Habarlar

Köki — geçmişde. Şahalary — geljekde

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2020-10-10

Türkmenistan gazeti
2020-10-09

Köki — geçmişde. Şahalary — geljekde

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde alym Arkadagymyz halkymyzyň, esasan hem ýaş nesliň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak, olaryň ruhubelent, bilimli, ylymly bolmagy üçin özüniň jöwher paýhasyndan döreden täze eserini — «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny halkyna peşgeş berdi.

Bu eserde türkmen halkynyň gadymy ýöl-ýörelgeleri ajaýyp däp-dessurlary, milli mirasymyzy düýpli öwrenmek, ony aýawly saklamak, giňden wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler öz beýýanyny tapdy. Arkadag Prezidentimiz täze kitabynda halkymyzyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri barada özüniň parasatly oý-pikirlerini beýan etmek bilen, halkymyzyň gadymyýetden gelýän däp-dessurlaryna, ýaşaýyş-durmuşynda bolup geçen wakalary, ýurdumyzy goramakda, onuň abadançylygyny üpjün etmekde, häzirki nesilleri terbiýelemekde eýeleýän ornuna möhüm ähmiýet berýär.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyz halkara gatnaşyklarynda özüniň işjeň, oňyn daşary syýasaty bilen goňşy döwletlerde, sebitde we tutuş dünýäde uly abraý gazandy. Ýurdumyz dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barha rowaçlanýar. Ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgä, baý tejribä esaslanyp, dünýä halklary bilen dost-doganlyk, birek-birege hemaýat etmek gatnaşyklary durmuşa geçirýär.

Türkmen taryhynyň has gadymy döwürlerinde hem ata-babalarymyz ösen medeniýetini, ýaşaýşyny-durmuşyny ýola goýup, özüniň ýol-ýörelgesini we şol sanda ekarançylyk medeniýetini döredip, ýaşaýan topragyny bagy-bossanlyga öwrüp bilipdir. Jeýtun, Änew, Göksüýri medeniýetleri ekerançylygyň ilknji dörän we ýokary derejelere ýeten topraklarydyr. Gadymyýetden gelýän ýörelgäni saklan türkmen halky, häzirki döwür ýurdumyzy jennet mekanyna öwürdi. Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlik ýörelgesi» atly täze kitabynda şeýle belleýär: «Göz öňüne getirip görüň, Amyderýanyň gadymy akabasyndan akýan ýene bir derýa Garaguma ýaşyl ýaýlalary bagyş edýär! Bu bagy-bossanlyk, gül-gülzarlyk halkymyzyň aňyna, ýadyna, garaýyşlaryna ýazyldy. Gaýrada Uzboý, ilerde Köpetdagyň çeşmeleri Ahal sebitleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerine taryhy seljerme bermäge çuňňur esas döredýär.»

Ata-babalarymyz geçmişde ösen medeni ojaklary döredip, dünýäniň ösüşine aýratyn goşant goşupdyrlar. Gadymy döwletlerde Altyn depeden, Marguşdan ýollar uzalyp, dünýäniň çar tarapyna ýetipdir. Gadymy Hindistan, Mesopotamiýam gadymy Hytaý we Ýewropa döwletleri bilen gatnaşyklar bolupdy. Bu gatnaşyklar dost-doganlyk paýhasa esaslanyp, halkymyzyň taglymatyna öwrülipdir. Bu barada Arkadag Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaplarynda hem anyk maglumatlar getirýär. Halkara gatnaşyklar, söwda, ylym-bilim, binagärlik, hünärmentçilik we beýleki ugurlarda halkymyzyň öz ýol-ýörelgesi we dünýägaraýşy bolupdyr.

Hünärtmentçilik has hem ýokary derejä ýetip, gurulan köşkler, desgalar, toplumlar, galalar özüniň ajaýyplygy we gözelligi bilen görenleri haýran galdyrypdy. Olaryň arasynda suwaryş desgasy has hem tapawutlanypdyr. «Kesearkajyň durmuş-ykdysady şertleriniň esasy aýratynlygy hem şu suwaryş ulgamyndadyr. Nusaýdan 100 kilometr çemesi günbatarda ýerleşýän Şähryslamyň suw üpjünçligi hem çeşme-çaýlardan gelýän suw arkaly amala aşyrylypdyr. Bakja, Arwaz çaýlary, Degirmenjik, Pantyş, Kyrkgyz çeşmeleri, Hankäriz, Guryçaý, Hüntüs kärizleri bilen bagly gürrüňler bolsa, il içinde häzir hem aýdylyp ýör» diýip, hormatly Prezidentimiziň anyk taryhy we etnografiýä degişli maglumatlara esaslanyp beýan edýär.

Orta asyrlarda şol döwür üçin ösen suw ulgamyny, onuň bilen bagly desgalary, kanallary, suw geçirijileri we ýörite enjamalary döredip, ata-babalarymyz Şähryslamy gülläp ösen şähere öwrüp bilipdir.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ABŞ -nyň «Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy» atly halkara maksatnama boýunça geçirilýän halkara bäsleşiginiň ýeňiji bolup saýlandy. Munuň özi taryhy ýadygärliklerimiziň dünýä medeniýetiniň ösüşinde aýratyn orun tutýandygyny görkezip, ata-babalarymyzyň döreden şäherleri, obalary we ol ýerdäki suw toplumlary, enjamlary dikeldip, olary halkymyza, geljek nesillere ýetirmäge, dünýä alymlarynyň öwrenmegine we jahankeşdeleriň gelip görmegine döredilen giň mýmkinçilikleridir. Türkmen alymlarynyň geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, Şähryslamyň orta asyrlar ýadygärliginde suw toplumynyň dikeldiş we rejeleniş işleri geçirlenden soň, ol halkymyzyň we jahankeşdeleriň iň köp barýan ýerine öwrüler.

«Häzirki zamanyň köki geçmişde, şahalary bolsa geljekdedir» diýip, hormatly Prezidentimiz täze kitabynda belleýär. Türkmen halkynyň gadymy taryhynyňdan şu güne çenli özüniň zähmetsöýerligi, Watana wepalylygy, parahatçylyk söýüjiligi, erkin we azat ýaşamagy bilen dünýä tanalypdyr. Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp eseri halkymyzyň öz geçmeşine, ata-babalaryna, ýaşaýyş-durmuşyna, däp-dessurlaryna, ýol-ýörelgelerine, dünýägaraýyşyna belent sarpa goýýandygynyň nobatdaky beýanydyr.

H.Gurbanow
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Taryh we arheologiýa institutynyň direktorynyň
ylmy işler boýunça orunbasary,
taryh ylymlarynyň kandidaty



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2020, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy