Ylmy edaralar

Taryh we arheologiýa instituty

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Ylmy edaralar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutyny döretmek hakynda» 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwaryndaky 1086 belgili Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň öňki Taryh instituty bilen Arheologiýa we etnografiýa instituty birleşdirilip, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty döredildi.

Türkmenistanyň taryh, arheologiýa, etnografiýa we antropologiýa ylmynyň wajyp we möhüm meselelerini öwrenmek, ylmy-barlag işlerini giň gerimde alyp barmak, hususan-da, umumy taryh barlaglaryny, arheologik gazuw-agtaryş, etnografik gözleg işlerini talabalaýyk ýerine ýetirmek, dünýä tejribesiniň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak Institutyň öňünde durýan baş wezipeleriň biridir.

Institutyň esasy wezipeleri we ýerine ýetirýän esasy işleri

- taryh, arheologik we etnografik barlaglar boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmek;

- maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky maglumatlary halkyň arasyndan ýygnamak we ylmy taýdan öwrenmek;

- dürli döwürlere degişli bolan taryhy çeşmeler esasynda ylmy barlaglary alyp barmak;

- taryhy-arheologik ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini geçirmek, ýüze çykarylan arheologik gymmatlyklar esasynda halkyň umumy taryhyny öwrenmek;

- daşary ýurtlaryň ylmy-barlag edaralary bilen ylalaşyk esasynda taryh, arheologiýa, etnografiýa, numizmatika boýunça monografiýalary ýazmak, sözlükleri düzmek, ylmy maslahatlary geçirmek, olardaky ylmy çykyşlary gysga ýa-da doly görnüşde çap etmek, medeni mirasy wagyz etmek;

- ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna tejribelikleri geçmäge ýardam etmek aspirantlary, doktorantlary taýýarlamak.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyňTaryh we arheologiýa institutynda her ýyl ýerine ýetiriljek ylmy-barlag işleriniň ýyllyk meýilnamalary «Türkmenistanda milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmegiň we wagyz etmegiň 2016-2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan», «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017-2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan», «Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň 2018-2023-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyndan» ugur alnyp düzülýär.

Häzirki wagtda institutda 4 ylmy bölüm hereket edýär.

Gadymy we orta asyrlaryň taryhy bölümi

Bölüm, Türkmenistanyň çäginde eýäm iň gadymy döwürlerden başlap, ata-babalarymyz tarapyndan esaslandyrylan, dünýäniň ösen medeni ojaklarynyň hataryna giren has gadymky hem-de orta asyrlar döwletlerini, guran beýik şäherlerini irki taryhy çeşmeler, arhiw maglumatlary esasynda ylmy taýdan öwrenýär, türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandyny aýdyňlaşdyrýar we oňa baha berýär.

Täze we garaşsyzlyk döwürleriniň taryhy bölümi

Bölüm türkmen halkynyň ’VII asyrdan başlap, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň syýasy-ykdysady, we medeni durmuşyna degişli wajyp meseleleri çuňňur öwrenýär. Türkmenleriň Täze döwürde erkinlik we özbaşdaklyk ugrunda alyp baran göreşleri, bitewi türkmen döwletini döretmek meýilleri ylmy nukdaýnazardan seljerilýär.

Bölümde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň esasynda ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasy-jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady we medeni özgertmeleriň düýp many-mazmunyny, şeýle-de döwletiň halkara gatnaşyklarynyň we daşary syýasatynyň taryhyny giňişleýin öwrenmek we çuň açyp görkezmek maksady bilen, möhüm ylmy-barlag işlerini geçirilýär.

Arheologiýa bölümi

Bölüm Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirmek bilen, ata-babalarymyzyň iň gadymy, antik we orta asyrlarda esaslandyran, kämillige ýetiren şäherleriniň we galalarynyň arhitektura aýratynlyklaryny, olaryň ilatynyň uzak taryhy döwürdäki ýaşaýyş-durmuşyny ylmy esasda öwrenýär, şonuň bilen bir wagtda-da medeni gatlaklardan arheologik tapyndylary ýüze çykarmak bilen, halkymyzyň umumy hem etniki taryhyny öwrenýän taryhçylary, etnograflary, teňňeşynaslary baý maddy çeşmeler bilen üpjün edýär.

Häzirki wagtda institutymyzyň arheologlary Beýik Ýüpek ýolunyň transgaragum şahasynyň ugrunda ýerleşen Paryzdepe, Daşlydepe, Şährihaýbar, Şähryslam, Isgendergala, Amul ýaly taryhy ýadygärliklerde arheologik gazuw-agtaryş işlerini alyp barýarlar.

Etnografiýa bölümi

Bölümde türkmen halkynyň maddy-medeni gymmatlyklary, milli ýörelgeleri, mukaddes ýerleriniň, egin-eşik, öý-hojalyk goşlarynyň, aşhana tejribeleriniň, durmuşy, hojalygy ýöretmegiň halky adatlary, zenan el işleri, dokmaçylyk we zergärçilik sungatlary, milli hünärmentçiligiň we senetçiligiň dürli görnüşleri, aýdym-saz sungaty, seýisçilik hünäri, ekerançylyk, maldarçylyk medeniýetleriniň taryhdaky we häzirki döwürdäki aýratynlyklar ylmy taýdan barlag edilýär, halkymyzyň dünýä medeni ösüşine goşan goşandyny ýüze çykarylýar we ylmy taýdan subut edilýär.

Barlaglar ýerlere guralýan etnografik ekspedisiýalaryň, iş saparlarynyň netijesinde ele salynýan, şeýle hem taryhy çeşmelerde berilýän maglumatlara esaslanýar.

Halkara gatnaşyklary

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty häzirki döwürde Germaniýanyň Arheologiýa institutynyň Ýewraziýa bölüminiň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, şeýle hem Belarusyň, Çehiýanyň, Hindistanyň, Päkistanyň, Eýranyň, ABŞ,Angliýanyň, Ispaniýanyňm Fransiýanyň we Italiýanyň degişli institutularynyň we uniwersitetleriniň taryhçy, arheolog, etnograf-etnolog alymlary bilen ylmy hyzmatdaşlyk etmekligi göz öňünde tutýar.

Institutynyň salgysy

Aşgabat ş., 744000, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, j. 18.

Tel: +99312 94-08-22

e-mail: aarheologiya.tm@yandex.ru


e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2020, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy