Ylmy edaralar

Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty

Baş sahypaYlymlar akademiýasy
Ylmy edaralar
Baş sahypa  Bize hat ýaz  Atgarma
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty

     

744000, Aşgabat ş., T.Berdiýew (1994) köçesi, 20a,
Tel.:(+99312) 940749; faks: (+99312) 942925
E-mail: inseit@online.tm

Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzüminde seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy ulgamynda düýpli we toplumlaýyn tejribe-usulyýet barlaglaryny alyp barýan ýöriteleşdirilen ylmy edara bolup durýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň tassyklanan Düzgünnamasyna laýyklykda institut aşakdaky wezipeleri çözmek ugrunda işleri alyp barýar:

- ýertitremeleriň taýýarlyk hadysasy hem-de häzirki zaman geodinamik hadysalar bilen bagly bolan üýtgeşmeleri öwrenmek maksady bilen gözegçilikler usulyýetini işläp düzmek, seýsmik işjeňligiň, geofizik meýdanlaryň, flýuidodinamik we geohimik ululyklaryň (parametrleriň) monitoringini kämilleşdirmek we geçirmek;

- düzgünli gözegçilikleriň we monitoring maglumatlarynyň netijeleriniň esasynda ýertitreme ojagynyň fizikasy, sebit seýsmologiýasy we ýer gabygynyň häzirkizaman geodinamikasy boýunça düýpli we amaly barlaglary alyp barmak;

- seýsmik howpa baha bermegiň (şol sanda, Türkmenistanyň çäkleriniň seýsmik depginliliginiň (intensiwliginiň) şkalasyny) ylmy usullaryny işläp düzmek, çäkleri dürli jikme-jiklikde seýsmik etraplaşdyrmak (umumy, anyk we mikroetraplara bölmek);

- tehnogen ýertitremeleriň bolup bilmek ähtimallygyny kesgitlemek maksady bilen gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň senagat taýdan işlenilýän etraplarynyň we gurluşyk obýektleriniň alnyp barylýan ýerleriniň geodinamikasyny we seýsmik işjeňligini öwrenmek;

- ýertitremeleriň öňünden bolup geçýän anomal hadysalary gözlemek maksady bilen litosfera-ionosfera baglanyşyklaryny öwrenmek;

- gurluşyk üçin saýlanyp alnan meýdançada inženerçilik-geologik gözlegleri geçirmek, şol meýdançalaryň inženerçilik-geologik şertlerini we inženerçilik-seýsmologik häsiýetlerini toplumlaýyn öwrenmek we seýsmikligi barada netijenamalary bermek;

- Institutyň Seljeriş geňeşiniň işçi topary tarapyndan seýsmik howpa baha bermek boýunça netijenamalary taýýarlamak we olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparyna tabşyrmak;

- Seýsmologik maglumatlar we ylmy barlaglaryň netijelerini alyşmak ulgamynda halkara seýsmologik guramalar we merkezler bilen hyzmatdaşlyk etmek.

TYA-nyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň wezipe sanawy aşakda görkezilen bölümlerden ybarat:

1. Ylmy-barlag barlaghanalary:

a) seýsmiki işjeňligiň monitoring barlaghanasy;

b) geofiziki gözegçilik barlaghanasy;

ç) häzirki zaman geodinamika we atmosferanyň fizikasy barlaghanasy;

d) barlaglaryň inžener-geologiýa usullary we geohimiki hadysalaryň dinamikasy barlaghanasy.

2. Seýsmik gulluk:

a) stasionar seýsmik stansiýalar (19);

b) göçme seýsmik stansiýalar (23);

ç) obserwatoriýalar (2);

d) toparlar (7):

- düzgünli geodeziki gözegçilik topary;

- düzgünli grawimagnit gözegçilik topary;

- elektromagnit we guýy gözegçilikler topary;

- göçme seýsmiki stansiýalar we güýçli ýer süýşmeleri öwrenmek boýunça topar;

- maglumatlaryň üstünde işlemek boýunça topar;

- inžener-tehniki topary;

- Balkanyň toplumlaýyn geofiziki topary.

Düzgünli geofizik, geodezik, gidrogeologik gözegçilikleri geçirmek üçin iki sany geodinamik synag meýdany döredildi: Aşgabat we Balkan geodinamik synag meýdanlary.

Institutyň alyp barýan işiniň esasy ugurlary

Seýsmiki işjeňligiň monitoring barlaghanasy:

- düýpli we amaly seýsmologik barlaglary alyp barmak, seýsmik düzgüni öwrenmek, seýsmik etraplaşdyrmagyň kartasyny işläp düzmek, seýsmik howpa baha bermek we seýsmologik gözegçilikleriň usulyýetini kämilleşdirmek;

- Türkmenistandaky seýsmologik gözegçilikler ýaýlymynyň netijeliligine baha bermek we ol ýaýlymy sanly stansiýalar bilen gaýtadan enjamlaşdyrmaklygy hem göz öňünde tutmak bilen modifikasiýalaşdyrmak boýunça teklipleri işläp taýýarlamak;

- seýsmogen zolaklary ýüze çykarmak üçin ýer gabygynyň we ýokarky mantiýanyň düzümini we gurluşyny öwrenmek;

- bolup geçen ýertitremeleriň epimerkez zolaklarynda makroseýsmik barlaglary alyp barmak.

Geofizikigözegçilik barlaghanasy:

- seýsmik hadysalaryň taýýarlyk we bolup geçýän ýagdaýynda seýsmogen zolaklarda fiziki hadysalaryň generasiýa kanunalaýyklyklaryny öwrenmek hem-de ýertitremeleriň orta- we gysgamöhletli öňünden duýduryjylaryny ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň seýsmik işjeň sebitlerinde geofiziki meýdanlaryň giňişlik we wagt içindäki gurluşyny öwrenmek boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barmak;

- usullar toplumy arkaly (seýsmometriýa, elektrometriýa, magnitometriýa, grawimetriýa, geotermiýa) düzgünli gözegçilikleriň netijelerini seljermek we teswirlemek, ýertitremeleriň taýýarlyk we bolup geçiş hadysalary bilen şertlenen gözegçilik edilýän ululyklaryň (parametrleriň) öňünden duýduryjy wariasiýalarynyň generasiýasynyň modellerini işläp düzmek;

- çaklama maglumatlaryny merkezleşdirip toplamak we dessin seljerme bermek, synag meýdanlaryndaky gurşawyň gözegçilik edilýän ululyklarynda (parametrlerinde) anomal üýtgeşmeleriň ýüze çykarylan halatynda çaklama netijenamalaryny taýýarlamak; düzgünli geofizik we gidrometeorologik gözegçilikleriň maglumatlar binýadyny (bankyny) döretmek we üstüni ýetirmek, alnyp barylýan ylmy barlaglary maglumatlar bilen üpjün etmek;

- ýertitremeleriň öňünden duýduryjylaryny ýüze çykarmak maksady bilen geofiziki usullar toplumy arkaly alnyp barylýan synag meýdan gözegçilikleriniň geçirilişine ylmy-usulyýet taýdan gözegçilik etmek we olaryň modernizasiýasy üçin teklipleri işläp düzmek;

- täze kiçi synag meýdanlaryny döretmek arkaly ýer gabygynyň seýsmogen ýarykly zolaklaryna alnyp barylýan geofizik monitoringi kämilleşdirmek, bu kiçi synag meýdanlarynda geodinamiki hadysalara, seýsmotektonik işjeňleşme hadysalaryna häzirkizaman toplumlaýyn geofizik gözegçiliklerini alyp barmak.

Häzirki zaman geodinamika we atmosferanyň fizikasy barlaghanasy:

- barlag alnyp barylýan çäklerde sebitiň geodinamik häsiýetlerini kesgitlemek maksady bilen gözegçilikleriň deformasion toplumy boýunça maglumatlary (ýeriň üstki gatlagynyň dikleýin, keseleýin hereketleri, ýapgyt ölçeýiş gözegçilikleri) seljermek, häzirkizaman geodinamik işjeňliginiň geofiziki meýdançalaryň üýtgeşmeleri (wariasiýalary) we seýsmik işjeňlik bilen özarabaglanyşygyny ýüze çykarmak, ýertitremeleriň deformasion öňünden duýduryjylaryny gözlemek we olary ýüze çykarmagyň usullaryny kämilleşdirmek;

- alnyp barylýan ölçemeleriň netijelerini toplumlaýyn teswirlemek, bu teswirleme gözegçilikleriň netijelerini işlemegiň (teswirlemegiň) matematik usullaryny işläp düzmekligi we kämilleşdirmekligi hem öz içine alýar, deformirlenýän gaty jisimiň mehanikasynyň çäklerinde häzirkizaman geodinamik hadysalaryň san taýdan modellerini döretmek we kämilleşdirmek, tektonik we tehnogen häsiýetli ýertitremeleriň taýýarlyk hadysalarynyň döreýşiniň seljerme modellerini döretmek.

Barlaglaryň inžener-geologiýa usullary we geohimiki hadysalaryň dinamikasy barlaghanasy:

- Türkmenistanyň topraklarynyň düzümini, ýagdaýyny we häsiýetini öwrenmek boýunça synag (eksperimental) barlaglaryny alyp barmak; gurluşyk alnyp barylýan ýerleriň inženerçilik-geologik şertlerine baha bermek; binalaryň we desgalaryň toprak esaslarynyň seýsmika durnuklylygyny we göterijilik ukubyny üpjün etmek üçin topraklaryň düzümini we häsiýetini öwrenmek boýunça barlaglary alyp barmak;

- Türkmenistanyň şäherleriniň we ilatly nokatlarynyň çäklerini seýsmik mikroetraplaşdyrmak;

- inženerçilik-geologik gözlegleri geçirmek, gurluşyk üçin saýlanyp alnan meýdançanyň inženerçilik-geologik şertlerini toplumlaýyn öwrenmek we inženerçilik-geologik elementleri açyp görkezmek, şeýle hem gidrogeologik we geologik hadysalaryň häsiýetlerini, ýerasty suwlaryň we topraklaryň agressiwligini anyklamak;

- inženerçilik-seýsmologik häsiýetleri öwrenmek, gurluşyk üçin niýetlenilýän meýdançalaryň seýsmikligi barada netijenamalary taýýarlamak.

     

2010—2016 ýyllaryň dowamynda aşakdaky işler çap edildi:

— ylmy makalalaryň 2 ýygyndysy;
— ylmy žurnallarda we neşirlerde 21 makala;
— ylmy nutuk bilen çykyşlar 23.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty «Ylymlar güni» mynasybetli her ýylda geçirilýän halkara ylmy maslahatlaryna, şeýle hem Türkmenistanda ylym-bilim we geofizik ugurlar boýunça geçirilýän maslahatlara yzygiderli gatnaşýar.

TYA-nyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty tarapyndan:

— «Türkmenistany seýsmik etraplaşdyrmagyň milli kartasy» (göwrümi 1:1 000 000) işlenip düzüldi;

— «Türkmenistanyň seýsmik depginliliginiň şkalasy» işlenip düzülýär;

— düzgünli geofizik ölçemeleri we dürli ugurly ýöriteleşmeleriň monitoringini geçirmek boýunça usulyýetleriň we gollanmalaryň köpsanlysy işlenip düzüldi.

Halkara hyzmatdaşlygy:

Beýik Britaniýa: Kembrij Uniwersitetiniň Merkezi Aziýa Forumy tarapyndan amala aşyrylýan «Ýertitremeleriň serhedi ýok» atly uly göwrümli halkara taslamasynyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň alymlary bilen bilelikde paleoseýsmik çukurlar usuly arkaly dünýädäki iň iri süýşmeleriň biri bolan Aşgabat sag tarapky süýşmede meýdan barlaglary geçirildi.

Russiýa Federasiýasy: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen Russiýa Ylymlar akademiýasynyň O.Ý.Şmidt adyndaky Ýeriň fizikasy institutynyň (RYA ÝFI) arasyndaky ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk baradaky Şertnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Däneta koridorynyň takyr gatlaklarynda toplumlaýyn barlaglar alnyp baryldy. Bu barlaglaryň dowamynda soňky birnäçe münýyllyklaryň dowamynda sebitiň seýsmik taryhy we geomagnit meýdanynyň ewolýusiýasy öwrenildi. Ylmy barlaglar Parižiň Ýeriň fizikasy institutynyň (Fransiýa) hünärmenleriniň gatnaşmagynda RYA-nyň Ýeriň fizikasy institutynyň hünärmenleri bilen bilelikde alnyp baryldy.

Ýaponiýa: Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýaponiýanyň Hökümetiniň arasyndaky «Tehniki hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygy» durmuşa geçirmegiň çäklerinde Halkara hyzmatdaşlygynyň Ýapon Agentligi (JICA) bilen «Aşgabat şäheriniň çäklerinde we onuň töwereklerinde seýsmologik gözegçilikler ulgamyny gowulandyrmagyň taslamasyny» ýerine ýetirmek üçin bilelikdäki barlaglary geçirmek barada Ylalaşyga gol çekildi.

Awstriýa: Türkmenistanyň rezidentiniň «Ýadro synaglaryny hemmetaraplaýyn gadagan etmek baradaky Şertnama boýunça guramanyň Halkara Monitoring Ulgamynyň seýsmologik stansiýalaryny döretmek we onuň Türkmenistanyň territoriýasynda hereket etmegi baradaky» Kararyna laýyklykda ýadro synaglaryny hemmetaraplaýyn gadagan etmek baradaky şertnamany durmuşa geçirmek boýunça Milli jogapkär edara hökmünde bellenilen Türkmenistanyň YA-nyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty Türkmenistanda PS44 seýsmik stansiýasynyň işlemegini üpjün edýär.

Belarus Respublikasy: Türkmenistanyň YA-nyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen Belarusyň Milli ylymlar akademiýasynyň Geofiziki monitoring merkeziniň arasynda baglaşylan ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk baradaky Şertnamanyň çäklerinde «Türkmenistanda kaliý duzlarynyň gazylyp alynýan etraplaryna seýsmik monitoring ulgamyny döretmek boýunça işleriň maksatnamasy» taýýarlanyldy. Kaliý we Sement zawodlarynyň gurluşygy alnyp barylýan etraplarda düzgünli emanasion we geofizik barlaglary ýola goýmak maksady bilen rekognossirowka işleri geçirildi.


e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2020, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy