Ylmy edaralar

Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrliginiň "Türkmensuwylymtaslama"

Baş sahypaYlymlar akademiýasy
Ylmy edaralar
Baş sahypa  Bize hat ýaz  Atgarma
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




Salgysy:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, B.Seýtakow köç., 1 jaý.
Telefon 352687, faks 351835.
E-mail: tgvh@online.tm, ssvecher@yahoo.com

Institutynyň gurluşy:

“Türkmensuwylymtasalama” institutynyň düzümine şu aşakdaky bölümler girýärler:

§ kärhananyň hasabynda bolan we hususy hasaplaşyk hasaby bolmadyk bölümler, taslamalaryň baş bilgeleriniň toraplary, bölümçeler, laboratoriýalar, býurolar, Ahal, Balkan, Mary, Lebap we Daşoguz gözleg-barlag toparlary.

Ylmy – barlag işleriniň esasy ugurlary:

1. Türkmenistanyň suw hojalygynyň esasy ugurlary boýunça taslamalary, önümçilik we ylmy işleri guramak, amala aşyrmak hem-de önümçilige ornaşdyrmak:

  • suwaryş akabalarynyň we beýleki suw hojalyk desgalarynyň gidrawlikasy;
  • suwarymly ýerleriň meliorasiýasy, meliorasiýa çäreleriniň ekologiýasy;
  • oba hojalyk ekinleriniň suwaryş düzgünini we suwaryş tehnikasyny kämilleşdirmek, suw tygşytlaýjy tärleri işläp taýýrlamak;
  • ilaty ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça çäreleri amaly taýdan işläp düzmek.

2. Suw hojalyk ulgamynda dünýä ylmynyň we önümçliginiň öňdebaryjy gazananlaryny öwrenmek we ýaýratmak, olary ýurdumyzyň suw hojalyk ulgamyna ornaşdyrmagy çaltlandyrmak maksady bilen teklipleri, gözükdiriji neşirleri, gollanmalary işläp taýýarlamak we köpçülikleýin ýaýratmak.

3. Suwarymly ýerlerde we olara ýanaşýan ýerlerde ýerasty suwlaryň duzlylygyna we ýerleşiş derejesine gözegçiligi ýola goýmak, gözegçilik maglumatlaryny ýygnamak, olary işläp taýýarlamak we seljeriş işlerini geçirmek.

4. Suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyna edýän täsirini öwrenmek maksady bilen suwaryş we kollektor-drenaž ulgamynyň tehniki ýagdaýyny barlagdan geçirmek, şeýle-de olaryň durkyny täzelemek, olary gyrmançadan, hapadan arassalamak boýunça teklipleri işläp taýýarlamak.

5. Oba hojalyk ekinleriniň suwaryş düzgünine laýyklykda gerekli bolan suwuň möçberlerini hasaplamak üçin geçirilen gözegçiligiň maglumarlarynyň esasynda suwarymly ýerleri gidromodul taýdan etraplara bölmek.

6. Topragyň duz seljermelerine we geçirilen barlaglara esaslanmak bilen onyň şorluk derejesine baglylykda şorlaşan ýerleriň meýdanyny kesgitlemek, nobatdaky we düýpleýin ýuwuş suwyny geçirmek üçin gerek bolan suw mukdaryny hasaplamak.

7. Suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça teklipleri işläp taýýarlamak, şol sanda geçirilmeli zerur melioratiw çäreleriň görnüşleri boýunça olaryň meýdanlaryny kesgitlemek (düýpli tekizleýiş işleri, geçirilmeli nobatdaky we düýpli ýuwuş, KDU abatlamak, arassalamak, KDU – gurluşygy).

8. Suwarymly ýerleriň esasy meýdanlarynda suw-duz düzgünini, olaryň meliorasiýa ýagdaýyny saklamak we gowulandyrmak üçin geçirilýän meliorasiýa hem-de agrotehnika çäreleriň netijeliligini öwrenmek.

9. Kompýuter maksatnamalaryny düzmek, suwarymly ýerleriň meliorasiýa kadastr maglymatlaryny toplamak işini alyp barmak.

10. Suwy rejeli ulanmak we aýawly saklamak meseleleri boýunça jemgyýetçilik pikirini döretmek üçin iş alyp barmak.

11. Şahsy we senagat maksatlary üçin arassa agyz suwuny hem-de distillýat derejesindäki aýratyn arassa suwy almaga mümkinçilik berýän ylmyň soňky gazananlaryny özünde jemlän ýokary netijeli enjamlary, önümleri, desgalary, çuňlukdan suw sorýan sorujylaryň ornuny tutup bilýän pnewmosuwçykaryjylary, drenaž, ýerasty we akar suwlaryň gysga möhletde barlanyp seljerilmegi üçin gerekli enjamlary öndürmek hem-de önümçilige ornaşdyrmak, şeýle-de suw arassalaýan desgalara hyzmat etmek.


e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2020, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy