Ylmy edaralar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Ylmy edaralar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

«Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini döretmek hakynda» 7041-nji Permany esasynda döredilen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň baş maksady ýurdumyzyň innowasion ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek, bilim, ylym, önümçilik, innowasiýa we işewürlik pudaklaryny toplumlaýyn bir ýere jemlemekdir.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň düzümine ýurdumyzyň ykdysady, ylym, bilim, senagat kuwwatyny dünýä derejelerine ýetirmek üçin zerur bolan ugurlar we hünärler goşuldy we 5 sany fakultet döredildi:

Himiki we nanotehnologiýa fakulteti.

Bu ýerde okuwlar materiallar baradaky ylymlary we tehnologiýalary öwrenmekden başlanar hem-de ýarymgeçirijileri, metallary, keramikany, ýumşak we beýleki maddalary düýpli öwrenmek bilen dowam eder. Esasy üns nanohimiýada, elektronikada, energiýany bir görnüşden başga görnüşe öwürmekde, biolukmançylykda ulanylýan tehnologiýalara berler.

Biotehnologiýa we ekologiýa fakulteti.

Bu fakultetde talyplar molekulýar biologiýa, genetika, biohimiýa, biofizika, bioinžiniring, fiziki himiýa, organiki we organiki däl himiýa ýaly düýpli bilimleri ele alarlar. Soňra olar täze ylymlary, ýagny genomikany, amaly immunologiýany, dermançylyk ylymlaryny hem-de öýjükleri we dokumalary köpeltmegiň, DNK-nyň rekombinasiýasynyň usullaryny we tehnikalaryny öwrenerler.

Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakulteti.

Bu fakultetiň esasy maksady maglumat, aragatnaşyk we kompýuter tehnologiýalaryny bir bütewi ulgama birleşdirmek hem-de olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bolar. Jemgyýete peýdaly täze kompýuterleri we kompýuter tehnologiýalary döretmek fakultetiň talyplarynyň esasy üns merkezinde bolar.

Awtomatika we elektronika fakulteti.

Awtomatika we elektronika fakulteti ýokary derejeli inženerleri, robot tehnikleri, elektronika, awtomatika, elektrik ulgamlary boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýar. Olar fizikanyň, mehanikanyň, kwant mehanikasynyň, elektronikanyň, mehatronikanyň esaslaryny ele alarlar we häzirkizaman elektronikanyň we robot tehnikanyň tehnologiýalaryny öwrenýärler.

Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakulteti.

Bu fakultet «ykdysadyýet we innowasiýa» pudaklarynda işleýän, innowasion jemgyýeti döretmäge bäsleşige ukyply alymlary, tehniki bilermenleri, işewürleri, ykdysadyýetçileri, menejerleri, marketologlary taýýarlar.

Okuwlary we ylmy-barlag işleri ýokary derejede alyp barmak üçin uniwersitetiň ýanynda ýörite okuw we ylmy merkezler hem döredildi.

Umumy we amaly biologiýa instituty

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa instituty Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwaryndaky 1088 belgili karary esasynda döredildi we ylmyň biologiýa ugurlaryny ösdürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini düýpli öwrenmek babatda ýöriteleşdirilen ylmy edara bolup durýar.

Institutyň esasy wezipeleri:

— ýurdumyzyň ösümlik, haýwanat we mikroorganizmler dünýäsini düýpli öwrenmek, seljermek, derňemek, tertipleşdirmek, ulgamlaşdyrmak, olardan alynýan maddalaryň we biomateriallaryň biohimiki, fiziki-himiki düzümini, gurluşyny, iýmitlik we dermanlyk häsiýetlerini öwrenmek;

— biologiki işjeň maddalary kesgitlemek, olary bölüp almagyň tehnologiýasyny işläp taýýarlamak, ulanylýan ýerlerini anyklamak we önümçiligini ýola goýmak;

— biotehnologiýanyň esasynda täze biologik materiallary döretmek we önümçiligini ýola goýmak;

— ýurdumyzda molekulýar biologiýanyň we genetikanyň usullarynyň easynda oba hojalyk ekinleriň gibridlerini, täze gömüşlerini, sortlaryny döretmek, mallaryň seleksiýasyny geçirmek, biolukmançylyk barlaglaryny ýola goýmak;

— ýurdumyzda biologiýa ylmynyň öýjük we molekulýar biologiýa, genetika, bioinženeriýa, bioinformatika ýaly ugurlaryny ösdürmek;

— dermanlary, bejeriji we beýleki häsiýetli iýmit goşundylaryny, ýakymly ysly-gözellik serişdelerini öndürmek üçin ylmy-barlag işlerini geçirmek, olaryň synag möçberlerini öndürmek we olary bellenilen tertipde satmak.


e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2020, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy