Ylmy edaralar

Türkmenistanyň milli sport we syıahatçylyk instituty

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Ylmy edaralar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




Salgysy:

744001, Türkmenistan, Aşgabat ş., Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyıazow şaıoly, 243.
Tel.: 36 25 40, faks: 36 24 56.

Iinstitutyň gurluşy:

«Sport» we "Syýahatçylyk«fakultetleri;

8 sany kafedralar:

  1. «Dünýä tejribesini öwreniş»,
  2. «Sportuň medisina we biologiki taýdan üpjünçiligi»,
  3. «Sportuň nazaryýeti we biomehanika»,
  4. «Atçylyk sporty, gimnastika, ýeňil atletika we suwda ýüzmek»,
  5. «Türkmen milli we sport oýunlary»,
  6. «Göreş we başa-baş tutluşyk»,
  7. «Syýahatçylyk täjirçiligini guramak we dolandyrmak»,
  8. «Myhmanhana we syýahatçylyk hyzmatlarynyň ýörite menejmenti».

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutyna «Bedenterbiýäniň, sport täliminiň, sagaldyş we uýgunlaşmak işleriniň nazaryýeti we usulyýeti» 13.00.04 hünäri boýunça aspirantura açyldy; kandidatlyk dissertasiýanyň temalary tassyklanyldy: olaryň biri ýokary synp mekdep okuwçylarynyň sagdyn keşbiniň kemala gelmegine bagyşlanan, ikinjisi — milli göreşde ýokary derejeli türgenleriň taýýarlygy barada. Şeýle-de ylmy-barlamhanasynyň meseleleri bilen baglanyşykly ylmy merkezi açmaklyk meýilleşdirilýär. Sport fakultetindäki ylmy-barlag işleri adamyň bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketleriniň esasy pedagogiki, mediki-biologiki kanunalaýyklygyny öwrenmek bilen baglanyşykly. Syýahatçylyk fakultetiniň syýahatçylyk pudagynyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmagyň ylmy esaslary barlanylýar.

Ylmy-barlaglaryň netijeleri barada ylmy maslahatlarda çykyşlar guralýar, şol çykyşlar bolsa makalalar ýygyndylarynda we ylmy žurnallarda neşir edilýär.


e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2018, Türkmenistanyň Ylymlar akademiıasy