Habarlar

Onlaýn görnüşli teleköpri aragatnaşygy arkaly halkara ylmy maslahat

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2020-11-12

Onlaýn görnüşli teleköpri aragatnaşygy arkaly halkara ylmy maslahat

Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýuna bagyşlap, 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar hem-de Taryh we arheologiýa institutlarynyň gurnamagynda «Bitarap Türkmenistan — ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk» atly onlaýn görnüşli teleköpri aragatnaşygy arkaly halkara ylmy maslahatyny geçirmeklik göz öňünde tutulýar. Halkara ylmy maslahaty teleköpri usuly bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň binalarynda geçiriler. Halkara ylmy maslahaty aşakdaky bölümler boýunça öz işini dowam eder:

1. «Türkmenistanyň Bitaraplygy we onuň taryhy kökleri».

2. «ÝUNESKO we türkmen halkynyň medeni mirasy»

3. «Gadymy türkmen şäherleri we olaryň syýasy-ykdysady durmuşy»

Sizden ýolbaşçylyk edýän institutyňyzyň hünärmenleriniň arasyndan bu halkara ylmy maslahata gatnaşmaga isleg bildirenleriň nutuklaryny saýlap-seçmegi guramagy hem-de olaryň gysgaça beýanyny 2020-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli türkmen, iňlis we rus dillerinde (möçberi 2 sahypa çenli, setir arasy 1,5, Times New Roman şriftinde, 14—lik ölçegde ýazylan) aşakdaky salga iberilmegine ýardam bermegiňizi soraýarys:

Aşgabat ş., Puşkin köçesi, 13a, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty.

Tel: (99312) 94—04-12; 94-14-04

Faks: (+99312) 94-01-77;

Å-mail: kakajanjanbekov@gmail.com, mutarjim75@mail.ru

Guramaçylyk topary nutuklaryň arasyndan iň oňatlaryny saýlap, olary çap etmek hukugyny özünde saklaýandygyny we nutuklaryň hökmany suratda ýokarda görkezilen talaplara laýyk gelmelidigini mälim edýär.

Hormatlamak bilen,

Guramaçy topar



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2020, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy