Ylmy edaralar

Tehnologiýalar merkezi

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Ylmy edaralar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi

Salgysy: 744032, Aşgabat ş., Bekrewe ýaşaýyş toplumy, 2211 (Bekrewe) köçe, 180.

Tel.: (+99312) 39-84-44,

faks: (+99312) 39-84-88.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi işi barada gysgaça maglumat (barlaghanalaryň, bölümleriň we merkezleriň atlary):

— Merkezi barlaghana;

— Derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary barlaghanasy;

— Daşky gurşawy goramagyň tehnologiýalary barlaghanasy;

— Nanotehnologiýalar barlaghanasy;

— Geografiki maglumat ulgamlary barlaghanasy;

— Täze maddalary sintezlemegiň tehnologiýalary barlaghanasy;

— Biotehnologiýalar barlaghanasy;

— Maglumatlar we aragatnaşyk tehnologiýalary barlaghanasy;

— Energiýany öndürmegiň we tygşytlamagyň tehnologiýalary barlaghanasy;

— Iýmit tehnologiýalary barlaghanasy;

— Maliýe-ykdysady bölümi;

— Işgärler we umumy işler boýunça bölüm;

— Tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak bölümi;

— Taslama-konstruktorçylyk we tejribe desgalarynyň gurnaýyş, abatlaýyş bölümi;

— Hojalyk-tehniki bölümi;

— Patent-maglumat we ýörite bölümi;

— Halkara gatnaşyklar bölümi;

— Aspirantura bölümi;

— Elektron kitaphana;

— Çaphana.

Ylmy-barlaglar alnyp barylýan esasy ugurlar:

Merkezi barlaghana kärhanallarynyň we guramalarynyň talap edýän düýpli ylmy barlaglaryny geçrimäge we önümçiligiň çylşyrymly amaly meselelerini çözmäge ukyply ylmy meýdança hökmünde çykyş edýär. Barlaghananyň iň öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy nano-, bio-, fiziki-himiki, himiki, mikroskopiki barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Nanotehnologiýalar barlaghanasy nanoölçegli örtükleri almak we nanobölejikleri sintezlemek, täze häsiýetli materiallary döretmek we fotoöwrüji gurluşlary taýýarlamak boýunça ylmy-barlag işleri alyp barýar.

Biotehnologiýalar barlaghanasy biotehnologik usullar arkaly käbir derman ösümlikleri köpeltmek, ösümlikleriň zyýankeşlerini we kömelek kesellerini öwrenmek we olara garşy biologik göreş çärelerini işläp düzmek, derman ösümliklerden fitopreparatlary taýýarlamak mümkinçiligini öwrenmek maksady bilen ösümliklerden taýýarlanan ekstraklary we goýutmalary ulanyp, barlaghana we öý haýwanlarda fiziologik we immunologik barlaglaryny geçirmek boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýar.

Maglumatlar we aragatnaşyk tehnologiýalary barlaghanasy informasion-kommunikasion ulgamlar bilen torlaryň integrirlenilişi, matematiki modeller we usullar, informatikanyň we informasion tehnologiýalaryň nazary esaslary, maglumatlary ýygnamagyň, saklamagyň, gözlemegiň, gaýtadan işlemegiň, üýtgetmegiň, şekillendirmegiň, goramagyň we geçirmegiň informasion tehnologiýalary boýunça ylmy-amaly barlaglary ýerine ýetirýär.

Täze maddalary sintezlemegiň tehnologiýalary barlaghanasy öňdebaryjy ylmy usullaryň we innowasiýalaryň kömegi bilen Türkmenistanyň dürli tebigy baýlyklarynyň esasyny düzýän maddalaryň fiziki-himiki häsiýetlerini düýpli öwrenmek, olaryň esasynda dünýä bazarynda bäsleşige ukyply önümleri sintezlemek we olaryň önümçilik tehnologiýalaryny işläp düzmek, alnan täze maddalardan gurluşyk, senagat, dokma, durmuş maksatly materiallary döretmek, oba hojalygy üçin zerur bolan täze dökünleri almak boýunça barlaglary alyp barýar.

Daşky gurşawy goramagyň tehnologiýalary barlaghanasy topragy, suwy, howany arassa saklamagyň we dürli zyýanly maddalardan arassalamagyň täze tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, tebigy we antropogen faktorlaryň täsiri esasynda daşky gurşawyň ýagdaýynyň üýtgemegine baha bermek we çaklamak boýunça ylmy-barlag işleri alyp barýar.

Derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary barlaghanasy Türkmenistanyň ýerli çig mallaryndan, dermanlyk ösümliklerden, minerallardan dürli dermanlyk serişdeleri taýýarlamak maksady bilen bioişjeň maddalary bölüp almak we dürli dermanlyk serişdeleri taýýarlamak boýunça ylmy-barlag işleri alyp barýar.

Iýmit tehnologiýalary barlaghanasy iýmit önümleriniň hili, energetiki gymmatlygy, olary gaýtadan işlemegiň, uzak wagtlap saklamagyň tehnologiýalary we ýurdumyzda öndürilýän iýmit önümleriniň ekologiki howpsyzlygy we hili boýunça ylmy-barlaglary alyp barýar.

Geografiki maglumat ulgamlary barlaghanasy Türkmenistanyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ulanmak üçin GMU tehnologiýalaryny ulanyp, tematiki sanly kartalaryny döretmegiň usulyýetlerini işläp düzmek we önümçilige ornaşdyrmak boýunça ylmy-amaly barlaglary alyp barýar.

Energiýany öndürmegiň we tygşytlamagyň tehnologiýalary barlaghanasy dürli gömüşli energiýa çeşmelerinden energiýany almagyň, ulanmagyň we tygşytlamagyň tehnologiýalaryny döretmek, energiýany netijeli ulanmak bilen baglanyşykly meseleleri çözmek, energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmagyň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak boýunça ylmy-barlaglary alyp barýar.

2015-2016-njy ýyllarda ylmy neşirlerde 38 makala çap edildi.

2015-2016-njy ýyllarda ylmy maslahatlaryň nutuklarynyň gysgaça beýanlarynda 25 tezis çap edildi.

2014-2016-njy ýyllarda 4 sany oýlap tapyşa patent alyndy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi bilen «Belarusyň Milli Ylymlar akademiýasynyň sitologiýa instituty» döwlet ylmy edarasynyň arasynda baglaşylan ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk barada şertnama esasynda işler alnyp barylýar. Şeýle hem, Tehnologiýalar merkezi Ýaponiýanyň Tsukuba uniwersiteti, Koreýa Respublikasynyň Songýungwan uniwersiteti, «Belarusyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Täze materiallaryň himiýasy instituty» döwlet ylmy edarasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýar.


e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy