilen «Türkmengallaönümleri» Assosiasiýasynyň düzüminde Ylmy-barlag dänelik ekinleri instituty döredildi.

    Ylmy-barlag dänelik ekinleri institutynyň düzüminde 3 sany ylmy bölüm bar:
  1. «Sümmülli däneli ekinleri» bölümi;
  2. «Ot-iýmlik we kösükli däneli ekinleri» bölümi;
  3. «Tohumçylyk» bölümi.

Ylmy-barlag dänelik ekinleri institutynyň Balkan, Mary, Lebap, Daşoguz welaýatlarynda ylmy-önümçilik synag merkezleri bar.

Institutyň we oňa degişli bolan ylmy-önümçilik synag merkezleriniň esasy maksady eziz watanymyzyň ekin meýdanlaryny sümmülli däneli, ot-iýmlik we kösükli däneli ekinleriň (bugdaý, arpa, tritikale, süle, çowdary, şaly, mekgejöwen, jöwen, nohut, merjimek, çina, goroh) Türkmenistanyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, ýokary hasylly, gurakçylyga we yssa çydamly, kesellere we zyýankeşlere durnukly sortlaryny döretmek, olary önümçilige ornaşdyrmak, ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň tärlerini işläp düzmek, täze döredilen we önümçilikdäki sortlaryň ilkinji tohumçylygyny ýola goýup, Tohummaýa, Naýbaşy we Saýlantgy arkalaryny çykaryp, ýurt boýunça ähli tohumçylyk hojalyklary ýokary arkaly tohumlar bilen we Diýarymyzy däne bilen üpjün etmek wezipesi durýar.

Institutymyzyň alymlary ýumşak bugdaýyň «Bitarap», «Lebap-1», «Türkmenbaşy», gaty bugdaýyň «Türkmenbaşy-1», jöweniň «Türkmenistan-8», mekgejöweniň-"Änew-62″ sortuny önümçilige ornaşdyrdylar.

Häzirki wagtda ýumşak bugdaýyň täze döredilen «Miras», «Änew», gaty bugdaýyň «Ak baş», «Garagylçyk», tritikaleniň «Ruhnama», çinanyň «Hasylly», nohudyň «Ahal», jöweniň «Türkmenistan-10», mekgejöweniň «Paýtagt» sortlary Döwlet sort synagyndan geçýärler.


e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2020, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy