Ylmy edaralar

Milli golıazmalar instituty

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Ylmy edaralar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




Türkmenitanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty

Institut Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky ýöriteleşdirilen ylmy edaradyr.

Ylmy edaranyň poçta we saýt salgylary, telefony, e-mail salgysy:

744000, Aşgabat ş., Puşkin köçesi 13a.
Tel: +99312 940177, Faks: 940172. e-mail: manuscript.tm@gmail.com.

Ylmy edaranyň işi barada gysgaça maglumat (barlaghanalaryň, bölümleriň we merkezleriň atlary): Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty 1993-nji ýylyň mart aýynyň 15-inde döredildi. Institutda «Tekstologiýa», «Ylmy teswir», «Türkmen taryhynyň çeşmeleri», «Türkmen diliniň çeşmeleri», «Halk döredijiligi», «Kataloglaşdyryş we ylmy gözegçilik» atly alty sany bölüm hem-de «Rejeleýiş we dikeldiş» barlaghanasy we «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň redaksiýasy hereket edýär.

«Tekstologiýa» bölüminde golýazmalar hazynasynda saklanýan biziň döwrümize gelip ýeten ygtybarly golýazma çeşmeleri, şol sanda ylmy saparlarda daşary ýurtlaryň meşhur kitaphanalaryndan, muzeýlerinden, golýazma hazynalaryndan getirilen türkmen edebiýatyna, diline, medeniýetine, taryhyna degişli golýazmalaryň surat we elektron nusgalary esasynda degşirme, deňeşdirme-taryhy seljerme usullary we tekstologiýanyň ylmy-nazarýet ýörelgeleri arkaly türkmen edebiýatynyň gadymy döwürlerde, orta we XVIII—XIX asyrlarda döredilen eserleriniň ylmy-populýar we tankydy tekstleri neşire taýýarlanylýar, monografiýalar ýazylýar. Bu ugurda alnyp barylýan ylmy barlaglar häzirki döwrüň berk ylmy talaplaryna we dünýä edebiýatynyň edebi nazarýet hem-de tekstologiýa ugurlary boýunça gazananlaryna daýanýar.

Türkmen halkynyň milli mirasy bolan bu eserler asyl nusgasynda (faksimilede) we milli türkmen elipbiýinde neşir edilýär we neşire taýýarlamak işI dowam etdiriler.

«Ylmy teswir» bölüminde golýazmalar hazynasyndaky gadymy gündogar golýazmalarynyň ylmy teswiri düzülýär. Teswirlerde eserleriň ýazarlarynyň atlary, tahalluslary, kätipleri, eýeleri, terjimeçileri, seneleri hakynda gysgaça ylmy maglumat berilýär. Golýazmalaryň kagyzlarynyň öndürilen ýeri, golýazmalaryň hatynyň görnüşi, waragynyň ininiň, boýunyň, metininiň ölçegi we beýleki aýratynlyklary görkezilýär.

«Türkmen taryhynyň çeşmeleri» bölüminde institutyň golýazmalar hazynasyndaky golýazma çeşmeleriniň, şeýle hem daşary ýurtlaryň golýazmalar hazynasynda saklanýan iň ygtybarly golýazmalaryň surat we elektron nusgalarynyň esasynda türkmen halkynyň gadymy we orta asyr taryhyna dahylly çeşmeler öwrenilýär, terjime edilip, neşire taýýarlanylýar.

«Türkmen diliniň çeşmeleri» bölüminde müňýyllyklardan gözbaş alýan, türkmen dilini dünýäniň iň gadymy we baý dilleriniň biridigini ykrar edýän ruhy gymmatlyklarymyzy, ene dilimizde ýazylan eserler toplumyny öz içinde jemleýän golýazma çeşmelerini toplamak, olary dil taýdan öwrenmek we neşir etmek işleri alnyp barylýar. Bölümde soňky ýyllarda ene dilimizde, dünýäniň çar ýanynda ýazylan onlarça golýazma çeşmeleriniň üstünde işlenilýär.

«Halk döredijiligi» bölüminde şadessanlaryň, türkmen halk dessanlarynyň, halky kyssalaryň, şahyrana eserleriň döreýiş taryhyny we çeperçiligini kesgitlemek, halk döredijilik eserlerini toplamak, öwrenmek, orta asyr golýazma çeşmelerini häzirki zaman türkmen diline geçirmek babatynda işler alnyp barylýar. Terbiýeçilik ähmiýetli eserler — il-ýurda söýgini, doganlyk-dostlugy, ynsanperwerligi, belent adamkärçiligi ündeýän halk döredijilik eserleri neşire taýýarlanylýar.

«Kataloglaşdyryş we ylmy gözegçilik» bölüminde, esasan, golýazmalaryň kartotekasyny kompýuterleşdirmek we skanirlemek işleri alnyp barylýar. Bölümiň işgärleri golýazmalar bilen iş salyşýan alymlara ýokary hilli hyzmat edýärler, halkdan gelip gowuşýan golýazmalary, şeýle hem daşary ýurtlaryň golýazmalar hazynalaryndan ýurdumyza getirilen surat nusgalaryny resmileşdirip, okyjylaryň hyzmatyna taýýarlaýarlar.

«Rejeleýiş we abat saklaýyş» barlaghanasynda rejelenmäge mätäç golýazma we daşbasma çeşmeleri rejelenip abatlaşdyrylýar, sahaplary dikeldilýär, golýazmalar zyýan ýetirýän bakteriýalardan, mör-möjeklerden himiki usul bilen goralýar. Şu işleri halkara derejesiniň talaplaryna laýyk ýokary hilli ýerine ýetirýän barlaghananyň işgärleri ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň «Medeni mirasy gorap saklamak boýunça ilçiniň gaznasy» atly grant-baýragyna iki gezek mynasyp boldular.

«Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnaly: Çärýekde bir gezek üç dilde — türkmen, iňlis, rus dillerinde çykýan «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň sahypalarynda umumy we ylmy meseleler, täze açyşlar we işläp düzmeler, müýyllyklaryň ýaňyny özüne siňdiren medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklaryna dahylly makalalar, gysgaça ylmy we medeni durmuş habarlary berilýär.

Ylmy-barlaglar alnyp barylýan esasy ugurlar: Milli golýazmalar institutynyň alyp barýan işiniň esasy ugry türkmen halkynyň golýazma mirasyny, ýazuw ýadygärliklerini we folklor materiallaryny toplamakdan, golýazmalary dikeltmekden, abat saklamakdan hem-de türkmen halkynyň golýazma mirasynyň ylmy barlaglaryny geçirmekden ybarat. Institutyň golýazmalar hazynasynda diňe bir türkmen halkynyň däl, bütin Gündogaryň taryhyny, medeni ösüşini göz öňüne getirmekde, ony öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak ýazuw ýadygärlikleriniň — gadymy golýazmalaryň on müňe golaýy, köne daşbasma kitaplarynyň iki müňe golaýy, halkyň dilinden ýazylyp alnan folklor we edebi mirasymyzyň baý hazynasy saklanylýar.

Häzirki wagtda institutda aşakdaky ugurlar boýunça möhüm işler alnyp barylýar:

Türkmen halkynyň milli ruhy-medeni mirasyny — ýazuw ýadygärliklerini we halk döredijilik eserlerini toplamak, olary geljekki nesillere ýetirer ýaly zeper ýeten golýazmalary rejelemek, dikeltmek, abat saklamak;

Türkmen halkynyň medeniýetine, taryhyna, edebiýatyna, halk döredijiligine degişli arap, pars, gadymy we orta asyr türkmen dilindäki gymmatly golýazmalary ylmy esasda düýpli öwrenmek, derňemek;

Hazynada bar bolan golýazmalary we halk döredijilik eserlerini kartotekalaşdyrmak, kompýuterleşdirmek, golýazmalary teswirlemek we neşir etmek;

Golýazma çeşmeleri esasynda türkmen dili, edebiýaty, halk döredijiligi, taryhy, medeniýeti boýunça möhüm ylmy-barlaglary geçirmek hem-de neşir etmek;

Nusgawy şahyrlaryň ömrüni we döredijiligini ylmy esasda öwrenmek, eserlerini neşir etmek;

Halkara ylmy maslahatlary we beýleki ylmy we medeni-jemgyýetçilik çäreleri geçirmek, sergileri guramak.

Çap edilen ylmy makalalaryň we monografiýalaryň sany (2016ý):

Makalalar ýygyndysy: 3 sany;
Ylmy makalalar: 35 sany.
Halkara ylmy maslahatlarda çykyşlar: 48 sany.

Çap edilen kitaplar:

1. Söz aslyna ýet ýagşy. Ylmy köpçülikleýin makalalar.

2. Baýly şahyr. Saýlanan goşgular. Aşgabat, TDNG, 2016. 196 s.

3. Вопросы этнокультурной истории народов Туранской низменности: oт предположений к закономерностям. — Саарбрюккен: Международный издательский дом Palmarium Academic Publishing, 2016. — 156 с.

4. Свидетельствуют источники: ностальгия или настороженность на будущее. Подтверждено документально. — Саарбрюккен: Международный издательский дом Palmarium Academic Publishing, 2016. — 148 с. (e-kitap).

Daşary ýurt alymlary bilen hyzmatdaşlykda çap edilen kitaplar:

1. Milli golýazmalar institutyndaky golýazmalaryň teswiri (türkmen dilindäki golýazmalar) türk dilinde. Türkiýe, Eskişehr.

2. Magtymguly Pyragy. Diwan. Azerbaýjan we türkmen dilinde. Baku.

Daşary ýurt ylym-bilim edaralary we guramalary bilen bilelikde ýerine ýetirilýän işler:

Institut türk­men hal­kynyň taryhyna, sungatyna, edebi we me­deni mi­ra­sy­na de­gişli çeş­me­leri, golýaz­ma­lary, halk döredijilik eserlerini gözläp tapmak, olary ylmy esasda öwren­mek we halka ýetir­mek maksady bilen yzygiderli daşary ýurtlara ylmy saparlar guraýar. Dünýäniň ylmy merkezleri, şol sanda Birleşen Arap Emirlikleriniň Juma al-Majid Miras merkezi, Saud Arabystany Patyşalygynyň Abdulaziz Ylmy merkezi, Gunorta Koreýa Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Ermenistanyň, Gruziýanyň we beýleki ýurtlaryň golýazma institutlary we ylmy edaralary bilen ýakyn aragatnaşyk saklady. Häzirki wagtda institut Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Nyzamy adyndaky Edebiýat instituty bilen «Türkmen edebiýatynyň antologiýasy» atly kitaby iki dilde neşire taýýarlamak işlerini alyp barýar.

Häzirki wagta çenli institutda Nurmuhammet Andalyp «Goşgular hem poemalar», Nurmuhammet Andalyp «Ýusup-Züleýha» dessany, Nurmuhammet Andalyp «Leýli-Mejnun» dessany, Nurmuhammet Andalyp «Baba Röwşen» dessany, Nurmuhammet Andalyp «Zeýnelarap» dessany, Mäne baba «Rubagylar», Hüseýin Käşifi «Muhsynyň ahlagy», Jelaleddin Hydyr «Dertlere derman», «Ependi», Döwletmämmet Azady «Eserler ýygyndysy», Magtymguly «Eserler ýygyndysy», Ibn Abdylla Mahmyt Nişapury «Türkmenleriň taryhy», Mollamyrat Horezmi «Dessanlar (Zöhre-Tahyr, Dilawer we Gülesrar)», Aşyky «Eserler ýygyndysy», Mahmyt Pälwan «Rubagylar», «Gadymy türkmen diliniň sözlügi» I—II jilt, «Milli golýazmalar institutyndaky golýazmalaryň teswiri (türkmen dilindäki golýazmalar)», «Magtymguly Pyragy hakyndaky rowaýatlar», «Kitaby dädem Gorkut», Baýly şahyr «Saýlanan goşgular» ýaly golýazma çeşmeleri esasynda ylmyň dürli ugurlaryna degişli onlarça kitaplar, «Nurmuhammet Andalyp (tekstleriniň struktura seljermesi)», «Andalybyň döredijiliginde edebi däpler we şahyrana gözlegler», «Magtymgulynyň golýazmalarynyň derňewi» ýaly monografiýalar, «Şygyr äleminiň bilbili» (Nurmuhammet Andalybyň 350 ýyllyk toý dabarasyna bagyşlanan), «Milli golýazmalar institutynyň işleri I», «Köňül gözgüsi», «Magtymguly nemesleriň gözi bilen» ýaly makalalar ýygyndylary neşir edildi.


e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy