Ylmy edaralar

Himiýa instituty

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Ylmy edaralar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




TÜRKMENISTANYň YLYMLAR AKADEMIÝASY

HIMIÝA INSTITUTY

Himiýa instituty Türkmenistanda himiýa ugrundan ylmy-barlag işlerini alyp barýan ýeke-täk institutdyr. Institut ýurduň mineral, gidromineral we uglewodorod çig mallaryny toplumlaýyn işlemekligiň fiziki-himiki esaslarynyň ylmy hem tehniki meselelerini çözmekligi hem-de ýurduň ylmy-barlag institutlary we ýokary okuw mekdepleri, şeýle-de Türkmenistanyň himiýa senagaty üçin ýokary derejedäki hühärmenleri (ylymlaryň kandidatlaryny, doktorlaryny) taýýarlamaklygy maksat edinýär.

Himiýa institutynyň taryhy

Himiýa instituty 1957-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzüminde döredildi.

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň ýapylandygy sebäpli Himiýa instituty 1998-nji ýylda Energetika we senagat ministrliginiň garamagyna berildi. Himiýa instituty 1999-njy ýylda «Gün» ylmy-önümçilik birleşigine birikdirilip, şol at bilen 2007-nji ýyla çenli Energetika we senagat ministrliginiň garamagyndaky «Türkmendökünhimiýa» Paýdarlar jemgyýetine degişli edildi.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň sentýabr aýynyň 24-nde gol çeken ýörite Karary bilen Institutyň ady we özi gaýtadan dikeldilip, «Türkmenhimiýa» Döwlet konserniniň düzümine geçirildi.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-nji ýylyň Iýun aýynyň 12-nde gol çeken ýörite № 10458 belgili karary bilen Himiýa instituty Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzümine geçirildi.

Institutyň işleriniň netijeleri

Himiýa institutynyň alymlary tarapyndan 1200-den gowrak ylmy makalalar, 17 monografiýa, 25 kitapça çap edildi; 100-den gowrak oýlap tapyjylygyň awtorlyk şahadatnamalary we patentler alyndy. Bu oýlap tapyşlaryň onlarçasy önümçilige ornaşdyryldy we olar häzir uly ykdysady girdeýjiler berýär.

Institutda 140-a golaý ylymlaryň kandidaty, 12 sany ylymlaryň doktory taýýarlandy. Häzirki wagtda institutda ylymlaryň kandidatlarynyň 12-si, doktorlarynyň 4-si işleýär. şol sanda bir akademik we bir habarçy agzasy işleýär.

Himiýa institutynyň alymlaryň köpüsi özleriniň işläp çykan tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmaga çalyşýarlar. «Garabogazsulfat» ÖB-de ýokary hilli epsomitiň tehnologiýasy ornaşdyryldy. «Guwlyduz» kombinatynda ýodlaşdyrylan nahar duzunyň desgasy döredildi. Birnäçe ýyldan bäri «Hazar» himiýa zawodynda Himiýa institutynyň alymlary tarapyndan işlenip çykarylan tehnologiýanyň esasynda kalsiý gipohloridiň önümçiligi işleýär. Türkmenabadyň himiýa kärhanasynda organomineral döküniň önümçiligi ýola goýuldy. «Maryazot» ÖB-de kalsinirlenen sodanyň, koagulýantyň (demir sulfatynyň) önümçiligi işe girizildi.

Himiýa institutynyň oýlap tapyşlarynyň we işläp düzen ylmy işleriniň köpüsi diňe bir himiýa pudagynda ornaşdyrylman eýsem Türkmenistanyň beýleki pudaklarynda, ýagny nebit pudagynda (Türkmenbaşynyň NGI zawodlar toplumy, Seýdiniň NGI zawody), gaz pudagynda (Döwletabat Gaz çykaryş müdürligi, Lebap gaz çykaryş müdürligi, Kükürtli gaz çykaryş edarasy), energetika pudagynda (Türkmenbaşy ÝEM, MARY GESi, Abadan GESi, Seýdi ÝEM), gurluşyk pudagynda (Baharly sement zawodynda, Ruhabadyň turba zawodynda) ornaşdyryldy. Ylmy işleriň we oýlap tapyşlaryň önümçilige ornaşdyrylmagy netijesinde uly möçberde ykdysady girdeýjiler alyndy we alynýar.

Institutyň işiniň esasy meseleleri we ugurlary

Himiýa instituty geljekde şu aşakdaky aktual problemalary çözmekligi meýilleşdirilýär:

1. Ýod-bromly suwlary toplumlaýyn gaýtadan işlemekligiň (ýoduň, bromuň meseleleri, mikroelementler, duzlar) tehnologiýalaryny işläp düzmek.

2. Ýod we bromyň hem-de seýrek ýaýran elementleri (bor, stronsiý, seziý, rubidiý we ş.m.) birleşmelerini almaklygyň ylmy esaslaryny işläp düzmek.

3. Garabogazkölüň şerebeli erginlerini toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň täze tehnologiýasyny işläp düzmek.

4. Türkmenistanyň fosforit magdanlarynyň fiziki-himiki häsiýetlerini ylmy esasda öwrenmek we ony baýlaşdyrmagyň tehnologiýasyny işläp düzmek.

5. Türkmenistanyň kaliý duzlarynyň esasynda kaliý dökünlerini öndürmekligiň tehnologiýasyny işläp düzmek.

6. Türkmenistanda öndürilýän mineral dökünleriň (azot dökünleriň) toprakdaky ýitgisiniň öňüni almagyň ylmy esaslaryny işläp düzmek.

7. Ösümlik galyndylarynyň (saman, gowaça çöpi, hapa-haşal otlar) esasynda çüýrintgi (kompost) taýýarlamagyň tehnologiýasyny işläp düzmek.

8. Türkmenistanyň mineral gorlaryny ýerlikli peýdalanmak (bentonit toýunyny, selestin jynslaryny, okislenen goňur kömrüni).

9. Akyndy we mineral suwlary gaýtadan işlemek we arassalamak.

10. Oba hojalygynda we lukmançylykda peýdalanmak üçin organiki birleşmeleri hem biologiýa taýdan işjeň maddalary sintezlemek.

11. Türkmenistanyň täze ýataklaryndan çykýan nebitiň, gazyň we gazokondensatyň himiki düzümini öwrenmek hem-de alnan netije boýunça olary gaýtadan işlemekligiň rasional shemasyny düzmek.

12. Nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemekligiň tehnologiýasyny çuňlaşdyrmak hem-de olardan alynýan önümleriň hilini gowulandyrmak.

13. Nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň zyňyndylaryny halk hojalygynda peýdalanmaklygyň ýollaryny tapmak.

14. Ýerli çig mallaryň esasynda halk hojalygyna ýaramly maddalary (önümleri) sintez etmek.

15. Ulanylan çalgy ýaglaryny ýerli çig mallaryň kömegi bilen regenerasiýa etmek.

16. Enjamlaryň hem-de turba geçirijileriň üstýüzlerini çökündilerden we kibirlerden arassalamagyň usullaryny işläp düzmek.

17. Ýerli çig mallaryň (okislenen goňur komrüň fosforitleriň, kükürdiň) esasynda mineral dökünleriň, meliorantlaryň, biostimulýatorlaryň önümçiliginiň tehnologiýalaryny işläp düzmek.

18. Kärhanalaryň howa, suwa, topraga zyňýan zäherli maddalaryň mukdaryny azaltmak boýunça usullaryny işläp düzmek we önümçilige hödürlemek.

19. Türkmenistanyň himiýa senagatynyň daşky gurşawa edýän täsirini häsiýetlendirýän ekologiýa kartasyny işläp düzmek.

20. Ekologiýa taýdan içimlik agyz suwuny almagyň tehnologiýasynyň ylmy esaslaryny işläp düzmek we ornaşdyrmak.

21. Gür ilatly şäherleriň howa zyňýan zyňyndylaryna ekologiýa taýdan baha bermek.

22. Kärhanalaryň ekologiýa meselelerini öwrenmek, howa we suwa zyňylýan zyýanly maddalaryň çäklerindirilen derejesiniň kadalaşdyryjy resminamalaryny, ekologiýa pasportlaryny işläp düzmek.

23. Sehleriň we kärhanalaryň tehnologiýasynyň reglamentlerini hem-de çig mallaryň, energoresurslaryň sarp ediş kadalaryny (normy rashoda) we beýleki resminamalaryny işläp düzmek.

24. Tehniki önümlerden reaktiw derejedäki himiki maddalary almagyň tehnologiýasyny işläp düzmek we olaryň önümçiligini gurmak.

25. Himiki reaktiwleriň käbir görnüşleriniň tejribe tapgyrlaryny öndürmek.

26. Himiýa önümçiliginiň taslama-smeta resminamalaryny işläp düzmek.

27. Himiki maddalaryň fiziki-himiki derňew işlerini geçirmek.

28. Himiýa önümleriniň täze görnüşlerini öndürýän kiçi göwrümli, ykjam synag desgalaryny döretmek (taslamak, gurmak, işe goýbermek).

29. Gaýry döwletlerden getirilýän himiýa önümlerini ýerli çig mallaryň esasynda öndürýän tehnologiýalary işläp düzmek we önümçilige ornaşdyrmak.

30. Täze özleşdirilýän tilsimatlaryň, guruljak kärhanalaryň tehniki-ykdysady esasnamalaryny işläp düzmek, ýerli we daşary ýurt kompaniýalar tarapyndan berlen teklipleri, taslamalary, tehniki-ykdysady esasnamalary seljermek.

31. Hereket edýän önümçilikleri (himiýa, nebitgaz, energetika, gurluşyk, tekstil, azyk senagaty we başgalar) optimizasiýa (has amatly tehnologiki rejimlerini tapmak) etmek.

Salgysy:

Aşgabat şäheri, 2029 (Esgerler) köçesi, 92 jaý
Tel.: 34-05-08
e-mail: himiyainstituty_tm@mail.ru

e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2020, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy