Habarlar

MYHMANSOÝERLIK — GOWUN BAÝLYGY

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2020-11-04

Türkmenistan gazeti

2020-11-03

MYHMANSOÝERLIK — GOWUN BAÝLYGY

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Häzirki döwürde ýurdumyzda bina edilen täze myhmanhanalarda adamlaryň özlerini öýlerinde ýalýarkaýyn duýmaklary üçin degerli sertler üpjün edilendir. Olar halkymyzyň myhmansöýerlik edebine doly laýyk gurlandyr diýip ynamly aýdyp bolar» diýilýär. Şeýle kaşan myhmanhanalaryň biri hem eziz Diýarymyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň uludan bellenilýän günlerinde gözel paýtagtymyzyň merkezi böleginde açylan «Diwan» myhmanhanasydyr. Ähli amatlyklar göz önünde tutulyp, ýokary derejede gurlan bu ajaýyp binany synlanyňda, türkmen halkynyň myhmansöýerlik bilen bagiý däp-dessurlary edep kadalary edim-gylymlary hakdaky pikirler kalbyňa dolýar.

Türkmen halkynyň milli däp-dessurlarynyň giň hem-de anyk beýany bolan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitapda: «Myhman kabul etmek däbi myhmany hezzetlemegi, onuň göwnündäki islegini berjaý etmegi, hoşlaşyp gaýdanda hem myhman alan öýi, obasy barasynda ýagşy ýatlamalaryň galmagyny maksat edinýär» diýlişi ýaly, türkmençilikde her bir maşgalada myhman kabul etmäge hemişe taýýar bolup gezilýär, iň gowy zatlar «myhman geläýse» diýlip, aýalyp saklanylýar. Öýdäki otaglaryň biri syrylyp-süpürilip, täzeje haly-palaslar düşelip goýulýar, arassa ýorgan-ýassyk, el süpürgiç ýaly zerur zatlar tertipli edilip şol otagda ýerleşdirilýär. Oňa «myhman tam» ýa-da «myhman jaý» diýilýär. Şeýle bolansoň, halkyň gepleşik dilinde: «Bar, şu zady myhman jaýa eltip goý!» ýa-da «Pylan zady myhman tamda goýupdym, bar, getirsene!» diýen ýaly jümleleri hälişindi eşitmek bolýar. Myhman gelende iň gowy tagamlar taýýarlar ýaly, öýde azyk ätiýaçlygy hemişe saklanylýar.

Özem şu ýörelgeler bäri-bärde ýola goýlan zat däldir, aňyrdan gelşi şeýledir. Munuň şeýledigine gadymy golýazma çeşmelerinden isledigiňçe mysal getirmek bolýar. Meselem, türkmen edebiýatynyň XIV—XV asyrlarda ýaşan görnükli wekili Möwlana Lutfy gazalla-rynyň birinde şeýle diýýär:

— Eý, köňül, janny hyýaly alyda kyl peşgeş, Her name bolsa eziz, elter kişi myhman sary.

Şu beýtde yşky lirikanyň ussady halkyň asyrlarboýy dowam edip gelýän dessuryny çeperçilik serişdesine öwrüpdir, ýagny şahyr şygyr gahrymanynyň köňlüne ýüzlenip, «bu pany dünýede ötegçi myhmanyň — aşygyň arzuw-hyýallarynyň ugrunda (alyda — alnynda) şirin janyňy ber (kyl peşgeş), çünki iň eziz zadyňy myhmana bermek aňyrdan gelýän dessurdyr» diýen pelsepäni şygyr setirlerine siňdiripdir.

Asyrlardan aşyp gelýän bu ýörelgäni türkmen halky hemişe berk tutup gelipdir, her hili ýagdaýda-da, myhmany ýokary derejede hezzetlemek üçin elinden gelenini edipdir. Geçen asyryň segseninji ýyllarynda Mary welaýatynda iş saparynda bolanymda, çetki obalaryň birinde ýaşaýan bir ýaşuly türkmen halkynyň geçmişinden, durmuş ýol-ýörelgelerinden kän-kän gyzykly gürrüňleri aýdyp beripdi. Şonda onuň türkmeniň myhmansöýerligi, mümkinçilik ýok ýaly görünýän ýagdaýda-da myhman saklamagyň ebeteýini tapyşy barada aýdyp berenleri aýratyn ýadymda galypdyr. Şonda ýaşuly şeýle gürrüň beripdi:

— Hemişeler bu wagtky ýaly sähel saly-myň içinde barjak menziline ýetirýän ulaglar ýokdy. Onsoň düýeli, eşekli, hatda atly bo-landa-da telim günlük ýola çykan adam ga-raňky gijede, ylaýta-da, garly-gaýly howada, barjak ýerem entek daş bolsa, golaýrakdaky oba sowulardy-da, çemeliräkdir öýden öýü-niň gapysyndan: «Myhman alarmysyňyz?!» diýip baraýardy. Şeýdip gapydan gelene «Taňry myhmany» diýlerdi. Taňry myhmany-ny her bir türkmen öýi göwünjeňlik bilen kabul ederdi. Sebäbi Taňry myhmanyny kabul etmezlig-ä beýlede dursun, ony sowuk-sala garşylamagam aýyp görlerdi. «Myhman geler işikden, rysgy geler tüýnükden» diýip, öýüne myhman gelmegini döwletlilikden nyşan hasaplap, oňa hezzet-hormat etmegi her kim özüne dereje bilerdi, öý-ojagam şoňa gö-rä gurlan bolardy.

Türkmeniň ak ýa-da gara öýüniň ortasyndan bärräkde, gapa golaýrak edip ojak salardylar. Käbirleri-hä töwerege ot, kül ýaýramaz ýaly, ot ýakyljak ýeriň daşyna dört barmak çemesi beýiklikde haýatjyk aýlardy-da, şol giňişlikde tagany ýerleşdirip, onda gazan ataryp, nahar bişirerdiler. Kabir öý bikesi bolsa ýaz, tomus aýlary daşarda nahar edilýän ojak ýaly, yöne ondan has ulurak, ýagny içinde tagan oturdar ýaly giňlikde, iki garşa golaý beýiklikde ojak ýasardylar. Onuňam içini-daşyny suwap, iç yüzüne çörek ýapybermeli edip, ýylmap goýardylar. Onsoň agşam nahar iýlenden soň, ýatar wagta golaý myhman gelse, saçagynda çöregem azrak bolsa, öý bikesi myhman hezzeti üçin derrew nahar atarardy-da, gapdaly bilenem iki çöreklik hamyr ederdi. Hamyrmaýa goşup ýugran hamyryny bir salym basyryp goýup, el demini alansoň, iki bölüp, çörek ýasap, dürtüşdirip taýýarlaýança, naharam bişerdi. Onsoň gazany, tagany ojakdan aýryp, ýaňky süýnmek edip ýasap goýan çöreklik hamyrlarynyň hersini gyzyp duran ojagyň bir tarapyna keseligine ýapardy. Ojagyň közlerini bärräk çekişdirip, çörekler daglanman, siňňin bişer ýaly edip sazlansoň, orta saçak ýazyp, nahary tabaklara guýup, eýle-beýle edýänçä, iki sany lowurdap duran maýa petirem taýýar bolardy. ine, şeýdip, ederini bilýän, ykjam öý bikesi ýagynly-aňzakly gyş gijesinde daşaryk çykman, öý-ojagynyň başynda oturan ýerinden, giçläp gelen myhmany gyzgyn nahar, ýaňy bişen çörek bilen hezzetlärdi. Şunun ýaly ugurtapyjy, her hili ýagdaýda-da Taňry myhmanyna deňli-derejeli edip saçak ýazyp, adamsynyň, öý-ojagynyň abraýyny belentde saklap bilýän aýal babatda:

— Taýýardyr gelene aş bilen nany Çyn keýwany saçagyndan bellidir — diýýändirler...

Köpügören ýaşulynyň kyrk ýyl çemesi mundan öň aýdyp beren şu gürrüňlerini her gezek ýatlanymda, zähmetsöýer hem ugurtapyjy, maşgalasynyň mertebesini hemme zatdan ileri tutan, ony belentde saklamak üçin ýadamany-ýaltanmany bilmedik ene-mamalarymyzyň mukaddes ruhunyň önünde baş egýärin.

Türkmen dilinde «baryňy-ýoguňy bermek» diýenem bir anlatma bardyr. Mysal üçin, «barymy-ýogumy berip edinen gelnim» diýlende, ogul öýerilende maşgalanyň hiç zadyny aýaman orta goýup, dogan-garyndaş, dost-ýarlaryň hem goldaw bermegi bilen uludan, dabaraly toý edilişi göz önünde tutulýar. Myhmansöýerlik dessurlaryny berjaý edende-de türkmen halky şu ýörelgä eýerýär, ýagny baryny-ýoguny orta goýýar. Sebäbi eli ýukarak bolaýan ýagdaýynda-da, onuň göwni baýdyr. Dana Pyragynyň:

— Magtymguly garyp göwnün baý edip, Kanagat ülkesin bendi-jaý edip —

diýşi ýaly, türkmeniň ruhunda giňlik, jomartlyk bardyr. Şeýle-de ol: «Myhman öz rysgy bilen gelýändir» diýen düşünjä on iki süňňi bilen ynanýandyr. Syn etsen, ynanyşy ýaly hem bolýandyr, myhman hezzeti üçin gerek zatlar tapylybam durandyr. Asla göwni baý adamyň öýüne myhman, edil ýörite edilýän ýaly bolup, köplenç, öýde azyk-owkadyň bol wagty, öý eýesiniňem eli boşrak günleri gelegen bolýandyr. ine, şu-da «Myhman geler işikden, rysgy geler tüýnükden» diýleni bolýar.

Onsoňam, mesele diňe tapar-tapmazlykda-da däl, öý eýesi hernäçe bol-telkilikde ýaşaýan, rysgal—döwletli kişi bolsa-da, kabir ýagdaýda myhmanyň hatyrasyna saçagy aňrybaşy edip bezemek üçin gerek zatlaryň kahirinin elin aşagynda bolmaýan, öýde şol zadyň gutaran wagty hem duş gelmän duran ýagdaý däl. Şeýle bolanda-da goňşyňdan almaly bolýar. Şu ýörelgeler bilen bagly, kalbymda ýakymly ýatlama bolup galan bir wakany gürrüň bermekçi. Otuz-otuz bäş ýyl çemesi mundan öň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyna, örän onat görşüp, saçakly gatnaşýan maşgalamyzyň toýuna gitdim. Şol etrapda başga-da gowy görüşýän maşgalalarym bardy-da, toýdan telim gün öň gidip, olaryň hem hersinde bir gün-bir ýarym gün myhman boldum, ilki baryp düşen ýerimem bärden bile giden joramyň atasy öýüdi. Olarda bir gün bolup, ertesi öýlänler çaý başynda öý eýeleriniň gyzykly gürrüňlerini diňläp otyrkak (joramyň kakasy Ýazan aga-da, ejesi Annasoltan eje-de köpügören, gürrüňçil adamlardy), beýleki bir joramyň adamsy Ýegenmyrat ulagly gelip, meni öz öýlerine äkitdi. Olarda-da bir ýarym gün bolup, hemmämiz bile toýa gitdik. Barsak, Ýazan agalaram bütin maşgalasy bilen toý ýerde ekenler. Salam-helikden soň, Ýazan aga töweregindäkilere ýüzlenip:

— Adamlar! Biler bolsaňyz, Ýegenmyrat mana ýamanlyk etdi — diýip, wäşilik bilen söze başlady. Ýaşulynyň oýunçydygyna belet adamlar ýylgyryşyp: «O nähili-de, o nähili ýamanlyk?» boluşdylar weli, Ýazan aga:

— Hawa, gaty uly ýamanlyk etdi. Myhmanymy äkitdi. Öýde myhman barka, bir ýanyndan-a, gelnejeňiz ýygnan-ýygşyranyny çykaryp, bolmadygynam goňşy-golamdan tapyp getirip, gowudan-gowy tagamlar taýýarlap, hezil edip iýip-içip oturmamyz bardy weli, Ýegenmyrat geldi-de, myhmanymyzy alyp ötägitdi... Ýamanlyk bolar-da şol! — diýip, bälçiklik bilen gözlerini güldürdi. Diňleýjilerem bu sözlere hezil edip gülüşdiler, gülkiň arasynda-da: «Ol-a size çyndanam ýamanlyk eden eken», «Dogrudanam, şeýle bolýar-aý!» diýen ýaly jümleler bilen seslendiler. Olaryň gülküsinde-de ýaşulynyň sözlerini makullamak, onuň pikirine goşulmak duýlup durdy. Sebäbi oýun-henek edilip aýdylýan bu zatlar olaryňam her birinin belet zady, tutuş milletin durmuşyna, ruhuna ornan myhman-parazlyk kadalarydy.

Türkmen dilinde nakyla meňzeş edip aýdylýan «Myhmanly öýüň çagasy aç bolmaz» diýenem bir aýtgy bardyr. Beýle diýilmeginiň sebäbi adaty günlerde ata-enäniň zerur işi çykyp, naharyň gijikdirilýän wagty hem bolaýýar. Emma öýüne myhman gelende, türkmen halky ähli işini birtarapa süýşürip, şonuň hyzmatynda bolýar. Hatda myhmana nahar-şor äberenden soňam öý eýesiniň öz işi bilen bolubermegi gelşiksiz hasaplanylýar. Bar işi myhmana hyzmat etmek bolansoň, ýaňyja nahar iýlen bolsa-da, öý eýesi ýene bir tagamlyja zat taýýarlamagyň ugrunda bolýar.

Türkmen halkynyň arasynda myhmansöýerlik bilen bagly nesilme-nesil ýöredilip gelinýän sulara meňzeş däp-dessurlardyr edep kadalaryna degişli entegem kän-kän mysallary getirmek bolardy. Sebäbi türkmençilikde myhman garşylamak uly bir durmuş wakasy bolup, onuň inçeden yzarlanylýan düzgünleri, birtopar «ýazylmadyk kanunlary» bar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda aýdyşy ýaly, myhman kabul etmek däpleri milli medeniýetimizin aýratyn taraplarynyň biridir.

Ejegyz ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň
esasy ylmy işgäri,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty.



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2020, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy