Habarlar

TÜRKMEN YLMYNYŇ YNAMLY GADAMLARY

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2020-09-17

«Türkmenistan» gazeti,
16.09.2020

TÜRKMEN YLMYNYŇ YNAMLY GADAMLARY

Himiýa institutynyň alyp barýan işleriniň mysalynda

Hormatly Prezidentimiz: «Ylym döwletiň kuwwatydyr. Şoňa görä-de, biz Garaşsyz Watanymyzy okgunly ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni giňişligindäki bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin köp işleri amala aşyrýarys. Ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alyp, bu ugurlara düýpli maýa goýumlaryny gönükdirýäris» diýmek bilen, ýurdumyzyň ylym ulgamyny ösdürmäge, türkmen ylmyny hil taýdan täze derejelere çykarmaga we ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Milli Liderimiziň ylmy ösdürmek syýasatyndan gelip çykýan esasy wezipe halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, ylmyň häzirki zaman gazananlaryny ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna ornaşdyryp, ony halkyň bähbidine gönükdirmekden hem-de ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny has-da artdyrmakdan ybaratdyr. Şu wezipeleri üstünlikli amal etmek boýunça ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynda, şol sanda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda hem netijeli işler alnyp barylýar. Biz institutyň alym-kätibi Akjagül SAPAROWANYň, baş ylmy işgäri, himiýa ylymlarynyň kandidaty Rejepnur NURBERDIÝEWIň, tehnologik taslama we kadalaşdyryjy resminamalar bölüminiň müdiri Esger ANNAHANOWYň we tebigy, gidromineral çig mallaryň himiýasy we tehnologiýasy barlaghanasynyň müdiri Goçmyrat AMANNAZAROWYň gatnaşmagynda «tegelek stoluň» başynda guran söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

— Söhbetdeşligimiziň başyny ylym bilen önümçiligi utgaşdyrmak arkaly alyp barýan işleriňiz, bu ugurda ýetilen sepgitler dogrusyndaky gürrüňler bilen başlaýalyň?!

Akjagül SAPAROWA:

— Institutymyz ýurdumyzda himiýa we himiki tehnologiýalar ugrundan ylmy-barlag işlerini alyp barýan ýeke-täk institutdyr. Bu ýerde düýpli, ýagny fundamental ylmy işler bilen bir hatarda, ylmy-amaly işler hem alnyp barylýar. Fundamental işler, esasan, halk hojalygynda ýaramly täze maddalary sintezlemek, täze nebit-gaz ýataklarynyňnebitiniňwe gazynyňdüzümini derňemek we olary gaýtadan işlemegiňylmy esaslaryny işläp düzmek, ýod, brom we seýrek duşýan elementleri saklaýan ýerasty we ýerüsti suwlary toplumlaýyn gaýtadan işlemek, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlara gönükdirilýär. Alnan ylmy maglumatlaryňnetijeleri döwürleýin ylmy žurnallarda, şeýle hem institutyňyzygider çapa taýýarlaýan ylmy makalalar ýygyndysynda ýerleşdirilýär.

Institutymyz önümçilik bilen gönüden-göni birnäçe ugurlar boýunça aragatnaşyk saklaýar. Birinjiden, önümçilik kärhanalary bize tehniki ýumuş bilen ýüz tutýarlar. Meselem, çykarýan önümleriniňhilini gowulandyrmak ýa-da olaryňmöçberini we sanawyny köpeltmek, täze önümçiligiňtehniki reglamentini işläp düzmek, tebigy we tehnologik ýitgileri kesgitlemek, önümçilik galyndylaryny peýdalanmagyňusullaryny işläp düzmek we başgalar. Bu işler ikitaraplaýyn baglaşylan şertnamalar esasynda ýerine ýetirilýär. Ikinjiden, özümiz önümçiliklere teklipler bilen ýüzlenýäris. Teklipler, esasan, önümiňhilini gowulandyrmak, şol bir wagtda önümiňözüne düşýän gymmatyny peseltmek ýa-da taýýar önümi öndürmek üçin ulanylýan daşary ýurt çig mallaryny ýerli çig mal bilen çalyşmak ýaly meseleler bilenÜçünjiden, institutymyzda döwlet maksatnamalaryna laýyklykda alnyp barylýan işler bar. Mysal üçin, özümizde öndürilýän ýol bitumynyňhilini gowulandyrmak, kwars çägelerini gerekli düzümler bilen baýlaşdyrmak, seýrek ýaýran elementleri saýlap almagyňtäze tehnologiýalaryny işläp düzmek we başgalar. Bu işler institutyňöz hasabyna maliýeleşdirilýär we alnan netijeler esasynda degişli kärhanalara teklip berilýär. Alymlarymyz tarapyndan geçirilýän ylmy derňewleriňnetijesinde gymmatly maglumatlar toplanýar. Olar ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň2019 — 2025-nji ýyllar üçin Prezident maksatnamasyndan ugur alyp, düýpli ylmy-amaly barlaglary geçirýärler, ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmäge, halk hojalyk toplumynyňkuwwatyny artdyrmaga ýardam edýän täze tehnologiýalary işläp taýýarlaýarlar. Şu ýylyňalty aýynyňdowamynda 50-den gowrak ylmy makala we tezis, okuw kitaplarydyr monografiýalara we okuw maksatnamalaryna hem 50-den gowrak syn ýazyldy, TürkmenistanyňMaliýe we ykdysadyýet ministrliginiňIntellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan oýlap tapyşlaryň5-sine çäklendirilen patent alyndy. Institutymyz ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem iş alyp barýar.

Institutda ýaş hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen baglydyr.aspirantura we doktorantura hereket edýär. Häzirki wagtda biziňylym ojagymyzda kandidatlyk we doktorlyk alymlyk derejelerini almak üçin 1 doktorant, 5 aspirant, şeýle hem ýurdumyzyňdürli pudaklarynda işleýän hünärmenleriň birnäçesi ylmy işlerini ýerine ýetirýärler. Hormatly Prezidentimiziňtagallasy bilen institutymyzda ýaş alymlaryňözbaşdak işlemekleri üçin ähli şertleriňdöredilendigini aýratyn nygtamak gerek.

— Himiýa institutynda ýerli çig mallardan zyýansyzlandyryş - dezinfeksiýa işlerini geçirmek üçin ulanylýan serişdeleri almak boýunça geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijeleri, hususan-da, üzärlik briketiniň aýratynlyklary bilen okyjylarymyzy tanyşdyraýsaňyz?!

Goçmyrat AMANNAZAROW:

— Ýurdumyzda zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa işlerini geçirmek üçin ulanylýan serişdeleri almak boýunça geçirilen işleriňçäginde, barlaghana şertlerinde häzirki zaman enjamlarynyňkömegi bilen, fiziki-himiki usullary ulanmak arkaly üzärligiňhimiki düzümi, şol sanda jemgyýetçilik arassaçylygy hem-de saglygy goramak çärelerinde tüsseletmek arkaly ulanylanda, üzärlikden tüsse bilen bölünip çykýan esasy önümleriňhaýsy birleşmelerden emele gelýändigi hem ylmy tarapdan öwrenildi. Netijede, tüsseletmäniňdowamynda ösümlikdäki garmin alkaloidiniňtüsse arkaly bölünip çykýandygy anyklanyldy. Garmin alkaloidiniňjemgyýetçilik arassaçylygy hem-de saglygy goramak çärelerinde we beýleki maksatlar üçin ulanylanda, täsiriniňbardygyny bellemek gerek.Üzärlik ýakylanda emele gelýän tüssäniňhimiki düzümi institutymyzyňgaramagyndaky ýöriteleşdirilen «Suw, toprak, howa» KAMAZ kysymly göçme barlaghanada oturdylan häzirki zaman enjamlarynyňkömegi bilen öwrenildi. Geçirilenbarlag-seljerme işleriniňesasynda, üzärlik ýakylanda emele gelýän tüssäniňdüzüminde ozonyňmukdarynyňadaty howada bolmalysyndan 20 esse ýokarydygy anyklanyldy. Ol howany zyýansyzlandyrmakda, agyz we akar suwlary zyýansyzlandyrmakda, patogen mikroorganizmleri, kömelekleri zyýansyzlandyrmakda, lukmançylyk gurallaryny we enjamlaryny arassalamakda (sterilleşdirmekde) hem-de adamlaryňimmunitetini ýokarlandyrmakda giňden ulanylýar. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň"Türkmenistanyňdermanlyk ösümlikleri" atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler barada gymmatly maglumatlar berilýär.

— Dünýäde dowam edýän adatdan daşary ýagdaýlar arassaçylyk-sanitariýa kadalarynyň berk berjaý edilmegini, ähli ýerlerde zyýansyzlandyryş işlerini yzygiderli geçirmegi talap edýär. Mümkin bolsa şular bilen baglanyşykly alyp barýan işleriňiz hakda giňişleýin gürrüň berseňiz?

Esger ANNAHANOW:

— Howa şertlerimize görä zyýansyzlandyryş erginleriniňtäze görnüşlerini almak boýunça alnyp barlan işleriňçäginde ýerli çig mallar esasynda 5 sany täze birleşme — alkilsulfatammoniý, alkilsulfatnatriý, butilsulfonatriý, butilsulfoammoniý hloridi we alkilammoniý hloridi alyndy. Bu birleşmeleriň bakteriýalara we kömeleklere garşy häsiýetleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Keselleriňýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyňJemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniňbakteriologiýa barlaghanasynda synagdan geçirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda zyýansyzlandyryjy serişdeleri öndürýän edara-kärhanalar önümçilik üçin iňzerur bolan izopropil (propanol—2) spirtini daşary ýurtlardan getirip, zyýansyzlandyryjy serişdeleri öndürýärler. Emma alymlarymyz tarapyndan ýerli çig mallar esasynda (şeker we çakyr kärhanalarynyňgalyndylary) berkligi 96,0-96,5 göterim bolan arassa izopropil spirti alyndy. Barlaghana şertlerinde alnandan soň, izopropil spirtiniň önümçilik ylmy-barlag işleri institutyň alymlary, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň "Türkmendermansenagat" birleşiginiň zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhanasynyňhem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiňBüzmeýindäki «Abadan» çakyr kärhanasynyň hünärmenleri bilen bilelikde önümçilik tejribe-synag işleri geçirildi. Geçirilen önümçilik-tejribe işleriniňnetijesinde oňyn netijeler gazanylyp, önümçilikde izopropil spirti alyndy.

«Maryşeker» AGPJ-de esasy önüm bilen bir hatarda, emele gelýän gapdal önüm bolan siwuş ýaglaryndan izopropil spirtini öndürmegiňtehnologiýasy işlenip düzüldi. Ylmy-barlag we seljerme işleriniňnetijesi bu birleşmeleri hem-de izopropil spirtinden zyýansyzlandyryjy serişdeleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Büzmeýindäki zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhanasynda öndürmek mümkinçiliginiňbardygyny subut edýär.

— Institut tarapyndanişlenip taýýarlanan we önümçilige ornaşdyrylan mineralgoşundyly sementwe onuň netijeliligini ýokarlandyrýan önümçilik boýunça alyp barýan işleriňiz barada-da gürrüň berseňiz?!

Rejepnur NURBERDIÝEW:

— «Türkmenistanda ylmy barlaglaryňwe innowasiýa tehnologiýalarynyňnetijeliligini ýokarlandyrmagyň2017 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli ylmy barlag işleriniňhem-de «Ylmyňnanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, genetika, kompýuter tehnologiýalary ugurlary boýunça ylmy barlag işleri alyp barmak we önümçilige ornaşdyrmak üçin teklipleri taýýarlamak» atly baş temanyňçäginde «Ýerli çig mallaryňesasynda klinkere (toýun garyndysynyňmineraly) mineral goşundylary goşup sement öndürmegiňmümkinçiliklerini öwrenmek» atly tema boýunça ylmy-barlag we önümçilik-synag işleri ýerine ýetirildi. Köpugurly önümçilikleri bolan ýurdumyzyňsenagat pudagynyňaýrylmaz bölekleriniňbiri hem sement önümçiligidir. Bu ugurda onuňnetijeliligini ýokarlandyrmak, mineral goşundyly sementiňönümçiliginiňýola goýulmagy bilen häsiýetlendirilýär. Mineral goşundyly sement önümçiliginiňnetijeliligi şu aşakdakylardan ybaratdyr:

- sementiňgurluşyk we tehniki häsiýetlendirijileriniňgowulanmagy;

- maddy we ýangyç-energetika serişdeleriniň, ilkinji nobatda, sarp edilýän çig mallaryň, tebigy gazyňwe elektroenergiýanyňtygşytlanmagy, netijede, önümçiligiňykdysady taýdan amatlylygy;

- daşky gurşawa bölünip çykýan zyýanly gazlaryň, ilki bilen, kömürturşy gazynyňmukdarynyňpeselmegi, netijede, bu önümçiligiňekologiýa taýdan oňaýlylygy;

- önümçilikdäki tehnologik gurallaryň, enjamlaryňwe abzallaryňkönelmegi sebäpli önümiňhiliniňpeselmeginiňaradan aýrylmagy;

- önümçilik kuwwatlylygynyňartmagy.

Ine, şeýle oňaýly taraplary bilen tapawutlanýan mineral goşundyly sementi öndürmegiňylmy esaslary işlenip düzüldi we Lebap sement zawodynda önümçilige ornaşdyryldy. Häzirki wagtda zawodda PS 400 G20, ýagny 20 göterim mineral goşundyly, 400 kysymly portlandsement öndürilýär. Sementiňkysymy onuňberkligi bilen häsiýetlendirilýär. Sementiňberkliginiňýokarlanmagy bolsa, öz gezeginde, gurulýan binalaryňbinýadynyňhas-da pugta bolmagyny üpjün edýär. Hut şonuňüçin-de hormatly Prezidentimiz bu ugurdaky ugurdaky alnyp barylýan işleri PS 500 G20, ýagny 20 göterim mineral goşundyly, berkligi 500 kysymly portlandsement öndürmäge gönükdirdi we ony esasy wezipeleriňbiri hökmünde kesgitledi. Bu möhüm meseläniňoňyn çözgüdini tapmak üçin mineral goşundyly sementiňberkligine täsir edýän ýagdaýlara ünsi çekmeli bolýar. Umuman, mineral goşundyly sementiňulanylyş amatlylygy onuňownuklygyna (disperslilik) baglydyr. Şol ownuklyk nanoölçegler bilen kesgitlenilýär. Diýmek, sementiňownuklylygyny artdyryp, onuňberkligini ýokarlandyrmak bolar. Ýöne sementiňownuklylygy aşa ýokarlandyrylsa, onda olar biri-birine ýelmeşip, önümiňhiline ýaramaz täsir etmegi mümkindir. Şeýle ýagdaýda daşary ýurt tejribesine salgylanmak arkaly, olary nanoörtükler bilen örtüp, sementiňnanotehnologiýasy has-da kämilleşdirilýär. Lebap sement zawodynda öndürilýän mineral goşundyly semente «pussolanlar» diýlip atlandyrylýan minerallara degişli bolan bazalt magdany goşulýar. Şeýlelikde, mineral goşundylaryňişjeňligi ondaky kremniý oksidiniňişjeňligi bilen kesgitlenilýär. Şonuňüçin düzüminde işjeňligi ýokary bolan kremniý oksidini saklaýan pussolan mineraly goşundy hökmünde ulanylsa, onda 500 kysymly mineral goşundyly sementi almak mümkinçiligi hem bardyr. Şoňa görä-de, bu ugurdaky işler düzüminde işjeňligi ýokary bolan kremniý oksidini saklaýan minerallara gönükdirildi. Ony Köýtendag sebitlerindäki minerallary öwrenmekden başlamagy maksadalaýyk hasapladyk. Sebäbi Lebap sement zawodynda häzirki wagtda ulanylýan pussolan esasly bazalt magdany Balkan welaýatynyňTürkmenbaşy şäheriniň3 km günorta-gündogaryndan daşalýar. Munuňözi uzak aralyk bolup, goşmaça çykdajylary döredýär. Hut şonuňüçin-de, Köýtendag sebitlerindäki bar bolan minerallara seljerme geçirilip, olaryňkäbirinde minerallaşan kremniý oksidiniňýokarydygy ýüze çykaryldy. Has anygy, «gyzyl gumdaş» hem-de «apoka» diýlip atlandyrylýan minerallardaky kremniý oksidiniňmukdary 75 göterime çenli baryp ýetýär. Geljekde bize bu minerallaryňdoly düzümini öwrenmek, olardaky kremniý oksidiniňişjeňligini kesgitlemek, mineral goşundy hökmünde ýaramlylygyny anyklamak hem-de kesgitli nanoölçegli sement önümçiligini ýola goýmak ýaly derwaýys işler garaşýar. Milli Liderimiziňbiz — türkmen alymlaryna döredip berýän giňmümkinçilikleri bu işleriňdurmuş ýüzünde üstünlikli amal ediljekdigini ynam bilen aýtmaga esas berýär.

— Hormatly alymlar, ýurdumyzyň himiýa senagatyny ylmy taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary we ýetilen sepgitler dogrusyndaky giňişleýin gürrüňleriňiz üçin köp sagbolsun aýdýarys. Alyp barýan ylmy gözlegleriňizde hemişe şowlulyk hemraňyz bolsun!

Söhbetdeş bolan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2020, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy