Ylmy edaralar

Türkmenistanyň Mininistrler Kabinetiniň ıanyndaky Taryh instituty

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Ylmy edaralar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar
Türkmenistanyň saýtlary

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh instituty öz gözbaşyny XX asyryň 20-nji ýyllarynyň ortalaryndan «Türkmenmedeniýetiň» düzüminde bir bölüm görnüşinde alyp gaýdýar. 1936-njy ýylda Türkmen döwlet ylmy-barlag institutynyň esasynda Taryh instituty döredildi. Şondan soňky döwürlerde institut dürli—dürli atlandyryldy. 2009-njy ýylyň 12-nji iýunyndan -Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh instituty.

Adresi: Türkmenistan, Aşgabat ş., 744000, 2011-nji köçe, 61-nji jaı; tel.: (99312) 398687; Е-mаil: history@оnline.tm

Institutyň esasy ylmy ugurlary:

— iň gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli türkmen halkynyň we Türkmenistanyň taryhyny öwrenmek boýunça ylmy-barlaglary geçirmek;

— Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň kemala gelmeginiň we ösüşiniň taryhyny öwrenmek;

— Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Beýik Galkynyşlar zamanasynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan ägirt uly reformalaryň, gazanylýan ajaýyp üstünlikleriň düýp mazmunyny ylmy esasda öwrenmek;

— Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryny seljermek;

— dünýä türkmenleriniň taryhyny we häzirki ýagdaýlaryny öwrenmek;

— Türkmenistanyň taryhy boýunça okuw kitaplaryny taýýarlamak;

— Beýik Galkynyşlar zamanasynyň ajaýyp gazananlaryny we üstünliklerini, şeýle hem türkmen halkynyň taryhy, medeni we ruhy mirasyny wagyz etmek.

Halkara ylmy gatnaşyklar:

Taryh instituty Türkiýäniň taryh jemgyýeti, şeýle hem Russiýanyň, Hindistanyň, Päkistanyň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň taryh we medeniýet merkezleri bilen, ABŞ-nyň, Angliýanyň we Italiýanyň alymlary bilen ylmy aragatnaşyklary saklaýar.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň maliýe kömegini bermegi bilen Institut 2006-njy ýylda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýerleşen «Aksaraýdiň» ýadygärligini öwrenmek, durkuny täzelemek we dikeltmek" atly taslamany, bäsdeşlikde ýeňmek esasynda, ýerine ýetirdi. 2008-nji ýylda Taryh instituty ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň «Medeni mirasy saklamak» atly maksatnamasyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän «Ysmamyt ata» ýadygärligini öwrenmek, durkuny täzelemek we dikeltmek boýunça işleri — bäsleşik esasynda saýlanyp alnan taslamany ýerine ýetirmek üçin ýeňiji boldy.

Institutyň ylmy düzümi:

Gadymy döwrüň taryhy bölümi

Orta asyrlaryň taryhy bölümi

Täze döwrüň taryhy bölümi

Garaşsyz Türkmenistanyň taryhy bölümi

Dünýä türkmenleriniň taryhy bölümi.


© 2003-2017, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.