Ylmy edaralar

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Ylmy edaralar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




Salgysy

Aşgabat şäheri, Oguz-han 13

Türкmеn döwlet ulаg wе аrаgаtnаşyк instituty 1992- ýylda döredildi.

Türkmen döwlet ulаg wе аrаgаtnаşyк instituty — Watanymyzyň ähli ulaglar we aragatnaşyk ulgamy üçin ýokary bilimli hünarmentleri taýýarlanýan merkezidir. Talyplara hünar bermage 12 kafedra gatnaşyar. Institutyň 4 fakultetinde 1350-ä golaý talyp okaýar. Institutyň kafedralarynda 140-dan gowrak mugallymlar zähmet çekýärler, olaryň 8-si ylymlaryň doktory we professorlar, 28-si ylymlaryň kandidaty we dosentler. Talyplar bilen sapak geçirmeklige ministrlikleriň, müdirlikleriň we ylmy-barlag institutlarynyň alymlary we hünarmenleri hem gatnaşýarlar. 1997-nji ýyldan bäri institutyň demir ýol, aragatnaşyk, ulag gurluşygy we ykdysadýet fakultetinde Türkmenistanyň demir ỳol ministrliginde işlemek üçin orta bilimli hünärmenleri hem taýýarlanylýar.

Тürkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň hemişelik atalyk aladasy bilen institutyň okuw we material-tehniki bazasy yyl-yyldan berkeýär. Sapaklar täze enjamlar we abzallar bilen üpjin edilen laboratoriýalarda we kabinetlerde geşirilýär.

Ylmy ugurlar

Institutyň alymlary tarapyndan alnyp barylýan ylmy-barlag işleri ulag we aragatnaşyk sistemasynda tehniki progresi çaltlandyrmaga, dürli konstruksiýalaryň, desgalaryň tygşytlylygyny we ygtybarlygyny ýokarlandyrmaga, gün energiýasyny ulanmaga, bazar gatnaşyklary şertlerinde hojalyk strukturalaryň has peýdaly mehanizmlerini işläp düzmeklige, tebigy sredanyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaklyga gönükdirlendir. Barlaglaryň belli bir bölegi ýokary okuw jaýlarynda okuwyň guralyşyny we planlaşdyrylyşyny kämilleşdirmek meseleleri, ýaşlary Watany söymek ruhunda terbiýelemek bilen baglanşyklydyr.


e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2018, Türkmenistanyň Ylymlar akademiıasy