Ylmy edaralar

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haıwanat dünıäsi milli instituty

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Ylmy edaralar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




Salgysy:

Türkmenistan, 744000, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan köç., 15.
E-mail: desert@online.tm

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli inistitutynyň alyp barýan işleri, arid ekoulgamyň aýratynlyklaryny hasaba almak bilen biologiýa, ekologiýa, daşky gurşawy goramak we tebigatdan ýerlikli peýdalanmak meselelerinde düýpli we amaly barlaglaryň ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir.

Milli nistitutyň düzümi:

  • 8 ylmy laboratoriýa (laboratoriýalar: ösümlikleriň ekologiýasy we sitologiýasy; ösümlik resurslary; oňurgasyz haýwanlar; oňurgaly haýwanlar; tokaý we öri meýdanlary; çägeleri berkitmek we tokaýlaşdyrmak; aýratyn goralýan tebigy ýerler; aralyk usullar we çölleşmegiň monitoringi).
  • Ekologik monitoringiň ylmy-önümçilik merkezi.
  • Halkara Araly halas ediş gaznasynyň Döwletara durnukly ösüş toparynyň Ylmy-maglumat merkezi.

Esasy ylmy ugurlary:

  • Toplumlaýyn barlaglar, Türkmenistanda biosfera resurslaryny tygşytly peýdalanmagyň we goramagyň usulyýetini işläp düzmek;
  • Çölleşme hadysalaryny öwrenmek we ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça toplumlaýyn çäreleri işläp düzmek;
  • Haýwanat we ösümlik dünýäsiniň biodürlüligini toplumlaýyn öwrenmek, resurs we ýat görnüşleri ylmy taýdan öwrenmek, maglumat bankyny döretmek we Döwlet kadastryny alyp barmak;
  • Endemik, seýrek duşýan we ýok bolup barýan haýwanlaryň we ösümlikleriň monitoringi, olaryň goragy we milli Gyzyl kitaby alyp barmak;
  • Tebigatdan intensiw derejede peýdalanylanda daşky gurşawyň esasy komponentleriniň mümkin bolan üýtgeşmelerini çaklamak;
  • Ýaramazlaşan tokaý-öri meýdanlaryny dikeltmegiň we gowulandyrmagyň tilsimatlaryny işläp düzmek, ösümlikleriň perspektiw görnüşlerinden tokaý baglaryny döretmek;
  • Awtomobil we demir ýollary we halk hojalyk desgalaryny çägeleriň süýşmeginden we syramagyndan goramak boýunça teklipleri işläp düzmek;
  • Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ulgamyny ösdürmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmek we olary dolandyrmagy kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak;
  • Mör-möjekleriň we agrosenozlaryň tebigy ekosistemasyny öwrenmek, zyýanly görnüşlere garşy ekologiki taýdan arassa usulyýetleri işläp düzmek;
  • Tebigy gurşawyň hapalanyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet buýurmasyny ýerine ýetirmek, dolandyryş edaralarynyň we kärhanalaryň sargydy boýunça olaryň ýagdaýy hakyndky maglumat bilen üpjüň etmek;
  • Tebigatdan peýdalanmak we daşky gurşawy goramakdaky ýurdumyzda we daşary ýurtlarda gazanylan örän wajyp tejribeleri önümçilige ornaşdyrmaklyga we ulanmaklyga hemaýat etmeklige gatnaşmak.

e-mail: info@science.gov.tm © 2003-2018, Türkmenistanyň Ylymlar akademiıasy