Habarlar

Himiýa institutynyň ylmy-barlag işleriniň ýygyndysy neşir edildi

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2020-11-05

«Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron gazeti

Himiýa institutynyň ylmy-barlag işleriniň ýygyndysy neşir edildi

04.11.2020

Ýygyndyda çap edilen elliden gowrak işi ylmy-barlag institutlarynyň, senagat kärhanalarynyň esasy işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy işgärleri ýerine ýetirdiler. Olarda daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmeklige, iň täze tehnologiýalary we innowasion çözgütleri önümçilikde ulanmaklyga, dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleri öndürmek bilen baglanşykly ykdysady taýdan netijeli ylmy barlaglary önümçilige ornaşdyrmaklyga üns berilýär. Institutyň hojalyk hasaplaşygynda işleýän laboratoriýalary, şol sanda tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, ykdysadyýetiň pudaklarynda tehniki, tehnologik we innowasion ösüşleriň meseleleriniň ençemesini çözmek bilen baglanşykly temalar boýunça ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirýärler.

Himiýa instituty ýedi ýyldan gowrak wagt bäri ýurduň esasy pudaklarynyň -"Türkmenhimiýa«, «Türkmengaz», «Türkmennebit» Döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň, Senagat we kommunikasiýalar ministrliginiň kärhanalary, oba hojalyk önümlerini öndürijiler, şeýle hem ýurduň telekeçileri bilen hojalyk hasaplaşygy-şertnama şertlerinde ylmy barlaglary alyp barýar. Himiýa institutynyň işgärleri awtorlyk şahadatnamalarynyň we patentleriniň ençemesini aldylar.

Ylmy barlaglaryň kömegi bilen nebit önümleriniň hilini ýokarlandyrmak, nebit çykarylanda demir enjamlary poslamakdan goramak we nebit-gaz çig malyny gaýtadan işlemek bilen baglanşykly wajyp meseleler çözülýär.

Hususan-da, institutyň alymlary gaz arassalaýjy enjamlarda ulanylýan nasadkalary arassalamagyň usulyny işläp taýýarladylar. Alymlar süýt önümçiliginiň suwuk galyndylaryny ýuwujy serişdeler hökmünde teklip etdiler, bu bolsa az çykdajy bilen çylyşyrymly enjamy sökmezden nasadkalary yzygiderli arassalamaga mümkinçilik berdi.

Institutyň alymlary ýokary karbon kislotalaryndan — ýerli önümçiligiň organiki galyndylaryndan galan birleşmeleri ulanmak arkaly demir enjamlary poslamakdan goramagyň netijeli usulyny işläp taýýarladylar. Çakyr önümçiliginiň galyndylaryny, hususan-da, siwuşa ýaglaryny daşary ýurtlardan getirilýän antiseptiklere derek ulanmagyň mümkinçiligi öwrenilýär.

Sement önümçiliginde goşundy hökmünde bazalt çig malyny ulanmagyň meseleleri hem wajyp wezipe bolup durýar. Himiýa we organiki çig mal laboratoriýasynyň alymlarynyň işläp taýýarlan usullary pudagyň kärhanalarynda M-400-D-20 weM-500-d-20 belgili täze sement çykarmagy üpjün etdi. Alymlaryň teklip eden owradylan bazalt tozundan alnan goşundylar ulanylan modifisirlenen sement berkidijisi betonyň mehaniki-fiziki sypatlaryna oňyn täsir edýär — onuň berkligini, dykyzlygyny, sowuga durnuklylygyny we beýleki sypatlaryny has güýçlendirýär, şeýle hem onuň özüne düşýän gymmatyny peseldýär, ýagny sement çykdajysyny azaldýar.

Alymlaryň TNGIZT-nda öndürilýän nebit önümleriniň, hususan-da, gudronyň düzümine fiziki-himiki hem-de instrumental usullaryny ulanyp geçiren çuňňur barlaglary hünärmenlere geljekde hem onuň sypatlaryny gowulandyrmaga we onuň esasynda ýokary hilli ýol bitumyny öndürmegiň täze tehnologiýasyny işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Himiýa institutynyň ylmy işgärleriniň topary himiýa we tebigy hem-de gidromineral çig mal laboratoriýasynyň binýadynda gurluşyk materiallary önümçiliginde ulanylýan kükürdi modifisirlemegiň mümkinçiligini öwrendiler. Olaryň teklip eden usuly kükürtli betony, kükürtli plomimer betony we gurluşyk materillaryny taýýarlamagyň hem-de galyplamagyň tehnologik işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär. Himiýaçy alymlaryň işlap taýýarlan bu çig malyny gaýtadan işlemegiň täze usullary köp möçberdäki kükürt galyndylaryny gaýtadan we rejeli ulanmak meselesini çözmäge kömek eder.

Ýygynda alymlaryň Magdanly-Köýtendag käniniň fosforit magdanlaryny ulanmak arkaly topragyň ýagdaýyny gowulandyrýan ekologýa taýdan arassa organikimineral dökün öndürmek boýunça teklipleri hem girizildi.

TYA-nyň Himiýa institutynyň ýygyndysy türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edildi, ol himiýa, nebitgaz, suw hem-de oba hojalygy we beýleki pudaklaryň hünärmenlerine, şeýle hem ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň mugallymlaryna, aspirantlaryna, talyplaryna niýetlenendir.

Wladimir KOMAROW



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2020, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy